03:41
Gapy kakýan ýok!
GAPY KAKÝAN ÝOK!

Penjireler,
penjireler bir eýýäm çañ basan,
gapy kakýan ÿok,
garaşma ýaña!
Gijäñ ebediligi öýüñe ösen,
gapy kakýan ÿok,
garaşma ýaña,
diñ salma,
atmajak daña!
Gan urgusy damarda
tolkunyn gün-günden ýuwudan ÿaly,
ÿüregim
ýitirip ugrun,
dirilik akymyn unudan ýaly
dynjym bozÿar oÿlarymyñ çyzygyn.
gapy kakýan ýok!
Hyjuwly duýgular ýitgide gagşap,
tümlüge ogşap,
gutaryp dur gözlegin.
gapy kakýan ýok!
Gökden göklük göçer,
toprakdan yssy
howada gaýmasa söýginiñ sesi.
garaşma daña,
diñ salma ýaña,
gapy kakýan ÿok!

Ybraýym BADAHŞAN
(Türkmensähra)
Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 9
0
9 Güllericre   [Mowzuga geç]
Üýtgeşik goşgy eken. Gowy zady biziň elipbiýimizi öwrenmekleri we dil arassalygyny gazanmaklyga ýykgyn etmekleri. Buýsandyryjy.

0
7 hekaya   [Mowzuga geç]
Ahyry gowy goşgy tapdym! Dilem owadan. Eýran türkmenimi?

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Agşam düzedäyeris, Ybraýym aga. Bu goşgyñyzy Suhan aga (Salariniýa) ugratdy. Ozuñizem goyup bilyansiñiz goşgularyñyzy.

0
8 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
essay (yssy) sözi henizem öñküligine galypdyr!?

0
4 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Essay sözi ÿalñyś ÿazylypdyr, yssy dogry, gökden göklük göçer, toprakdan yssy, howada gaÿmasa söÿginiñ ysy ... gośgyny bu ÿerde özüm goÿmadym, diÿmek men düzedip bilmeÿärin.

0
5 mango   [Mowzuga geç]
täze eserleriňizem barmy?
paýlaşarmysyňyz.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
ÿüregim
ýitirip ugrun,
dirilik akymyn unudan ÿaly
---
täsirli setirler...
---
Gökden göklük göçer,
toprakdan essay
howada gaýmasa söýginiñ sesi.
garaşma daña,
diñ salma ýaña,
gapy kakÿan ÿok!
---
"essaýa-da" düşünmedim, ýöne "howada söýgi sesi gaýmadygyça" diň alyp "daňa garaşmagyň" manysynyň ýokdugyny dogry aýdýaňyz.
ýöne optimist bolaly, howamyzy söýgüden dolduryp bilsek, her halda daň atmagy ýakynlaşar.
(goşguda pessimizm agyr basýa).
goşgularyňyzy goýup duruň. okujylaryňyz bardyr.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
*ýaňlanmagy

0
1 mango   [Mowzuga geç]
ilki bilen familiýaňyz BEDEHŞAN däl-de BADAHŞAN dälmikä, şony soraýyn.
ikinjem "gapy kakÿan ÿok, garaşma ýaña!" diýlendäki "ýaň" eýran türkmenlerinde manysy başgarakmy? "ýaň" - daglarda öz sesiň gaýtalanmagy, ýa-da islendik zadyň sesiniň gaýtalanmagy, ýaşlanmagy.
goşgydaky gapy kakylyp çykaryljak sese "ýaň" diýlişini geňirgendim.
ýa başga manysam barmy?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: