06:20
Gapy kakýan ýok
GAPY KAKÝAN ÝOK

Tyrk
Tyrk
Tyrk
Kakylýar gapy
- Kim bu gelen?
- Kim bolsa-da gelsin. Çytylýan gaş ýok.
Uzak gije gül myhmanyñ gaşynda
Ýazylgy saçak
Ýazykly goşgy
Ýazykly döwür.
Kä sözlerden niçe güller dörändir
Söz temeni niçe çyban ýarandyr
Garaz añkap giden gara gijäni
Geljek daña dañyp,
Çatyp güneşe
Gözleriñ okalap barmaly işe!

Tyrk
Tyrk
Tyrk
Kakylýar gapy!
- Gel goñşym, gelewer, alada näme ?
Gürrüñe başlaýar obadaş daýhan
Ýiten toklularyn tapmaly hökman!
Gündogardan iti otlap başlaýar
Günbatar soragy: Agşamky myhman

Tyrk
Tyrk
Tyrk
Kakylýar gapy
- Bu gelen bir kim bolmaly, eý Hudaý?
Gelenleriñ sany bir däl, iki däl
Morfiniñ ysyna endik eden it
Gapy kakan barmaklary ysyrgap
Gelendir gapyña ýurtsuz gedaý!

Tyrk
Tyrk
tyrk
Ÿapylýar gapy!
Tükeniksiz sorag
Yzy ÿok ÿalan...

Aradan geçendir ençeme zaman
Tyrk
Tyrk
Tyrk
Gapy kakýan ýok!

Abdylla MUHAMMEDI
(Türkmensähra)
Категория: Goşgular | Просмотров: 115 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Abdylla Muhammedi | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 18
0
18 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
@mango...ata-babalarymyzyñ ajala"Gapyçy gedaý"diýip at bermesinden çen tutup"Ýurtsuz gedaý"-y diñe ajal diýip göz öñüne getirýän.Belki meñ pikirim hem ýalñyşdyr....

0
16 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Abdylla Muhammedi agamyz bu goşguda iñ soñky gapydan geleniñ ýagny "Ýurtsuz gedaý"-yñ kim bolup biljegini açyklasa menem hoşal bolardym.

0
17 mango   [Mowzuga geç]
bäh... "ýurtsyz gedaý" diýip belki awtor özüne diýýändir... (türkmensähra serhetden aňyrda galany üçin).

0
15 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ybraýym aga, hoş gördük. Goşgularyñyzy paylaşyp okyjylarymyzy begendirip duruñ.

0
13 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Salam, Men Ybrahym, śu gośgy Abdylla jan Muhammediniñ gośgusy. Men siziń websaityńyz bilen 2-3 gün mundan öñ tanyśdym. Abdylla "Dag çekÿän" atly gośgusynyñ linkini maña ÿollapdyr, nesip edip birgiden śahyr-ÿazyjynyñ eserlerini gördüm. köpçülikde bular ÿaly ÿalñyślyk bolup biler, ony biriniñ üstüne ÿüklejek bolmagymyz gereksiz gürrüñ.

0
14 mango   [Mowzuga geç]
hoş geldiňiz.
eýran türkmenleriniň döredijiligi bize elmydam gyzykly.

0
12 mango   [Mowzuga geç]
Abdullah. meniň goşgyňyza düşünişim nädogrymy?
her kim goşga bir tarapdan bakýany üçin, awtoryň diýmek isläninden uzaklaşybam bolýar, şondan soradym...
belki meniň "hyýal güýjüm" aldandyr...

0
11 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
Alla bagyslasyn agam . Arasynda bir yalnyslyk dorese durmus suyjirak bolyar .

0
10 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Awtoryñ ady ýalñyş goýlandyr, Has aga gelse düzeder-le.

1
5 mango   [Mowzuga geç]
Saýta täze agza bolanlaryň içinde düýn agşam (16.03.2021) “ibrahimbadakhshan“ atly agza göründi. eger ol şu goşgyň awtory bolsa seslense gowy bolardy. Gelenine begendim.

0
6 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
salam . Bu gosgynyn awtory men Adylla Muhammedi . Yalnyslyk bilen Ybrayym agan adyna goyulupdyr . Nesip bolsa Ybrayym Bedehsanynam GAPY KAKYAN YOK atly gosgusynyda paylasarys . Men onun yazan gosgusyna jogap gaytarypdym . Sahyr dostum ybrayymdan otunc sorayan .

0
7 mango   [Mowzuga geç]
Bu aýdanlaryňy ibrahimbadakhshan agza hem tassyklasa gowy boljak.
“Nesip bolsa Ybrayym Bedehsanynam GAPY KAKYAN YOK atly gosgusynyda paylasarys” diýmegiňe düşünmedim. Bu goşgy şol paýlaşjak diýýän goşgy dälmi? Şu okanymyz kimiňki?

0
8 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
Iki sany GAPY KAKYAN YOK atly gosgy bar . Biri Ybrayym dostumdan ol biri menden . Hazirki paylasylan gosgy bolsa meninki . Ybrayymdanam gosgusyny paylasmana rugsat aldym . Ybrayymyn ozi hazir sayta girenok . Adyny saityn mudirlerinin biri geciren bolmaly .

0
9 mango   [Mowzuga geç]
Ybraýym saýta girenok, ýöne onuň ady saýtdakylaryň arasynda görünýär. Men haýran.... biriniň adyny ulanyp, ýada onuň adyndan başga biri saýta gelip-gidýän bolsa... näme pikir etjegimem bilemok.
—-
Nämede bolsa ikinji “gapy kakýan ýogam” okasak....
(kellämde şeýtan at salýa)

0
4 Sona   [Mowzuga geç]
adaty zat:
Ýyldyrym çakypdyr,
häzir kömelek çöpläris

0
3 Jumjume   [Mowzuga geç]
Mango Aperin saña ýene bir gezek. Gowy düşündiriş beripsiñ!

0
2 mango   [Mowzuga geç]
goşgy eýran türkmen şahyrynyňky.
goşga düşünmek üçin şahyram biraz tanasaň gowy.
gynansakda internetden düzüwli maglumat çykmady.
----
goşgyny haladym.
ýazylyş tehnikasy erkin.
diýjegini diýişem arkaýyn.

Uzak gije gül myhmanyñ gaşynda
Ýazylgy saçak
Ýazykly goşgy
Ýazykly döwür.

gelen myhmanlara saçak ýazyp, ýazan goşgularyndan okap, döwüriň ýa:zygy-nyň gürrüňi edilen bolmaly, uzak gije.
(goşguda kä ýerde söz, harp ýalňyşlary bar ýaly...)
----
sözlerden niçe güller dörändir
Söz temeni niçe çyban ýarandyr
Garaz añkap giden gara gijäni
Geljek daña dañyp,
Çatyp güneşe
Gözleriñ okalap barmaly işe!

"ilkibaşda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň özüdi" diýen ýalyrakdymy Injilde... hawa şol Söz bilen ýagty geljegiň süýji hyýallaryny "gülledendirler" hemem ol sözi temene öwrüp "çyban ýarandyrlar", problema çözendirler.
---
(belki ýalňyşýandyryn, ýöne) düşünişime görä goşguda bäş gezek "tyrk, tyrk, tyrk" bar.
1-nji "tyrk"-da şahyryň myhmanlary – intelligensiýa (uzak gije goşgy okaldy, "çyban ýaryldy")
2-nji "tyrk"-da şahyryň myhmanlary – sada halk, aladaly daýhan.
3-nji "tyrk"-da – polisiýa bolmaly "- Bu gelen bir kim bolmaly eý Hudaý? Gelenleriñ sany bir däl, iki däl. Morfynyñ ysyna endik eden it. Gapy kakan barmaklary ysyrgap..."
4-nji "tyrk"-da gapy kakylman, gapy ýapylýar. kameraň gapysy. soraglar, töhmetler, günä ýöňkemeler..."Ÿapylýar gapy! Tükeniksiz sorag, Yzy ÿok ÿalan..."
5-nji "tyrk" bolsa onuň arzuw edýän "tyrky", ýöne gynansakda (gynansa-da) "Gapy kakýan ýok!"
-----
ýüreklere gussa çökdi.
durşy bilen dert.

0
1 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Täsin goşgy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: