13:23
Goşgy
* * *

Näme etdim, kän oýlandym bilemok,
Söýýärin men, ynan saňa kine ýok,
Ýürek agyrtmaly, döretmäli o:t,
Ajy sözde, erbet gözde tanalma!

Ýürek meňkem bolsa diýen etmedi,
Kän garaşdym, ýarym neçüýn gelmedi,
Ýüzüm güldi, göwnüm asla gülmedi,
Näm bolsa-da menden asla alynma!

Wagt berdi, zaman berdi Biribar,
Ara wagt düşse kime haýry bar,
Bejerilmez, ýüregmizde ýara bar,
Bagyşla ýar, pikirlerňe talanma!

Belki giç däl, ötünjimi kabul et,
Hijem bolsa, bagyşlanýar şahsyýet,
Gel söýgülim, düzdürmede şygyrýet,
Unutma hiç - sensiz ýalňyz galan bar.

Jemal SEÝITNIÝAZOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 62 | Добавил: ahallydan | Теги: Jemal Seýitniýazowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Mowzuga geç]
Hijem bolsa, bagyşlanýar şahsyýet,
Gel söýgülim, düzdürmede şygyrýet,

Her kime şahsyýet diýip bolanok.
Her kapiýalaşan setirlerede şygyrýet diýilenok. (şygyram diýip bolanok).
Gowşak....
Ýaşa görä ýazylan zatmyka?
Söýgiden başga zatlaram tolgundyraýsa.... şahyrlary....

0
1 Selbii   [Mowzuga geç]
Baybuuuuu bagyşlawereyt ýigit şyl gyzy angel1

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: