18:03
Ogluma
OGLUMA

Ulal oglum,
ulal basym,
Hem halas et ýekeligiň derdinden.
Gelýär saňa kän zatlary aýdasym,
Emma ulalmasaň düşünmersiň sen.

Dogan gitdi,
dostum gitdi nädeýin.
Gara gijelerden siňdi saça ak.
Şahyrlary halamazdym,
täleýim
Beripdir şahyryň ykbalyn saýlap.

Ýalňyz galdym,
ýitirdi men okgunym,
Dartyklygym,
ynamyny illeriň,
Ýitirdim...
ýitirdim... ýöne baryna
Ýeke-täk günäkär menem däldirin.

Ýeke-täk günäkär menem däldirin,
Bardyr ahyr menden gaýry günäli.
Onda diňe maňa gözýaşym bile
Ýuwmak gerekmikä boşan dünýämi?

Her hal men durmuşda ejizlemedim,
Hiç kim eşden däldir meň çeken zarym.
Bujagaz şygrymam ýazyp gutarsam
Hiç kese okatman ýyrtyp taşlaryn.

Nobatguly REJEBOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Sona | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 4
0
4 mango   [Mowzuga geç]
Göwnüme bolmasa onuň ejizläni, ahy-zary duýulýan ýaly...
Kä wagt “ejizlämok” diýip ejizleniläýýän wagtam bolýar...
“ejizlämok” diýmegem ejizligini gizlemek üçin bir maska ýaly.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Gelýär saňa kän zatlary aýdasym,
Emma ulalmasaň düşünmersiň sen.
—-
Kötel ýollaň külpetin,
Soň bilersiň, Serdarym.
—-
Şol bir zadyň iki görnüş aýdylyşy.
Ikiside ogluna ýüzlenipdir.

0
2 Güllericre   [Mowzuga geç]
"Her hal men durmuşda ejizlemedim,
Hiç kim eşden däldir meň çeken zarym..."

dowamy:

"Bujagaz şygrymam ýazyp gutarsam,
Hiç kese okatman ýyrtyp taşlaryn" Öz-özünden belli zat dälmi, goşgynyň şu ýeri?
Ýagny, şahyr içki syryny öňem, soňam hiç kim bn pýalaşman, diňe oglunyň ulalmagyna garaşjakdygyny we ogluny dost tutunyp, diňe şonuň bn dertleşmek isländigini nygtapdyr. Ol belki, hz.Magtymgulynyň "Içki syryň aýtma, her bir namarda, Syryň ile ýaýyp, paş eder seni" diýlen setirlerinen ugur alandyr.

0
1 cherkezbaylyyew05   [Mowzuga geç]
Bujagaz şygrymam ýazyp gutarsam
Hiç kese okatman ýyrtyp taşlaryn.

Şahyr nämüçin beýle diýdikä, ýyrtyp taşlamak bilen ýatlamalaryny unutjak boldymyka?
Goşgy örän gowy, emma şahyryň şu pikiri has çylşyrymly eken.

Näme aňlatjak bolýaka???

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: