06:43 Indi giç | |
INDI GIÇ Islege görä däl, söýgi oýun däl, Arzuwlarym sürer ýaly goýun däl, Bu gün ykbal gözleriňe boýun däl, Ah çekip, alyp möwç aglamasan-a! Köňül diwaryňda goýmadyň ötük, Taşladyň söýgime "Ýok" sözün çitip, Onsuzam kalbymyň agysy ýetik, Haýyşym, indi hiç aglamasan-a! Hany, şol gözleriň sedasyz gülen, Hany, alçaklygyň şemal deý ýelen, Gowusy, şol kejir näzleriň bilen, Mertlikden alda-da güýç, aglamasan-a! Gözýaşlaryň jiger-bagrym eredýär, Ýürek ejiz, emma, namys ýöredýär, Gör, kalbyma indi özge seredýär, Bilýäň-ä, indi giç, aglamasan-a! Ahmet ARAZOW. | |
|