10:01
Ýeñilmedikler -4: Yza ýol ýok
YZA ÝOL ÝOK

Şol günüň ertesi Kakguýuda Ahally peýda boldy. Onuň özem, ýabysam ýadaw. Telim gün ejir çekendigi bildirýär. Öň belet adam bolaýmasa tanar ýaly däl. Sähelçe sorag-ideg edenden soň ol gelip göni Enehakydanyň gapysynda atdan düşdi. Ýigitleriň biri gelip at tutdy. Daňmaga äkitdi. Enehakyda atyň dükürdisine ylgap daş çykdy. Ahallyny görüp allaniçiksi boldy.
─ Hi-ih, Ahally? Sen nädip bu ýerlere düşüp ýörsüň?
Ahally ýüzüni iki baka sypajaklatdy. Enehakydanyň ýüzüne seretmän gepledi.
─ Men ýalňyşymy düzetmäne geldim, Enehakyda. Sen dogry aýdan ekeniň. Baknalyga boýun bolandan öleniň ýagşy ekeni. Olar eýýam obalarda hojaýynçylyk edip ugradylar. Men Ruhy batyra nöker durmaga geldim.
─ Onda sen gelmeli gapyňy ýalňyşyp gelipsiň. Bu mesele bilen Ruhy batyr meşgul bolýar. Goşun toplaýanam men, däl-de, şol. Sen şonuň ýanyna bar.
─ Bilýän. Ýöne, men sen diýip geldim. Seniň söýgüňe mynasyp bolmak üçin, içen antymda, eden şertimde berk durup, erkinlik ugrundaky göreşe goşulmak üçin geldim. Şu gysgajyk döwrüň içinde men köp pikir etdim. Sensiz ýekeje günem ýaşap bilmejekdigime göz ýetirdim. Men indi seniň üçin özümi dowzaha urmalam bolsa kaýyl.
─ Her niçik hem bolsa sen bu ýere baknalygy ýokuş göreniň üçin däl-de, mensiz ýaşap bilmeýänligiň üçin gelipsiň-dä. Eger-de, men obada bolan bolsam, ýa-da öňüňde şeýle ýowuz şert goýmadyk bolsam, onda, Kakguýy bilen Ruhy batyr ýadyňa-da düşjek däl ekeni-dä... Sessiz-üýnsiz saňa durmuşa çykaýan bolsam-a bu zatlar asla oýuňa-da geljek däl ekeni-dä...
─ Indiden soň bir beý diýmesene, Enehakyda. Öňdenem sary gaçan ýüregimi paralamasana,
─ Bolýa. Men seni gyssap durmaýyn. Ýöne, bir zady öňünden aýdaýyn: eger men diýip gelen bolsaň-a arkaýyn gaýdyber...
─ Näme üçin?
─ Sebäbi indi giç.
─ Näme üçin giç.
─ Men eýýäm Ruhy batyra söz berdim.
─ Haçan?
─ Öten agşam.
─ Aý ýog-a?
─Hm-m...
─ Belki...
─ Ýok, Ahally. Sen hakykatdanam gijä galdyň. Ýekeje gün gijä galdyň. Men indi beren sözümden dänip bilmen. Onsoňam meniň üçin gelen adam meniň ýok günüm bu ýoly aňsatlyk bilen terk edip gider. Ruhy batyr bolsa bu ýola maňa bolan söýgüsi üçin däl-de, özüniň Watana bolan söýgüsi, ile-güne bolan ygrary, ygtykady üçin düşdi. Menem ony hut şol häsiýeti, şol ýola düşendigi üçin saýladym. Ol ikimizi maksat birikdirdi. Belki meniň saňa bolan söýgim aslyýetinde oňa bolan söýgümden güýçliräkdir, ýöne, me diňe meni söýen ýigidi däl-de, ýer-ýurdyny, il-gününi söýýän ýigidiň hyrydary. Egerde senem şol ýola düşen bolsadyň, onda meniň saňa bolan söýgümiň ornuny hiç kim, hatda Ruhy batyr hem eýeläp bilmezdi.
Ahallynyň sesi naýynjar çykdy.
─ Mende indi hiç hili umyt ýokmudyr, Enehakyda?
─ Ýok, Ahally, hiç hili umyt ýok. Men Ruhy batyryň ojagyna ot salmaklyga razy boldum. – Enehakyda uludan demini aldy. – Men seniň ýagdaýyňa düşünýän. Mensiz saňa kyn bolýanynam, ejir çekýäniňem bilýän, dogrysy seni unutmak maňa-da aňsat düşmez, ýöne, nätjek, başga ýol ýok. Sen ýalňyşdyň, şeýdibem öz ykbalyňy özüň bulaşdyrdyň. Indi bolsa giç. Bar zady menden görme, özüňden gör.
Şol wagt Ruhy batyr geldi. Ol Ahallynyň näme maksat bilen gelendigini, Enehakyda bilen näme hakda gürleşip durandygyny aňsa-da, dostlarça salamlaşdy. Hiç hili öýke-kine, gabanç alamatlaryny bildirmedi. Ony öz öýüne çagyrdy. Töre geçirdi. Öňünde saçak goýdy. Ahwallaryny soraşdyrdy. Iliň-günüň ýagdaýynam sorady. Şol wagt yşgyň heserinden başga hiç zat gözüne görünmeýän Ahally onuň ol diýýän zatlaryny aňşyrmadam. Birdenem onuň gözi öýüň ortarasynda, ýap-ýaňyja gurlan, entek yzgaram gurap ýetişmedik täzeje ojaga düşdi. Enehakydanyň hälki ojakly gürrüňini ýatlady. Dodaklaryny kemşerdip zordan gepledi.
─ Ojagyň gutly bolsun, batyr.
─ Taňryýalkasyn.
Şol wagt goltugy odunly Enehakyda gapydan girdi. Odunyny ojagyň sag gapdalynda goýdy. Myhmana gyýa oturyp ojaga odun saldy. Çakmak bilen tutaşdyrdy. Gübürdäp ugrandanam Ruhy batyryň ýüzüne seredip birgeňsi ýylgyrdy. O-da ýylgyrdy.
Henizem dodaklaryny müňküldedip, bokurdagyny dolduryp oturan Ahally möňňüribermekden zordan saklandy. Ýöne mert gürledi.
─ Ojagyňyz gutly bolsun, Enehakyda.
─ Taňryýalkasyn.
─ Ody hiç haçan egsilmesin. Sönmesin.
─ Aýdanyň gelsin.
─ Töwereginde nesilleriňiz örňesin...
Enehakydanyň ýaňaklary gyzardy. Ol indi ikinji gezek ýylgyryp Ruhy batyryň ýüzüne bakdy.
Ruhy batyr Ahalla ýüzlendi.
─ Ertir biziň toýumyz, Ahally. Sen biziň myhmanymyz bolarsyň. – Ruhy batyr şadyýan seslendi. – Belki, aýdymam aýdyp berersiň.
Ahallynyň sesi güňleç çykdy.
─ Mende dutar ýok.
─ Dutar tapylar.
─ Tapylsa tapylaram-a welin... – Ahally birdenkä «öwhüldäp» ýerinden turdy-da, gözüni adamçyl erkegiňki ýaly agdar-düňder edip Ruhy batyra seretdi.– Sen näme üçin meň ýüregime dag basýarsyň, batyr! Näme üçin meni beýle ýowuz synaglara sezewar etmek isleýärsiň? Sen meniň ýüregimi sogrup öz eliňe aldyň, ähli umyt-arzuw;arymy syryp-süpürip aňryňa geçirdiň. Şu zatlardan soňam sen maňa: toýumda aýdym aýdyp ber, diýýärsiň. Hiý, ölen adamam bir öz patasynda aýdym aýdyp bilermi-i? ...
Ruhy batyrdyr Enehakyda ikisem «zöwwe» ýerlerinden galdylar. Böküp baryp Ahallynyň alkymyna dykyldylar. Onuň halyna gynandylar. Ýürek yzasyna düşündiler. Sözüni soňlaryna mähetdel Ruhy batyr elini onuň egnine goýdy.
─ Bagyşla, Ahally. Men şony diýmeli däldim. Men seniň ýagdaýyňa düşünýän, ruhy ahwalatyňy duýýan, ýüregiňde nähili harasar gopýandygynam bilýän, çünki, dek düýýnem men özüm seniň ýagdaýyňdadym. Ol wagt bagt guşy seniň egniňdedi. Men ondan bütinleý tamamy üzüpdim. Galan ömrüni ol seniň bilen geçirer öýdüpdim, emma ine, bar zat başgaça boldy. Bagt guşy bu gün gelip meniň başyma gondy. Bu, pelegiň oýny. Nesibe. Bu ikiarada biziň hiç birimiziňem günämiz ýok. – Ruhy batyr sesini peseltdi. – Ýöne, biz entek nikalaşamyzok, birek-birege söz berenimize bir günem geçenok, toý tutamyzok, ynha Enehakyda, hälem bolsa gürleş, düşüniş göwnüňde arman galmasyn. Men seniň eliňden bagtyňy zor bilen alýan ýaly bolmaýyn.
Ahally içigip-içigip dem aldy, tisgine-tisgine sojady. Diňe şondan soň ol az-kem köşeşdi.
─ Biz eýýäm gürleşdik, batyr. Düşünişdigem. Gyz seňki. Sen ony menden zor bilen däl-de, öz mertligiň, tutan belent maksadyň bilen aldyň. Onda-da onuň özi üstüňe öz aýagy bilen geldi, meni taşlap geldi. – Ahally ýuwdunjyrap aşak bakdy. Damagy doldy. – Barysyna men özüm günäkär. Men ýalňyşdym. Men onuň ynamyny ödäp bilmedim. Elbetde, ol meni söýýärdi, ýöne, onuň kalbynda söýgüdenem has belent maksat ýatyr, men ana, şony wagtynda duýup bilmedim, şoňa mynasyp bolup bilmedim. Ony şol maksada tarap alyp gidibiljek bir adam bar, o-da sen, Ruhy batyr! Men size uzak ömür, ak ýol arzuw edýärin...
Ruhy batyr ýene-de onuň göwnüni awlamakçy boldy.
─ Isleseň biziň bilen bu ýerde gal, ýigitlere goşul.
─ Ýok, Ruhy, men indi bu ýerde galmaýyn. Bu ýerde galsam her günde ýüz gezek derdim täzelener, men onsoň o keselden hiç wagtam gutulyp bilmerin. «Oýunçy utulanyny bilse ýagşy» diýipdirler.
Ruhy batyr aşaklyk bilen Enehakydanyň ýüzüne seretdi. Gyz usullyk bilen baş atdy. Ruhy batyr şondan soň ýigitleriň birine myhmanyň atyny getirmekligi buýurdy.
Ahally agyr ýük astynda galan ýaly kynlyk bilen atlandy. Onuň hut ertiriň özünde toýlary tutuljak ýaş juwanlara ýene bir gezek hoş söz aýdasy, saýlap alan kyn ýollarynda üstünlikler arzuw edesi geldi, emma bokurdagy dolup durandygy sebäpli gepläp bilmedi.
Böwrüne debsilenen at günbatar sary ýyldyrym deý süýndi. Hä diýmänem alaňlaryň aňyrsynda duwlandy. Şol wagt Enehakydanyň gözlerinde ýaş göründi. Ruhy batyr ony görmezlik üçin beýlesine bakdy.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 64 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Nurmyrat6102   [Mowzuga geç]
Dowamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: