10:45
Gar ýagdy...
GAR ÝAGDY...

Gar ýagdy, zeminiň süňňi gagşady,
Ýaplandy arçalar birek-birege.
Iki-baka alakjaýan sowugam
Elewredi deşik tapman girere.

Ýuwaşja ädimläp barýan ulaglar,
Gelin ýöreýşini ýatlatdy maňa.
Kirpigine çenli agardy zemin,
Öňkülerden has ir agardy daňam.

Bir däl, gaçdy meger millionjysy,
Gar tozgasy düşdi dünýäň gözüne.
Bir gijede aýan boldy ähli zat,
Dünýäniň niýeti çykdy ýüzüne,
Gar ýagdy...

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 125 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 10
0
9 Sona   [Mowzuga geç]
Utanmasana, Goçmyrat. Şu gün ýazdyň-a

0
10 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Näme üçin utanmaly? Goşgy ýazanym üçinmi? Ýok, bu goşgy geçen garda ýazylan, ýöne düýn gar ýagansoň goýaýdym.

-1
7 atayewabagul632   [Mowzuga geç]
Şu zwyozdyçkalar nämani añladyar?

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Osoňam, “millionjysy gar tozgasy”-my ýa “millionynjy gar tozgasy”?
—-
Gowja ýerlerini aýtmyjam.
Keýpim ýok.
Gar ýagdy
Keýpime.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Bir däl, gaçdy meger millionjysy,
Gar tozgasy düşdi dünýäň gözüne.

Tozga bolarda dünýäň gözüne birjesi gaçasy ýokla.
Köp gaçandyr. Meger milýonJYSY däl-de millionYNJYSY-dyr.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Iki-baka alakjaýan sowuk elewläp girere deşik gözleýär.
1) sowuk uşäp ýyljak ýer gözleýämi?
2) sowatmadyk ýerim galmasyn diýip girere deşik gözleýämi?
Şu iki wersiýasam kellämde iki-baka elewläp durdy.

0
1 Sona   [Mowzuga geç]
Berekella! Operatiw işleýäňiz!

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Hawa. Ertir “gün çykdy” diýen goşgysynam paýlaşar.

0
6 Sona   [Mowzuga geç]
Gün çykdy.
zeminiň ýüzünden der syrygdy.
şonda agaçlaryň düýbüne üýşen
sübseli aýallar gülüşdi...
Gül üýşdi olaryň gülkülerine ...
diýen ýaly goşgymy
artist

0
8 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Bu goşgy geçen gyşdaky garda ýazylan goşgy biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: