15:45
Bu men
BU MEN

Ak gyşda azaşyp,
Baharyň kalbyndan dömen!
Ýollar ýadadyp azajyk,
Ýene-de gaýdyp gelen...
Bu men!

Gidişim gidiş bolupdyr,
Yzyma garamandyryn.
Ýene seni gözläp geldim
Goýnuna gara baglaryň.

Ýeke söz ykbal çözýärkä,
Bolma beýle biagyry!
Dymma-da,
Garap gözlerme
Bir zat, bir zat diý ahyry!

Ömrümiz goş ýazdyrypdyr
Tez jereniň şahlarynda.
Aýdylmadyk söz has agyr
Diýlen sözüň ahmyryndan.

Sözüme şübhe ýetişse,
Gözüme dolan ýaşa bak!
Bu ýel deý gelip-geçişde,
Haýpdyr söýmän ýaşamak!

Wagtyndan gijigen dürüň
Arzysy arzan bolarmyş.
Bir pursat säginen sözüň
Soň ömre arman bolarmyş.

Guş deý ganat kakýan kalbyň
Eşdilýär gursakda sesi.
Neçündir, çyr-çytyr bolup,
Lebleriň syr saklamasy?!

Ýaý deý ýaýylsyn gaşlaryň,
Gussa çekme,
Goý ahyňy...
Gözlerime göni garap,
Hany, bir zat diý ahyry!

Kakamyrat REJEBOW.
Просмотров: 70 | Добавил: Selbii | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 9
0
8 cherkezbaylyyew05   [Mowzuga geç]
Kitapçy, howwa olam bolup biler, düşnükli.

0
7 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Bu babatda Kakamyrat halypañ başga bir goşgysynda "Keýgiñ kölegesi ýaly-la durmuş"diýen meñzetmä gabat gelmek bolýar.Ýagny ol bu goşguda-da beýleki goşguda-da ähli zadyñ hatda ömrüñem bir pursatlykdygyny nygtajak bolýar.Şeýle diýmek bilen magşugynyñ özûne bolan söýgüsini aýtmagyny isleýär."Guş deý ganat kakýan kalbyñ eşdilýär gursakda sesi"diýmek bilen "seniñem meni söýýänligiñ ýûregiñ urgusyndan bildirýär.Özüñem boýun alaý"diýýär.Umuman alanyñda goşgy hemişeki Kakamyrat Rejebow goşgulary ýaly "super"

0
6 Kitapcy   [Mowzuga geç]
Çerkez, çagagak garrylardan şular yalyrak söz eşderdik "adam ömri tezip barýan jereniñ şahynyñ kölegesinde saýalan ýaly"...
Añlatma ýerine düşmändir, Kakamyrat şuny aýtjak bolan bolmaly, myçyp barýan tez jerenleriñ şahynyñ saýasy kino lentasy ýaly zymdyrlyp gecip gidyär...

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Ak gyşda azaşyp,
Baharyň kalbyndan dömen!
Ýollar ýadadyp azajyk,
Ýene-de gaýdyp gelen...
Bu men!


azaşyp, yzyna ýol ýöräp ýadap, ýene-de (öňem bolan bolmaly) gaýdyp gelen günäsini boýnuna alyp dolanan günäkär "bir zat diý ahyry" diýip garşysyndakyny gepletjek bolýarow.
belki, "bagyşladym" diýdirjek bolýandyr.
...

0
4 Jumjume   [Mowzuga geç]
Goşgyny söýdüm!

0
3 Jumjume   [Mowzuga geç]
Beee,Cerkezbaylyyew soragymyz gabat gelipdir. Şol barada häli menem ýazypdym yone yalñyşlyk boldy da goýulmady teswirim...

Dogrudanam jereniñ şahynda ömri düşledip şahyr näme diýjek bolduka? Ygtybarsyzlygy suratlandyrmak isledimikä ya? Şahyñ üstünde otyryn we jeren ylgap barýa dp gözöñüne getirseñ haçan nirä pylçalyp uruljagyñ soñam süsüljegiñ belli däl. Belki ömür ygtybarsyz haçan niräñden urjagy belli däl diýmek isländir

0
9 Selbii   [Mowzuga geç]
cool

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Ýaý deý ýaýylsyn gaşlaryň,
Gussa çekme,
Goý ahyňy...
Gözlerime göni garap,
Hany, bir zat diý ahyry!
---
Süpür gözýaşyňy, bes et ahyňy,
Il üçin dogrupdyň, düşün ahyry.

0
1 cherkezbaylyyew05   [Mowzuga geç]
Ömrümiz goş ýazdyrypdyr
Tez jereniň şahlarynda.

Awtor şu ýerde näme diýjek boldyka???

Ýa ýabany jereniň şahynda goş ýazdyrdyk, özümizem ýabany ýaly diýjek boldymyka???

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: