09:52
Ussat we Margarita -25/ romanyñ dowamy
XXV bap

PROKURATORYŇ KIRIAFLY IUDANY HALAS
ETMÄGE SYNANYŞMAGY

Ortaýer deňzi tarapdan gelen tümlük prokuratora ýigrenji bolan şäheri büredi. Buthanany eýmenç Antoniý minarasy bilen birikdirýän asma köprüler gaýyp boldy, düýpsüz asman düşen goýy zulmat aýlawyň üstündäki ganatly butlary, Hasmoneý köşgüni we onuň diwarlaryny, bazarlary, kerwensaraýlary, köçeleri, howuzlary gurşap aldy... Azym şäher — Ýerşalaim göýä hiç haçan dünýäde bolmadyk deý gözden ýitdi. Ýerşalaim we onuň töweregindäki janly-jandaryň hemmesine tümlük howp saldy we birinem goýman ýuwdup goýberdi. Baharky nisan aýynyň on dördünji gününiň agşamy deňiz tarapdan juda alamat bulut abanyp gelipdi. Bulut jellatlaryň jenaýatçylara howlukmaç naýza sanjyp, olary öldürýän ýerini — şol Takyr Depäni — tutuşlugyna garnyna gapgardy. Şol bir wagtda Ýerşalaimdäki hramy hem dolap aldy, soň onuň dumany akyp düşüp, Aşaky Şäheri hem tamam basdy. Ol jaýlaryň penjirelerinden hem girip, egri-bugry köçelerde ýören adamlary-da öýlerine süssürdi. Ol öz ýagmyryny eçilmäge howlukman, häzirlikçe diňe ýagty saçýardy. Ýyldyrym çakyp, gara harsaňy ýatladýan buludy ýagtylandyranda, goýy zulmat gujagynda diwary balyk teňňelerine meňzeş buthananyň mahabatly kamaty görünýärdi. Emma ýyldyrym öçen badyna buthana ýene zulmata çümýärdi. Ol şu zeýilde birnäçe tapgyr zulmat goýnundan atylyp çykyp, ýene şu zulmata gark bolýardy, onuň her gezekki gark bolmasy heläkçilikli gök gümmürdisi bilen utgaşyp gidýärdi.
Başga howsalalay lowurdy bu buthanaň garşysynda, günbatardaky baýryň üstünde duran Beýik Irodyň köşgüni düýpsüz tümlükden çykardy, şonda gorkunç bäbenekli altyn heýkeller ellerini açyp, gap-gara asmana uçdular, soň ýene asmanyň ataşy gizlendi-de, gök gümmürdisiniň agyr zarbasy altyn butlary tümlüge gabady.
Çagba duýdansyz guýuldy-da, gök gümmürdisi harasada öwrüldi.
Prokurator bilen hezreti ruhanynyň günortan söhbet guran bagyndaky mermer oturgyjyň ýanyndaky bir düýp serwini ýyldyrym top oky degen ýaly syndyrdy. Harasat sütünleriň bosagasyna-balkona ýagmyr we jöwenek bilen bile bägülleri, magnoliýa ýapraklaryny üzüp, şaha-pudaklary we tozany uçuryp getirýärdi. Harasat bagy wes-weýran edýärdi.
Bu mahal diňe bir adam bardy, ol hem prokuratordy.
Indi ol kürsüde däl-de, düşekde gyşaryp ýatyrdy. Düşegiň ýanyndaky pessejik stolda dürli naz-nygmatlar-u şerap guýlan küýzeler goýulgydy. Stoluň aňry tarapynda ikinji düşek bardy. Prokuratoryň aýagynyň ýanynda gyzyl kölçe ýaýlyp ýatyrdy we ol gany ýatladýardy, kölçede pytran küýze döwükleri görünýärdi. Gök gümmürdisinden öň prokurator üçin saçak ýazan hyzmatkär hojaýynynyň gaty dikanlap seredeni sebäpli, nämüçindir aljyrap, hojaýynymyň köňlüni tapyp bilmedim-ow diýip tolgunýarka, prokuratoryň gahary gelip, şeraply küýzäni nagyşly daş pola urup, bölek-bölek edip, hyzmatkäre:
— Nämüçin uzadan wagtyň gözüme seretmediň? Ýa-da bir zatlar ogurladyňmy? — diýip hyzmatkäriň ýüregini tas ýarypdy.
Afrikaly hyzmatkäriň gap-gara ýüzi çalaryp, gözlerinde ölüm howply gorky alamatlary peýda boldy, ol galdyrap, tas ikinji küýzäni hem döwüpdi, emma prokuratoryň gazaby näçe tiz gaýnan bolsa, şonça-da tiz köşeşdi. Afrikaly küýze döwüklerini çöplemäge we lüýgi süpürmäge okduryljak boldy, emma prokurator el sagady we gul bu ýerden gaçyp gitdi. Lüýk süpürilmän galdy. Indi harasat wagtynda, afrikaly gul prokurotoryň gözüne biwagt görünmekden gorkup, ol çagyraýsa, gaflatda galmakdan howpurgap, başyny aşak salyp duran ýalaňaç aýalyň ak heýkeliniň ýanynda pena ýerde bukulyp otyrdy.
Tupanly ýarymgaraňky günde düşekçe ýanbaşlap ýatan prokuror bulgura özi meý guýup, ony owurtlap az-azdan içip, käte çörekden döwüp, ony owradyp agzyna salýardy, käte-käte ustrisa sorup, limon çeýnäp, ýene meý içýärdi.
Eger şaglap ýagýan çagba, köşgüň üçegini döwäýjek bolýan gök gümmürdisi, balkonyň basgançaklaryna çekiç ýaly urulýan dolynyň sesi bolmadyk bolsa, onda prokuratoryň öz-özi bilen gepleşip, bir zatlary hüňňürdeýänini eşitse-de bolardy. Eger çakylyp, gökden inýän ýyldyrymyň ýagtysy durnukly bolsady, onda ony synlan adam prokuratoryň soňky günlerindäki ukusyzlygy we kän şerap içendigi sebäpli çişen gözlerinde sabyrsyzlygyň şekillenýändigini, we gyzyl kölçede ýatan iki sany bägüle seretmän, ýagşyň dumanyna we tozana ýüz öwrüp, bag tarapa bakýandygyny, kimdir birine bitakat garaşýandygyny görerdi.
Aradan az salym geçip, ýagmyr perdesi prokuratoryň göz öňünde ýukalyp başlady. Harasat näçe güýçli bolsa-da, ol hem indi köşeşdi. Daragtlaryň gury şahalary şytyrdap dökülmesini bes edip, aşak gaçmasy galdy. Gök gümmürdisi we ýyldyrym çakmasy seýrekleşdi. Indi Ýerşalaim şäheriniň asmanynda nagyşly syýa reňk, ak gaýmaly bulutlar däl-de, iň soňky ýönekeý çal bulutlar ýüzüp gelýärdi. Gök gümmürdisi Öli deňze tarap çekildi.
Indi ýagmyr şowhunyny hem, tarnawlardan akýan, hökümi yglan etmek üçin prokuratoryň ir bilen meýdana düşen basgançaklaryndan şaglaýan suwuň sesini-de eşitmek mümkindi. Ahyry ýatyp galan çüwdürime hem jan girdi. Howa açyldy. Gündogara tarap uçup barýan bulutlaryň perdesiniň arasyndan göm-gök asman penjireleri göründi. Şu mahal indi çisňäp ýagýan ýagyşyň şytyrdysynyň arasyndan prokuratoryň gulagyna uzakdan kernaýlaryň, ýüzläp at toýnaklarynyň sesi gelip ýetdi. Prokurator muny eşidip ýerinden gozgandy, onuň ýüzi ýagtyldy. Atly goşun Takyr Depeden gaýdyp gelýärdi, toýnak seslerinden çen tutsaň, ol häzir höküm okalan meýdandan geçýärdi.
Ahyry prokurator bagyň ýokary eýwanyna alyp çykýan, balkonyň öňündäki basgançakdan köp garaşan aýak sesini eşitdi. Ol boýnuny uzatdy, gözleri şatlykdan ýaňa uçganaklady.
Basgançagyň iki tarapyndaky iki sany mermer ýolbarsyň aralygyndan ilki gaýtarma galpakly kelle, soň myžžyk ygal plaşy endamyna ýelmeşen, ezilen bir adam göründi. Bu — höküm yglan edilmänkä köşgüň garaňkyladylan otagynda prokurator bilen pyşyrdaşan, soňra ölüm jezasy wagtynda üç aýakly oturgyçda çöp oýnap oturan şol adamdy. Bu adam lüýkli ýerlere parh etmän, bag meýdançasyny kesip geçip, nagyşly daş basgançaga gadam goýdy we elini göterip, ýakymly belent owaz bilen:
— Prokurator aman bolsun, mydam wagty çag bolsun — diýip, latyn dilinde gepledi.
— Eý, hudaýlar! — diýdi Pilat — üstüňde ýeke gury närse galmandyr-la! Nähili harasat! Niçig-ä? Derhal meniň ýatar jaýyma giriň! Meniň aýdanymy edip, guranyň, eşikleriňizi çalşyrnyň.
Gelen adam başyndan gaýtarma galpagyny arkan taşlady welin, öl bolan saçlarynyň maňlaýyna ýelmeşip gideni mälim boldy, ol öz ýylmanak çehresinde sypaýy ýylgyryş hasyl edip, eşiklerini çalşyrmakdan boýun gaçyrdy we ýagyşyň özüne zyýan ýetirmejegini düşündirjek boldy. — Eşitmek hem islemeýärin, — diýdi Pilat we el çarpyp özünden gizlenip oturan hyzmatkärlerini çagyrdy-da, myhmana seretmegi, soňra derhal gyzgyn nahar getirmegi buýurdy. Myhmanyň saçyny guratmagy, başga lybas, aýakgap geýmegi we umuman özüni tertibe getirmegi üçin az wagt ýeterlik boldy. Bir salymdan soň ol gury sandal aýak-gapda, elwan harby plaş geýip, saçlaryny tekiz darap, balkona çykdy.
Bu wagt Ýerşalaim üzre ýene güneş lowurdap, Ortaýer deňzine ýetip, çümmezden öň prokuratoryň halamaýan şäherine iň soňky gezek hoşlaşyk nuruny ýollap, balkonyň basgançaklaryna altyn reňk çaýdy.
Fontana gaýtadan jan girip, joşup saz çalýardy, kepderiler ýene gumly sokmaklara uçup gelip, döwlen şahajyklaryň üstünde böküşip, gu-gulaşyp, öl gumdan bir zatlar çokýardylar. Gyzyl kölçe süpürlipdi. Küýze döwükleri aýrylypdy we stolda bir tabak et bugaryp durdy.
— Prokuratoryň emrini eşitmäge taýyn men — diýdi myhman, stola golaý gelip.
— Tä meniň bilen bile şerap içmeýänçäň, hiç zat eşitmersiň — diýip, Pilat sypaýy jogap berip, ony ikinji düşegiň üstüne teklip etdi.
Gelen adam düşege gyşardy, hyzmatkär onuň bulguryna goýy gyzyl şerap guýdy. Ikinji hyzmatkär bolsa Pilatyň egniniň ustaşyry eňilip, seresaplyk bilen onuň bulguryny doldurdy. Şundan soň ol yşarat bilen iki guly hem ugratdy. Gelen adam iýip-içmek bilen gümrady. Pilat şerap owurtlap, gözüni süzüp, myhmany synlaýardy. Myhman orta ýaşlaryndaky, tegelek ýüzi mähirli, etlek burunly adamdy. Saçynyň nähili reňkdeligini anyk aýtmak kyn. Gurap başlandan soň, ol sarymtyl tüýse girdi. Onuň haýsy millete degişlidigini hem anyklamak müşgidi. Çehresindäki esasy belgi hoşmylakatlyk diýseň hem boljak, ýöne gözleri, has dogrusy, gözleri hem däl, öz söhbetdeşine dikanlap seretmek alamaty ýüzündäki şol hoşmylakatlylyga zeper ýetirýärdi. Adatça, gelmişek kiçijik gözlerini çişen ýaly görünýän, bir tüýsli geň gabaklarynyň astynda saklaýardy. Şonda bu gözleriň gyrasynda ýamanlyksyz mekirlik ýyldyraýardy. Prokuratoryň myhmany degişmegi halaýan ýalydy. Ýöne käte bu oýun-degişme uçguny onuň gözlerini asla terk edip, ol gabaklaryny göterip, gözlerini giň açyp göýä söhbetdeşiniň burnunyň ujundaky göz ilmeýän tegmili tiz görjek bolýan dek, oňa göniden göni dikanlaýardy. Emma bu bir pursat dowam edip, gabaklar ýene asylýardy, gözler gysylyp, olarda mylaýymlyk we mekir akyl uçguny ýanyp başlaýardy. Myhman ikinji bulgura hem meýil bildirdi, birnäçe ustrisany äşgäre lezzet bilen lak-luk atyp, gaýnan gök-önümleri dadyp, bir bölek et iýdi.
Garny doýansoň, şeraby öwdi:
— Ajaýyp üzüm tohumy, prokurator, emma bu — «Falerno» däl bolsa gerek?
— Otuz ýyllyk «Sekuba», — diýip, mähirli jogap berdi prokurator. Myhman elini döşüne goýup, doýanlygyny aýtdy we başga zat iýmekden ýüz dönderdi.
Şonda Pilat öz bulguryny meýden doldurdy, myhman hem şeýtdi. Ikisi-de öz bulgurlaryndan etli çanaga birazajyk meý damdyrdy, soňra prokurator bulguryny göterip, batly ses bilen diýdi:
— Biz üçin hem-de jahanda iň eziz we hormatly ynsan, rimliler pederi bolan beýik kaýsar, seň üçin!
Şondan soň olar bulgurlaryny boşatdylar. Afrikaly gullar stoluň üstündäki tagamlary ýygnaşdyryp alyp, çykyp gitdiler, bu ýerde diňe miweler hem şeraply küýzeler galdy. Prokurator ýene bir üm bilen hyzmatkärlerine jogap berdi we sütüleriň bosagasynda — diňe öz myhmany bilen galdy.
— Ýeri, diýip ýuwaş gepläp başlady Pilat, — bu şäheriň ilatynyň keýpiýeti hakynda näme aýdyp biljek?
Şeýle diýip, ol gözüni biygtyýar sekiniň aňyr tarapyna, güneşiň soňky şöhlesine gark bolan peslikdäki sütünlere, üçekleri tekiz tamlara garatdy.
— Çak edişime görä, prokurator, — diýip jogap berdi myhman, — Ýerşalaimdäki häzirki keýpiýet kanagatlanarly.
— Diýmek, bitertiplilik indi howp salmaz diýip ynansa boljakd-a?
— Ynansa bolar — diýip jogap berdi myhman, prokuratora mylaýym nazar taşlap, — dünýäde diňe bir zada — beýik kaýsaryň gudratyna.
— Taňrylar onuň ömrüni zyýada kylsyn — diýip, bada-bat gepi kakyp aldy Pilat, — döwletinde mydama asudalyk bolsun! — Ol biraz dymyp, soň dowam etdi:
— Diýmek, siziň pikiriňizçe, indi goşuny alyp gitse boljak-da?
— Meniň çakymça, ýyldyrym tizlikli kagortasy gitse bolar — diýip, jogap berdi myhman, soň sözüniň üstüni ýetirdi:
— Emma hoşlaşykdan öňürti şäher köçelerinden dabaraly ýöriş edip ötseler ýaman bolmazdy.
— Örän gowy pikir — diýip makullady prokurator, — birigün men ol kagorta rugsat bererin, özüm hem giderin, size on iki hudaý hakyna, eždadlarymyz ruhunyň hakyna, ant içip aýdýaryn ki, şu işi şu gün berjaý etmek üçin köp zadymy bagyş etmäge kaýyl men.
— Prokurator Ýerşalaimi gowy görenokmy? — diýip, mylaýym äheňde sorady myhman.
— Näsini aýdýaňyz — diýdi prokurator ýylgyryp, — dünýäde şundan bijaý ýer ýok. Tebigaty hakynda-ha aýtmasam-da, her gezek bu ýere gelenimde, hezilim gaçýar. Emma bu hem hiç. Bu ýeriň aýt — baýramlaryny diýsene — porhanlar, jadygöýler, gözbagçylar, topar-topar zyýaratçylar... Fanatikler, fanatikler! Bir musaýynyň messiýasy nähili azara goýdy — toba, näme üçin indi gelip-gelip, ony şu ýyl amala aşar diýip garaşyp başladylar? Indi ganly wakalaryň şaýady bolaryn öýdüp her demde ýürek howlap durýar. Goşunlary yzygiderli ol ýerden başga ýere göçümek, üstesine ýarysyndan köpüsi öz üstüňden ýazylan töhmetleri, gyýbatlary okamak! Hemmesi ýüregiňi gysdyrýan zatlar, şeýle dälmi? Wah, eger imperatoryň hyzmatynda bolmasadym!..
— Dogry, bu ýerdäki baýramlar kynçylyk döredýär — diýip myhman ylalaşdy.
— Wah, käşgä şu uly tutumly baýram tizräk gutaraýsa — diýip sözüne goşdy Pilat ekezlenip. — Onda men Kaýsariýa dolanmak mümkinçiligine eýe bolardym. Ynanýaňyzmy, Iradyň ine, bu manysyz ymaraty, — prokurator elini sütünlere tarap salgady, onuň köşk hakynda gepleýänligi mälim boldy, — meni bütinleý däli hetdine ýetirýär. Men ol ýerde bir gije-de ýatyp bilmen. Dünýäde beýle ýakymsyz ymarat bolan däldir. Bolýa, esasy gürrüňe geçeli. Owaly bilen aýt hany, ol lagnaty War-rabwan size howp salanokmy?
Şol wagt myhman özüniň şol üýtgeşik nazaryny prokuratoryň ýüzüne dikdi. Emma Pilat tukat gözleri bilen uzaga — aýagynyň astyndaky şäheriň agşamky öçüp barýan keşbine ýüzüni çytyp seredýärdi. Myhmanyň nazary ýene sönüp, gabaklary asyldy.
— Indi War guzy dek howpsyz bolup galandyr diýip, bimelal aýtmak mümkin — diýdi myhman, onuň tegelek ýüzünde ýygyrt peýda boldy. — Indi oňa gözgalaň götermek laýyk däl.
— Şeýle meşhurmy ol? — diýip sorady Pilat mylaýym gülümsiräp.
— Prokurator her sapar meseläniň inçe tarapyny gowy duýýar!
— Emma her näme bolsa-da, — diýip bellik etdi prokurator, aladaly äheňde we gara gaşly ýüzük dakylan inçejik uzyn barmagyny ýokary göterip, — ýoluny tapmak gerek...
— O, produktor hatyrjem bolsun, men Iudeýada bar wagtym, War bizden rugsatsyz bir gadam hem gozganyp bilmez.
— Indi köňlüm ynjaldy, dogrusyny aýdaňda, siz şu ýerdekäňiz men mydam arkaýyn.
— Siz örän sahawatlysyňyz, produktor!
— Indi jeza berilşi hakynda aýdyp beriň — diýdi prokurator.
— Sizi häzir näme gyzyklandyrýar?
— Mähelle närazylyk bildirjek bolmadymy? Iň möhümi şu, elbetde.
— Ýok — diýip jogap berdi myhman.
— Örän gowy. Jenaýatçylaryň ölenligini özüňiz anykladyňyzmy?
— Muňa imanyňyz kämil bolsun, prokurator.
— Aýt hany... sütünlere asylmazdan owal olara suw berildimi?
— Hawa. Ýöne ol — şeýle diýip myhman gözüni ýumdy, — içmeden ýüz öwürdi.
— Kim ol? — diýip sorady Pilat.
— Bagyşlaň, igemon! — diýdi myhman, — adyny aýtmadymmy? Ha-Nosri.
— Samsyk! — diýdi Pilat, nämüçindir ýüzüni çytyp. Onuň çep gözüniň aşagyndaky damary çekdi, — günüň howrunda köýüp-bişip ölmegi gowy görüpdir. Kanun berýän hukugyndan ýüz öwürmek nämä gerek? Ýene näme diýdi ol?
— Ol, — diýip ýene gözüni ýumup jogap berdi myhman, — minnetdarlyk bildirdi we janyny alandyklary üçin günäkärlemeýänini aýtdy.
— Kimi günäkärlemeýänini? — diýip, güňleç sesde sorady Pilat.
— Muny aýtmady, igemon.
— Esgerleriň ýanynda wagyz etmäge synanmadymy?
— Ýok, igemon, bu gezek ol örän kemsuhandy. Bary-ýogy bir gep aýtdy: adamzada mahsus bolan ýaman häsiýetleriň içinde iň erbediniň gorkaklykdygyny nygtady.
— Bu gepi nämä yşarat edip aýtdy? — diýen titrewük ses birden myhmanyň gulagyna ýetdi.
— Muňa düşünip bolmady. Ol mydama bolşy ýaly, özüni geň alyp bardy.
— Onuň geňligi nämede?
— Ol zol-zol töwerekdäkileriň ilki biriniň, soň beýlekisiniň gözüne seretmäge çalyşdy we birhili aljyraňňy ýylgyrýardy.
— Başga näme? — diýip, gyryljak ses sorady.
— Başga hiç zat.
Prokurator özüne meý guýup, bulgury «dük» edip goýdy. Ony bir demde boşadyp, söze başlady.
— Gep beýle: edil häzir biz onuň haýsydyr bir janköýerlerini ýa-da yzyna eýerýänleri tapyp bilmesek-de, barybir, şeýle adamlar ýokdur diýip kepil geçip bilmeris.
Myhman başyny aşak salyp, üns bilen diňleýärdi.
— Şoňa görä, şeýle duýdansyz bolaýjak nähoş ýagdaýyň öňüni almak maksadynda — diýip, gepini dowam etdi prokurator, — örän basym, sessiz-üýnsüz üç jenaýatçynyň jesedinem ýer ýüzünden ýok etmegiňizi we olary örän ümsüm jaýlap, gep-gürrüň bolmaz ýaly etmegiňizi haýyş edýärin.
— Baş üstüne, igemon, — diýdi myhman ýerinden turup, soň:
— Wezipäniň çylşyrymly hem jogapkärlidigi sebäpli, edil häzir ugramaga rugsat ediň — diýdi.
— Ýok, entek oturyň, — diýdi Pilat, eliniň yşaraty bilen myhmany ýoldan saklap, — ýene iki mesele bar. Ikinjisi — siziň Iudeýa prokuratory huzuryndaky gizlin gullugyň başlygy wezipesinde iň agyr işde bitiren hyzmatlaryňyz barada Rimde beýanat bermek mümkinçiligine eýe bolanyma bagtyýar men.
Myhmanyň ýüzi gyzardy, ol ýerinden galyp, prokuratora tagzym edip, diýdi:
— Men imperatoryň hyzmatynda öz borjumy eda edýändirin, bolany!
— Berekella, men sizden şuny haýyş etjek bolýaryn, ýagny — diýip dowam etdi igemon, — eger-de, size bu ýerdäkiden ulurak wezipe teklip edip, başga ýere ugratmakçy bolsalar, wezipeden ýüz öwrüp, şu ýerde galmaga çalşyň. Men sizden aýrylmagy asla islemeýärin. Goý, sizi başgaça tüýsde sylaglasynlar.
