19:13
Kirşenowdan goşgular
■ Bu asman astynda—Zemin üstünde

Geçen-geçdi... Göçdi gara bulutlar,
Sen olary unutmagy unutma!
Bahyl bary goý, bialaç boluplar,
Otursynlar saçlaryny ütsün-de—
Bu asman astynda—Zemin üstünde…

Aralykda gezip yörüs ynha, biz—
Ýoldaş edip pälimizi, ynsaby.
Heder etme, başa bakan ynsandan,
Eýmen, aýagyňa garan ümsümden—
Bu asman astynda—Zemin üstünde…

Ýollar saýlap gowusyndan-gowsuny,
Owsundy göwünler, ýene owsundy.
Sowatmasyn elimizi—şowsyzlyk,
Başymyzy aýlamasyn— üstünlik—
Bu asman astynda—Zemin üstünde…

Söýýänleriň söýse, has-da eý görse,
Söýmedikleň—bagyşlaplar göýberse…
Duşmanlaryň ýigrensin, goý, ýigrense,
Dostlar seni düşürmese ünsünden—
Bu asman astynda—Zemin üstünde…

Ömürboýy özi ýanyp Gün, ine—
Märini paýlaýar ili-gününe…
Umytsyzlyk—gitsin indi gümüne,
Bizden ähli umydyny üzsün-de—
Bu asman astynda—Zemin üstünde…

Yhlas eden—myrat tapar bu Ýolda,
Gowy ýüreklermiz—ýagşy hyýalda
Toý-toýa ulaşýar eziz Diýarda,
Toýdan ýetip dursun hem üsti günde—
Bu asman astynda—Zemin üstünde!

■ Dowamat

...Otyr, ol goja toraňňy,
Uka giden dek, hamana...
...Şahalarna hasrat gondy,
Asman gaplandy dumana.

Gijä döndü gündizleri,
Düýşüne girýär ýagtylyk...
...Däli derýä ümdüzine,
Akyp barýar peýwagtyna.

Kim bilýär nije ýaşynda,
Başynda nije gowga bar?
...Gör häzir onuň daşynda
Ne syrdaş bar, ne howandar...

II

Toraňňy, ýalňyz toraňňy,
Dur derýaň kert kenarynda.
...Ösdü, örňedi ýyllaryň,
Döş gerip ýagyş-garyna...

Ony ýykmaga, basmaga,
Synanyşdy ýeller-de kän.
Umytly garap asmana,
Ýerden ýapyşdy ol mäkäm...

Güýz düşende, mahal-mahal,
Tozgalaryn saçdy her ýan.
...Ösüp çykdy ýaş nahallar,
Soňra, ugrunda bu derýaň...

III

…Howsalaly, başyn yrap,
Bakýar ol öçügsi Aýa.
...Ala daglaň gary eräp,
Sil geldi şeýdip, bu taýa...

Derýa daşyp bu gün gije,
Opurdy oň aýak astyn.
Toraňňy, bar güýjün tijäp,
Göreşse-de geldi asgyn...

Kök-damary köwlenensoň,
Ol örküni üzdi ýerden.
Bir demde äpet göwresi,
Suwa agyp gitdi birden...

IV

Ah, derýa ony birçaklar,
Hanasyna aldy dolap.
...Yzyndan şo-ol nahaljyklar—
Perzentleri golun bulap,

Bialaç,
Garap galdylar,
Garaňkydan heder alyp...
...Bu gün iki kenarda-da,
Otyr olar hatar bolup.

...Daň atdy!
Onsaň nesiller,
Kem-kem ese-boýa galdy.
...Olary Güneş şöhlesi,
Mähir bilen gurşap aldy!

V

Ýaşajyk baglar günsaýyn,
Indi kemsiz taplanarlar.
...Ýaşaýyş neneň ajaýyp,
Saňa—hossar tapylanda!

Ýaşyl öwser, ýapraklarlar,
Seleňleşip, hoştap howa.
Ata-baba topragynda,
Bolarlar dowamat-dowam!

...Geldi Galkynyş eýýamy,
Çaglandy Ömür bagymyz.
...Meniň, ol „Güneş” diýýänim—
Mähriban Arkadagymyz!

■ Durmuş deňzinde

...Men durmuş deňzinde…
Ýüzüp barýaryn,
Ýüki ýetik bu gün ömür salymyň.
Howatyr edýärin, onuň agramna,
Bir ýerlerde agyp gitjek ýaly men…

Durmuş dolup-daşýar…
Iki ýan çaýkap,
Ahmal bolsaň, ýitirjek ol deregňi.
Bolmaýar, otursaň başyňy ýaýkap—
Aldygyna işletmeseň küregňi.

Deňizde…
Bolmaly däl eken ýöwsel,
Gaý-tupandan gorkmaly däl ekeni.
…Bu gün meniň bilen ugurdaş owsen,
Şemal ynam bolup dolýar ýelkene!

Dumly-duşuň…
Galagopluk durşuna—
Gomlar howuň basjak bolup sürünýär.
…Ýöne, maňa göreşsiz bu durmuşam,
Nämüçindir, ýürekgysgynç görünýär…

Ýüzüp barýan…
Bakman derdi-azara,
Ömürde—ölümden özgesi hiçdir!
Belki, öldürmeýän zatlaryň bary,
Bizi bu durmuşda edýändir güýçli?!

Durmuş!
Ur ýüküňi maňa gatla-da,
Mas ýükle! Salmasaň bolýar allary!
…Deňiz tolkunlary, harasatlary,
Aňsat agdarýandyr ýüksüz sallary…

■ Erk hakynda erteki

ýa-da adamlaryň agyr günde özlerine erk
edişleri barada hakykata ýakyn bir hekaýat

I

Bir bar eken,
Bir ýok eken...
Bu erteki çynmy, ýalan?
…Şol gün duşman leşger çekip,
Bir şäheri zamun alan...

Garry-ýaş gyrlypdyr kileň,
Ýagy darapdyr rehimsiz.
Emma bir saý-sebäp bilen,
Bular düşenmişin ýesir...

“Kesiň olaň iki elin! ,”
Diýip, han çykardy höküm.
...Gelýärler ýeke-ýekeden,
Kim arkaýyn, kim bil büküp.

...Kör, ogry, ussa, söwdagär,
Garakçy, şahyr—altysy...
Bu gün jellat bolmaz bikär,
Çalyp otyr ol paltasyn...

II

...Dowul aldy kör,
Gobsunyp, gör!
Soň seslendi, turdy-da ör:

—Wah, ellerim—bar mydarym.
Birin al! Nätjek, çydaryn...
Sen neneň bilýärsiň dözüp!

...Dillendi ogry.
Eli bolsa-da egri,
Jellada seredip dogry:

—Ýalbarýan kesme elimi,
Kes sen gowusy dilimi...
Kesbimden bilmen el üzüp!

...Ädikçi ussa,
Basylyp sussy,
Gürledi ol assa-assa:
—Haýpyň gelsin bu ellere,
Aýakgap dikýän illere…
Olar onsuz bilmez gezip!

…Ýeser sowdagär,
Tapdy bir tär!
Diýdi, bolup umydigär:

—Kesmäweri ellerimi,
Bereýin, bar pullarymy…
Bolmazmy-ka oňyn çözüp!

…Otyr alakjap,
Seret garakça!
Gepledi ol garanjaklap:

—Çapma meniň ellerim sen,
Getireýin telimsin men…
Näçe diýseň, ýüpe düzüp!

…Çekmäň bir ahy,
Dymýardy şahyr.
Buýsançly seslendi ahyr:

—Degme meniň ellerime,
Janym al sen gel, ýeriňe…
Derkar däl… Bilmesem ýazyp!

III

…Jellat tapdy hemmäň tärin,
Ol oňat bilýär öz kärin.

Şondan bäri şol golak kör,
Şindem sag-aman gezip ýör.

Iki golsuz galan ogry,
Özüne ýol saýlapmyş dogry.

Ussa aýrylyp golundan,
Kesbin goýupdyr ogluna.

Söwdagär gutaryp harjy,
Boldy ile belli jarçy.

Şol garakçy—suwsan gana,
Nöker durupmyşyn hana.
…Men şol şahyra gynanýan,
Hem düşünmäge synanýan.

Düşünýän, gowy düşünýän,
Ýöne, az-owlak üýşenýän.

Bolan bolsam özüm, ýeri…
…Allam, özüň goraweri!

■ Güneş

Güneş!
Çogly Güneş!
Barýarsyň ýaşyp—
Ertire çen tüme gaplap dünýämi.
Ýogsam, deňizlerden-daglardan aşyp,
Seniň hökman geljegiňem bilýärin.

Gelersiň-de, ak daňlary buşlarsyň,
Şam-u-säher bilen kakyp işigi.
Şonda maňa duşarsyň ýa duşmarsyň,
Belki, duşuşarys… Bagt işidir?!

Ömrüm öz göwnüme bihal görünýär,
Bimany ýaşalan bolara çemli.
Özüň ýanyp çoguň paýlasaň dünýä,
Iň soňky howruňa, goruňa çenli.

Saňa gamlanara ýokdur bahana—
Ýaşap ýörsüň munda, ýaşyp hem dogup.
…Men giderin—munuň üçin jahanda,
Ne-hä yssy bolar, ne-de bir sowuk…

Bu gije ýok zatlar gelýär serime,
Gel, Güneşim, ýagty kuýaşyň çaýyp.
Garaşylýan, gadyrlanýan ýeriňe,
Dolanmaklyk, gör, nähili ajaýyp!

■ Men dolanaryn

Bu durmuşda, gör, nämeler bolmaýar?
Orta ýolda bolýar eken azaşyp.
…Ýola garap, sen näumyt bolma, ýar—
Men bir gün köp aşyp, bir gün az aşyp,

Dolanaryn!
Gara gyşa galmaryn,
Gelip, doga-dilegleňden güllärin.
…Ynanýaryn, seniň garaşýanyňa,
Seniň maňa ynanýanyň bilýärin…

Ýolda—hoşniýetli, öz oslamadyk,
Gowy adamlarma duşurdy Ykbal.
Goý, bu garyndaşlar hem dostsumaklar,
Ötseler-ötsünler bir bäri bakman.

Ýok göwün edemok!
Eder ýalymy?
Namys edýän! Ýürek-bagrym dilýärin!
…Ynanýaryn, seniň garaşýanyňa,
Seniň maňa ynanýanyň bilýärin…

Eşidýän ezizim, çagyrýanyňy—
Aňýan, mensiz aglaýanyň oturyp.
Bagyşla, wagtynda çagalarymy,
Bilmedim men bal gününe batyryp…

Belki, hiçden—giç ýagşydyr…Ýanyňa—
Umytly ojagma ýetip gelýärin!
...Ynanýaryn, seniň garaşýanyňa,
Seniň maňa ynanýanyň bilýärin...

Bu durmuşda bolmaýar, gör, nämeler?
Gelmez öýdüp, güman alma göwnüňe.
…Uzak-uzak ýüzüşlerden gämileň,
Mährem kenaryna ýene öwrülip,

Gelişi dek…
Gaý-tupanda ýan bermän,
Geldim, ýollar söküp ädimme-ädim.
…Ynanýardym, seniň garaşýanyňa,
Seniň maňa ynanýanyň bilýärdim…

■ Men we sen...

Men bir ataş, sen bolsa suw,
Men toprak bolsam, sen asman.
Gel, meni öçür ýa-da ýuw,
Bolanok depämden basmaň.

Bir teşne men, sen hem çeşme,
Sen bir bägül, men hem şeýda.
Köp saýrasam, rakyp eşder,
Ikimize däl bu peýda.

Men bir gyş, sen ýaz-u-bahar,
Sen husna baý, a men geda.
Sen akyllanýarsyň barha,
Men aklymdan düşýän jyda.

Men jöwza, sen sergin howa,
Bimar men, sensiň dermanym.
Men bendi, sen hökmürowan,
Garaşýan adyl “permana”!

Men bir umyt, sen bir wysal,
Saýýadyň men, sen sülgünim.
Gör, bagryma öýüpdir gan,
A sen ýaňaklaň gülgüne...

Men ileri, sen hem gaýra,
Men perwana, sen bir yşyk.
...Bolşumyza men-ä haýran,
Durşuna gapma-garşylyk...

■ Meni ogulluga al!

Ýeke derek, gamgyn derek,
Gussaly sen öňküden-de.
Belki, bolýansyň janserek,
Her ýapragyň dökülende?!

Gör, sowuk ýel oňňullyga,
Öwüsmän eken, deregim.
…Al sen meni ogulluga,
Mähir küýseýär ýüregim.

Ejeligim bol sen meniň…
Men hem ýalňyz, äňet, ine!
…Ezizlerňi ýitirmegiň,
Düşünýärin nämedigne…

Görşenmize şat ýaly-la?
Aňýan, bilmeseň-de aýdyp.
Ýene bu gün seň ýanyňa,
Geldim mähribanym gaýdyp.

Ýola garap uzak gije,
Garaşansyň sen hem maňa.
Meniň “Goý, gamlanma eje!”
Diýesim gelip dur saňa…

Erär ertir gyşyň gary,
Göwnümde ýazy besleýän.
…Men şahaňda pyntyk ýaryp,
Ýaprajyk bolmak isleýän…

■ Palçy gelin

...Elli. Altmyş. Ýetmiş. Segsen—
Bu maňa köp dälmi eýsem?
Rowa görüp munça ýaşy,
Sahylyk edensiň aşa...
Ah, eçilip maňa wada,
Düşenjesin on manada,
Sen palçy, ýalançy gelin,
Elleriňde saklap elim,
Şol gün sen aýama garap,
Köp oturdyň başyň yrap...
Ondan näme okadyň sen?
Goýman häli, nokadyň sen!
...Seniň sülük barmaklaryň,
Ýüregme sümüp barýardy...
Gaş-gözüňe maýyl ede,
Hoş sözüňe maýyl ede,
Meniň dek, akmagy telim,
Oýnansyň owadan gelin...
Meni juda eý gördüňmi?
Teý,elim goýbermediň-le...
Ýeri, şonda pal atdyňmy?
Ýa-da menem aldatdyňmy?
...Elli. Altmyş. Ýetmiş. Segsen—
Gaty jomart ekeniň sen...

■ Sen hakda

Uz jemalyň—uzakda,
Ýatlamam—ýakyn pişe...
Oýlanýarmyň men hakda?
Men sen hakda—hemişe!

Bulut ýagjak-ýagjakda,
Garalsa, üýşe-üýşe...
Oýlanýarmyň men hakda?
Men sen hakda—hemişe!

Çagyr ýoluma bak-da,
Baram, bagrymda süýşe...
Oýlanýarmyň men hakda?
Men sen hakda—hemişe!

Aýralyk—agyr çakdan,
Çäre ýokdur bu işe...
Oýlanýarmyň men hakda?
Men sen hakda—hemişe!

Ýürek meňzeş—gursakda,
Agyryly bir dişe...
Oýlanýarmyň men hakda?
Men sen hakda—hemişe!

Uky gaçdy bu çakda,
Sen hem gireňok düýşe...
Oýlanýarmyň men hakda?
Men sen hakda—hemişe!

■ Seniň mekanyň

Munda ornaşypsyň örän,
Göçerli däl, bu gün-erte.
Belki, durmuşdaka görä,
Oňatdyr ýaşaýyş şertiň?

Bu ýer ýyljakdan ýagtydyr,
Gör-ä, munuň täsindigni.
Bu ýerde saňa wagt-da,
Ýetirmez öz täsirini...

Megerem, saňa erbet däl,
Meňzemeýäň ynjaýana.
Bäri rahatdyr elbetde,
Ýaşamaklyk üçin jana!

Dözemok ýagyşa-ýele,
Solmasyn diýýän görmegiň.
Dileýärin her säherler,
Seniň sag-aman örmegiň!

Bäri hiç del adam gelmez,
Bimahal gapyň kakylyp.
Hiç kim talap edip bilmez,
Senden, jaý-töleg hakyny.

...Däl sen bu ýerden göçerli,
Hökmanmy bu dereginde?
...Ezizim, şu güne çenli,
Ýaşap ýörsüň ýüregimde...

■ Sygyr çopanyna
/ degişme äheňinde

Hany, biraz eglensen-e,
Çopan ýigit, diňle sözüm.
…Mal yzynda emgenmeseň—
Il öňünde gyzar ýüzüň…

Bes et indi, sykylygňy,
Durma köçäni örüzip.
...Sygrym neçün sykylypdyr,
Her gün aç gelýär örüden?

Mal diýeniň gözlerinden,
Suw içýändir eýesiniň.
Ýokuş görme sözlerimi,
Şu nakyla eýer senem!

Hor bolmarsyň akyl alsaň,
Hak sözlere sygynmaly.
…Gowy bordy hak alaýsaň,
Bakyşyň dek, sygyrlary…

“Dilsiz!” diýme janawere,
Düşbüje gözlerne gara.
…Yssy howa—jana görgi,
Salkynda bak, kere-mara…

Kow sürüni mahal-mahal,
Sonarly meýdana, ýaýla,
…Maňa gelen gaharyňy,
Sygrymdan bir çykaraýma…

Gel, biz bir zat gürleşeli,
Bu şertime bolsaň kaýyl—
Sen sygry gowja bak inim,
Men gowy şygyr okaýyn…

Şygyr—bu giden bir umman,
Gulaçlap ýüzmeli diňe…
…Gör, ýene-de syrly dymýaň,
Ýüzüme seredip siňe…

Meşhur şahyr men—syrgyna,
Muny senem bilýärsiňmi?
…Ýa-da “Şygryňy sygryňa,
Dograp beräý!” diýýärsiňmi?

■ Ýalňyz ýyldyzjyk

…Uzak gözýetimiň aňry başynda,
Al şapak kem-kemden barýardy eräp.
…Göräýmäge, bu ýyldyzjyk daşyndan,
Durandyr, Zemine şadyýan garap…

Bir görseň, tutuksy bakýar asmandan,
Ýogsam, öten agşam şadam ýalydy.
Häzir bolsa, öz hasratyn basmarlap,
Ol—ýylgyrjak bolýan adam ýalydy…

Ýyldyzjygyň barha çolaryp daşy,
Diňe ýalňyz özi galdy galpyldap.
Ine, ol hem asman bilen hoşlaşyp,
Süýnüp gitdi… Soňky ýola ýylpyldap.

Onuň Arşda dogup—Ýere inişi,
Nämüçin ynsany howsala salýar?
Ah, muny bu asman giňişliginde,
Belki ýyldyzjygyň bir özi bilýär…

Bu gün onuň ömür örki üzüldi,
Gije ahmyr bilen gözlerin ýumdy.
…Ýyldyzjyk syrygyp asman ýüzünden,
Bir damja gözýaş dek, Zemine damdy…

Annamuhammet KIRŞENOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 57 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Annamuhammet Kirşenow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 7
0
7 Jumjume   [Mowzuga geç]
Menem haýyş edýän birbada köp goşgy goýmaýyñda!!! cry

0
6 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Käbir harp ýalñyşlyklaryny bellemek ýatdan çykypdyr.Düzedersiñizdä birinji goşguda "märi"diýip söz bar."Mähri"diýjek bolupsyñyz öýdýän.Durmuş deñzinde goşguda "owsen" diýip söz bar."öwsen"bolsa gerek.

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Birden köp goşgy goýulsa bolmaýandan bolup du.
Ýadadýa...

0
4 mango   [Mowzuga geç]
“Durmuş deňzinde“ gowy ken.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Bu asman astynda—Zemin üstünde…
—-
Ömürboýy özi ýanyp Gün, ine—
Mährini paýlaýar ili-gününe…

Il-gün Güniň il-günümi näme?

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Bu asman astynda—Zemin üstünde…
—-
Ine, şu ullakan zemin. Hemem şu asman arada.

0
1 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Şu awtoryñ goşgularyny neneñsi halaýandygymy bir bilsediñiz.Sadadan düşnükli,manysy çuñ.Pelsepä baý.Manysyz söz owadanlamakdan gaça durýar.Şahyr baradaky rowaýaty hasam ýarady."Şygryñy sygryña dograp beräý" biggrin Gülüp hezil edindim.Intellektual däl adamlar şygry näbilsin.Dagam olar sygry biler-dä. biggrin Kirşenowa döredijilik üstünlikleri arzuw edýän.Galamyñyz kütelmesin!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: