13:30
Garaşmak
GARAŞMAK

Gözlerime çaýyp ataş uçgunyn,
Ýañagymda ýakdyñ şapagyñ reñkin.
Şol günler siñnitli ýagan ýagyşlar
Bagtyñ yşaraty bolmagy mümkin.

Mümkin,şol sebäpli dünýä has gözel
Reñkleñ nikabyny dakynandyr-la.
Meniñ bagt hakdaky aýdymym diñläp,
Belki bilbillerem sakynandyrlar.

Alagarañkylar zaryn sesli güýz,
Garaşyp surnugan halyma aglar.
Niredekä,gözlerime bakanda
Süññümiñ syryny dessine añlan?

Haçan men tarapa nazaryñ öwrüp,
Kän garaşyp sönen şemi ýakarsyñ?!
Haçan ýene süýji gussamy egsip,
Gözlerime gözleñ bilen bakarsyñ?!

■ ARALYK

Goý,galsyn arada biraz aralyk
Ýakynlaşsañ sylag tary üzüler.
Kalbyñy bütinleý açma maña hiç,
Has ýakynlañ göwni añsat düwüler.

Has ezizleñ añsat degýäs göwnüne,
Şonuñ üçin galsyn biraz aralyk.
Ýogsa,bir gün düşsek kinäñ duzagna,
Sap duýgular ejir berip ar alar.

Ruhy ýakynlyk has süýjüdir weli,
Göwün ga:lsa hassalanar ruhumyz.
Dünýäde sylagyñ hatyrasyna
Aralyk taryny üzmäli hergiz!

Kä gahardan ýeñlip,aşsam hetdimden
Aralyk ýol bermez saña ýeterne.
Sap duýgular goralmaly elmydam,
Aýralykdan gorar aralyk hernä.

Meñli AŞYROWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 117 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 33
0
33 Nurdan   [Mowzuga geç]
Aralyk goşgy has manyly bolupdyr, @Jümjüme, elleriñ agyrmasyn, ylhamyñ gülläp dursun!

0
32 Güllericre   [Mowzuga geç]
Ýaranjaňlygam edemok şu gyza, tanamogam. Ýöne goşgularyny men-ä gaty haladym.

Ruhy ýakynlyk has süýjüdir weli,
Göwün ga:lsa hassalanar ruhumyz.
Dünýäde sylagyñ hatyrasyna
Aralyk taryny üzmäli hergiz!

0
26 Selbii   [Mowzuga geç]
Mlodes gowy yazya, kemi yok sen yaly ussat başga yokdyr beter gowy, bir kemsiz goşgy kamil şahsiyet ajayyp setirler........ we. şuña meñzeş öwgiñi yetryan teswir. biggrin
Aleyt Has sen ürkme ýeter ki taparyn yene owgili soz biggrin

0
31 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Selbi, öwgi sözlerini ýazaňda barmaklaryň sandyramadymy biggrin

0
25 Jumjume   [Mowzuga geç]

0
24 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Jümjüme agza ahyry "ýarylypdyrow".
Awtoryň ýarylmagyna, megerem, mangoň bellikleri däl-de, Selbi agzanyň goşga derek mangoň belliklerine çalýan "çapaklary" bolsa gerek. Belliklere däl-de, goşgudaky gowy tapyndylara, meňzetmelere çapak çalmak zerur. Bu ýerde bellikleri goldamagam zerurdyr welin, goşgyny goldamak hasam zerur.
Ýene-de bir zat, mango agam, aslynda, döredijilik adamlarynyň biraz ynjygrak, öýkelegräk bolýandygyny özüňizem bilýänsiňiz! Hasam zenan maşgala şeýle. Ýöne birnäçe bellikleriňiz bize degerli kömek bolýandygyny aýdasym gelýär. (Özüm-ä birnäçe postlarymy siziň bellik ederiňiz üçin goýýan). Ýöne käteler goşga aşa siňe seretmek zerurmyka?!
(süýde siňe seretseň gan görner diýlişi ýaly) Goşgudan näme gözleseň şony hem tapmak bolýar. Bu ýerde siziň diňe kemçilik gözleýändigiňizi aýtmakçy däl-de, üstünlikli taraplaryna-da köpräk üns bermegiňizi haýyş edýärin. Sebäbi ýaňam aýdyşym ýaly, döredijilik adamlary goldanylmaga, ruhy goldaw berilmegine mätäç.

0
28 mango   [Mowzuga geç]
Bäh... kuhnýamdan duzy aýyrtjak bolýaňyzow.

0
29 Selbii   [Mowzuga geç]
Mena duzuñ yernede sahar goyaydym indi diñe sahar gatjak dyz gatjak dal biggrin

0
30 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Duzam, saharam, burçam arkaýyn ýerli-ýerinde ulanyber agam!
Duzsuz naharam, aşa süýjüli çaýam peýdaly däl biggrin

0
23 puo   [Mowzuga geç]
Менли тувелеме говы языпсын йоне Манго агзан танкыды тесвирлери ерликли,он учин ойкелап айыплашмак гелшиксиз болар.Галамын йити болсын

0
21 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ilki Bägüli ûrkuzdiniz. Indem Meñlini...
Beytmek Size gelişmeyar...

0
20 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Selbi, beytme... tankydy pikiri awtoryñ degnasyma degmanem aydyp bolyar...

0
27 Selbii   [Mowzuga geç]
Degna degipmi meñ yazanym cry biggrin beter ajayyp betet gowy bur demde aşyk edyan goşgy ajayyp
Bollymy @Has hakyky zady aytmak bolmoyanna düşinmedigim iken bolaysyn bagule Jümjimä yazan öñki dogry teswirlem. Inni kabul edin AJAYYP bi gyzlañ yazyşy söz yok, çapak çalyan, hiç kimiñka meñzemeyan tapawutly tapylgysyz talant bular duranja smile
Ürkmañeyt saytyñ bezegleri Jümjime, bagul, meñ aydanm yalñyş iken siz hiç kime meñzetman beter gowy yazyañyz, bir kem ýok goşgydyr hekaýañyzda kämil, molodes! Dowam ediñ AJAÝYP ! smile

0
19 Jumjume   [Mowzuga geç]
Yagny OÑA garaşyp umytdan düşmek we eger geläýse ýene umuda gowuşmak. Çünki umyt bolmasa ýaşamak däl de ýöne bar bolmak bolyar ahyry

0
18 Jumjume   [Mowzuga geç]
Haçan men tarapa nazaryñ öwrüp, -garaşylanyñ gelmegi

Kän garaşyp sönen şemi ýakarsyñ?! - "ölen" umydyñ "direlmegi"

0
12 Jumjume   [Mowzuga geç]
durmasa dal durmasy bolmaly

0
11 Jumjume   [Mowzuga geç]
Tankyt yerlikli bolanda gaty gowy zat! Goşgularmyñ her setirini yerliklilik bn puça çykaran bolsadyñ mango, asla we asla ynjamazdym. ÝÖNE bu NÄBOLUŞ! Seniñ ýaly goşga düşünýän adamyñ ýañsylan bolup, SUWJARAN bolup durmasa näme! UTANÇ. SENDEN garaşmandym. Aslynda seni tanamogam. YONE beryan synyñ belligiñ bn ynamlary gazanyp ýörkan bu näme etdigiñ???

0
13 mango   [Mowzuga geç]
Meňli hanym. Göwnüňize degipdirin. Bagyşlaň.
Ýöne, göwne degmek pikirim ýokdy, ynjarsyňyzam öýtmändirin.
Belki, öte geçdi hasaplaýansyň, ýöne üstünligiňi bellän ýerlerim bardyr.
Seniň goşgularyňa eden belliklerimi arhiwe gidip okap gördüm, “berekellaly” belliklerimem az däl eken.
Öňkülere görä ýaňsyly hasaplaýan belliklerimi goşgylaryň gowy taraplaryny belläp balans saklajaga bolýan. Ozallar diňe kemini aýdardym.... indi, kemiň ýanyndan üstünliginem bellejegä bolýan.
Düzelerin.
Göwnüňiziň ýykylanyna (ýykanyma) gynandym.
Ýene bir gezek ötünç soraýan.

0
15 Selbii   [Mowzuga geç]
@mangoñ yerliksiz teswirlanni görmedim şuana deñiç. Sayty baylaşdyryan on yerlikli bellikleri,

0
10 Jumjume   [Mowzuga geç]
Selbi, ikinji goşgyma name ucin duşunmaniñi aýdaýynmy sebäbi nirde name diymelidigini owrenmeli ilki. Eger meni tanayan bolsañ ol başga gürrüñ oz yerinde gaty vowja suwjaryşaly isleseñ yok tanañokmy onda her yazyan zadyña ünslirak bol

0
16 Selbii   [Mowzuga geç]
Ikinjiñe smayl goyanmy geñ göripsiñ. Bulam señ intak kämillige ayak basmadygyñdan. Men onynam bir okamda düşmedigm üçin goydum.

0
17 Selbii   [Mowzuga geç]
Tanap beter tanayan seni. Men aydaymayyn niride suwjarsyanyn señki gowdygny. Seresap gürle.

0
9 Jumjume   [Mowzuga geç]
Indi Selbi size gelsek edebi saytlar suwjaryşylyan yer daldigini gowy bilseñem saklanyp bilman mosenyaniñe gynanyan

0
14 Selbii   [Mowzuga geç]
Menli saña binäboluş! Köplige hödirlediñmi tankyda tayyar bol, heýtt diymek bilonokmy saña?
@mangoñ belligi Magtymgil Pyragyñ bilbiller sayramaz hayrana galar goşgusy bolmoly. Olam saña erbet diyp aydanna ynanamok. Olam srñ adyñ bn bagly bolonnon gowy görip yazdym onyny. Ters düşinniñ. dry

0
22 mango   [Mowzuga geç]
Magtymguly däl-de Mollanepes bolaýmasyn....

0
8 Jumjume   [Mowzuga geç]
Mango dayy eger şemiñ üsti bilen umydy we şemiñ öçmegi bn umytdan düşmegi añlatmak isländigimi ya bolmasada bilbilleri sakyndyryp bilyan duygulañ yagny bagtly pursatlañ ynsanda bolup geçyandigine dusunmeseñ it is your problem! Yone bellikleñden umuman çen tutsañ sen beyle zatlara düşünmega dal añyrsyna da geçyane meñzeyañ. Şoñ uçinem kate aşa geçyanligiñ barada biraz pikirlenmegiñi maslahat beryan alsan nesihat almasañ pesihat

0
7 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Duýguly goşgular üçin sag boluň Meňli! Badyňyz gowşamasyn

0
5 mango   [Mowzuga geç]
aralyk” erbet däl ken.
Ýöne, “sylag tary üzüler”, “Aralyk taryny üzmäli” diýip tary üzmegi gaýtalamaly däl keniň.

Hawa, hiç zady aşa gowy ýa-da aşa ýigrennmeli däl.
Bu pikiri Meňli hanym aralyk-distansiýa bilen aýtmak isläpdir.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Haçan men tarapa nazaryñ öwrüp,
Kän garaşyp sönen şemi ýakarsyñ?!
—-
Şem garaşyp sönýämi ýa ýanyp gutaryp sönýämi?
Nazary bilen ýakmaly bolsa ol şem entäk eräp ýetişmändir.
Garaşyp bizar bolup şem söndürildimikä ýa.

0
6 Selbii   [Mowzuga geç]
@mango saen duranja bir talant! Ynanaý

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Garaşmak
Meniñ bagt hakdaky aýdymym diñläp,
Belki bilbillerem sakynandyrlar.
—-
Öňem biri baga girende, bilbiller saýraman haýrana galypdylar.

0
4 Selbii   [Mowzuga geç]
@mango, şyl synyña başam barmak ýokary biggrin

0
1 Selbii   [Mowzuga geç]
Ikinji goşga wacko surprised

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: