Ýene bir zat bilen bagly bolmagy hem ahmal awtoryñ ol pikiriniñ: adam dogulanynda duzyny güýçli edip suwa düşürilýar-a, organizm berkesin, deri daşky täsirlere durnukly bolsun maksady bilen, pikir şondan alnan bolubam biler. Niçikde bolsa goşgyda edil "behh" diýdirýan üýtgeşiklig-ä ýok.
Çyksa-çyksyn çekgelerme, Goý, bu gün ykbalyň şory. —- Ak girip başlan çekgelerini ykbalyň şoruna (derden ýaňa emele gelen ak duza) meňzedýär. Ol şory-duzy giňden işläp “belki heňňam meni duzlap goýandyr” diýýär...
...Meni uzak durar ýaly, Bu heňňam duzlap goýandyr..
Gelşiksiz setirler, gelşiksiz meňzetme. Şu setirlere düşünmedim diýip soranlaram boldy teswirlerde. Bir zady uzak saklamak üçin duza ýatyrýarlar, duzlaýarlar, kakadýarlar. Mysal: gyşa niýetlenen duzlanan hyýar, pomidor. Ýa-da nesiller üçin goralyp saklanýan gyzyl meýdanda ýatan bolşewikleriň lideri. Uzak durarymyz ýaly duzlanmakdan Alla gorasyn. Şeýle dälmi, Annamuhammet kaka.
Bu goşgyň başga ýeri düşnükli welin, şu setirler näme aňladýarka awtor? Meni uzak durar ýaly, Bu heňňam duzlap goýandyr... Nämede uzak durarýaly, ýagny haýsy heňňam duzlap goýýar, şu setirde näme aňlatýarka???