13:02
Kem-kemden
KEM-KEMDEN

Öz-özüňden göwnüň geçer kem-kemden,
Gözleriň şöhlesi öçer kem-kemden.
Kem-kemden dyzyňa düşer agyry,
Gyzlar «aga» diýip, tutar adyňy.
Kem-kemden köpeler saçlaryň agy,
Kem-kemden azalar saçlaň garasy.
Baýyrlar dag bolup görner gözüňe,
Asman bolup görner daglaň gaýasy.
Aklyň bardyr, huşuň gider kem-kemden,
Deňiň gider, duşuň gider kem-kemden.
Kem-kemden kemeler kuwwatyň, güýjüň,
Ýada düşer zol-zol geçmişiň, düýnüň.
Kem-kemden agzyňda dişiň azalar,
Ýagşy-ýaman edýän işiň azalar,
Kem-kemden kemelip barýandyr keýpiň,
Täze eginbaş hem geýdiň-geýmediň,
Barybir görkezmez seni gelşikli,
Bireýýäm modadan galan eşikli
Zordan süýegiňi süýräp ýörensiň,
Öz-özüňi özüň güýmäp ýörensiň.

Şu ýerde birsalym sägin, şahyrym,
Düşürme özüňi sussupeslige.
Özgeleri şygryň bilen gorkuzma,
Guwan çagalarňa buýsan nesliňe.

Perzentlerde gaýtalanar ýaşlygyň,
Gojalsa-da, yşgy öçmez aşygyň.
Öz-özüňden göwnüň geçmesin hergiz,
O diýýän zatlaryň öňdedir heniz.

Atamyrat ATABAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 51 | Добавил: Sona | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Sona   [Mowzuga geç]
Ussat, ussat, ussat ---- iň gyt zat!

0
3 Jumjume   [Mowzuga geç]
Iñ soñkyñ öñündäki jemlemä meñzeýä

0
1 Jumjume   [Mowzuga geç]
Atamyrat agañ bu goşgusynda iñ soñky bendi gerek däl ýaly bolup dur.

Goşgyda pissimizm bar bolsa da gowy goşgy,ýürege ýakyn we ajy hakykat sad

0
2 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Soňky bendi aýyrsaň, goşgy jemlemesiz bolmazmy? Ol pikiri jemleýär ahyry

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: