09:48
Ýeñilmedikler -1: Söweş entek gutaranok
ÝERE GAÇAN ÝYLDYZLAR / roman-trilogiýa

(XIX-XX asyr türkmen hronikasy)

Üçünji kitap

ÝEÑILMEDIKLER

■ SÖWEŞ ENTEK GUTARANOK


Enehakydanyň baran güni Ruhy batyr Çaňly guýusynda ýok ekeni. Guýunyň başyndaky hersi bir alada bilen salgym dek iki ýana yranjyraşyp ýören adamlar onuň gum içindäki gidere ýer tapman, onda-munda ygyşyp ýören ýigitleriň gözlegine çykandygyny, Dykma serdaryň Marydan güýç toplap gelerine çenli olaryňam hemmesini bir ýere jemläp, göreşe täzeden başlamaklygy ýüregine düwendigini, bu gün erte gara berjekdigini aýtdylar we ony şol ýerde dikilen bäş sany gara öýüň ortakysynda, Ruhy batyryň ýigitleri tarapyndan gum içinden ýygnalan hossarsyz aýal-gyzlaryň, çagalaryň arasynda ýerleşdirdiler. Çaý-suw içere, çörek iýere, dynç alara mümkinçilik döretdiler.
Ertesi Gün guşluga galyberende Ruhy batyr altmyşa golaý atlyny yzyna tirkäp guýa geldi. Özüni garşylanlaryň arasynda Enehakydanyňam bardygyny görüp geň galdy. Ýöne begendi. Atdanam edil şonuň deňine gelip düşdi. Jylawyň ujuny ýigitleriň biriniň eline tutdurdy.
– Enehakyda? Bu senmi ýa meň göwnümemi?
– Göwnüňe däl, Ruhy, bu men.
– Sen nädip bu ýerlere düşüp ýörsüň?
– Är gözläp geldim... – Öz sözüne Ruhy batyryňam, ony garşylan we ýany bile gelen ýigitleriňem, umuman, daş-töwereklerine üýşen aýal-erkek, uly-kiçi hemmeleriňem birhili bolandyklaryny duýup, Enehakyda utandy we aýdan sözüniň manysyny tirmäne howlukdy. – Özüme däl-de, ýurda är gözläp geldim. Halka hossar gözläp geldim. Ol dul galdy. Özüň bilýäň, han-begleriň-ä öleni öldi, diri galanlary bolsa gaçdylar. Başsyz galan ýigitlerem indi bir ujundan duşmana ýaraglaryny tabşyryp başladylar. Ýeňilendiklerini boýun aldylar. – Ol uluydan demini alyp aşak bakanda tahýasynyň şelpeleri adaja «şyňňyrdady” – Hatda Magtymguly han bilen Mara gidip güýç toplap gelmekligi wada beren Dykma serdardanam henize çenli habar-hatyr ýok. Nirededigem belli dül. – Gyz Ruhy batyryň ýüzüne seretdi-de, tutuş göwresi bilen oňa tarap owsun atdy. – Indi halkyň bar umydy sen, Ruhy! Menem bu ýere sen diýip geldim. Sen bir ýan beräýme, ýeňilendigiňi boýnuňa alyp, ýaragyňy tabşyraýma diýmäne geldim...
Bokurdagyna tegek bolan bir ýumry agy oňa sözüni soňlara maý bermedi. Dyzyna çöküp möňňüribermekden welin saklandy. Yzly-yzyna, gurak-gurak ýuwdundy. Gabaklaryny göterip, goňras gözlerini Guşly batyra dikende, owasyndan paýrap çykan gyzgyn gözýaş tämiz ýaňaklaryndan syrygyp gaba göwüsleriniň üstüne döküldi.
Ruhy batyryň uzynak göwresi gyzyň üstüne howala boldy.
– Özüň bilýäň, Enehakyda, men öňem ant içmändim, häzirem içmen. Ýöne, tutan, maksadymdan dänmejekdigime, tä iň soňky demime çenli gylyjymy gynyna salmajakdygyma, duşmana boýun bolmajakdygyma, başym dik bolsa oňa ýekeje günem rahatlyk bermejekdigime seniň öňüňde söz berýän. Hut şonuň üçinem men häzir gum içindäki ýigitleri ýygnap ýörün.
Enehakyda Ruhy batyryň ýüzüne delmuryp seretdi. Gözýaşlaryny süýem barmagynyň ujy bilen sylyp durşuna birenaýy ýylgyrdy.
– Sag bol, Ruhy! Senden tamamam şeýledi. Nirede bolsa-da tapyp, Dykma serdardanam şeýle söz eşidibilsem başga ärmanym ýok.
Ruhy batyr birdenkä gürrüňüň ugruny üýtgetdi. Howlukmaç gürledi.
– Halk näme diýýä, Enehakyda?
– Halkyň aňy göçdi. Huşy başyndan uçdy. Ol häzir nirä ýöreýäninem bilenok. Bu wagt ondan maslahat soramaly däl-de, halyny soramaly, kömek etmeli, eýe çykmaly. Ol häzir çalajan... Başsyz... Läş... – Gyz elini daş-töweregine aýlady. – Ine edil şu ýapynyň ýüzünde ýatan ýarym öli, ýarym diri çalajan adamlar ýaly.
Ruhy batyryň ýüzi üýtgäp gitdi. Başyny aşak egip, dodagyny dişledi. Bir zatlar diýen ýaly boldy, ýöne, ony hiç kim eşitmedi. Bir haýukdan soň, ol ýüzüni galdyrdy. Şonda onuň hemişe aksowult görünýän inçemik, owadan ýüzi näme üçindir gök öwüsdi. Her bakanda uçgun syçraýan gözler gubarly göründi. Ýöne, bu ýagdaý uzaga çekmedi. Ol basym özüni ele aldy. Başyny dik tutdy-da, Enehakydadan häzirlikçe öz bolýan ýerine barmaklygyny haýyş etdi.
– Galanyny soň gürleşeris, meniň senden başga-da sorajak zatlarym bar.
Şondan soň Ruhy batyr iňňän ýadaw gelendigine garamazdan, dynjynam alman, çaý-çöregem iýmän, guýunyň başyndakylaryň ýeke-ýekeden halyny sorap çykdy. Özi ýok wagty ýogalanlara aýat okady. Soň öýlere girip, onuň içindäkiler bilenem ahwallaşdy. Ýany bilen getiren ýigitlerine çalmar diker ýaly ýer görkezdi. Diňe şondan soň özi we özüne ýakyn adamlar üçin niýetlenen öýe tarap ugrady. Baryp az-kem dynjyny aldy. Çaý içdi. Bolşuna görä garbandy. Enehakydanyň aýdanlary barada oýlandy. Mundan buýanky etjek hereketlerini ýene bir gezek aňynda aýlady.
Oňa çenli çalmaram taýýar boldy. Garaňky gatlyşdy. Ruhy batyr çalmaryň ortasynda ot ýakmaklygy buýurdy. Giňden gallanan oduň ýagtysyna ol öz egindeşlerini ýygnap uly maslahat geçirdi. Täze gelenlerem, bu ýerde öňden bäri bolup ýören ýigitlerem umumy ýagdaý bilen tanyşdyrdy. Maksadyny ýene bir gezek duýdurdy. Enehakydanyň il-günüň ýagdaýy barada aýdanlaryny ýekän-ýekän gaýtalady.
– Ýöne, biz öňi bilen aýal-gyzlary, oglan uşaklary, goja kişileri oba ibermeli. Guýuda diňe söweşe ukyply adamlar galmaly. Gum içinde ýigitlerden başga-da galany-gaçany bar bolsa, olaram toplap, öz sanymyzy birsyhly artdyryp durmaly.
Ertesi ir bilen aýal-ebtatlar oba ugradyldy. Olaryň ýanyna ýigrimi sany atly-ýaragly adam goşuldy. Ýöne, olar gala ýetmänkäler yzlaryna dolanmaly, şu ýere gaýdyp gelmeli.
Ruhy batyr Enehakydanam şolar bilen ugratmakçy boldy. «bu ýeriň şerti kyn, sen muňa çydamarsyň” diýdi. Emma Enahakyda razy bolmady. Gaýtam köpden bäri özüni goraglap ýören ýigitler bilen Dykma serdaryň gözlegine çykmaga rugsat bermegini sorady.
– Ýok, Enehakyda. Bu iş hatarly. Üstesine ýollaram parahat däl. Geçmeli menziliň bolsa uzak. Bu iş üçin men özüm adam taparyn. Umumanam biz soňky günlerde bu barada hem pikir edip ýördük. Çünki, garaşma kemini goýmadyk. Ol gelmejek bolsa biz özümizçe hereket ederis.
– Bu ýolda Alla saňa kuwwat bersin Ruhy. Ýöne, Dykma serdaryň gözlegine welin men özüm gideýin. Sebäbi men hakyda. Hakyda bolsa diri gezip ýören gahrymanlarynyň içki duýgularyny maksatlaryny elinjek bilmelidir, pikirlerini öz gulagy bilen eşitmelidir.
Ruhy batyr razylygyň alamaty hökmünde baş atdy. Ýöne, ol Enehakydadan Ahally barada hem soramakçydy. Onuň häzir näme üçin Enehakydanyň ýanynda ýokdugyny bilmekçidi. Düýnki: «Senden başga-da soramaly zatlarym bar” diýmesem şonuň üçindi. Dogry, Ahally batyryň çalarak ýaraty bolanyny ol eşidipdi, ýöne, her hal içinde jany bar bolsa onuň öz söýgülisini beýdip, çölüň içine başdepän ýeke ibenejekdigi belli ahyry.
Şolar ýaly gapma-garşylykly pikirler, yzly-yzyna çogup dur. Çünki, häzir Ruhy batyryň ruhy dünýäsi gaýnap joşýar. Enehakyda bolan söýgüsi bolsa täzeden köräp, kalbyny heýjana salýar. Birnäçe aý mundan ozal iň soňky umydy üzülen söýgüsi barada täzeden söz açasy gelýär. Ýitiren bagtynyň bu ymgyr çöl hem tükeniksiz gowgalar içre hasyl bolaryny isleýär. Eger şeýle bolsa onuň göwni hasam howalanar, söweşe hyruçlanar, ruhlanar.
Emma, hernäçe jepalar çekse-de, bu zatlar barada ol dil ýaryp bilenok. Çünki, häzir öz inçe duýgularyň ugruna gidip, kalbyňda näzikýüreklilige orun bermekligiň wagty däl. Bu wagt Watanyň, il-günüň ykbalyna degişli agyr meseleler öz çozgüdine garaşyp ýatyr. Ol çözgütlerem Ruhy batyr ýaly kyn günde öňe çykan ýigitleriň şahsy gaýratlaryna bagly. Enehakyda ýaly boý gyzlar çölden-çöllere, goldan-gollara aşyp, gyrlardan geçip, düzlükleri söküp, näzik ýaňaklaryny gyşyň çapgyn şemalyna tutup ile-güne, ýurda eýe durar ýaly är gözläp ýörkäler, olaryň eteklerinden aslyşyp, söýgi barada süwümsiz sözleşip durmaklygy Ruhy batyr özüne uslyp bilmeýär. Hut şonuň üçinem, ol öz söýgüsi barada gürrüň gozganok. Iň bolmanda soňa goýýar. Wagty geler, şonda bar zat, Ahallynyň näme üçin Enehakydanyň ýanynda däldigem belli bolar.
Şol günüň özünde Ruhy batyr Enehakydany öňki janpenalary bilen Dykma serdaryň gözlegine ugratdy.
– Tizräk dolanjak boluň. Çünki, wagt az. Duşman ýurda ymykly ornaşmanka guýrugyna otly kesindi gysdyrmak gerek.
Olary ugradandan soň ol: «Kimiň söweşi dowam etdiresi gelýän bolsa, Çaňly guýa gelibermeli”, diýen habar bilen çar tarapa çapar gönderdi. Her gün ir ertir, giç öýlän salkynma-salkyn asmana guş uçurdy.
Bir hepde geçer-geçmez onuň iberen çaparlary ikiden-ýekeden gelip başladylar. Gidişleri ýaly ýany adamsyz boş gelenlerem, yzlaryna bäş-üç ýa, on-ýigrimi sany, hatda kyrka golaý atly-ýaragly adamy tirkäp gelenlerem boldy. Enehakydanyň Dykma serdary gözläp ýörendigini, ony tapyp getirenden soň Guşly batyr ikisiniň güýç birikdirip azat edijilik göreşine başlanjakdyklaryny eşidip şeýlekin gelenlerem, gök asmanyň ýüzünde gaýdyrylyp ýören akja kepderiniň çakylygyna gelenlerem az bolmady. Hatda ýaragyny tabşyryp obasyna baranlardanam gaýdyp gelenleri boldy.
Umumn, tuutmyň gerimi gitdigiçe giňedi. Guşly batyyrň goşun sany iki ýüze golaýlady. “Dykma serdardyr Magtymguly hanam jemläbilen goşunyny alyp gelseler, Alla-da bizlik bolsa megerem şu ýaz öz ýerimizde özümiz ekin eksek gerek” – diýip, Guşly batyr öz ýanyndan göwün ýüwürtdi. Çünki, ýeňişe ynam döredibilseler, halkyňam özlerine goşuljakdygyna ol ynanýar.
Ýöne...
Ýöne, hemme zat hemişe göwnüňde besleýşiň ýaly bolup durmy näme. Aýa-Güne garaşylyşy ýaly garaşylýan Enehakyda guýa boş gaýdyp geldi. Çytyk gaşlaryndan, sowuk hem gussaly nazaryndan, atdan gepsiz-gürrüňsiz düşüp, garşy alanlara nazaram aýlaman öýe girip gidişinden çen tutup, guýudakylar onuň gowy habar getirmändigini aňdylar. Şonuň üçinem oňa hiç kim, hiç hili sorag bermedi. Her kim dodagyny çalaja gymyldadyp: «Sag aman geldiňizmi”, diýäge-de, derhal bir gyra çekilmek bilen boluberdiler. Yzy bilen öýe giren Ruhy batyram ony gyssap durmady. Özi dil ýarýança garaşdy.
Ojak başynda az-kem ýylynandan soň, Enehakyda Dykma serdara Mäne obalarynyň birinde duşandygyny, ýöne, onuň iňňän sus görünýändigini, göreşi gaýtadan dowam etdirmek baradaky gürrüňlerden gaça durýandygyny, umuman, lapynyň keçdigini şol bir gelendäki tutuklygy bilen howlukman, ýöne, uly howsala hem ahmyr astynda Ruhy batyra gürrüň berdi. Hä diýmän Ruhy batyryň ýigitlerem gelişip başladylar. Enehakyda olaram ýagdaý bilen tanyş etdi. Soňundanam:
– Şol ýerde onuň ýanyna Gökdepe urşuny Köpetdagyň gerişleriniň üstünde durup synlan, Donowan atly iňlis galamgäri hem baryp gaýdypdyr. Göreşi dowam etdiribilseler öz hökümetiniň türkmenlere pul, ok-ýarag kömegini berjekdigini syzdyrypdyr. Ýöne, Dykma serdardan belli bir jogap alyp bilmändir. – diýdi.
– Şol iňlisi tapyp bolmazmyka-naý? Öz hökümetiniň söz beren kömegini goý, ol bize beribersin! – diýip, tärime arkasyny ýaplap oturan ýigitleriň biri ker bilen gepleşýän ýaly bokurdagyna sygdygyndan gygyrdy.
Her kim Ruhy batyryň ýüzüne seretdi. Batyr olaryň bu bakyşlaryny özüne berlen sorag hökmünde kabul etdi.
– Ony tapsa bolar. Kömegem sorap bolar. Aýdyşy ýaly iňlis hökümediniň kömek edäýmegem ahmal. Ýöne... – Ruhy batyr boýnuny süýndürip hälki geplän ýigide tarap seretdi. – Ýöne, birinjiden-ä olar bize ýeterlik derejede kömek beribilmezler, arkamyzda-da durubilmezler. Çünki, durar ýaly güýç-kuwwatlary bar bolsa Gökdepe urşunda durardylar. Onsoňam bir emmasy bolmasa hiç kim gurda guýruk gapdyrtmaz. Arka diräp orsy ýurtdan çykaran günüňem özleri mekgäňe münerler. Bu mesele Gökdepe urşunyň öň ýanyndaky maslahatda-da orta düşüpdi. Ýöne, o pikiri han-beglerem, serdarlaram, dini hadymlaram, asla hiç kimem goldamandy. Ondan Dykma serdaryňam habary bolmaly. Hut şonuň üçinem ol iňlise belli jogap beren däldir.
– Howwa-la, Dykma serdaram akmak adam däldir-le.. Etjek işini, aýtjak sözüni bilýändir-le...
Ruhy batyr bu sözi aýdanyň kimdigini biljegem bolmady. Asla ses çykan tarapa seretmedem. Ara düşen dymyşlykdan soň: ýene aýtjak zadyň barmy, diýýän manyda Enehakydanyň ýüzüne seretdi. Enehakyda başyny ýaýkap aşak bakdy.
Ýany bilen giden ýigitleriň gürrüň bermeklerine görä, Enehakyda Dykma serdardan goşun ýygnap bilmedik halatynda-da serdar hökmünde Guşly batyr bilen bilelikde göreşi dowam etdirmekligi ilk-ä haýyş edipdir, halys bolmajakdygyny bilenden soňam sypaýyçylyk bilen: «Men size gorkak ýa namart diýip biljek däl, serdar aga , ýöne, goý, islegiňiziň garşysyna gidip bolsun, ant içip başda-ha bir ýalňyşdyňyz ine, indem öz şertiňiziň garşysyna gidip ikinji gezek ýalňyşýaňyz. Siz bu gün ömrüňizboňy gara gaýratyňyz bilen gazanan şöhratyňyzyň üstüne atanak çekdiňiz. Jelaleddin ýaly, Ymam Şämil ýaly elden gidenden soňam ýurt üçin göreşi dowam etdirip bilmediňiz. Il-günüň tamasyny ödemediňiz. Guşly batyyrň bir ganaty bolup bilmediňiz...” – diýipdir. Bu sözler serdara iňňän ýokuş degipdir. Ýöne, sesini çykarmandyr. Uludan sowuk demini alypdyr-da, oňaýypdyr. Enehakyda bilenem iňňän sowuk hoşlaşypdyr.
Bu gürrüňleri diňläp Ruhy batyyrň özem esli mahal aşak bakyp sus oturdy. Içini hümledende uzyn göwresi öňe-yza leňňer atdy. Soňam usullyk bilen başyny galdyrdy-da, agşamlyk hemmeleriň uly oýa ýygnanmalydyklaryny, şol ýerde umumy maslahat geçiriljekdigini aýtdy. Maslahata Enehakyda hem çagyryldy.
Gün ýaşandan soň ýapylaryň ýüzünde onlarça ot alowlady. Oýuň içini dolduryp oturan mähelläniň ýüzi oduň ýagtysyna gyzgylt göründi. Uzyn-uzyn kölegeler çägäniň ýüzünde o ýan, bu ýan gaýmalaklaşdylar.
Ruhy batyr köpçüligiň öňüne çykyp, Enehakydanyň gidip-gelişi barada ýygnananlara giňişleýin gürrüň berdi. Dykma serdardanam, Magtymguly handanam, asla hiç kimdenem güýje garaşmaly däldigini aýty. Soňam özüne mahsus bolan pessaý hem merdemsi sesi bilen:
– Ýigitler! Görşüňiz ýaly başda erkine, islegine bakman urşa iterilen halk bu gün hossarsyz galdy. Han-begleriň, serdarlaryň, dini hadymlaryň bu gün onuň ýanynda birem görnenok. Olaryň köpüsi eýýäm täze baýarlarynyň ganatlarynyň aşagyna sümüldiler we ýene-de öňküje orunlaryny eýelediler. Sümülmediklerem bu gün-erte baryp sümüljekden. Görýän welin Dykma serdaram şol ýagdaýda dur. Sebäbi olar ýeňildiler. Ýeňilendikleri boýunlaryna aldylar. Biz welin ýeňilmediklerdiris. Siziň köpüňiz eden şertiňizden dänmezlik üçin şu kyn ýoly saýlap alan adamlar. Birnäçäňiz bolsa düýbünden ant içmedik, emma şonda-da duşmana boýun bolmany kyn görüp, gulçulygy namys bilip, Watan, ugrundaky göreşde baş goýmaga taýyn adamlar. Şonuň üçinem, biz han-beglerden goldaw tapmadyk ýagdaýymyzda hem göreşi dowam etdireris. Entek ellerimiz gylyçlarymyzyň dessesinden mäkäm tutýarka, at üstünde uýluklarymyzy sandyratman oturyp bilýärkäk, gursaklarymyzda ýüreklerimiz Watan diýip urýarka duşmana boýun egmeris. Enşalla gün-günden sanymyzam artar, hä diýmän ullakan güýje-de öwrüleris. Ýeňerisem! Sebäbi biziň maksadymyz şol! Biziň işimiz hakdyr! Alla biziň bilendir!..
– Hak aýdýaň, Guşly batyr!
– Alla biziň bilendir!
– Biz seniň bilendiris!
– Biz tä iň soňky demimize çenli söweşeris!..
– Söweşerisem, ýeňerisem!..
– Sen bizi ýeňişlere tarap alyp git, Guşly batyr!..
– Bizi Alla gorar, inşalla!..
Tolgunmakdan ýaňa Ruhy batyryň süňňi sarsyp gitdi. Ýüregi ersdi. Ar-namys duýgulary joşa geldi. Şondan soň ol Enehakyda söz berdi.
– Şeýle ýagdaý taryhda öňem kän gezekler bolupdyr – diýip, Enehakyda hemişe şular ýaly üýşmeleňlerde edişi ýaly öz gürrüňini Hakyda bilen baglanyşykly başlady! – Ýurt öňem kän gezekler elden gidipdir. Bu topraga bir wagtlar goşun tartyp ýunanlaram, parslaram, pereňilerem , araplaram, mongollaram gelipdirler. Şolaryň ählisinde-de dek-düýnki ýaly han-begler öz beglikdir-hanlyklaryny, baýlyklaryny, dini hadymlar öz dini ynançlaryny goramak üçin halky aýaga galdyrypdyrlar, urşa sürüpdirler, öňlerine düşüpdirler, baş bolupdyrlar, emma ýeňilenlerinden soň welin, ur-tut ýaraşyk baglaşypdyrlar-da, duşmanyň tarapyna geçipdirler, olara gulluga durupdyrlar, üstesine-de: «urşalyň, diýip bizi günümize goýmadyk ine, şular”, diýip, halka tarap barmaklaryny çommaldypdyrlar, şeýdibem öňküje baýlyklaryna, mal-mülklerine wezipelerine eýe bolupdyrlar. Öz halkyny gelmişekler bilen bilelikde ezipdirler. – Şondan soňky sözleri aýtjak bolanda Enehakyda görnetin dogumlandy, göwresi dikeldi, gözleriniň nury ýiteldi, göwsi titredi, uzyn, goňrumtyl saçlary owsun atdy. – Ýöne, ähli zamanlarda-da özüňiz ýaly ýanbermezek, göreşi dowam etdiriji goç ýigitler tapylypdyr. Olar öz topraklaryny basybalyjylardan halas etmek üçin dyngysyz göreş alyp barypdyrlar. Özleri halas edip bilmeseler, şol mukaddes göreşi dowam etdirmekligi iň bolmanda ýeňilendiklerini boýun almazlygy öz nesillerine wesýet edip gidipdir. Şeýdibem göreşiň iň bolmanda halkyň aňynda baky dowam etmegini gazanypdyrlar. Şonuň üçinem, olar şu günki güne çenli halkyň hakydasynda ýaşaýarlar. Çünki, olar gahrymanlar. Gahrymanlar bolsa ölmeýärler. Özleri gidenden soňam bu jahan içre olaryň ruhlary ýaşaýar. Nesilleriniň damarlarynda ganlary akýar. Käte asyrlara çeken baknalyk döwründe öz halkyny agalyk ediji halkyň täsirinden gorap, öz halkynyň dilini, medenýetini, milli kimligini saklap gelenlerem şolardyr. Olaryň güýji egsilmezdir. Siziňem esasy daýanjyňyz şol güýçdir. Kuwwat çeşmäňiziň gözbaşy şondan gaýdýandyr. Şol güýç hemişe-de gelmişekleri iru-giç bu tioprakdan çykyp gitmäne mejbur edipdir, bu gezegem şeýle bolar – Gyz uludan demini aldy. – Howwa, bu gezegem şeýle bolar. Hökman şeýle bolar... – Enehakyda sözüni paýawlandygynyň alamaty hökmünde ilk-ä häliden bäri gapdalynda duran Ruhy batyryň ýüzüne seretdi, soňam başyny belent tutup, alawlap ýanýan ýiti oduň ýagtysyna kä görnüp, kä ýitip gidýän, aňyrsy gara hem gorkunç kölegelerden doly märekä seretdi. – Boýnuňyza alan şu kyn borjuňyzy abraý bilen berjaý etjekdigiňize men ynanýan. Çünki, siz merdanalarsyňyz. Ruhy batyryň ýap-ýaňyja aýdyşy ýaly, ýeňilmediklersiňiz... Onuň sözüni soňlaryna mähetdel, ýigitler towsuşyp ýerlerinden galdylar. Ýapylaryň ýüzündäki kölegeler has uzaldylar, iki ýana yrgyldaşdylar.
– Biz seniň ynamyňy ödäris, Enehakyda!
–Erkinlik üçin öz janymyzdan geçmelem bolsa taýýar!
– Ýok, bolsun ak patyşa!
– Biz erkin doguldyk, erkinligimize-de galarys.
Daşyndan göräýmäge birneme sus başlanan maslahat şolar ýaly içi duýgudan doly hyjuwly sözler bilen tamamlandy.
Şol maslahatda gün-güzeran meselesi hem gozgaldy. «Ilek” guýusyndan getirilen bir bölek maýda malyňam şunça adama uzak wagt tetärik bolmajakdygy çen bilen çaklanyldy.
– Adam sanymyzyň gün-günden artyp barýandygyny nazara alsag-a bu mesele hasam çylşyrymlaşýar... – diýip, Ruhy batyr özüniň jemleýji sözünde aýtdy. – Çöreg-ä düýbünden ýok diýen ýaly. Dogry, ýaz ýetip gelýär, ýöne, ekin ekere bu ürgün çägelikde ýerem ýok, suwuň-a gürrüňinem edip oturmaly däl. Kä ýerlerde kak suwlary bar, şolary ulanmak boljak, ýöne, oňa-da tohumlyk bugdaý, ýer bejeriji gurallar, öküz ýa iş ýabylary gerek.
Öň hatarlaryň birinde boýy kelteräk, tegelek ýüzli, garaýagyz, içinde tüý çogup duran gulaklary gababir ýigit oturdy, oňa Durdy diýerdiler. Ol ýaşlykdan bäri Ruhy batyr bilen bile bir obada ösüpdi, hatda Näzdepe gyrgynçylygynam onuň bilen bile başyndan geçirdi, köp gezekler alamançylyga-da bile gidipdi, ýurda ors geleli bär-ä ýekeje günem ondan aýra düşmändi. Soňky wakalaryňam ählisine gatnaşypdy. Umuman watanperwer namysjaň ýigitdi. Hemişe çakgan hereket edýändigine görä, ol bu gezegem ellerini kelemenledip, aýaklaryny «tarpyldadyp” ýerinden turdy. Çalarak sakawlap:
– Ş-şu meselede –a-aýtjak bir sözüm bar – diýende, guradylan erik kişdesi ýaly mürşeýip duran eňegi titir-titir etdi.
– Aýt, aýt – diýip, Ruhy batyr oňa tarap baş atdy. – Çekinme-de aýdyber.
– Aýtsam-m... – Ýigit ilk-ä galyň dodaklaryny, soňam kelteden gelen ýogyn barmagyny çommaltdy. – A-aýrysakal häzir galada biziň öz ýygnan gallamyzyň u-ujundan ö-öz ilatymyza ölmez-ödi paýlap ýör. Nämemişin, ý-ý-ýeňilen halkyň emlägi ý-ý-ýeňijiniň haýryna geçýämişin. Şoň g-gaznasyna g-girýämişin. Ş-şol gaznadan biziňem öz ý-ýýetdik hakymyzy a-almagymyz gerek. Ýöne, sorap däl-de, e-ellerinden gaňryp a-almagymyz gerek. – Durdy batyr sag elini ýokary göterdi. – Ine, meňň-ä a-aýtjak zadym ş-şü...
Ruhy batyrdan öň märekäniň sag ganatynda oturan ýigitleriň biri seslendi.
– Durdy dogry aýdýar. Orslaryp garşysyna mundan buýanky etjek hereketlerimize hut şondan başlamagymyz gerek.
Ýerli-ýerden çykýan sesler köpeldi.
– «Hakyň arslanyň agzynda bolsa-da al”, diýipdirler, haýal etmän gala çozalyňam, hakymyzy alalyňam...
– Şunça güýjümiz barka bize horluk ýaraşmaz...
– Ertir ugramalam bolsa biz taýýar!..
Ruhy batyr märekä mähir hem buýsanç bilen garady.
– Ine, munyňyz bolýa. Men razy. Bu hakykatdan-da öňümizde duran uly işleriň başlangyjy bolar.
Ýene üç günden soň, Gökdepä gitmekligi, agşamyň ümüş-tamyşlygyndan peýdalanyp gala girmekligi şertleşibem maslahaty tamamladylar. O ýeri bu ýeri bozulandygy üçin bosgunlar tarapyndan taşlanyp gidilen iki sany arabanyňam kemini düzedip ýük üçin ulanmaly edildi. Gala girer ýaly bahana-da tapyldy. Hamala «aman” diläp yzyna gelen bosgunlaryň bir topary bolan bolmaly. Aralarynda aýallaryňam bardygyna ynanarlary ýaly, gala golaýlanlaryndan bäş-on sany adamy arabanyň içinde oturdyp, başlarynya-da don büremeli. Golaýrakda, hut galanyň özünden gelen ýigitleriň birinden täze ammaryň nireräkde ýerleşýändigini anykladylar we oňa golaý barmak üçin haýsy derwezeden girseler amatly boljakdygyny kesgitlediler. Şol ýigidiň özüni bolsa ýolbelet edip bellediler. Onuň aýtmagyna görä ammar bolup agzy gulply ullakan saraý ýa howlam ýokmuşyn-da, olja alnan azyklaryň barysy galanyň bir burçuna basylyp goýulaýanmyş.
Maslahat gutarandan soňam kän zatlaryň başy agyrdyldy. Dürli meseleler barada pikir alyşdylar. Diňe gije ýarymdan agandan soň assa-ýuwaşdan dagaşyp başladylar. Olaryň hiç birem Ruhy batyr bilen Enehakydanyň deňine gelip, olar bilen hoşlaşyp geçmäni unutmady.
Iiçäk bolup galanlaryndan soň bir zat soramakçy bolýan ýaly Ruhy batyr Enehakydanyň ýüzüne seretdi. Ýöne, hiç zat aýdyp bilmedi. Ouň ýüzüniň gyzaranyny, boýun damarlarynyň göm-gök oklaw ýaly galanyny bolsa Enehakyda garaňkyda saýgarmady. Çünki, otlaryň hemmesiniň öçüriilendigi sebäpli daö-töweregi gorkunç gara tümlik, gum gerişleriniň arasyny elhenç ümsümlik gurşap alypdy. Diňe dury sowuk asmanyň ýüzündäki dyngysyz lowurdaşýan patrak deý ak ýyldyzlar bu iki ýaş juwana guwanýan ýaly, şadyýanlyk bilen biri-birlerine birsyhly göz gypyşdylar durdylar.
Esli wagta çeken dymyşlykdan soň, Ruhy batyr sessiz-üýnsiz elini Enehakydanyň bolýan öýüne tarap uzatdy. Bu onuň: «Ýör, men seni ugradaýyn”, diýdigidi. Bir giden leşgeriň öňünde ejizlemeýän batyr ýigit bu gezegem öz söýgüsiniň öňünde öz duýgusy barada sözlärden ejiz geldi.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 67 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 somet   [Mowzuga geç]
"Ruhy batyr we Enehakyda", ine turkmeniñ hakyky gerçegi we zenany şeýle bolmalydyr. 140- ýyl mundan ozalky turkmenleriñ arasy köp wagt geçmedigem bolsa, hazirkiler bn deñeşdirseñ dag bn deñiz ýaly boldymyka diýýän.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: