10:42
Bakylyk
Bakylyk

Halan esermizi telim gez okap,
Her gez täze pikir döreýän bolsa,
Bir-biregi öwran-öwran gaýtalap,
Täze bir ýodadan ýöreýän bolsak,
Diýmek,gaýtalamak ýöne ýere däl.
Sebäp bir ynsanyñ ömri ýetenok
Dünýäñ gurluşyna akyl ýetire
Şonuñ üçin ymtylýarys gaýtalap,
tamamlanman galan işi bitire.
Bizden galan işi alyp götärler
Nesiller hem yzymyzy ýöredip,
Şeýde-şeýde gider otyr dowamy
Pany içre bakylygy döredip.

Ýar

Aglap ynjalan göwün deý iñrikde,
Asman için döküp guýýar ýagyşyn.
Damjalar syrygyp, süpürip geçýär,
Penjiräñ ýüzüne çeken nagyşym.

Gijeleriñ kirpikleri irkilmez
Olar öýkelere düşüpdir ýesir.
Ozal köñle yşyk salan söýgümiz,
Tünleriñ goýnunda galypdyr ýetim.

Haçan bir-birekden daşlaşdyk beýle
Ýa şübhe ynamñy ýaraladymy?
Günäsiz kalbyña zäheri ornap,
Täleý depderimi garaladymy?

Nädeýin ýolumdan dänip bilmedim
Aýralyga pida etdim bagtymy.
Ýöne ojagmyzyñ geljegi üçin
Yrýa edemog-a salym wagtymy.

Gel,undaly bir-birege diýleni
Kineleñ ganatyn gyrmaga giç däl.
Emaý bilen öpüp didelerimden,
Ozalky deý diýäý maña perişdäm!

Meñli Aşyrowa
Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Jumjume   [Mowzuga geç]
Hemme zadyñam iki tarapy bar-da mango! Şoñ üçin ganat sözüni hem şol bir goşgyñ şol bir bendinde hem otrisatel hem poloźitel manyda ulandygym bolsun! smile

0
2 mango   [Mowzuga geç]
"Ýar"
---
gowy "surat çekýäň".
gowy deňeşdirmeler bar.
---
Gel,undaly bir-birege diýleni
Kineleñ ganatyn gyrmaga giç däl.
Emaý bilen öpüp didelerimden,
Ozalky deý diýäý maña perişdäm!
--
"kineleň ganatyn"ly setiriň agyrrak okalýan ýaly.
ýene-de bellijek: ganat barada.
"diýäý maña perişdäm!" diýeňde ol deňelmegiňi islenýän zadyň ganatlary bolansoň (şeýle göz öňüne getirýäs), ol "ganatyny gyrjak bolýan kineleriňem" ganatly edip görkezmegiň, biraz soraglary kellä getirýär.
perişde-de ganatly.
kineleriňem ganatly.
:-)

0
1 mango   [Mowzuga geç]
"bakylyk"
---
Şeýde-şeýde gider otyr dowamy
Pany içre bakylygy döredip.
---
temasyny haladym.
aslynda pany-da nädip bakylyk bolsun diýsene?
kyn tema, kyn düşündiriş.
hawa "ýokduk, bar bolduk" diýlişi ýaly, bakylyga-da panyň üstünden geçip gidilýär. panyň fundamentinde bakylyk gurularmyka? pikir etmeýän.
pany – bakylyga geçmek üçin basgançak bolaýmasa...
---
ezizowam "adam ölýär, hiç ölmeýär adamzat" diýip bakylyga ýüzlenipdi.
dünýäniňem ölümi (kyýamat) bar bolany üçin, adamzadam öler, ýöne bu dünýede öler, ruh baky bolany üçin başga formalarda ýaşamagyna dowam eder.
şonuň üçin bir tarapdan "adamzat hiç ölmez".
---
Meňli hanym.
eger bakylyk baradaky pikirleriňize täze pyntyklar ýardyryp bilen bolsam, begendigim biläý.
üstünlikler.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: