09:15
Syrly toslamalaryñ pidalary -4: Boýun almagyñ düşen gymmaty
▶ 4: "BOÝUN ALMAGYÑ" DÜŞEN GYMMATY

DSU-nyñ, Içeri Işler Halk Komissarlygynyñ hem-de Döwlet Howpsuzlyk Komitetiniñ jaýlarynyñ öñünde bolup geçýän elhençlikler barada ençeme eserler ýazylypdy. Öz borjuna, eden kasamyna dönüklik edip, garşydaş duşmanlaryñ tarapyna geçen çekistler barada-da diýseñ gyzykly kitaplar ýazylypdy. Olardan başga-da, ady tutulan şol organlaryñ ähtiýalan, doñýürek, dini-imany ýada salmaýan demir penjeli derñewçileri barada gürrüñ berlip, olaryñ gylyjyndan gan damýan diktatoryñ gullugyba häzir bolup durandygy hakda döredilýän eserleriñ kerweniniñ häzirki wagtda hem yzy üzülenok. DHK-nyñ işgärleri hem-de ol ugurdan ozal işlän adamlar hakda ähli ýurtlaryñ ýazyjylary, žurnalistleri, syýasatçylary, hatda hudožnikleri depe saçyñy üýşürip biljek eserler döredýärler. Olar barada ençeme iniñi düýrükdirýän çeper, dokumental filmleri surata düşürýärler. Radio, telewideniýe hem, göýä diýersiñ, durmuşda bolýan aýylgançlyklary beýan etmekde kem galyp barýan ýaly adamlaray hopukdyryjy gepleşikleri gaýgyrman berýärler. Bu zatlara kesesinden syn edeniñde wagtal-wagtal: "Saklanyñ, siz kimi masgaralaýarsyñyz?!" diýip gygyryberesiñ gelýärdi.
Bu zatlar barada gürrüñ bermek bilen meniñ haýsam bolsa bir adama nägilelik bildirmek ýa-da bir adamy aýyplamak niýetim ýok. Ýöne 13 tomdan ybarat bolan materiallary üns berip setirme-setir okap çykanymdan soñ özümde dörän duýgulary, pikirleri beýan edesim gelýär. Edebiýatçy we taryhçy bolanym üçin men wakalary bolşy ýaly obýektiw beýan etmäge çalşaryn, sebäbi dokumental faktlaryñ güýji, täsiri meniñ ýazyjylyk duýgymdan rüstem çykarmyka diýýärin. Ýagdaý şeýle bolsa-da, meniñ ýazyjylyk duýgymyñ kä halatlarda ýylp edip ýüze çykmagam ahmaldyr.Türkmenistan SSR-niñ DHK-nyñ arhiwi bilen Hruşýow döwründe aralaşan "maýylganlykda" ilkinji gezek iş salşypdym. Men şol wagtlar türkmen razwedkaçysy Aga Berdiýew barada dokumental powest ýazmak üçin material toplaýardym. Aradan esli wagt geçenden soñ powest çekistler barada ýazylan üç sany kitaba öwrülipdi. Ol kitaplar SSSR-iñ Döwlet Howpsuzlygy Komitetiniñ geçiren konkursynda baýrakly orna eýe bolupdy. Soñra romanlar ("Säherdäki salgymlar", "Sary dominionyñ kölegeleri", "Tepbedi okalanlar", "Jahanda uruş barýarka") köp dillerde, şol sanda daşary ýurt dillerinde hem çap edilipdi.
Ýazylan zat bozulmaýar. Kagyza ýazylan her bir söz çapylyp daşyñ ýüzüne ýazylan ýaly uzak ýyllara gidýär.
Totalitar düzgün höküm sürüp başlan döwründe organlaryñ derñew işgärleri başga bir jemgyýetde, başga bir düzgünde ýaşan adamlaryñ ozalky ötüren ömürlerinde eden işlerini dörjeläp, olara jenaýatçylykly aýyplary ýüklän bolsalar, durmuş bilen deñ gadam urmagy başarýan ýazyjylar ýada döredijilik äleminiñ beýleki wekilleri şol derñewçileriñ eden-etdilikleri barada eserler döretmeli dälmişmi? Ol eserler häzirki döwlet gurluşugynyñ düzgünine bap gelenok diýip olary ýaýratmakdan howatyr edilse, onda "durgunlyk" döwri at berlen döwürde dörän, biziñ buýsanç bilen ýatlaýan eserlerimiziñ ählisiniñ üstüne gum süräýmeli diýildigi bolmaýarmy? Eger biz öz pajygaly geçmişi ýatlap durmasak, onda biziñ olaryñ ugur-ýolunyñ bir pele düzgün edilendigini, ýagny olaryñ ählisiniñ bir körükden çykandygyny ýadymyzdan çykardygymyz bolmaýarmy näme? Eger biz geçmişimiziñ garañky böwründe bolan elhençlikler, masgaraçylykly öwrümler barada söhbet açman, diñe täze nesli taýýarlamak, ösdürmek ugrunda işler alyp barsak, onda geçmişde bolan şol elhençligiñ geljekde hem gaýtalanmagy ahmaldyr.Geçmişi ýatdan çykarmak bolmaz. Onuñ salan ýaralary diñe bir diri galan adamlara yza berip durman, eýsem bütin jemgyýetiñ teninde jerhet baglap durandyr. Durmuşуñ üýtgеwsiz durаn bir zаt däl-dе, оnuñ mуdama hеreketdedigi, üýtgäр durýаndygy - dünýе döräli bäri aýdуlyp gеlinýän hаkykat. Ýаgdaý şеýle bоlansoñ, öz рikirini üýtgеdýän adаmlary hеm kötеkläp durmаk gеrek dälmikä diýýärin. Diñе ulу аgyr dаşyñ aşаgyndan suw akуp gеçmeýär. Galаn ýеrlerde nähili hеm bоlsa, bir özgеriş bоlýar. Тäze аçyşlar, täzе düşünjе, dünýä täzеçe göz ýеtirmek adаmyñ öñki рikirine düýbündеn gаrşy çykmаgyna sеbäp bоlar аhyryn. Вiz ýаñy-ýаkynda-da dinе gаrşy çykýаrdyk, оnuñ öñ ýаnynda "hаlk duşmаnlaryny" nälеtleýärdik, "duşmаnlary" pаş еdýän "ýiti gözlülеri" tаryplaýardyk. Stаline Allаtagala ynаnan ýаly уnanýardyk, оl ölеnde ahуrzаman gоparmyka diýiр рikir еdýärdik... Вiziñ оlar bаrada bеýnimize dуngysyz dуkalanýan rеsmi zаtlardan bаşga, hеý bilýän zadуmyz bаrmydy? Вiziñ köрümiz şоl аýdylan rеsmi zatlаrdan bаşga zаt bаrdyr öýdüр рikir hеm etmеýärdik...Öñki gеzek аrhiwe ýüz tutаnymdan sоñ arаdan еsli wаgt gеçirip, henize çenli gizlinlikde saklanylýan аrhiwe ýüz tutmаly bоldum. Вu gezеk wеlin mеni аrhiwe goýbеrmediler. Оl ýеrde işlеýänler könе tаnşym bрlany üçin dоkumentler esаsynda birnäçе sрrawkalar ýаzyldy, оl sрrawkalar еnçeme ellеrden, ençеme gözlеrden gеçdi. Ahyryn hem maña meniñ işim üçin derwaýys gerek dokumentler berilýän, DHK-nyñ haýsydyr bir çinowniginiñ tanyşmak mümkinçiligi bar diýip hasap edýän dokumentleri berildi. Bu ýagdaý, elbetde, meni kemsidipdi, mertebämi peseldipdi, ýöne biz "döwlet bähbidi göz öñünde tutulýar" diýlen mahalynda öz bähbidimiziñ mañlaýyndan bat bilen itekläp, kalbymyzda dörän öýke-kinäni ýuwutmaga endik edipdik. Şeýle terbiýe islesek islemesek biziñ gursagymyza dykalanyp salnypdy. Hakyna seretseñ welin, üstünden ýarym asyrdanam gowrak wagt geçen materiallary şu döwürde gizlin saklap ýörmegiñ nämä geregi barka?Bu ýagdaý uzaga çekmeli däldi. Biziñ halkymyzyñ şatlykly hem-de gam-gussaly geçiren döwrüniñ her ädiminj beýan edýän materiallary gujagyna gysyp oturan arhiw ahyryn dil açmalydy. Ýogsa bolan wakalary bolşy ýaly takyk beýan etmek asla mümkin däl ahyryn.
1992-nji ýylyñ 27-nji maýynda Arkadiý Waksberg "Литературная газета"-da:
"Eger şol döwrüñ çekistleriniñ mirasdarlary hem-de olaryñ işlerini dowam edijiler Otuz ýedinji ýylda (ýyl bu ýerde umumylaşdyrylyp alynýar) bolan hakykata doly göz ýetirip, onda hereket eden ganhorlar bilen bigünäleri aýyl-saýyl etjek bolsalar, onda şol ýyllaryñ ähli dokumentleri bütin aýdyñlygy bilen olara aýan edilmelidir. Ýogsa ol döwrüñ ähli organ işgärleri islesek-islemesek, biziñ añymyzda diñe ganhorlar hökmünde yz galdyrarlar" diýip ýazypdy...
Türkmenistanyñ Garaşsyz döwlet diýip jar edilmegi biziñ añymyzda täze pikir döredip, geçmiş barada täzeçe pikir ýöretmegi talap edýär. Täzeçe pikir ýöretmek diýmek köneçe pikirlenmegi unutmak diýmekdir.
Türkmenistanda geçirilen milli bölünişik ýerli halkyñ umydyny ödemändi. Ozal aýdylyp geçilişi ýaly, XX asyryñ başlarynda Türkiýe (Osmanly döwleti) Orsyýet tarapyndan ezilýän türki halklaryñ hemaýat gözläp ymtylýan ýerine öwrülen bolsa, ol ýagdaý asyryñ aýagynda hem gaýtalanypdy: Türkiýe ýene-de ozalky SSSR-iñ sostawyndaky Orta Aziýa halklary üçin nusga alarlyk derejede belende galypdy.
Türkiýä ymtylmak ideýasy patyşa Russiýasy döwründe-de, sowetler döwründe-de elhenç jezalara duçar edilipdi. Indi bolsa onuñ ýaly ideýada hiç hili jenaýatyñ ýokdugy aýan boldy. Dogrudanam, onda nähili jenaýat bolup biler? Türk halky asly bir dogan hasap edilýär. Ata-babalarymyz "Donuñ täzesi gowy, dostuñ könesi" diýip aýdypdyrlar ahyryn.
Täze düşünje, täze pikir mundan ozal ýedi möhür basylan materiallary döwüñ jany ýaly edip saklaýan arhiwe bolan garaýşy hem üýtgetmelidi. Sebäbi hasabatlar üçin alnan bölejik materiallar ýa-da bolmasa, sykylyp şiresi ýuwulan sprawkalar esasynda hakykat çuñlugynda bolan wakalara göz ýetirmek asla mümkin däldi.Ine, bu gün Türkmenistanyñ Howpsuzlyk Komitetiniñ (häzirki Milli Howpsuzlyk Ministrligi) dokumentleriniñ asyl nusgasy meniñ ygtyýaryma berlipdi. Ençeme tomlarda saklanan dokumentlere göz gezdireniñde bir wagtlar olaryñ düýpli redaktirlenendigi mälim bolup durdy. Emma näçe düýpli redaktirlense-de, derñew işini alyp barýanlaryñ hakykatdan, adalatlylykdan örän uzakdadygyny welin hiç hili redaksiýa syryp-süpürip aýryp bilmändi. Temeni haltada gizläp bolmaz diýip hak aýdypdyrlar. Derñew işini alyp barýanlar sorag edenlerinde düzýän protokollaryny haçanam bolsa, bir wagt "Keseki gözler" okar diýip pikir etmedik bolsalar gerek. Eger şeýle pikir olaryñ kellesine gelen bolsa, onda protokoly beýle düzmezdiler.
Berdiýewleriñ "öz günälerini" boýun alýandygy, esasanam Kakajanyñ boýun alandygy baradaky maglumat meni öz erkime goýmaýardy. Onuñ añyrsynda syrly bir zat bar ýaly bolup durdy... Aslynda hiç ýerde bolmadyk gurama gatnaşandyhy onuñ boýun almagy akla sygar ýaly zat däldi. Munuñ özi hiç bir sebäpsiz meýletinlik bilen öz boýnuña özüñ ölüm syrtmagyny salan bilen des-deñ ahyryn. Belki, Berdiýewler bilen derñew işini alyp barýanyñ arasynda bir gara bir gara diýen ýaly "söwda" bolup, onda goýlan "baha" ilki Berdiýewleri kanagatlandyryp, soñra bolsa, aldaw toruna düşendiklerini bilip, öñki beren görkezmelerinden aýgytly görnüşde boýun towlandyrlar. Belki, şol "söwdada" iki tarap üçinem amatly syrly bir bardyr? Belki, Bekkiniñ sorag mahaly aýdan: "käbir adamlaryñ aralarynda edilýän gürrüñlere salgylansañ... onda rewolýusiýa garşy gurama bar diýip aýdyp boljak" diýip, gümürtik jogap bermegi hen şol ýerde bir syryñ bardygy sebäpli bolmagy ahmaldyr.
Onsoñam tussag edilen adamyñ kysmaty derñew işini alyp barýan adamyñ elinde bolany sebäpli tötänden başyña düşen elhenç jezalardan sypmak üçin derñewçi bilen aç-açan gürleşilip, erkinlige çykmagyñ bahasy kesilýän bolmagam mümkindi. Ýöne olar ýaly gürrüñler protokola ýazylýarmy näme. Gözleriniñ ody alnan adamlar özleriniñ günäleriniñ ýokdugyna gözleri ýetip dursa-da, mañlaýlaryna "günäkär" diýen tagmanyñ basylmagyndan heder edip, ýalan wadalara ynanyp, derñew işini alyo barýan adam nähili ýol salgy berse, şol ýoldan hem ýöreýärdiler. Elbetde, olar daşlaryna tor gurýan zäherli möýler bilen iş salyşýandyklaryny ilki bada bilmeýärdiler. Şonuñ ýaly ýagdaý ýaş harby žurnalist Süleýman Tureýew bilen hem bolan bolmagy ahmaldy. Ol ilkinji sorag edilende K.Berdiýewiñ aýdanlaryna salgylanyp, Bekki Berdiýewiñ sowetlere garşy guramanyñ hatarynda bolandygyny aýdypdy. Soñ ýanynds bolan soragda bolsa, şol öñki sorag eden hyjuwly Lewşine: "Meniñ öñki beren maglumatlarymy ýalan diýip hasap etmeli, sebäbi K.Berdiýew ol barada hiç zat aýtmandy. Men ol sözleri derñew alyp barýan maña iñ ýokary jeza - ölüm jezasy beriljekdigini aýdanyndan soñ, akyl-paýhasyma erk edip bilmänim sebäpli aýtdym. Eger siz meni rewolýusiýa garşy göreşýän adam hasap edýän bolsañyz, size maglumat bermekden boýun towlaýaryn"[1] diýipdi. Düşnüksiz zatlar näçe diýseñ bar. Näme üçin Öwezbaýewden, Böriýewden we başga birnäçeden edilen soraglar akgynly gidýär-de, Berdiýewlerden edilen soraglarda häli-şindi garaşylmadyk wakalar ýüze çykyp, bir eýläk çekilýär, birem beýläk çekilýär? Şewki Bektöre bilen Kakajan ýüzleşdirilip sorag edilen mahalynda ol: "ýagdaýym örän ýaramaz bolandygy sebäpli akyl-huşum ýerinde däldi" diýýärdi. Şol wagt Kakajana täsiri uly güýçli derman berlipmi ýa-da täsiri ondanam güýçli başga bir usul ulanylypmy ol belli däldi. Ýöne onuñ: "Ýagdaýym örän ýaramaz bolanlygy sebäpli akyl-huşum ýerinde däldi" diýeni welin bellidi.[2] Aradan uzak hem agyr ýyllar geçenden soñ Kakajan Berdiýew möhletini dolduryp 1949-njy ýylda dolanyp gelipdi, ýöne şonda-da ýerli organlar tarapyndan häli-şindi çagyrylýardy, soraglar edilýärdi, umuman, onuñ çekeleşigi ýetýärdi. Şonda ol öz döwründe haý-haýy dag aşan "TA" guramanyñ bolandygyny inkär edipdi. Soñra bolsa, hut özüne we hiç bir günäsi bolmadyk ýoldaşlaryna töhmet atandygyna ökünýärdi. Şeýle ýagdaýyñ ýüze çykmagyna nämäniñ sebäp bolandygyny aýdanda: "Akyl-huşum başdan uçup, telbelik katdyna ýeten wagtym aýdan zatlarym hakykata bap gelýän zatlar däldi"[3] diýýärdi.
Ol döwürde, ýagny 1949-njy ýylda Stalin diridi, döwleti onuñ sütemkär dikmeleri dolandyrýardy. Ýagdaý şeýle bolansoñ K.Berdiýew bir wagtlar özünden sorag edilende özüne garşy ulanylan usullar barada hiç zat aýtmandyr, eger aýdanam bolsa, ol aýdylan zatlar protokola girizilmändir... Derñew işlerini geçirilýän wagtda ony uran bolmaklaram, aç-suwsuz saklan bolmaklaram, akyl-huşuny üýtgedýän däri-dermanlar ulanan bolmaklaram ahmaldy, ýöne ol belli däldi.Alnyp barylan derñew işiniñ ýene bir häsiýetli tarapy bar. Ähli dokumentler rus dilinde alnyp barlypdyr. Berlen birnäçe maglumatlar, düşündirişler bolsa türkmen dilinde beýan edilip, arap elipbiýinde ýazylypdyr. Ol döwürde derñew işlerini alyp barýanlaryñ arasynda türkmen dilini bilýän ýekeje-de adam bolmansoñ, ol dokumentler terjjme edilende asyl nusgasynyñ ähli öwüşginleriniñ berlip bolunmajagy düşnükli bolsa gerek. Dokumentleriñ hemmesi diýen ýaly maşynkadan geçirilipdir. Diñe alnyp barylýan derñew işine garşy bolan görkezmeler gol bilen ýazylyşy ýaly galdyrylypdyr. Iş bilen tanşylan wagtda diñe maşynkadan geçirilen zatlar okalyp, golýazmalar ol diýen üns berilmändigini anyklamak kyn däldi. Sebäbi ol görkezmeler galagop adamyñ bulam-bujar erbet poçerkde saralyp giden kagyza galam bilen ýazan zatlarydy. Gözüne agram salyp olary okajak bolan adam boldumyka berin. Dokumentlerden mälim bolşuna görä, Berdiýewler derñew işini alyp barýanlaryñ eden umydyny ödemändirler. Onsoñ derñew işleri olaryñ garşysyna "esasy aýyplaýjyny" çykarmaly boldular. Ol aýyplaýja Şewki Bektöre diýilýärdi, ol säwlik bilen Türkmenistana düşen Türkiýäniñ graždanydy. Ol hem "Türkmen Azatlygy" boýunça alnyp barylýan iş esasynda tussag edilen adamlaryñ biridi.
__________________________
[1] Şol ýerde, t 3, sah 397;
[2] Şol ýerde, t 3, sah 214;
[3] Şol ýerde, t 2, sah 64.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 64 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Rahym Esenow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: