13:22
Owadan geline
OWADAN GELINE

"Ýer ýüzünde sen deý perizat bolmaz,
Meger, ýere düşdüň howadan, gelin?

MOLLANEPES

Ýar, indi Molllanepesden soňra
Ýazmak islesem-de men seniň waspyň,
Barybir meň ýelden ýüwrük galamym
Hem ýiti zehinim gelip dur asgyn.

Gara saçlaryňa ak saçym goşup,
Bir alaja ýüpi öräýsek eger
Ol bizi göz dilden, gepde, gybatdan
gorap duran bir gudrata öwrüler.

Okap-ýazyp, hem gyz-gelne seredip
Dünýäň yşygynda kütelen gözlem
ýene röwşen bolup, oň aýnasynda
Seniň gülden gözel jemalyň görner.

Her ýylda bir gezek joşarmyş Alla
Şonda bir perizat indirmiş ýere.
Görüp onuň jadylaýjy jemalyn,
Yşk-heser urarmyş söýen serlere.

Bir sowal bar Mollanepes halypa,
Şygryň bilen bize ylham eçildiň.
Iki asyr öň biziň ilde şeýle ki
Gözel gelniň baryn sen nädip bildiň?

Atamyrat ATABAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 43 | Добавил: Sona | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 10
0
9 Sona   [Mowzuga geç]
Her kimiň syrlyja bolasy gelýär-dä

0
10 Selbii   [Mowzuga geç]
biggrin

0
8 Selbii   [Mowzuga geç]
Sen namucin başdan tanatmadyn biggrin

0
7 Sona   [Mowzuga geç]
A sen indiden soň tanadyň, öýkelediň meni

0
5 Selbii   [Mowzuga geç]
Owadan gelin, wesna, mylaya console

0
4 Selbii   [Mowzuga geç]
Kimdiñ tanadyn, smile

0
6 Sona   [Mowzuga geç]
Iller bir wagt tanady

-1
3 Sona   [Mowzuga geç]
nähili düşünmeli

0
1 Sona   [Mowzuga geç]
Iki asyr öň biziň ilde şeýle ki
Gözel gelniň baryn sen nädip bildiň?
Waý, ine sorag!
sorag-a indi boldy

-1
2 Selbii   [Mowzuga geç]
Sonany tanadym cry surprised smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: