09:59
Ýeñilmedikler -3: Ikinji hüjüm
IKINJI HÜJÜM

Bu waka baradaky habar ertiriň özünde Aşgabada – Skobelewe ýetirildi. Gala söweşine gatnaşan tekeleriň köpüsiniň, aman sorap yzlaryna gaýdyp gelmekleri, ýaraglaryny tabşyryp obalaryna, iş-güýçlerine dolanmaklary bilen, Ahaly boýun egdirmek meselesini üstünlikli tamamlandyryn öýdüp ýören general öz gulagyna ynanmajak boldy.
Içi çalarak ýewropalaşdyrylan ullakan gara öýüň içinde o ýan, bu ýan gezmeläp ýörşüne, Ruhy batyry on güne ýetirmän ähli ýigitleri bilen bilelikde, kun-peýekun etmek barada Arşisewiň adyna buýruk ýazyp, Gökdepä iberdi.
Emma Arşisew öz baýarynyň buýrugyny ýerine ýetirmek üçin, Ruhy batyry gözläp Garaguma gitmeli bolmady. Onuň özi geldi. Ýöne, Gökdepä däl-de, Aşgabada geldi. Özem gündüziň günortany, Skobelewiň hut öz üstüne hüjüm etdi. Ol ugramazyndan ozal, öňde-soňda orslardan olja alan soldat köýneklerinden, papaklaryndan bolanjasyny öz ýigitlerine ýetdiginden geýdirip iň öňdäki hatarlardan goýberdi. Daşyndan seredeniňde olar eýýäm özlerine gulluga duran türkmen ýigitleri bilen gum içinde köw-söw edip ýören soldatlara meňzediler. Lageriň bir gyrasyndan girenlerindenem, entek garawullar habarlaşybam ýetişmänkäler öz eşikleriniň üstünden geýnen gimnastýorkalaryny, papaklaryny iňňän çaltlyk bilen çykaryp taşladylar-da, delil bagy bilen ganjyga iltengi telpeklerini kakyp lyp kellelerine geýdiler.
Ruhy batyr: şüý-ä şonuňky bolaýsa gerek, diýip, lageriň ortasyndaky ullakan gara öýe tarap at goýdy. On bäş sany men diýen janpenasy bolsa daşyny gallap gitdi. Galanlaram olaryň iki gapdaly bilen öňe tarap okduryldylar. Ýigrimä golaý atly olaryň yzyny gorady. Ýöne, edil öňden taýyn bolup duran ýaly, göz-açyp ýumasy salymyň içinde soldatlaryň otuza golaýy gara öýüň öňüne germeldi. Derrewem tüpeňlerine ok sürdüler-de, ýetişibildiklerinden atmana başladylar. Gara öýden bolaýsa ýigrimi ädim aralykda aýylganç çaknyşyk emele geldi. Türkmen ýigitleriniň sanlyja atly bilen beýdip agyr goşunyň lagerine çozup girişlerine soldatlaram, ofiserlerem hatda eýýämhaçan bar zatdan habarly edilen Skobelewiň özem geň galdy.
Ýigitler welin gara öýi nazarlap gaýduwsyzlyk bilen öňe süýşmeklerini dowam etdirdiler. Şol wagt olaryň hemmesiniňem küýi-köçesi öýüň içindäki «aýrysagaly” ýa-ha ýesir alyp, ýa-da duran ýerinde öldürip, külli ahal iliniň aryny almakdy.
Ýöne, hemişelik hereket edýän, tertip-düzgünli goşunyň esgerleri bu sada, sähraýy ýigitleriň göwün isleglerinden düýpgöter başgaça hereket etdiler. Birnäçesi generaly goraglap, gara öýüň çat maňlaýyndaky, öz aralarynda «Gorka” diýlip atlandyrylýan gadymy depejigiň aňyrsyna geçirdi. Beýleki soldatlaryňam onlarçasy hatar-hatar bolup depejigiň daşyna aýlandy. Galanlary bolsa Ruhy batyryň okdurylyp gelýän ýigitleriniň öňlerine böwet boldular. Egerde, ýagdaý şunlugyna dowam eden bolsady, onda, ýene-de tekeleriň iň gowy görýän «garjaşma” oýnuna mýmkinçilik döräýmegem, böwedi böwüsäge-de, depejigi tuutşlygyna eýeläýmeklerem ahmaldy. Şondan soň generalyň kellesini kakyp alaga-da, «gaç teke” usulyna görä Garagumy nazarlap ümdüziňe tutdurybermeli. Ine-ine döräýmegi ahmal bolan şol mümkinçiligiň höwesine gaýybanasyndan gylawlanyp, howalalary kem-kemden göterilip barýan ýigitler gylyçly gollaryny has giňden, has kuwwatly aýlap başladylar.
Emma, Görogly begiň: «Dünýäniň agyp-dönmesi bir pursatlyk ekeni,” diýşi ýaly, ýagdaý göz-açyp ýumasy salymyň içinde üýtgedi duruberdi. Ýigitler bilen söweşip ýören soldatlar öz aralarynda bir zatlar diýşip gygyryşdylar-da, synba-syrylyşyp söweş meýdanyndan çykdylar. Netijede depejigiň düýbünde duran soldatlar bilen ýigitleriň arasy boş galdy. Ýigitler muny başda öz ýeňişleridir öýtdüler. Soldatlar ejizläp ýeňse berýändirler hä diýmän depäniň biline dört hatar aýlanan soldatlaram «ýazzyny” bererler, diýip, oýlandylar we uly joşgun bilen atlaryny depejigiň düýbüne bakan debsileşdiler. Ýöne, hatara duran soldatlar gaçmana miltem etmediler. Gaýtam, bulara tarap agzybirlik bilen ot açdylar. Şol wagt depejigiň üstünde-de bir topbak esger peýda boldy-da, öň diňe maňlaýlaryndan gelýän bolsa, gyzgyn gülle indi ýigitleriň depesindenem ýagyp başlady. Şondan soň olara ýekeje ädimem öňe süýşmäne maý bolmady. «Ah” diýmäne-de ýetişmän atdan agýanlaryň ýa aty zady bilen tüwdürilip gidýänleriň sany köpeldi. Üstesine ýaňky ortadan aýrylan soldatlaram arkadan gelip ýigitleriň gitjek ugruna böwet boldular. Ýene bir bölek soldat gelip iki gapdaldan atmana durdy. Ýigitler bütinleý gabawa düşdüler. Otly halkanyň aýlawy bolsa gitdigiçe daraldy.
Olara at başyny öwräge-de, yzdan gelýän toparyň üsti bilen urdumçylabermekden başga alaç galmady. Ruhy batyr ýyldyrym çaltlygynda elini goltugyna sokup çykardy . ýigitleriň depesinde «şapyrdap” üç gezek öwrüm eden akja kepderi däri tüssesinden ýaňa emele gelen ýukajyk goňras perdäni böwsüp geçdi-de, gök asmana tarap gaýdyrylyp gitdi.
Indi, ähli zat edil adam ýaly syzýan türkmen bedewleriniň duýgurlygyna bagly. Her gezekki «gümpüldiden” soň olar başlaryny silkişip özlerini arkan-arkan zyňýarlar, art aýaklarynyň üstüne galyp, aýylganç-aýylganç kişňeýärler. Şonda olaryň ýelden doly burunlarynyň deşikleri ýyrtylaýjak, agy köpelen gözleri bolsa hanasyndan çykaýjak bolýar, ýöne, yza dönjek bolup, howpuň öňünden sowuljak bolup dyzanoklar, çünki üstlerindäki merdana ýigitleri gyzyl oduň içinden hut özleriniň alyp çykmalydyklaryna düşünýärler. Ýaralanyp eýerden agjak bolanlarynda haýsy tarapa gyşarsalar şol tarapa ýegşerilişip özleriniň maýyşgak hem çeýe hereketleri bilen eýelerini jeň meýdanyndan alyp çykýarlar, iň bolmanda aýak astyna düşüp, at tozuna garylaýmakdan gorap saklaýarlar. Şeýtmek bilen olar däl-de, eýsem, Göroglynyň Gyraty ýaly eýesine yssy, edil ynsan ýaly duýgur, syzgyr, syrdaş, ýowuz günde ýoldaşdyklaryny ýene bir gezek subut edýärler. Öň aýaklarynyň toýnaklaryny ot açyp duran eli tüpeňli soldatlaryň başlarynda oýnadyşyp, ýykylanlaryny basgylaşyp, gapdaldan gelenlerini gapyp, yzyndan topulanlaryny depip, gelen yzlaryny nazarlap, kem-kemden ileri süýşüp barýarlar. Olaryň üstünde bek oturan döşleri gapak ýaly eginlek, gollary berdaşly ýigitlerem Günüň şöhlesine ýyldyrym çakan ýaly lowurdap gidýän egri gylyçlaryny soldatlaryň kä çigninden, kä boýnundan, käte süýr depesinden, juda bolmasa ‘jalkyldadyp” tüpeňleriniň nillerinden salmak arkaly özlerine ýol arçaýarlar.
Lagerden saýlananlaryndan soň, seýregräk hem bolsa garaz ýitgi çekip gidip oturmaklyk käbir soldatlarda ätiýaçlyk duýgusyny döretdi. Şonuň üçinem kem-kemden, ökje ogurlap söweşden çykýanlaryň sany artdy. Bu ýagdaýy duýup, beýlekilerem ajalyň agzyndan daşlaşmak bilen boldular.
Şeýlelikde, ýigitleriň barýan ugurlarynda ilk-ä bir böwşeälik emele geldi, hä diýmänem doly açyldy. Ýüwrük aýakly, kelte bykyn bedewler deraz boýunlaryny öňe tarap süýndürdiler-de, gabawdan suwulyşyp çykdylar.
Ülker deý bir toplum bolup barýan ýigit ler zemin ýzre öňe süýşdüklerisaýy akja kepderi hem asmanyň gum gerişlerine birikýän serhedine tarap pessaýlap başlady. Jany ýanan soldatlar oňa tarapam ok atdylar.
Olar oňa tarap öňem köp gezekler atypdylar. Asyl, Ahal topragyna aýak seken günlerinden bäri atýardylar. Tüpeň bilenem atýardylar, top bilenem atýardylar. Uruş döwri Ruhy batyryň Gökdepe galasyna eden duýdansyz çozuşlarynyň birinde-hä oňa tarap birnäçe gezek raketa hem atypdylar. Emma urup bilmändiler. Olar ony hiç haçanam urup bilmediler. Ýöne, soldatlar: «Biz urýas, emma Guşly batyryň ak kepderisi köpmişin, şonuň üçinem ol indiki gezek başgasyny alyp geläýýär” diýip, öwünmäni welin ýatdan çykaranoklar.
Ol gürrüň hakykatda nähili? Dogrudanam Guşly batyr hemişe şol bir guşuny alyp gelýärmi ýa urlan guşuna derek başga birini getirýärmi, ony batyryň özünden başga bilýän ýok. Ýöne, gep onda däl. Gep-aýgytlaýjy pursat gelen wagty onuň guşunyň hökman uçýanlygynda! Islän ýerinde uçuryp, bilýänliginde. Şol guşuň uçman galmaýanlygynda! Onsoňam, ol guşuň haçanam bolsa bir gezek soldatlaryň okundan ýaralananyny asmandan tüwdürilip gaýdanyny, «patlap” ýere gaçanyny henize çenli-hä gören ýok. Bolmazam! Çünki, ol halkyň ruhy. Ruhy bolsa atybam, asybam, öldüribem bolmaýar.
Gelendäkilerine görä sany ep-esli azalan ýigitleriň ýaýdan sypan ok ýaly Garaguma sary süýnüp baryşlaryny depäniň üstünden synlap duran Skobelewem şol gezek şony diýdi:
– Bu goşun däl. Halkam däl. Bu – ruh. Halkyň ruhy. Özi boýun bolanam bolsa, ruhynyň boýun bolmandygynyň alamaty. Bize häzir halkyň özi däl-de, ruhy garşylyk görkezýär. Ten yzasyny duýan janly beden beýdip, ajalyň üstüne göni sürnüp gelmez. Şunça goşunyň içinden beýdip çykyp gidibem bilmez. Bizi ýeňip ýa indiden soň ýurtdan çykaryp bilmejekdiklerine özleriniňem gözleri ýetýändir, ýöne, olaryň bu hereketleri ruhy taýdan boýun bolmandyklaryny subut edip gitdikleri diýip düşünmeli. Ruhy güýji henize bu güne çenli ýeňen ýok. Adamzat taryhy şeýle zady bilmeýär. Iň kyny ana şol! Ýurdy güýç bilen boýun egdireniň bilen işiň tamamlanmaýanlygy! Esasy işiň şondan soň başlanýanlygy! – Skobelew agras ädimler bilen depeden aşak düşüp ugrady. Gapdalynda duran dürli çindäki ofiserlerem onuä yzyna eýerdiler. Depäniň orta biline barandan soň general aýak çekdi-de, gapdalyndakylaryň ýüzüne ýeke-ýeke seredip sözüni dowam etdirdi.
– Biziň öňümizde-de ana, hut şol mesele dur. Hernäçe kyn düşse-de, biziň muny boýun almagymyz gerek... Bu göreş bir ýa on ýyla çekmez. Ol hatda Guşly batyry öz ýigitleri bilen bilelikde derbi-dagyn edäýenimizde-de tamam bolmaz. Ol göreş halkyň ganynda, aňynda asyrlarboýy, tä biziň agalygymyz tamam bolýança dowam eder. Biziň ana, şol göreşde hem üstünlik gazanmaga ymtylmagymyz gerek. Bu halkyň edermendigini, Watan üçin gan döküp, ölüp bilýändigini biz gördük. Ol sylag-hormata mynasyp. Iň bir esasy zadam ol namysjaň. Ine, biziň mundan buýana şuny göz öňüne tutmagymyz gerek. Olaryň ynamlaryna girmekligi başarmagymyz gerek.
Howwa, Skobelew öz egindeşlerine şeý diýdi. Ýöne, her niçik hem bolsa, şondan soň ähli ünsüni Guşly batyry zyýansyzlandyrmak çärelerine gönükdirmekligi, onuň ähli hereketlerine gözegçilik edip durmaklygy, gumdan çykmazlygy üçin ähli tagallalary etmekligi, ýollara sakçylar goýmaklygy, ahyr bir günem aýgytlaýjy zarba urup, ony köki-damary bilen ýok etmekligi öz öňünde wezipe edip goýdy. Egindeşlerine-de şeý diýip, tabşyrdy. Degişli buýruklar çykardy. Görkezmeler berdi.
Bu habar hä diýmän Guşly batyra-da ýetdi. Ýöne, ol onsuzam aýrysaklyň özüne ynjalyk bermejekdigini bilýärdi. Şonuň üçinem, bu gezegem bolýan ýerini üýtgetmek bilen boldy. Onuň bu pikirini ýigitlerem, Enehakyda hem makullady.
Şeýlelik bilen olar Garagumyň jümmüşindäki ullakan kak suwunyň gyrasynda ýerleşýän «Kakguýa” göçdüler. «Kakguýy” köpden bäri ulanylman ýatandygy sebäpli tas gömülen ekeni. Ýöne, erjel ýigitler ony sanlyja günüň içinde bejerdiler, «jüňňüldäp” duran gowa doly süýji suw çykardylar. Ol adamlara-da, mallara-da bol-elin ýetdi. Aldyklarysaýam köpelmek bilen boldy.
Ruhy batyr ol ýerde ýerleşip, ähli güýjüni bir ýere jemländen soň, ors goşunlarynyň garşysyna täzeden, haýsy ýerde, haçan we nädip zarba urmalydygy barada ýigitleri bilen maslahat geçirdi. Şol maslahatda ýazyň çykmagy bilen, Dykma serdaryň boýun sunup Aşgabada, Skobelewiň ýanyna barandygy baradaky habar hem orta atyldy.
– Ýeke bir Dykma s-serdar däl, Magtymguly hanam, Gulbatyr serdaram, b-beýleki han-beglerem şeýdipdirler... – diýip, Durdy batyr ýüzüni iki ýana ýaýkap durşuna ýangynly gepledi. – Indi bize hiç ýe-ýerden g-goşmaça güýç gelmez...
– Gala ýykylanda-da şunça gynanmandym, çünki, ol wagt göreşi dowam etdireris, diýen ynam, umyt bardy... – diýende, Ruhy batyryň dodaklary edil göwni galan çaganyňky ýaly kemiş-kemiş etdi. – Şol ynam, şol umyt bizde dek düýnem bardy, emma bu gün ýok. Gutardy...
– Her niçik hem bolsa ruhdan düşmeli däl... – Enehakydanyň owadan goňur gözleri jöwherlenip gitdi – Esasy zat şunça adam duşmandan ýeňilenini boýun almady. Biz ony entegem boýnumyza alamyzok. Mundan buýana-da almarys. Ýeňilenini boýun almadyk şunça adamyň bardygyny bilip durka, duşman hiç haçan ynjalykly oturyp bilmez. Ol özüni gije-gündiz otly taganyň üstünde oturan ýaly duýar.
– Biz olary ýeke bir biynjalyk etmeris-de, yzly-yzyna agyr-agyr zarbalar urarys. Ýurtdan çykyp gitmäne mejbur ederis.
– Howwa! Biz hut şeýderis!
– Biz hiç haçan göreşi bes etmeris!
– Ölsegem ýaraglarymyzy tabşyrmarys!.. – diýşip, ýigitler ýerli-ýerden gygyryşdylar.
Şeýle hem olar şol gün dogar aýyň garaňkysynda Gökdepä gaýtadan çozmaly diýen netijä geldiler. Şeýdibem dagaşdylar. Enehakyda hem özi üçin ýörite dikilen öýüne tarap ugrady.
Köpçülik gidenden soň Ruhy batyryň oturyp mazasy bolmady. Daş çykdy. Görse Enehakydanyň bolýan öýüniň gapysy açyk. Ojakda ot ýanyp dur. Gyzyň özem ojak başynda eňegini dyzyna diräp, agyr oýa batyp otyr. Iki gözem otda. Ot pesendeläberse üstüne bir şahajyk ojar taşlaýar. Kesindi bilen käte bir oduň o ýerini, bu ýerini ölçerip goýberýär.
Şol tarapa ýönelenini, işige golaýlaşanyny Ruhy batyryň özem bilmän galdy. Gelenini bildirmek üçin ardynjyrady. Göwresini dikeltdi. Boýnuny süýndirip oduň üstaşyry gapa seretdi. Geleniň kimdigini saýgarmak üçin sag eliniň aýasy bilen ýüzüni oduň yşygyndan penalady. Şol wagt onuň tärime düşüp duran ullakan kölegesi hasam ulaldy. Usullyk bilen iki tarapa yraň atdy.
Gapyda duranyň kimdigini bilensoň Enehakyda ýuwaşlyk bilen:
– Wiý-ý... – diýip, dodagyny dişledi-de, usullyk bilen ýerinden turdy. – gel, Ruhy, gir... – Sag aýagy bilen ätlän ýigit içeri girenden soň ony töre çagyrdy. – Geç, Ruhy, ýokary geç, ýa ojak başynda oturjakmy?
– Şeýdäýeýin... – Ruhy batyr ojak başynda ornaşdy. Nirede çökjegini bilmän ýaýdanýan ýaly iki tarapyna garanjaklap dik duran Enehakydanyň ýüzüne seretdi. – Gel senem ojak başynda oturaý, Enehakyda. Bu ýeriniň mährem bir başga. – Enehakyda gelip ojak başynda ýerleşensoň Guşly batyr täzeden tutaşyp ugran oduň howrundan goranmak üçin azajyk arkan gaýyşdy. – Umuman, ojakda ot ýanyp dursa gör, nähili gowy. Şeýle dälmi, Enehakyda.
Oduň ýagtysynamy ýa uýaljynamy ýaňaklary ýigidiň ýaňky sözünden soň hasam al öwsen gyz mylaýym ýylgyrdy. Çalaragam baş atdy.
– Elbetde.
– Onda-da öz öýüňde ýanyp dursa. Ikimiz öňem ojak başynda şeýdip oturardyk ýadyňa düşýämi?
– Elbetde.
– Men şonda seniň bilen ömürboýy bir ojagyň başynda oturmaklygy arzuw edýärdim. Ýöne, meniň ojagym häzir otsuz.
Ýigidiň aýlawyna düşünen gyzyň dodaklary bu gezek çekinjeňlik bilen, çalaja çyzyldy. Sag eliniň süýem barmagyny ilk-ä dodagyna ýetirdi, soňam eda bilen dişledi. Şonda ol ýap-ýaňyjada men diýen batyr ýigitlere maslahat berip, «pert-pert” gürläp oturan merdana gyza däl-de, duşuşyk mahaly aşygynyň öňünde aljyrap duran çekinjeň magşuga meňzedi.
– Seniň ojagyňda-da ot ýanar, enşalla, Ruhy...
– Agzyňdan Hudaý eşitsin, Enehakyda. Ýöne...
– Hä, ýönäň näme?
– Ýönäm... Ýönäm neme-dä... Oňa ot salar ýaly bike gerek-dä...
– Sen ýaly ýigidiň ojagyna ot saljak maşgala kändir...
Ruhy batyr «öwhüldäp” dem aldy.
– Wah, kändir welin...
Enehakyda çep gözüniň gyýgy bilen ýigide syrly seretdi.
– Howwa, weliniň näme?
– Aý, öz göwün söýen maşgalaň bolsa gowuda.
– Belki, şol göwün söýen maşgalaň bolaýady-da...
– Haý, näbileýin-dä...
– Näumyt bolma, Ruhy, hemme zat gül ýaly bolar. – Enehakyda gaşlaryny çytyp ýalandan ynjan boldy. – Ýogsa-da, kim ol sen göwün söýen maşgalaň?
Ruhy batyr böwedi böwsülen sile döndi.
– Ony özüň gowy bilýäň, Enehakyda. Ikimiziň iň soňky gürrüňimiz ýadyňdadyr. Şonda men saňa islän wagtyň baraň, kabul ederin, diýipdim. Ine, sen geldiň, ýöne başga niýet bilen, il-gün bähbitli, döwlet möçberindäki, uly maksat bilen geldiň. Şonuň üçinem men saňa şol gürrüňimizi ýatlatmana ejap edip ýörün... – Guşly batyr esasy sözüni aýtmaga aýgyt edibilmeýän ýaly aşak bakyp ýüzüni iki-baka sypajaklatdy. Süňklek, uzyn barmaklaryny owkalaşdyrdy. «Şark-şark” etdirip bogunlaryny boşatdy. Ahyram ýüregini bire baglady-da, aşaklyk bilen gyzyň ýüzüne seretdi. – Ýöne... näme üçin ýanyňda Ahally ýok? Ol bu ýere seniň bilen bile-de gelmedi, yzyňdanam gelmedi. Özüňem bu hakda dil ýarmadyň. Iň soňky gezek gepleşenimizde bolsa, öz söýgiňi oäa bagyşlaýandygyňy aýdypdyň. Men senden ine, şuny soramakçy bolup ýördüm.
Enehakyda ojakdaky kä ýeri gyzyl köz, kä ýeri gara kömür, kä ýerleri bolsa çalymtyl kül bolup duran uzynly gysgaly kesindileriň keşbine, entegem ýylpyldap şöhle saçyp duran ýokarsy aksowult, düýbi sarymtyl ýalynlara seredip oturşyna diýseň parahat gürledi.
– Diýýänleriň hemmesi dogry, Ruhy. Şu soragy iru-giç berjegiňi men aňýardym. Garaşýardymam. Ýöne, menem özüň söz açmankaň aýtmana ejap edýärdim. Dogry, men bu ýere uly maksat bilen geldim. Ýöne, ol maksat seniň bilen bagly. Şol uly maksadyň aňyrsynda sen dursuň. Şonuň üçinem, bu ýere sen diýip geldim. Seniň üçin geldim. Çünki, senden tamam bardy, onam sen ödediň. Eýesiz galan ýurda eýe çykdyň. Elbetde, tutuş ahal iliniň hötde gelibilmedik zadyna sen öz sanlyja ýigitleriň bilen hötde gelip bilmersiň, ýöne, sen duşmana türkmen halkynyň ýeňilmezekdigini subut etdiň, ant içmedik hem bolsaň ýurda ant içenlerden has ileri durduň. Ýeňilmediň. Ýeňileniňi boýnuňa almadyň. Bigäne baýarlaryň ýanyna boýnuňy burup barmadyň. – Enehakyda uludan demini aldy. – Ahally barada aýdanymyzda bolsa ol indi ýok. Iň bolmanda meniň üçin ýok. Ol şertinde durubilmedi. Ilkinjileriň hatarynda gala baryp ýaragyny tabşyrdy. Maňa bolsa ýeke öz aýalyna däl-de, tutuş ýurda eýelik edibilýän är gerek. O-da sen! – Gyzyň gözlerine ýaş aýlandy. – Men seniň bilen şu Garagumyň içinde ömrümi ötürmelem bolsa kaýyl. Kaýylam, taýynam. Islän günüň öý tutun, içinde ojak ýasa, oňa ot salmak, oduny öçürmän saklamak, çaýyňa-suwuňa seretmek, gije ýatyrkaň üşäp oýansaň üstüňi örtmek meniň bilen.
Ruhy batyr ör turdy. Enehakyda hem onuň bilen deň gopdy. Tärimleriň ýüzündäki iki kölege birleşdi.
– Mähribanym! Arzuwym! Armanym! Çagalykdan göwün beren söýgüli ýarym!..
Ruhy batyryň pyşyrdap aýdan, içi mähirden hem hyjuwdan doly şojagaz sözünden soň esli wagtlap ojakdaky üstüne täze odun atylan otdan göterilýän uçgunlaryň «şatyrdysyndan” başga ses-üýn eşidilmedi. Gyzyň gursagyndaky gürsüldäp urýan ýyly mähir ýigide, ýigidiňki gyza geçdi. Bar zat gepsiz-gürrüňsiz düşnükli boldy. Ruhy batyr maksadyna ýetdi. Güýjüne-güýç, ruhuna-ruh goşuldy. Ol gujagyna gysyp durşuna agzyny gyzyň gulagyna golaýladyp ýuwaşja pyşyrdady.
– Onda, öý-ojak meselesini uzaklaşdyrmaly, Enehakyda. Bu çöl-beýewanyň içinde biziň ata-da özümiz, ene-de. Öz göbegimizi özümiz kesmesek bäş oýnam atly-ýaragly ýigitlerden başga hossarymyzam ýok. Olaryň içinde molla bolmasa-da, nika gyýarlyk doga bilýänem, dutar bolmasa-da, taýaga ýanap bäş-üç sany aýdym aýdyp bilýänem tapylar. Bu mesele boýunça men ýigitlerim bilen hut ertiriň özünde maslahatlaşaryn.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 53 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: