11:06
Penjiräňi aç
PENJIRÄŇI AÇ

Penjiräňi aç, gözel gyz,
Goý girsin otagyňa
Säheriň mylaýym şemaly.

Üşemez öýdeçi gülleň,
Gapyňy aç!
Aç kalbyňy!

Gorkma, täzelikden gaçma,
Saňa ýeňlesdir öýtmezler.
Öz-özüne gurar duzak
Honda garadangaýtmazlar.

Penjiräňi aç, gözel gyz,
Girsin öýe kebelekler,
Girsin uçýan batbörekler,
Girsin gumrudyr, serçeler,
tozgajyklar,
gül-gunçalar.

Hiç zatdan ätiýaç etme,
Kalby tämize kir ýokmaz.
Pikiri nä derkaryňa
Ruhy boşlaň, akly ýoklaň.

Baglar bilen söhbet eýle,
Hüwdülerne yra başyň.
(Ötegçileň seniň bilen
Näme işleri barmyşyn)
Gije düýşde garaşanyň,
Düýn, bu günde garaşanyň
Az sabyr et, geler basym.

Gorkma, ýaýdanma, gözel gyz,
Bir bikemal geler öýdüp.
Sähel salymlyk gelse-de,
Galgyn ýüregiňi aýdyp.

Aýt sen oňa garaşanyň
Yhlas bilen şunça ýyllap.
Gözýaşyň süpürmän agla,
Ýaňagyňy ölläp-ölläp.

Ýakma hiç kimiň içini,
Öz içiň ýananam besdir.
Görüp kalbyň päkligini
Rakyp aglap toba etsin!

Giç düşünip aglamagyn,
Gül ömrüniň az bolýanna.
Gürlemäge uýalsaňam,
Ýeke söz bir diý bolmanda.

Myhman bolsa gider gelen,
Ugradyp goýber gapydan.
Hemem oňa ak ýol dile,
Demiňem alma gatydan.

Soňam açyp penjiräňi
Sal öýe kebelekleriňi,
batbörekleriňi,
gumrulary, serçeleri,
tozgalary,
gunçalary...

Köşeş, aglama-da sojap,
Alňasama hyrçyň dişläp.
Ynha şeýle bir gün geler,
Asmanda Gün gadryň biler,
Ýerdäki gül gadryň biler.
Başga näme gerek onsoň
Ýaşaber-dä şolar bilen.

Suraý BABANYÝAZOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 76 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 5
0
5 Sona   [Mowzuga geç]
Suraý jan, bu saňa. flowers
Goý, Alla saňa kalbyňdakylary bersin!

0
4 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Wiý bilmändirin.Suraý,gaty gowy ýazýañ.Ylhamyñ egsilmesin.Goý-da gyz gysganýañmy? biggrin

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
@Mahym, bi, @Mahriban agza Suraýyñ özüdir. Ozune ayt, ozune ))

0
2 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Gowy gowy we ýene-de gowy.Suraýdan köpräk goýuñ.(Eger eliñizde bar bolsa)
Onsoñam saýtdakylardan aýratynam admininden haýyşym Kakamyrat Rejebowyñ,Seýitmyrat Geldiýewiñ,Aşyr Hanowyñ täze goşgulary eliñizde bar bolsa goýaýsyñyz.Bizem bir pelsepeden geregimizi edinsek.(ýalñyş dûşünmäñ,gazet alyp bilemok)

0
1 cherkezbaylyyew05   [Mowzuga geç]
wacko bäh...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: