06:20
Şahyrlar bir gezek söýýän däldirler
ŞAHYRLAR BIR GEZEK SÖÝÝÄN DÄLDIRLER

Şahyrlar bir gezek söýýän däldirler,
Olar aşyk bolya gaýta-gaýtadan.
Ejizdir olaryñ gorag galkany,
Gözellikden gaýdan ýiti naýzadan.

Kä ýapraga, käte güllere aşyk,
Hat-da tikeni-de söýüp göýbärler
Gorkmaz öz kalbynyñ ynjamagyndan
Ajyny-süýjini duýup görýäler

Eger gijelere aşyk bolsalar,
Gökden ýyldyzlaram alasy geler.
Arşda aýy bagra basaýyn diýip
Kä olañ Gagarin bolasy geler.

Garaz, ýekän-ýekän sanap çykardan,
Olaryñ söýjegi şeyle kändirler.
Şahyr, her gün bu barlyga aşykdyr.
Şoñ üçin bir gezek söýýän däldirler.

Kerim ATÇAPANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 84 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kerim Atçapanow | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 9
0
9 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Gagarin Aýa uçmadyk ahyry.... smile

0
8 cherkezbaylyyew05   [Mowzuga geç]
Goşgynyň täsiri pes, menä duýmadym wink

0
7 Sona   [Mowzuga geç]
Человек рождается грамотным или безграмотным, вдруг подумал он. Человек, родившийся грамотным, читая книги, расширяет свою грамотность. Человек, родившийся безграмотным, читая книги, только усугубляет свою безграмотность. Вот почему страшнее всех культурный хам.
Фазиль Искандер

0
6 Sona   [Mowzuga geç]
Бездарен не тот, кто не умеет писать повестей, а тот, кто их пишет и не умеет скрывать этого.
Антон Павлович Чехов

0
5 mango   [Mowzuga geç]
howwa adamlar... goşga dolanyp geleli....

şahyr näme diýjek bolýar?
şahyrlaryň söýgüsi многоразовый, diýjek bolýar,
garşy çykýan. näme, beýlekileriňki одноразовый-dyr öýdýäňizmi?
çopanlaram bir gezek söýýän däldirler, olar giň sahranam söýýärler, goýun-geçilerinem, geçisini sagyp duran gelninem, çagalarynam, alabaýynam, düýesinem, çalynam agaç okarasynam, gülli çäýneginem, gara tüňçesinem.....
---

Arşda aýy bagra basaýyn diýip
Kä olañ Gagarin bolasy geler.

"Arş" diýip asmany göz öňüne tutanam bolsa, Arşyň derejesi başga zat.
"gararinem" gelişmedi. hakyky şahyr bolsa gagarinsizem aýa çykyp, ýyldyz sanap bilerle....
---
goşgyň maňa täsiri bolmady.

0
4 Jumjume   [Mowzuga geç]
Gowy pikir,emma diñe şahyrlar beýle däldir elbet. Gözelliklere aşyk ynsanlar şahyr bolmanda-da köp-le.

Soñky bentdäki "Kändirler" sözüni "Kändir-le" dp alsañ bolmazmy

0
3 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Yene soygimi? Soygi - diñe gyz söymek dąl-ä ))

0
2 Selbii   [Mowzuga geç]
Ýeri şahyrlar, näme diýersizler biggrin

0
1 Selbii   [Mowzuga geç]
smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: