Şol güller, ýapraklar ömür salmasyn — Ikimize joşan serpaýy Taňryň. Men dünýäň üstünde bolsam-bolmasam, Olar egilip, saňa ederler tagzym.
Şu bendindäki "Olar", kimlerkä?! Kim yşkyň, söýginiň (ýada şahyryň yşkynyň, söýgisiniň) öňünde tagzym etmelikä?! Bizä diňe Allanyň öňünde tagzym etmelimikä diýýärdik...
men sen hakda kitap ýazaryn, onsoň senem şol meniň ýazan gökden inen kelamymy (sözümi, ýazan kitabymy) okap, yşk bilen tutaşyp ýanmagyň mümkün diýýär, şahyr. hawa... ulurak diýipdir (ulurak ***-dyr) . --- kelamy okap "Eger ýüregiňde ot tutaşmasa, Ol ot meni öz içimden köýdürer", ol ot diňe biriňde tutaşmalymy? meni köýdürjek bolsa, gowusy saňa tutaşsyn diýilýän ýaly... -- şahyr öz taýpasyna (içinde özüne-de) uly baha berýär. şygyrlarym "gökden inen kelam," ony okan yşkdan tutaşar, sözlerim Taňrynyň beren ylahy sözleridir... umuman..... sözlerim tamam.