12:14
"Awesta" kitaby
“AWESTA” KITABY

“Awesta” kitaby otparazçylyk dininiň mukaddes kitabydyr. Awesta sözi – wesýetnama, nesihatnama, üytgewsiz ýa-da jedelsiz kada-kanunlar diýen manyny berýär. Bu kitabyň dörän ýeri häzirki Türkmenistandyr.
“Awesta” kitabyny öwreniji alymlar onuň dörän ýeri hakynda dürli pikirleri öňe sürüpdirler. XVIII asyryň ikinji ýarymyndan XX asyryň ortalaryna çenli otparazçylyk dininiň watany hakyndaky mesele alymlaryň arasynda uly jedel döredipdir. Ilki bada bu din Günbatar Eýranda (gadymy Midiýa söwletinde) döräpdir diýen pikir ýörgünli bolupdyr. Emma soňrä bu garaýyş üýtgäp, onuň Orta Aziýanyň haýsy hem bolsa bir künjeginde dörändigi nygtalyp gelipdir. Gadymy Horezm, Margiýana we Baktriýa ýaly ýurtlar “Awestanyň” watany hasap edilipdir. Sebäbi Margiýana, Midiýa, Pafiýa, Baktriýa we Sogdiýana döwletlerinde otparazçylyk dini ýöredilipdir. Şeýle çaklamanyň häzirki günlerde hem dowam edýär. Gündogarşynas alym Ý. E. Bertels bu diniň dörän ýerini gadymy Merw hasaplapdyr. Gadymy Merwde gazuw-agtaryş işlerini alyp baran alym W.I.Sarianidini Marguş medeniýetiniň üstüni açdy we onuň dünýäniň bäşinji siwilizasiýasynyň merkezi bolandygyny subut etdi. W.I.Sarianidiniň açan gadymy şäher kompleksinde ot hem suw ybadathanalarynyň, şeýle-de, onda otparazçylygyň dini däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin ýörite ýerleriň bolmagy “Awestanyň” watanynyň gadymy Margiýana, has takygy Marguşdygy hakyndaky pikiri berkitdi. Ylaýta-da, Marguşyň “Togalak-21” ybadathanasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri bu dine degişli düýpli desgany ýüze çykarypdyr. Gadymy Marguşyň paýtagty Goňur şäheri bolupdyr.
“Awesta” kitabynyň dörän ýeri bilen bir hatarda onuň haçan ýüze çykandygy hakyndaky mesele hem jedelli bolup geldi. Umuman, bu kitabyň dili dogrusynda hem gapma-garşylykly pikirler bar.
Otparazçylyk dinini esaslandyryjy Zaratuştra miladydan öň 569-njy ýylda doglupdyr. Çeşmelerde berilýän maglumata görä, otparazçylyk dininiň pygamberi Zaratuştra “Awestanyň” biziň döwrümize gelip ýetmedik 12-nji (“Kitradat”) we 13-nji (“Spend”) kitaplary bagyşlanypdyr. Emma “Awestanyň” 17 bapdan durýan onuň iň gadymy bölegi bolan “Gatlar” Zaratuştranyň terjimehalyny öwrenmekde çeşme bolup hyzmat edýär. Şeýle hem Zaratuştra hakynda asly Reý şäherinden bolan Zartuşt ibn Bähram ibn Rojunyň miladynyň 1228-nji ýylda ýazan “Zarduştnama” atly poemasynda (pars dilinde) maglumatlar berlipdir. Şu çeşmeler esasynda alymlar Zaratuştranyň terjimehalyny belli bir derejede dikeldipdirler. Alymlar “Awestany” Zaratuştranyň ýazandygyny biragyzdan ykrar edýärler.
Zaratuştra Spitamanyň nebersinden bolup, ol Poruşaspanyň ogludyr. Zaratuştra otuz ýaşa ýetende oňa täze din aýan bolupdyr we ýokary Hudaý Ahura Mazdanyň pygamberi hasap edilip başlapdyr. Ol täze dini ilki öz taýpadaşlarynyň arasynda wagyz edipdir, emma, oňa gulak asmandyrlar. Ol 12 ýyllap sergezdançylyk etmeli bolupdyr. Zaratuştra 42 ýaşynda Baktriýanyň şasy Kawi-Wiştaspanyň ýurduna gelipdir hem patyşanyň öz dinini kabul etmegini gazanypdyr. Yz ýany bilen otparazçylygy patyşanyň aýaly Hutaosa kabul edýär. Soňra bu dine patyşanyň ýakyn garyndaşlary geçipdir. Patyşa perman çykaryp ähli raýatlaryny bu dini kabul etdirýär. Wiştaspanyň permany bilen “Awestanyň” mukaddes ýazgylary 12000 müň sany öküziň derisine (pergamente) altyn çaýylan harplar bilen ýazylypdyr. Ol “Awesta” kitaby hem Zend bolup, ony köşgüň hazynasynda saklapdyrlar.
Zaratuştra üç gezek öýlenipdir. Onuň üç gyzy we üç ogly bolupdyr. Ony ýetmiş ýedi ýaşyndaka namaz okap duran wagty başga dine uýýan biri arkasyndan baryp pyçaklap öldüripdir.
Alymlaryň tassyklamagyna görä, Zaratuştra Ahemeni döwletiniň döremeginiň öňüsyrasynda ýaşap geçipdir diýilýär. Emma “Awestanyň” “Widewdat” kitabyny iňlis hem rus dilindäki çeşmelerinden türkmen diline geçiren we ol hakynda ylmy iş ýazan alym Almaz Ýazberdiýew iňlis gündogarşynasy M. Boýsuň Zaratuştrany miladydan öňki 1700-1500-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen hasaplaýandygyny habar berýär. Bu pikir belli bir derejede W.I.Sarianidiniň Marguşyň hem Goňuryň taryhy bilen baglanyşykly işlerine golaýlaýar. Ýöne bu piker entek gutarnykly däldir. Şonuň üçin häzirki wagtda Zaratuştranyň miladydan öňki VII-VI asyrlarda ýaşap geçendigi hakyndaky pikire gol ýapylýar. Öňde hem belläp geçişimz ýaly zarostrizm-otparazçylyk dininiň mukaddes kitaby “Awesta” bilen baglanyşykly dürli pikirler bar. Şolaryň birinde bu kitabyň uzak wagtlap nesilden-nesle dil üsti bilen geçip gelendigi aýdylýar.
“Awesta” ilkinji gezek miladydan öňki V asyrda çekimli sesleri bolmadyk aremeý hatynda ýazuwa geçirilipdir. Bu ýazuw ahemeni patyşasy Dariý I (m.ö. 581-426 ýý.) tarapyndan resmi hat hökmünde döwlet diwanhanasynda ulanylyp başlanypdyr.
Uly ahemeni “Awestasy”. Bu mukaddes kitabyň ilkinji ýazgysyna uly ahemeni “Awestasy” diýlipdir. Ol jemi ýigrimi bir sany kitapdan ybarat bolupdyr. Ol 12000 sany öküziň hamyndan ýasalan pergamentiň ýüzüne ýazylypdyr. Bu jogapkärli iş miladydan öňki. 465-424-njy ýyllarda hökümdarlyk eden ahemeni patyşasy Artekserks I-niň döwründe , m. ö. 441-nji ýylda amal edilipdir. Bu kitap tä Aleksandr Makedonskiniň Eýrany we Orta Aziýany basyp alan döwrüne çenli ulanylypdyr. Miladydan öňki 330-njy ýylda Aleksandr Makedonskiý Persopol şäherini otladypdyr. Şonda “Awesta” kitaby ýakylyp ýok edilipdir. Aleksandr Makedonskiý “Awestanyň” gadymy metininiň göçürilen bir nusgasyny grek diline terjime etmek üçin Müsüre, has atkygy, Aleksandriýa şäherine iberipdir. Taryhy çeşmelerde aýdylyşyna görä, patyşa Aleksandr otparazçylyk dininde, onuň ruhanylarynda özüniň goşunlaryna gaýtawul berjek uly güýji görüpdir. Hut şonuň üçin ol ruhanylardan erbet öç alypdyr, olary öldürdipdir, mukaddes kitabyň goluna ilen ähli ýazgylaryny otladypdyr. Şeýdip uly ahemeni “Awestasy” ýok edilipdir.
Parfiýan “Awestasy”. Aleksandr Makedonskiniň imperiýasy ýykylandan soň, Parfiýa döwleti güýçlenip, ösüp başlaýar. Ýöne Parfiýa patyşalary uzak wagtlap ýunanylary özlerine dost saýyp, olara meňzemäge çalşypdyrlar we olaryň medeniýetiniň täsirinde bolupdyrlar. Şonuň üçin ilki-ilkiler Parfiýa patyşalary “Awesta” kitaby hakynda aladalanmandyrlar. Diňe miladynyň I asyrynyň ikinji ýarymynda “üýtgeşik hem parasatly patyşa” adyny alan Wologez I-niň (Parfiýança ady Warkaş) tagta geçmegi bilen (m.s. 52-78 ýý.) zaratuştraçylyk dini we onuň “Awesta” kitabyny dikeltmek ugrunda çäreler görlüp başlanypdyr. Munuň sebäbi ýurduň Günbatar serhedinde hristiançylyk, Gündogarynda buddaçylyk dinleri tutuş Hindistan aralykda ýaýrapdyr. Şonuň üçin halkyň özbaşdaklygyny alamatlandyrýan dini kitabyny “Awestany” we Zendi dikeltmek zerur bolupdyr. Patyşa her bir şähere baranda “Awestany” täzeden dikeltmegi, saklanyp galan metinleri göçürip alyp merkezi şähere tabşyrmagy sargapdyr. Zaratuştraçylyk dini ilkinji gezek keseki din bilen çaknyşypdyr.
Netijede täzeden toplanan “Awesta” doly bolmandyr. Ol “Arşakit Awestasy” adyny alypdyr. Sebäbi patyşa Wologez-Walkaş Parfiýa döwletini esaslandyryjy ilkinji Parfiýan patyşasy Arşak I neberisinden bolupdyr. Parfiýan “Awestasy” hem uly ahemeni “Awestasy” ýaly çekimli sesleri bolmadyk aremeý hatynda bolupdyr. Bu bolsa onuň okamasyny wagt geçdigi saýy kynlaşdyrypdyr. Bu diniň taglymatyna görä, mukaddes sözler dogry we dürs aýdylmasa onuň dogalarynyň güýji bolmaýar, döwlere täsir edip bilmeýär. Emma şoňa seretmezden sasany şalaryna çenli bu kitabyň aladasy edilmändir. Sebäbi Wologezden soňky Parfiýa patyşalaram oňa känbir ähmiýet bermändirler.
Kiçi “Awesta” kitaby. “Awesta” kitaby “Awesta elipbiýi” diýlip atlandyrylýan täze ýazuwa geçirilip traskripsiýada berlen hem bolsa, oňa düşünmek kynçylyk döredipdir. Şonuň üçin “Awestanyň” äpet uly ýygyndysyny ortapars diline terjime etmeli bolupdyr. Emma bu örän köp çykdajyny talap edýän kyn iş bolupdyr. Miladynyň II asyrynyň ikinji ýarymynda Hytaýda arzan bahaly ýazuw serişdesi–kagyz öndürilip başlan hem bolsa, ol entek sasanylar döwletinde mälim däl eken. Şonuň üçin “Awestanyň” gysgaldylan görnüşi taýýarlanypdyr. Onda asyl nusgadaky metin bölekleri terjimesi bilen ýerleşdirilipdir we zaratuştraçylyk dininiň soňky döwründe döredilen eserleri girizilipdir. Bu iş Şapur II döwründe Adurbat Mahraspandan tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Sasanlylar döwletinde dine aýaratyn üns berlipdir. Bu döwürde döwlet bilen din juda golaýlaşypdyr. Otparazçylyk dinine döwlet dini derejesi berilýär. Onuň saklanyp galan metinleri kanagatlanarly derejede dikeldilen hasaplanypdyr. Iň soňky gezek “Awesta” kitabynyň metinleri – ýazgylary Hysrow Anuşirwan I hökümdarlyk süren döwründe (531-579 ýý.) barlanypdyr we tassyklanypdyr. Mukaddes kitabyň täzeden barlanmagy we tassyklanmagy “Awestany” mazdakçylyk hereketiniň we taglymatynyň täsirinden gorap saklamak bilen baglanyşykly bolupdyr. 529-njy ýylda mazdakçylaryň gozgalaňy basylyp ýatyrylanyndan soň, bu care derrew durmuşa geçirilipdir. Netijede “Awestanyň” 21 kitaby adamlara jar edilýär we resmi taýdan tassyklanylýar.
Şeýlelikde, ahemeniler, parfiýalylar hem sasanylar döwürlerinde zaratuştraçylyk dini ösüşli hem gaýtgynly we ýene-de ösüşli döwri başdan geçirýär. Emma bu hem uzak dowam etmeýär. Eýran hem Orta Aziýa araplaryň gol astyna düşýär. Munuň sebäbi şol wagtlarda Eýran bilen Wizantiýanyň arasynda harby çaknyşyklar bolup, olar güýçden gaçypdyrlar. Şol bir wagtyň özünde güýçlenip gelýän üçünji bir döwleti – arap halyfatyny görmegi başarmandyrlar. Netijede otparazçylyk dini gaýtadan ösüş ýoluna düşen badyna ornuny yslam dinine bermeli bolupdyr.
Yslam dinine geçmeklige kaýyl bolmadyk zaratuştraçylaryň bir bölegi bu dini saklap galmak maksady bilen gadymy Parfiýany terk etmäge mejbur bolupdyrlar. Olar VIII asyrda ilki Pars aýlagyndaky Diw adasyna göçüp barypdyrlar we ol ýerde 19 ýyl ýaşapdyrlar. Soň gämi satyn alyp, suwuň içi bilen Hindistanyň günbatarynda ýerleşýän Gujerat welaýatyna barypdyrlar hem onuň Surat şäherinde mekan tutupdyrlar. Olaryň nebereleri häzirki günde hem şol ýerde ýaşaýarlar. Olar “Awestanyň” biziň günlerimize gelip ýeten böleklerini saklap gelipdirler.
Hindistana, hususanda, onuň zaratuştraçylaryň ýaşaýan Surat şäherine ýewropalylaryň: 1600-njy ýylda iňlis, 1602-nji ýylda golland, 1664-njy ýylda fransuz kompaniýalarynyň aralaşmagy bilen “Awesta” kitaby Günbatarda mälim bolýar. XVIII asyrda ony öwrenmeklige bolan gyzyklanma has artypdyr. Şeýlelikde, “Awestanyň” golýazmalary Ýewropa aralaşypdyr.
Yslam dini otparazçylyk dininden gaty köp däpleri özüne siňdiripdir. Bu Gurhana teswir ýazmak babatynda şeýledir. Sebäbi sasanylar döwründe otparazçylyk dininiň mukaddes kitaby “Awestany” dikeltmek üçin ägirt uly işler edilipdir. Edil şolar ýaly işler yslam dininde hem alnyp barlypdyr.
“Awesta” kitabyny dikeltmeklige birnäçe işler bagyşlanypdyr. Şu ýerde “Awestanyň” Zend atly kitabynyň bolandygyny aýtmalydyr. Zend “Awestanyň” teswir kitabydyr. Şonuň üçin olar köplenç bilelikde “Awesta” we Zend” görnüşinde hem ulanylýar. “Apastak we Zend” (mukaddes kitap we onuň teswiri) Istahr Papakanyň (Persopolyň) arhiwinde saklanypdyr.
“Bundahişn” (“Älemiň gurluşy”) atly otparazçylyk dininiň ensiklopedik kitaby bolup, ol otparazçylyk dinine düşünmekde ygtybarly çeşme bolup hyzmat edýär. “Bundahişn” atly kitap bize iki nusgada gelip ýetipdir. Olaryň birinjisi “Hindi Bundahişni” bolup, ol göwrümi boýunça uly däldir. Ol esasan eýrana ýaýran otparazçylygyň metinleri, ýazgylary esasynda döredilipdir. Ikinjisi, “Eýran Bundahişni” bolup, ol has uludyr hem özünde has irki ýazgylary jemleýändigi bilen tapawutlanýar.
“Denkartd” (“Dini düzgünler”) atlandyrylýan kitap hem otparazçylyk dini hakyndaky eserdir. Onda bu diniň pygamberi Zaratuştra hem onuň kada-kanunlary hakynda we bu diniň ahemeniler hem ondan soňky döwürleri, şeýlede, Isgenderiň tozgunçylygy hakynda gymmatly maglumatlar berlipdir. “Denkartda” “Awestanyň” 21 kitabyna berlen atlar we onuň Adurbat Mahraspandan tarapyndan tertibe salnyşy görkezilipdir:
1. Sudkar – Sudkar.
2. Wartmansar – Wartmansar.
3. Bako – Bako.
4. Damdad – Damdad (älem-jahanyň döreýşiniň taryhy).
5. Nadar – Nadar.
6. Pegag – Pegag.
7. Rado-dadaýtag – Rado-dadaitag (Ruhanylaryň ybadat işlerini alyp baryşlary barada).
8. Baris –Baris.
9. Kaskisrobo – Kaskisrobo.
10. Wiştasp-sasto – Vistasap-sasto ( Wiştaspanyň zaratuştraçylyk dinini kabul edişi we onuň düzgünleri).
11. Wastag – Vastag.
12. Kitradat – Kitradat (ýa-da Çitradat).
13. Spend – Spend ( Zaratuştranyň durmuşynyň beýany).
14. Bakan ýaşt – Bakwn-ýast.
15. Nikadum – Nikadym.
16. Ganaba-sar-nigad - Ganaba-sar-nigad (Jenaýat, graždan we harby hukuk kanunlary).
17. Husparam – Hysparam.
18. Sakadum – Sakadym.
19. Widewdat – Videwdat (Döwlere garşy kanun).
20. Hadoht – Hwdfkht.
21. Stod-ýast.
“Denkartyň” maglumatlarynyň esasynda “Awestanyň” 21 kitabynda jemi 345 700 söz bardyr. Onuň orta pars diline edilen terjimesinde sözleriň sany 2 094 200-e çenli artypdyr. “Awestanyň” kitaplarynyň her biri 400 sahypadan az bolmadyk metinlere-teletinlere ýazylypdyr.
Bu kitap Isgender Zülkarnaýynyň ýörüşinde Persopol şäherinde dörän ýangynda zaýa bolýar. Kitaplar şäheriň baş ybadathanasynda saklanýan eken. Biziň günlerimize onuň dörtden bir bölegi gelip ýetipdir diýlip çaklanylýar. “Awestanyň” gadymy nusgasy Nusaýda 1324-nji ýylda göçürilipdir. Ol häzir Daniýa döwletiniň Kopengagen şäherindäki muzeýde saklanýar.
Otparazçylyk dinine düşünmekde “Arta Wiraf (ýa-da Wiraz) namak” (“Ruhany Wiraf hakynda kitap”) atlandyrylan eseriň ähmiýeti uludyr. Onda Isgenderiň Aziýany basyp alandan soň, zaratuştraçylyk dininiň gözgyny ýagdaýa düşüşi, adamlaryň bu diniň kada-kanunlaryny tutmaýyşlary, şeýle bolan soň, dindarlaryň ruhany Wirafy o dünýä ugradyşlary, onuň ýedi gije-gündüz o dänýäni seýran edip, ýene-de, tenine gaýdyp gelişi, gören zatlaryny adamalara beýan edişi, her bir günä iş üçin jogap okamalydygy hakyndaky gürrüňleri beýan edilýär. Bu kitap II-III asyrlarda döredilipdir.
“Awestanyň” dili öli dilleriň hataryna girýär. Alymlar “Awestanyň ” dili meselesinde dürli pikirleri öňe sürüpdirler. Awestaçylaryň käbiri ony gadymy eýran dili hasaplapdyr. Başgalary gadymy eýran diliniň diýalekti diýen pikiri öňe sürüpdirler. Alymlaryň bir topary bolsa “Awestanyň” öz dili diýen düşünjäni orta atypdyrlar. Meseläniň şeýle jedelli halda örboýuna galmagyna dogry düşünmelidir. Sebäbi dil ösýän jemgyýetçilik hadysadyr. Dünýäde ynsan aragatnaşygynyň möhüm serişdesi hyzmatyny bitirýän, ösýän diller bilen bir hatarda, taryha öwrülen öli diller hem bar. Ýa bolmasa ösüşi başdan geçirip, az sanly adamlara hyzmat edýän diller bar.
“Awestanyň” dili meselesinde gündogarşynas alym Ý. E. Bertelsiň pikiri juda gyzykly hem hakykata golaýdyr. Onuň pikirine görä “Awestanyň” dili gadymy Merw, Balh hem-de Hamun kölüniň (ol Hazar deňzi diýlip çaklanylýar) töwereklerinde ýaşan halklaryň dilidir. Ý. E. Bertelsiň nygtamagyna görä, Awestanyň dilinde parfiýan diline golaý alamatlar, şonuň ýaly-da sogdy diline, şeýle hem pamir diller toparyna degişli alamatlar bar. Başgaça aýdanyňda alym Awestanyň diliniň watanyny skif-sak dillerinde gepleýän halklardygyny ýörite belleýär. Şol bir wagtyň özünde häzirki zaman täjik dili bilen Awestanyň diliniň arasyndaky dil maşgala meňzeşlik baglanyşygyny yzarlamagyň mümkin däldigini belläp, gadymy eýran diliniň sözlük gorunyň käbir çäkli böleklerinde umumylygyň bardygyny ýazýar.
“Awesta” kitaby – otparazçylyk dininiň baş mukaddes kitaby ilki biziň ülkämizde döredilip, soňra dünýäniň beýleki ýerlerine, şol sanda Eýrana ýaýrapdyr. Zaratuştranyň din taglymaty köp halklar, halkyýetler, taýpalar tarapyndan kabul edilipdir. “Awestanyň” dili meselesinde entek-enteklerem düşünilmegini talap edýän ýagdaýlar bar. Bu diliň sak-skif taýpalarynyň diline gatnaşygy meselesi juda gyzykly bolmagynda galýar.
“Awesta” kitabynyň ýazgylary ybadathanalarda okalypdyr. Emma wagtyň geçmegi bilen ony doly öwüşgüninde owazlandyryp okamak kynlaşypdyr. Sebäbi, ol wagtda “Awestanyň” ýazylan dili öz ömrüni paýawlamak ýagdaýyna düşüpdir. Sözleriň aýdylysy ýatdan çykyp başlapdyr. Emma “Awesta” mukaddes kitap bolany üçin onuň sözlerini üýtgetmän bolşy ýaly owazly okamak esasy talap bolupdyr. Bu bolsa “Awestanyň” hatynyň kämilleşdirilmegini talap edipdir. Çünki “Awestanyň” ilki nusgasy arameý-semit hatynda bolup, ol hatyň çekimli sesi aňladýan harplary bolmandyr. Çeşmelerde berilýän maglumata görä, ol miladydan öň III-IV asyrda ýazylypdyr. Eýýäm miladynyň II-III asyrlarynda bolsa “Awestany” doly transkripsiýada ýazmagyň zerurlygy ýiti duýlupdyr. Mukaddes sözi ýoýman okamak esasy talap bolupdyr.
Miladynyň IV asyrynda Rim döwlet agalygynyň çäklerinde hristian dinine döwlet dini derejesi berlipdir. Sasany döwletiniň parasatly patyşasy Şapur II (309-379 ýý.) bu syýasy çäräni öz döwletinde ýola goýýar. Ol otparaz dininiň ruhanylaryny alymlaryny toplap, otparazçylyk dininiň mukaddes ýazgylarynda duş gelýän ähli sesleri ýazyp beýan etmäge ukyply elipbiýi döretmegi we onuň bilen “Awestany” göçürmegi tabşyrýar. Bu wezipe tiz hem üstünlikli amal edilipdir. Şeýdibem “Awestanyň” elipbiýi döräpdir. Bu barada belli taryhçy alym A. Ýazberdiýew ýörite çeşmelere salgylanyp, şeýle maglumat berýär: “Bu wezipe IV asyryň 40-njy ýyllarynda ýokary derejede ussatlarça berjaý edilipdir. Netijede Zoroastrizm taglymatynyň ruhanylarynyň içinden çykan näbelli bir geniý haýran galdyryjy takyklyk bilen “Awesta” elipbiýini döredipdir Bu elipbiýiň döreýiş taryhyny ilik-düwme öwrenen W. B. Hennig bolsa şeýle nygtapdyr: “Awesta” elipbiýi asyrlar boýy ýuwaş-ýuwaşdan ösüşiň netijesi däl-de, ýazuw sistemasynyň kemala gelşiniň adaty ýoluna mahsus bolmadyk gyşarma eýerip, düýbünden täzeden döredilen zatdyr. Ýeke söz bilen aýtsak, ol oýlanyp tapylan bir zatdyr”
Türkmen halky şu güne çenli jemi on alty hat görnüşinden peýdalanandygy barada dil biliminiň çeşmelerinde maglumatlar berilýär. Uzak geçmişde biziň ata-babalarymyz (olar taryhy çeşmelerde dürli-dürli atlandyrylýar) finikiý ýazuwynyň esasynda dörän arameý, awesta, horezm, sogdy, kuman, oguz, uýgur hat-ýazuwlaryndan, soňra arap, latyn, kiril hatlaryndan peýdalanypdyr.
Gadymy türkmen edebiýatyny öwrenen alymlar Ö. Ylýasow bilen Y. Hydyrow “Awestanyň” biziň günlerimize gelip ýeten kitaplary barada umumy çeşmelere salgylanyp, aşaky maglumatlary berýärler: “Biziň döwrümize gelip ýeten “Awesta” kitaby ençeme özbaşdak kitaplardan ybarat. Şol kitaplaryň mazmuny bütewi halda zoroastrizmiň (otparazçylygyň) dini taglymatlaryny öz içine alsa-da, olaryň her birinde aýry-aýry mazmun bar. Olar aşakdakylar:
1. Wendidat. (“Widewdat”) Bu kitap 22 bapdan düzülipdir. Onda Ahura Mazda we Zaratuştranyň aýdyşygy arkaly her hili ýamanlyk ruhlar, döwler, olary ýeňmek, günä etmezlik ýaly dini zatlar barada gürrün edilýär.
2. Wisparad. Bu kitap bolsa 24 bapdan ybarat. Onda ybadat edilýän pursatdaky aýdylýan dini şygyrlar ýazylypdyr.
3. Ýasna. Bu kitap “Awestanyň” iň uly we has gadymy nusgasy hasaplanýar. Onda dini baýramlary geçirmeklik, dini goşgular, din bile baglanyşykly dürli däp-dessurlar, zoroastrizmiň hudaýlaryna degişli zatlar hakynda gürrüň edilýär.
4. Ýaşt. Bu ýerde 22 sany şygyr berlipdir. Şol şygyrlar mifologik elementler arkaly zoroastrizmiň hudaýlaryny taryp edýär.
5. Kiçi “Awesta”. Munda güneş, Gün, Aý, Ardwusura, Warhran we başga-da birnäçe hudaýlar hakdaky ybadat tekstleri bar.
“Awestada” Zaratuştranyň watany, Zaratuştranyň doglan ýurdy şeýle taryplanýar: “Ol şeýle bir ýurt, ol yerde san-sajaksyz goşunlara batyrlar serdarlyk we ýolbaşçylyk edýär. Otluk meýdanlary köp, çeşme suwly belent daglar çarwaçylyk üçin gerek bolan ähli zady getirip berýär. Gämi gatnaýan derýalar özüniň tolkunly suwlarynyň batly akymy bilen Honrut (Kabul derýasynyň ýakasy), Mair (Merw), Horewa (Aziýa), Gon (Sardionadaky bir welaýat), Sugd (Sogdy), Hywarozm (Horezm) ülkelerine getirýär.” Ine, şu alnan mysal-jümle hem onuň watanynyň biziň Türkmenistanymyzdygyna kepil geçýär. Mundan başga-da, Manyş dagy-Mames dagy, Mäne obasynyň ady-Moena han, Kaka-Kakahýa, Känsuw-Kansiwa köli, Howeran düzlüginiň ady Haroýwe görnüşinde gelýär.
“Awestanyň” biziň günlerimize doly saklanyp gelen kitaby “Widewdatda” berilýän maglumata görä, ýokary Hudaý Ahura-Mazdanyň döreden on alty sany ýurdunyň ikisi Margiýan bilen Horezm Türkmenistanyň häzirki çäginde ýerleşär. Margiýan Ahura-Mazdanyň ýaradan ikinji ýurdudyr. Alymlar K. Markwart (1864-1930), S. P. Tolstow (1907-1976), G. Nýuýerg, E. Benweniste we başgalar “Widewdatda” getirilýän Arianam-Waýjany, ýagny, “Ariý giňişliklerini” – gadymy Horezm, onuň içinden geçýän Waihwi-Daýtini bolsa häzirki Amyderýa hasaplaýarlar. Şeýle-de, “Widewdatda” ol derýanyň kenarynda Zaratuştanyň kakasy Poruşaspanyň öýüniň durandygy aýdylypdyr. Şu hem gadymy Horezmiň Zaratuştranyň watanydygy hakyndaky pikiriň döremegine getiripdir.
Otparazçylyk dinine görä ot mukaddes. Suwy we ýeri hapalamaly däl. Şonuň üçinem türkmenlerde “ot belasyndan, suw belasyndan” diýen jümle häli bu güne çenli aýdylýar. Suw din adatyny saklamak, oda tagzym etmek, çokunmak “Awestanyň” esasy talaplaryndan bolupdyr.
Gadymy sasanylar neslinden bolan patyşalar tagta çykanlarynda mukaddes hasaplap, ot ýakmak däbini amal edipdirler. Soňra şol ot tä patyşa aradan çykýança ýanyp durupdyr.
Buthanadaky ýanýan ody bir ýere gidende ýanlary bilen alyp gidipdirler. Meselem, Ýezdigert III araplardan halas boljak bolup, Merwe gelende öz odyny ýany bilen getiripdir.
“Awestada” biziň ata-babalatymyzyň dünýägaraýşy, dini ynanjyň olaryň durmuşynda nä derejede orun tutuşy, geçmişiň mifler älemi we şular ýaly bir giden garaýyşlar jemlenipdir. Şol bir wagtyň özünde onda otparazçylygyň dörän hem mukaddes kitabyň ýazylan, göçürlen döwürleriniň ruhy dünýäsiniň beýanyny tapandygy bellärliklidir.
“Awestanyň” biziň günlerimize gelip ýeten bölekleri onuň uzak wagtyň dowamynda emele gelendigine kepil geçýär. Pars barlagçysy doktor Muhammet Moin “Awestanyň”: “Ýasna” kitabynyň 17 baby “gaty” diýlip, gadymy eýran dilinde ýazylypdyr diýen pikiri orta atýar. “Ýaşt” diýlip atlandyrylýan kitabynyň käbir bölümleriniň ahameni eýran döwletinden irki, miladydan öňki VI asyra degişlidigini nygtaýar. Şeýle ýagdaý “Ýasna” kitabynda-da bar. Kiçi Awestanyň bolsa Sasany hökümdary Şapur II (309-379 ýý.) döwründe otparaz ruhanysy Adurbat Mahraspand tarapyndan döredilendigini habar berýär. Munuň özi “Awestada” milady senesiniň ilkinji müňýyllygynyň başyndaky III – IV asyryň we miladydan öňki birinji müňýyllygyň ruhuýetiniň beýan edilendigini görkezýär.
“Awesta” kitabynda aýdylyşyna görä iki älem bar bolup, olar ýagşylyk hem ýamanlyk älemidir.
Ýagşylyk äleminiň başynda baş Hudaý iň uly ruhy güýç Ahura Mazda durýar. Ol Beýik Ýaradyjy edilip görkezilýär. Ol soňra Ormuzd, Hurmuzd diýlip hem atlandyrylypdyr. Ol özüne alty sany ruh – kömekçilerini ýaradýar. Olar amşaspand diýip atlandyrylypdyr. Olaryň atlary: Wohu Man (Bahman), Aşa Wanişt (Aradibihişt), Hşatr War (Şahriwar), Spend Armat (Istendarmad), Haurwatat (Hurdad), Amrtat (Murdad). Bu ruh kömekçiler adama hersi bir tarapdan kömek edýär. Mysal üçin, Bahman-paýhas, Hurdat-saglyk , Murdat- bakylyk we ş.m. Bellemeli tarapy bu döredilen ruh kömekçiler hem ruhy tarapdan hem anyk durmuş ýaşaýyş tarapdan adama kömek edýär diýlip “Awestada” ýazylypdyr. Hakyky durmuşda Bahman sürüleri, Ardibihişt-ody, Şahriwar-demiri (metal), Istendarmad-ýeri, topragy, Hurdad-suwy, Murdad- ösümlikleri goraýar, penasynda saklaýar.
“Awestada” aýdylyşyna görä, ýuzlerçe hat-da müňlerçe ruhlar bolup olar howada doludyr.
Ahura Mazdanyň ogly Aşur otdyr. Ol bäs sany – asman ody, adamyň tenindäki ýaşaýyş-ýylylygyň, agaçda gizlenen ot, ýalyn, ýyldyrym, asmandaky yagtylyk görnüşde ýüze çykýar. Zaratuştura bolsa Ahura Mazdanyň Pygamberidir. Mundan başga-da Anahit, Mitr ýaly hudaýlar hakynda aýdylýar.
Ahura Mazda Ýagşylyk hudaýy bolup, ol dünýädäki ýagşy zatlary döredýär. Onuň garşysyna ýamanlyk Angra Man (Anhra-Manýu hem diýilýär) çykyş edip, ol älemdäki iň ýaman zatlary, arwahlary, jynlary, döwleri, erbet janly-jandarlary ýaradyp, ýere adamlara ýamanlyk etmek üçin iberýär. Mysal üçin “Widewdatyň” 22-nji babynda Anhra-Manýunyň 9999 keseli döredişi we Ahura-Mazdanyň ol keseli ýok etmek üçin alyp baran aýgytly göreşi beýan edilipdir.
Otparazçylyk dininiň baş kitaby “Awestada” aýdylyşyna görä, Ahura Mazda ýerdäki ýaşaýşyň möhletini on iki müň ýyl diýip kesgitlänmiş. Ilkinji üç müň ýylda Ahura Mazda diňe ruhlaryň dünýäsini ýaradypdyr diýlip onda aýdylýar. Soňra Ahura Mazdanyň garşydaşy Angra Man peýda bolýar. Ýöne “Awestada” olaryň ekizdiginiň hem ýatlanylyp geçilýän ýeri bar. Ahura Mazda Angra Mana parahatçylyk teklip edýär. Emma, ol bu teklibi kabul etmeýär. Şol sebäpli hem Ahura Mazda dokuz müň ýyllyk göreş yglan edýär.
Ikinji üç müň ýylda Ahura Mazda ýer ýaşaýşyny ýaradypdyr. Ilki Asmany, soňra suwy, ýeri, ösümlikleri we janly-jandarlary hem adamy gezekli gezegine döredýär. Bu döwürde Angra Man ýagşylyga garşy göreşde özüne kömek etjek ýaman ruhlary döredipdir.
Üçünji müň ýyllykda Ahruma (Angra Man) özüniň ýaradan ýaramaz güýçleri bilen Ahura Mazdanyň ýagşylyk dünýäsine dökülýär. Onuň iberen Ajy ýylany ilkinji ýaradylan adam Gaýomarty we onuň wepaly hemrasy ýoldaşy öküzi öldürýär. Gaýomartyň maşgalasyndan ýerdäki adamlar köpelipdir. Ýagtylyk güýçlerine birehim söweş arkaly ýamanlyk güýçleri ýeriň aşagyna dykmak başardýar. Şu ýerde nesilbaşymyz Oguz hanyň adynyň öküz manysynyň bardygyny we onuň oňonynyň öküzdigini nazarda tutup otparazçylyk dini bilen Oguz hanyň Gök Taňry dininiň köp düşünjeleriniň arasynda baglanyşygyň bardygyny görmek bolýar. Bu birinjiden. Ikinjiden, onda öküziň mifiniň getirilmegi “Awestany” oguz dünýäsi bilen baglanyşdyrmaga esas berýär. Üçünjiden, oguz hem skif dessanlarynda ýagtylyk, ot, Gün, suw asman mukaddeslik hökmünde şöhlelendirilýär. Dördünjiden, ol eserlerde edil “Awestadaky” ýaly arwah, ýylan, içýan, garaňkylyk ýaman, erbet güýçler hökmünde teswirlenýär.
Dördünji üç müň ýyl Zaratuştranyň dogulyşy we onuň dini wagyz edişi bilen başlanýar. Tura Bratarwahş Zaratuştrany öldürýär. Onuň ölüminden soň Zaratuştranyň üç ogly dünýä inýär.
On iki müň ýyl geçen soň ýagşylyk hem ýamanlyk güýçleriň-ruhlaryň soňky çaknyşygy bolmaly. Zaratuştranyň dowamaty erbet güýçleri ýeňýär. Soň Baky durmuş başlanýar diýilip “Awesta”kitabynda aýdylýar.
“Awesta” kitabynyň mifiki keşplere baýdygyny aýtmak gerek. Şeýle keşplere mysal edip Mitrany görkezmek bolar. Ol ösümlikleriň hudaýy we şol bir wagtda çopanlaryň hem esgerleriň piri hasaplanýar. Ol parahatçylygyň hem bagtyň goragynda çykyş edýär. Onuň edýän ähli hereketi adatdan daşary güýje eýedir.
Kitapda Anahitanyň keşbi bar bolup, ol mifik hyýaly-ylahy häsiýetlidir. Ol Asman suwlarynyň hudaýy, mallaryň we hasyllygyň piri saýylýar.
Şuňa meňzeş keşpleriň ýene biri Jemşitdir. “Awestada” ol iň bir adalatly, gahryman hökümdar edilip görkezilýär. Ol ýaşaýşy yssydan we sowukdan gorap saklaýar. Jemşit ýer-ýüzündäki ýaşaýyşy üç esse köpeldipdir. Göýä Jemşidiň altyndan jamy bolanmyş, ol şoňa seredende ýurduň içindäki ýagdaýy görüp bilipdir. Ol adalatly hökümdar bolupdyr. Ol Magtymgulynyň döredijiliginde hem orun alypdyr:
Seýil edeliň bu jahana,
Jahanda näler görüner.
Isgender, Jemşit saldyran,
Beýik binalar görüner.
“Awesta” dini kitap bolup, ondaky esasy dünýägaraýyş ýokardakydan ybarat. Ýokarky aýdylanlar bu kitabyň baş pikir ýörelgesi bolup, onuň bilen baglanyşykly irili-ownukly wakalar köpdür. Olaryň her biri barada aýratyn durmak özbaşyna ylmy işi talap edýär.
“Awesta” otparazçylyk dininiň mukaddes kitaby bolup, onda dini däp-dessurlara uly orun berilýär. Ýöne oňa halk köpçüliginiň gündelik durmuşy, gün-güzerany bilen bagly wakalar hem kitaba siňdirilipdir.
Zaratuştra ýagşylyk äleminiň Hudaýy Ahura Mazdadan bagt mekanynyň nirededigini soraýar. Ahura Mazda onuň zähmet çekilýän ýerdedigini, öý-jaý, ybadathana gurulýan, çarwaçylyk edilýän, ekerançylyk bilen meşgullanylýan ýerdedigini nygtaýar. Bellemeli ýeri “Awestada” ekerançylyga uly üns berilýär. Daýhançylyk edýän kişi žresler, söweşijiler bilen bir hatarda goýlup mertebeli saýylypdyr. Onda zähmet çekmeklik ündelipdir.
Bilişimiz ýaly, Garaşsyz hem Baky Bitarap Türkmenistanymyz Ak bugdaýyň watany hasaplanýar. Gazuw agtaryş işleri geçirilende bugdaýyň altyndan edilen hoşasynyň we bugdaý saklanýan gaplaryň tapylmagy hakykatdan türkmen halkynyň ata-babalarynyň dünýäde ilkinjileriň hatarynda bugdaý ösdürip ýetişdirendigine, ekerançylygyň ösendigine kepil geçýär. Garaşsyz diýarymyzda “Türkmenistan-Ak bugdaýyň Watanydyr” ady bilen halkara ylmy-amaly maslahatlar geçirilip bu ugurda guwandyryjy işler edildi.
“Awesta” kitabynda bugdaý hasyly bilen bagly ynançlar bar. Bilşimiz ýaly otparazçylyk garaýyşlary üç müň ýyla golaý mundan öň döräpdir. Şol döwürde bolsa bugdaý doly keramatlaşypdyr.
“Awestanyň” maglumatyna görä, bugdaý ekilip, ol ýerden gögerip çykanda döwler (ýaramaz güýçleriň betbagtçylygyň nyşany) lerzana gelýär, orlup, galla alnanda döwler nala çekýär, galladan un edilende olar gaçmaga başlaýarlar, hamyr edilende bolsa, döwler ýok bolýan edilip görkezilýär. Görşümiz ýaly, ynsan gaty ir wagtlardan bäri çöregi mukaddesleşdiripdirler.
Türkmen halky yslam dininden öň otparazçylyk dinine uýupdyr. Otparazçylyk dini müňýyllyklaryň dowamynda dini ynanç hökmünde Gündogar halklarynyň arasynda ýaşapdyr.
Otparazçylyk dini bilen baglanyşykly däp-dessurlar, ynançlar biziň şu günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Otparazçylygyň käbir dessurlary yslam dinine ornaşypdyr. Şol döwürde adamlar Güne, oda çokunypdyrlar. Ýyldyrym çakanda Hudaý gaharlanýandyr diýip pikir edipdirler. Oda, suwa mukaddeslik hökmünde garamak, Aýy ýüzüňe sylmak, gelin gelende ot bilen baglanyşykly däp-dessurlary berjaý etmek, şaman oduny ýakmak, tütün çykarmak, otdan towusmak, näsagyň başyndan ot aýlamak, käbir keselleri oduň kömegi bilen bejermek ýaly ynançlar halkymyzyň däp-dessuryna siňipdir, yrymlaryna giripdir. Olaryň ählisi otparazçylyk dini döwründe dörän ynançlardyr.
Türkmen halkynyň döreden däp-dessurlary, yrym-ynançlary, edim-gylymy müňýyllyklaryň dowamynda emele gelipdir. Olar wagtyň ýowuz synaglaryndan geçip türkmençilik ruhuna siňip gidipdir.
“Awesta” kitaby gadymyýeti öwrenmekde gymmatly ýazuw ýadygärlikdir. Taryhy çeşmedir. Ol müňýyllyklara barabar gadymy taryhymyzy hem medeniýetimizi goýnunda gizläp ýatyr. Bu kitap gaty köp ylmy açyşlara çeşme bolup hyzmat eder. Onuň “Widewdat” kitaby türkmen diline terjime edildi.
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 42 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Akmyrat Täjimow, Araznepes Mämmetjumaýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: