Salam Goçmyrat aga!Howwa men.Soñky döwür saýtdaky käbir tankytlar goşgy paýlaşmaga höwesimi gaçyrýar.Geljekde höwesim yzyna dolansa (mowzuk goýmany hem öwrensem)nesip bolsa paýlaşaryn.
Tankytdan çekinip, goşgy paýlaşman ýörseň-ä serçeden gorkan dary ekmeze barar. Paýlaşyber! Döredijilik diýlen zat her kime deň ýaramaýar, barybir, eser öz okyjysyny tapýar.
Dogry edilen tankyt şahyry kämilleşdirer ýersiz ýere edilen gödek tankyt döredijilikden çetleşdirip biler.Şonuñ üçinem tankyt etmäkäñ ýedi ýola pikir öwürmeli.
Belki elinden gelen ähli zady edendir,ol bolsa wagt ber diyendir. Şeýdibem gahrymanymyz NETIJÄ garaşýandyr. Ýagny waka goşgyñ daşynda taşlandy we şahyr diñe garaşýan epizodyny suratlandyrdy ine şeýle bolup bilmezmi,mango?
Käbir edilýan ýönekeýje dogry belliklere ŞAHYRLAÑ ýüregi param parça boluberyan yaly bärdäki ŞAHYRLAÑ goşgysyna bellik edileninne boluşlarny, bir birniñ tarapyny tutup goldaşlary Elhepus bylary, goşgy yazyp bilmeýanime begendirdile , bolmossa menem hiç kime şu yeri bolonok diydirmejek bolup o:t açar durardym
Reñk babatda aýdaýyn: Eger ýazýan wagtymyz şertli ýazsak meselem gyz hakdalygy ün gülgüne ya gyrmyzy reñk ulanaýyn we tersine erkek gahryman üçin gök reñk bn añladaýyn diýsek,ol eýýäm ýasamalyga eltmezmi? Ýazýan köplenç öñ özünde ya başgada gören,eşiden zadyna görä ýazyar, fantaziyasy hem özünde bar bolan duygy-pikir bazasyna görä işleýär.
Yogsa da Mango, erkek gahryman beýle inçelik bn garaşyp bilmezmi seniñçe? Men zenan bolamsoñ elbetde zenanlañ beyle garaşyp biljegini bilyan,ýöne erkek kişileriñ içinde şu goşgudaky ýaly inçelik bn garaşyp biljegi asla ýokmuka?
Garaşmak diýemizde nämä garaşylýa, şoňa-da seretmeli. Oglanyň ýa gyzyň özüne taý gözlemegimi? Ýa güşünişmezlikden soň garaşmakmy? Umuman, elbetde erkegem adam, oňam duýgusy bar, ýöne deňeşdirseň gyzyňkyça inçe bolmazmyka diýýän. Her halda prinsipim şu: garaşmak passsiw bolmaly däl. Nämä garaşsaň ugrunda bir hereketler etmeli.
Nädip tassyklamayyn şeyle dogry pikiri, beter dogry, hereket etmeseñ garaşanyñy kim bilsin, aytman garaşsañ, diñe öz ićiñden garaşsañ garaşylyan ýene bilmez ýene öýkelär, şeydibem ýuwaş ýuwaş olam daşlaşar gider umydynyñ tary üziler özine çyny bilrn garaşylyanny bilmez
Üýrýän itler, şemal, ýaprak, şykyrdy, tykyrdy, aýna, gapy, serçe, kersen... gowy suratlandyrma. Awtor erkek bolansoň liriki gahrymanam erkekdir diýip okaýaň. Soň pikir edýäň liriki gahryman gyz bolaýmasyn diýip. Sebäbi gahryman(ka) passiw garaşýar, hiç hili çäre (aksiýa) görmän, elini gowşuryp, ite-serçä, ýele-ýapraga göwnüni aldadyp otyr. —- Edebiýat aslynda jypdyrmadan ybarat. Ynandyryjy jypdyrmadan. Baýram kakaňam bir gyzyň adyndan jypdyrmasy erbedem däl. Ýöne, gorapjyk ýören umyt tary üzüldidä... şoňa gynanýan... Üstünlikler. — Taryň üzülmezligi. Baýramda: “umyt tary üzülmesin; Meňlide: “Aralyk taryny üzmäli hergiz!“ Bu da Mangodan: bu ýöne bellikdir, hiç kim özüne hiç zady çekmesin, hiç tar üzülmesin.
Hawa, “gögüň eteginde” ulanan gök bilen “gök köýnegiň” reňki колоритный bolupdyr. Gelişipjik dur, ýogsam gyzlar umuman, розовый reňki halaýalar... Ýöne setirdäki “gögüň-gök” gowy bolupdyr.