— Siziň gol astyňyzda hyzmat etmek meniň üçin uly bagt, igemon.
— Örän hoşal. Indi üçünji mesele. Bu mesele, ol kim-ä, kiriafly Iuda degişli.
Şu ýere gelende, myhman ýene prokuratora nazaryny dikdi-de, adatyça, ýene gabaklaryny asdy.
— Eşidişimçe — sesini pesledip dowam etdi prokurator, — ol hälki däli filosofy öz öýünde gujak açyp garşy alany üçin pul alanmyş.
— Almaly — diýip, gizlin gullugyň başlygy Pilatyň sözüne sypaýy düzediş girizdi.
— Köpmi?
— Muny hiç kim bilmeýär, igemon.
— Hatda sizemmi? — diýdi igemon hoşamatly geň galma bilen.
— Hawa, menem — diýip, arkaýyn jogap berdi myhman, — emma men onuň şol puly şu gün agşamara almalydygyny bilýärin. Ony şu gün Kaifanyň köşgüne çagyrýarlar.
— Wah, kiriafly gysganç — diýdi prokurator ýylgyryp, — ol garrandyr-la?
— Prokurator hiç haçan ýalňyşmaýar, emma bu sapar hata goýberdi — mylaýymlyk bilen jogap berdi myhman, — Kiriafly ol adam ýaş ýigit.
— Aýdyň hany! Siz oňa häsiýetnama berip bilýäňizmi? Fanatikmi?
— Aý, ýok, prokurator.
— Ýagşy. Başga näme?
— Örän görmegeý.
— Ýene? Belki, bir zatlara yşkybazdyr?
— Bu uly şäherde hemmäni doly tanamak örän kyn, prokurator...
— Aý, ýok, ýok! Afraniý! Kiçigöwünlilik etmäň!
— Onuň bir ejiz ýeri bar, prokurator. — Myhman az salym dymdy. — Puly gowy görýär.
— Ol näme kär edýär?
Afraniý gözüni ýokary dikip, oýlanyp durdy, soň: — Ol öz garyndaşlaryndan biriniň serrap (pul çalyşýan) dükanynda işleýär.
— Ä, şeýlemi, haý, haý, haý. — Şeýle diýip, prokurator dymdy, balkonda adam bolaýmasyn diýen ýaly, daş-töweregine nazar aýlady, soň sesini ýuwaşadyp diýdi:
— Ynha ýagdaý şeýle — maňa şu gün aýtdylar, ony şu gije pyçaklap öldürerler.
Şu ýerde myhman gabaklaryny göterip, prokuratora öňküsi ýaly çalt nazar aýlaman, köpräk seredip, jogap berdi:
— Siz meni ýaňy gaty öwdüňiz, prokurator, mälim boldy ki, men hakda Rimde magtaw söz aýtmaňyza mynasyp däldirin. Çünki bu maglumatlar mende ýok.
— Siz iň ýokary sylaga laýyksyňyz — diýip, jogap berdi porkurator, — emma bu maglumatlar deslapdan-da, dogry.
— Soramaga rugsat ediň, kim getirdi bu maglumaty?
— Ony aýtmakdan häzirlikçe saklanaýyn, dogrusy, ol entek şübheli hem tötänleýin. Emma maňa bir zady öňünden görmek gerek. Wezipäm şeýle, emma bar zatdan beter öz duýgyma ynanmaga borçly men, çünki ol meni hiç wagt aldamandy. Indi meniň bilýän maglumatyma gelsek, Ha-Nosriniň gizlin dostlaryndan biri ol serrabyň göz görüp, gulak eşitmedik dönükligine gahary gelip, öz dostlary bilen dil birikdirip, şu gije ony öldürjekler, dönüklik üçin alnan puly bolsa: «Lagnaty puluňyzy özüňize gaýtarýarys!» — diýen ýazgy bilen hezreti ruhanynyň köşgüne taşlap gitjekler.
Gizlin gullugyň başlygy şundan soň igemona duýdansyz seretmesini bes edip, gözlerini süzüp diňlemesini dowam etdi:
— Göz öňüne getirip görüň — diýdi Pilat, — gelip-gelip baýram gijesinde şeýle sowgat almak hezreti ruhana hoş ýakarmyka?
— Hoş ýakmak nirede — diýip, ýylgyryp jogap berdi myhman. — Meniň çakyma görä, prokurator, bu uly galmagala sebäp bolar.
— Men hem şeýle pikirde. Şonuň üçin sizde bu iş bilen meşgul bolmagyňyzy, ýagny kiriafly Iudany goramaga ähli çäreleri görmegiňizi soraýaryn.
— Igemonyň emri wajyp — diýip gep başlady Afraniý, — emma men igemona tesgin bermekçi ol zalymlaryň düzen rejesini başa bardyrmak örän kyn. Ýeri, oýlap görüň, — myhman töweregine seredip, ýene dowam etdi: — Bir gijede adamyň yzyna düşüp, ony pyçaklamak, ýene onuň näçe hak alanyny bilmek, mundan daşgary ýene, puly Kaifa gaýtaryp bermek aňsatmy? Özem şu günüň özünde?
— Şeýle bolsa hem, şu gün ony öldürip giderler, — diýip tekrarlady Pilat kejirlik bilen, — göwnüm duýup dur diýip aýtdym-a size! Hiç haçan göwnüm meni aldan däldir, — şu wagt porkuratoryň ýüzi tirtildedi, ol ellerini bir-birine sürtdi.
— Baş üstüne — diýdi myhman, gulak asyjylyk bilen, ol ýerinden turup, kaddyny dikläp, birden möhüm äheňde sorady:
— Diýmek, ony soýup gitjekler-dä, igemon?
— Hawa — diýip jogap berdi Pilat, — indi bar umydymyz siziň täsin galdyryjy iş başarnygyňyza bagly. Myhman plaşynyň astyndaky agyr guşagyny düzedip, diýdi:
— Işiňiz haýyr, hemişe aman we wagtyhoş bolgaý siz!
— Wah, huşum gursun, — diýip, pessaý gygyrdy Pilat, — ýadymdan çykaýypdyr! Men size bergidar-a!.. Myhman täsin galdy.
— Aý ýok-la, prokurator, siziň maňa bergiňiz ýokdur.
— O nähili ýokmuş! Ýadyňyzdamy, Ýerşalaime girip gelýärkäm... bir topar gedaýlara duş gelipdim... olara pul oklamakçy bolanymda, ýanymda zat ýokdy, şonda sizden alypdym.
O, porkurator, ähmiýetsiz närse!
— Ähmiýetsiz närsäni hem unutmazlyk lazym. — Şeýle diýip, Pilat yzyna öwrüldi-de, kürsüde ýatan plaşyny göterip, ondan gön haltajygy çykaryp, myhmana uzatdy. Myhman haltajygy alyp, eglip tagzym kyldy we plaşynyň içinde ýaşyrdy.
Pilat ýene başlady: — Depin etmek barasyndaky habaryňyza garaşýaryn. Şeýle hem, kiriafly Iudanyň işi bilen bagly habary, eşidýäňmi, Afraniý, bu gün boljak işi. Siz gelen badyňyza meni oýarmaklaryny sakçylara buýruk bererin. Men size garaşýaryn!
— Salamat boluň — diýdi gizlin gullugyň başlygy we yzyna öwrülip, balkondan düşüp ugrady. Onuň meýdançanyň ýüzündäki öl gumuň üstünden, soň iki ýolbarsyň heýkeliniň aralygyndaky mermer basgançakdan düşýän aýak sesi eşidildi. Soňra ýuwaş-ýuwaş onuň aýaklary, soň göwresi we ahyry, gaýtarma galpakly kellesi gözden gaýyp boldy. Ana, şonda prokurator Günüň batyp, iňrik garalanyny aňşyrdy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 25 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mihail Bulgakow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: