22:37
Küýsemen
KÜÝSEMEN

Biri-biriňizden ýagşy bolsaňyz –
Gabrymda-da özge rahat küýsemen.
Haýra hossar,
Şere garşy bolsaňyz –
Zyýarat şol.
Görde köýmet küýsemen.

Käte ýanyp gezdim,
Käte tüsseläp.
Käte üşäp gezdim.
Käte yssylap.
Kä belentläp uçdum,
käte pessaýlap.
Öz uçuşym.
Özge ganat küýsemen.

Bogulyp gezsem-de ýoluň çaňynda,
Egilip gezmedim adam öňünde.
Diňe Enem, Atam, Watan öňünde
Üç büküldim.
Aýry kysmat küýsemen.

Söýüp gördüm,
Söýlüp gördüm dünýäde,
Kesewi dek köýüp gördüm dünýäde.
Arzuw atly gaçdy.
Ykbal pyýada.
Döz gelipdim.
Indem aňsat küýsemen.

Şeýdip ýöräp-ýöräp maksatly ýoldan,
Kuwwat gaçan güni ejizlän bilden,
Derman dilesem-de mähriban ilden,
Dilegçiläp ynsap, gaýrat küýsemen.

Biriniň ömründen kesip Ezraýyl,
Diýse: «On ýaş peşgeş bermäge taýyn!»
Diýerin: «Iýmändim-özgäniň paýyn,
Öz yrsgymdan başga
Owkat küýsemen!»

Bütin ömrümboýy setirler ýasap,
Almaly muzdumy etmedim hasap.
Şygrym okap.
oýurgansa naýynsap,
Muzdum şodur.
Başga hiç zat küýsemen.

Kerräk bolsa – gulak bolsam adama,
Şerräk bolsa – ýürek bolsam adama,
Gerek bolsa – kömek bolsam adama
Öwezine hüşür-zekat küýsemen.

Laureat, Gahryman atly bolsaňyz,
Şöhratymdyr siz şöhratly bolsaňyz.
Ýöne Adam diýen atly bolsaňyz –
Şondan beýik
Abraý-şöhrat küýsemen.

Doglamda doguldym ak zada suwsap –
Ak süýde, aksakgal ussada suwsap.
Indi görüp ýörsem:
iň, ak zat – ynsap.
Ynsapdan ýokarda
Ussat küýsemen.

...Ýeri iňledip dur uruşly sowal.
Soradym toprakdan:
– Niçik bor ahwal?
Diýdi:
– Erkek erkek,
aýal hem aýal
Bolup bilse,
Başga myrat küýsemen!

Kerim GURBANNEPESOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 85 | Добавил: Nurdan | Теги: Kerim Gurbannepesow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 13
1
10 mango   [Mowzuga geç]
Sona: “tanamadyk - sylamaz” - diýipdirler ata-babalarymyz.
Men: Sylaga-da mätäçligim ýok, tananylmaga-da.

1
9 hekaya   [Mowzuga geç]
Bu goşgyň din bilen baglanşygy ýokdur. "Garaňky" çagda türkmençilik bilen yslam eriş-de argaç geçeni üçin, bulary jübide galan bulam-bujar nauşnik ýaly çöşlemeli bolýar. Umuman goşgy türkmençilik barada. Aşa didaktiki. X nesliň modasy. Gurbannazar şo keselden uzak durup bilipdir. Tolstoý bilen Dostoýewskiň tapawudy ýaly.

0
11 Sona   [Mowzuga geç]
Siz jora, gaty sowatly bellikler edýärsiňiz. Pikirleriňiz biziň öwrenişen pikirlerimiz däl. edebiýata, goşga täze-täze burçlarda durup, täze-täze burçlardan seredip, baha berýärsiňiz. siz ýazyp ýören biri. düşünip syn berýäňiz. sagja boluň! pikirleriňizi paýlaşmaga ýaltanmaň! Haýyş.

0
12 Selbii   [Mowzuga geç]
Sonaş hekaýa erkek owlan biggrin

0
13 Sona   [Mowzuga geç]
Krupskaýa, Kamenskaýa,... diýen ýaly soňy ,,a'', ,,ýa'' bolup gutarsa, ženskiý rodmyka diýip ýön-dä men sad
Waý, indi özi göräýse...
hany bu haty udalit edip ýa korrektirläp bolmazmy?
Aýu, Haweran, ýetişewer.

-1
7 Sona   [Mowzuga geç]
Hawa, bäriniň klimatyna uýgunlaşjak bolup jan-a edýär neresse soccer

1
8 hekaya   [Mowzuga geç]
Tropiki howa öwrenşendir ol

1
6 hekaya   [Mowzuga geç]
Mango-ny transfer edipdirler-ow smile Bu komanda güýçlener.

1
4 mango   [Mowzuga geç]
..Ýeri iňledip dur uruşly sowal.
Soradym toprakdan:
– Niçik bor ahwal?
Diýdi:
Erkek erkek,
aýal hem aýal
Bolup bilse,

Başga myrat küýsemen!
—-
Ah, Kerim aga, Kerim aga.
Senem duýupsyň öýdýän erkekleriň aýallara, aýallaryňam erkeklere meňzejek günlerini...

1
5 Nurdan   [Mowzuga geç]
))))

1
3 mango   [Mowzuga geç]
Kerräk bolsa – gulak bolsam adama,
Şerräk bolsa – ýürek bolsam adama,
Gerek bolsa – kömek bolsam adama
Öwezine hüşür-zekat küýsemen.
—-
Şu setirlerde welininim Kerim aga ýalňyşan ýaly.
Hüşür-zekat — ýetimiň haky.
Ol şahyryň haky däl...
(“öwezine sylag-serpaý küýsmen” diýseňem boljak eken ýaly)

1
2 mango   [Mowzuga geç]
Biriniň ömründen kesip Ezraýyl,
Diýse: «On ýaş peşgeş bermäge taýyn!»
Diýerin: «Iýmändim-özgäniň paýyn,
Öz yrsgymdan başga
Owkat küýsemen!
»
—-
Kişi hakyny iýmezlik (kişi hakyna girmezlik) - bu-da yslamy prinsipleriň esasylarynyň biri.

1
1 mango   [Mowzuga geç]
Haýra hossar,
Şere garşy
bolsaňyz –
Zyýarat şol.
Görde köýmet küýsemen.
—-
Kerim aga özi bildimikä, şu setirleri bilen yslamyň ündewleriniň birini ündänini.
Haýry-ýagşylygy ýaýmak (emr etmek, buýurmak) we şere-ýamanlyga päsgel bolmak.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: