03:37
Ömür menzili
ÖMÜR MENZILI

Ýörelmedik ýoda bilen gitmedim,
Awçylara aw bolmadym, ýitmedim,
Emma, islän menzilime ýetmedim,
Saýsam-da,özümi çölüñ maraly,

Baglanypdy aýaklarym,gollarym,
Ýapylypdy sagym hemem sollarym.
Ýetmek isläp ýetilmedik ýollaryñ,
Ahmyryndan bu gursagym ýaraly.

Pelek ilki otda gowurdy meni,
Soñam sähelçejik döwürde meni,
Owlakly jerene öwürdi meni,
Diýýän ýaly:"Ömri yza saraly".

Perzent berdi ýene ömri ýaz eden,
Ähli zady başlamaly täzeden,
Indi ýollar-ýadalaram täze deý,
Ýetilmedik menzillere garaly.

Garadym,bu ömri saradym yza,
Oñ bagty bölündi ogla hem gyza,
Pelek öt günämi,çökeýin dyza,
Armanym ýok eken şular döräli.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 70 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 2.5/2
Всего комментариев: 5
0
5 Selbii   [Mowzuga geç]
Gumlygelin arassa yuregiñ ba, galamyñ dowilmesin. Eger saytda sonky gunle gowniñe degjek zat yazan bolsom otinjimi kabul et.
Yurege yetyan ajayyp gisgylañ ba. smile yyy

0
4 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Sag boluñ gadyrly @mango.Señ bellik eden ýerleriñ menem köp pikirlendiripdi.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Pelek ilki otda gowurdy meni,
Soñam sähelçejik döwürde meni,

ýokarky "pelekde" many ýerinde, ýöne aşakdaky "öt günämi pelekde" nädogry ýaly....
pikirimçe.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
şu "pelek"li ýerlerem edil meniňä ýüregime batanok.
pelegiň ýerine ykbal bolmalymyka? bilmedim.

Pelek öt günämi, çökeýin dyza,

pelekden näräzy bolmak, ykbaldan näräzy bolmak.... deň zat bolmagam mümkin welin, edil ykbal bolsa – şahsyň bilen baglyda. pelek bolanda has köp ykballary içine alýar.
bu ýerde gep öz ykbalyň barada dälmi?

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Baglanypdy aýaklarym,gollarym,
Ýapylypdy sagym hemem sollarym.

Gyzylgül hanym "sagyň" we "soluň" yzynyň "larym"-y bilen ýerini çalşyp görelimi?
"Ýapylypdy solum hemem saglarym."
"saglarym" – gelişmedi gerek?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: