19:54
Güneş parçasy

GÜNEŞ PARÇASY

Çygly güýzde ýaz ýakymy küýselýär,
Kä aýazda kaýyl diýýäs sörtüge,
Bu bela-beterden özi gorasyn,
Aljak bolsa bakasy ýok örtüge,
Bahasy ýok, geçip giden günleriñ,
Alan demleñ ýöredýärler hasabyn,
Indi ýuwaş-ýuwaş ruhymy deşip,
Şolam berýär maña wyždan azabyn,
Nebit çalnan gijeleri azarlap
Gündiz içre gapba-gara tüm bolup
Pursatlary ýekän-ýekän nazarlap,
Täleýimden çykjak günüm güm bolup
Gün däldigmi ýada saldy barçasy,
(Ýogsa ömrüñ şeýdip geçmesem bolýar.)
Sen bir özüñ aýa
Güneş parçasy!
Ýanyp dur,
Ýanyp dur,
Öçmeseñ bolýar.

Saparnepes ATABAÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 97 | Добавил: Nurdan | Теги: Saparnepes Atabaýew | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 10
0
10 Arzyman   [Mowzuga geç]
Gowy ekeni.

0
9 Revo   [Mowzuga geç]
Nebit çalnan gijeleri azarlap
Gündiz içre gapba-gara tüm bolup
Pursatlary ýekän-ýekän nazarlap,
Täleýimden çykjak günüm güm bolup

Goşgynyň şu setirlerini düşündirip biljek barmyka?!

0
8 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Nebit çalnan gijeler... täsin meňzetme

0
7 hekaya   [Mowzuga geç]
Dilçiler bilen halkyň arasynda dil taýdan ullakan tapawut bar. Žurnal-gazetlar şoňçün okalman, maksatdan daşary başga-başga ýerlerde ulanylýar. Meselem: penjiräni örtmek üçin, gazly peji ýakmak üçin, ... aý ýene birnäçe ýerde.
Goşgularam gulakdan girip ýürege degmeli wagty, nerwä degýär.
Dile täze sözler girmeli, ol dogry. Käte ulanyşdan galanlaram tirkäp almaly. Ýöne ol goşgyň içinde düwürtik ýaly göze batmaly däl.

0
6 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Goşgy üçin özüñi heläklemän, halamasañ geçiberseñ bolar-la, kelläñe agram salyp oturmasañam bolar smile

-1
5 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Goşga düşünjek bolup beýnime agram saldym.Aklym ejiz geldi.Beýnimiñ namys edip özüni heläkläsi geldi. biggrin Hudaýyñ hatyrasyna näme diýjek bolýandygyny düşündiriñ.(Eger düşünen bar bolsa)

0
1 Selbii   [Mowzuga geç]
Düşiniksiz goşgy iken wacko

1
2 Nurdan   [Mowzuga geç]
Selbi, siz öz şu mahalky bolup ýörşüñize bir düşünýärmisiñiz , munuñ ýaly goşga düşüner ýaly ?!

1
3 Ahmet   [Mowzuga geç]
Uly ýola garap dymyp otyryn,
Çykyp gyradaky çile klasdaş.
Müň bir gaýgy-gama çümüp otyryn,
Berilip müň ham-hyýala klasdaş.

Birmahallar şadyýandym, alçakdym,
Wah, bolmady, şo bolşuma galjakdym,
Söýgüniň yzynda ylgap daljykdym,
Tas dönüpdim saňsar mala klasdaş.

Mekdebe gatnardyň bezäp bu ýoly,
Bu görnüş gözümden gidenok häli,
Eliň portifelli çykaýjak ýaly,
Şindi-şindem bakýan ýola klasdaş.

Daşyndan paklygy bildirmez hozuň,
Tamşynyp galarsyň, ýagjarmaz agzyň,
Içinden on alty klasdaş gyzyň,
Seni söýdüm ala-böle klasdaş...

Dowamy bar .

0
4 Ahmet   [Mowzuga geç]
Şu goşgyň awtoryny bilýän barmykan? Bilýän bolsaňyz aýdaýym-da!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: