12:29
"Ykbalym baglydyr..."
"YKBALYM BAGLYDYR..."

Ykbalym baglydyr Watan täleýne
Onuň derdi-dagy, bagty meniňdir.
Ak bulut gyzardy göýä al öýme,
Gök asmandan, düşýän ýagşy meniňdir.

Daglaryň bagryndan çogan ak çeşme,
Baglarda açylan güller meniňdir.
Mylaýym şemaly näzdir kereşme,
Ýel deý süýnüp barýan günler meniňdir.

Hazaryň üstünden uçan ak guşlar
Ol meniň dumanlap duran serimdir.
Ak çägeleň ýüzündäki nagyşlar.
Goşgymdyr, uz ýazan setirlerimdir.

Lemmer-lemmer mele suwy Jeýhunyň
Hem parahat, dury suwy Murgabyň
Dynman akyp barýan soňsyz arzuwym
Hem dirilik çeşme, köwserim, abym.

Gyz kaddyna meňzeş boý derekleri
Göýä şygyr ýazýan ganat-perimdir.
Ojarlaň, sazaklaň gandymlaň püri
Çaralan başymdyr, sämän serimdir.

Säher ot üstüne düşen gyrawlar
Kän çeken azabym –– maňlaý derimdir.
Bathyzyň döşünde uçýan gulanlar
Keýikler, towşanlar — hemdemlerimdir.

Ömür boýy ýazdym Watanyň waspyn
Ol ýene-de ýazjak eserlerimdir
Olar gaý-tupanda, bolaýsa sarsgyn,
Bu ýurdy gorajak esgerlerimdir.

Ykbalym baglydyr Watan täleýne,
Onuň şatlyk, gamy, bagty meniňdir.
Bir gün ruhum gitse Arşyň öýüne,
Ol meniň parahat ýatjak ýerimdir.

Atamyrat ATABAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Sona | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
-1
2 Sona   [Mowzuga geç]
Goçmyr-a-aT !

0
1 Sona   [Mowzuga geç]
Goçmyrat, nähili rodnoý adam ekeni-laý!
Barka gadryny bilmändiris-dä.
Senem meniň üçin edil şonuň ýaly rodnoýsyň, hergiz ýadyňdan çykarma, KENDIŇE IÝI BAK!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: