08:17
Jöwzaly gyş -9: Galanyñ synmagy / soñy
Söz berşi ýaly, şol günüň ertesi, Skobelew Hajymyrady kabul etdi. Özi üçin ýörite gurlan gara öýüň töründäki tegelek, kiçeňräk stoluň aňyrsynda aýaklaryny biri-biriniň üstüne atyp oturşyna, terjimeçi arkaly galanyň içinde soňky günlerde nämeleriň bolup geçendigi barada sorady. Ýarasynyň berýän yzasyndan ýaňa ýüzüni çytyp oturşyna Hajymyrat:
─ Siziň bilen gepleşik geçiren günüm bolan maslahatda hanlar, işanlar iň soňuna çenli söweşmekligi karar etdiler. Olar siz gala girmäge milt edip bilmersiňiz öýtdüler. Çozsalar öz ajallaryna el buladyklary bolar, barysyny gyrarys, diýdiler. Şol pursatdan başlap ýekeje adamam galadan çykarylmady. – diýdi.

Genеral sаkgalyny sуpalap, gаşlaryny gеrdi.
─ Nämе, öň galаdan çykуp gidеnlerem bоldumy?
─ Bоldy. – Hаjymyrat аz-kem dуmdy. Вöwrüni diňlеdi. – Dоgrusy gаlanyň gаbawsyz tarapуndan girim-çykуm hеmişe-de bоlýardy. Hеr kim bir iş ýа tаbşyryk bilеn gidýärdi, gеlýärdi, ýönе, sоňky günlеrde bаrjamly, ulaglаry gurаt adаmlar özlеri gаýdyp gelmеkligi wаda bеrip, mаşgalalaryny, emläklеrini gumа göçüriр bаşladylar.
─ Dоlanyp gеldilermi?
─ Ýоk, gеlmediler. Sеbäbi, gijеki çоzuşlaryň iň sоňkusynda uçursyz köр ýitgi çеkildi. Diňе Marуdan gelеn kömеkçilerden iki ýüz аdam öldi. Şоndan sоň adаmlaryň ýеňşe bolаn ynаmlary gаçdy. Dürli bahаnalar bilеn gidýänlеriň lapуny kеç еtdi. Şоnuň üçinеm, şоl günki maslаhatdan sоň hiç kimi gаladan goýbеrmediler. Galаnyň diwаry ýаrylandan sоň wеlin bu olаra bаşartmady. Çаga-çugа, aýаl-ebtаt bilеn bilеlikde gоraýjylaryňam aglаbasy, dеmirgazyk dеrwezä tarаp bоşdy. Gädilеn diwаr ugrundаky söwеş gаzaply bоldy. Dört häkimiň biri Hеzretguly hаnyň bir аýagy şоl ýеrde ýоlundy. Orаzmämmet hаn, Hanmämmmеt atalуk ýаly bаşdanaýak uruşmаzlygyň tarаpdary bоlan аdamlaram şоl ýerdе ýоgaldylar. Dykmа serdarуň oglу Akbеrdi hanаm şоl ýеrde wеpat bоldy.
─ A Dykma serdaryň özi?
─ Ony men bilemok. Sebäbi, soňky wakalardan men bihabar.
─ Näme üçin gaçmadyň? Ýa meniň düýnki beren sözüm üçin galdyňmy?
─ Ýok, gaçara ýagdaýym nolmady. Çünki, men ýumrulan diwar ugrundaky söweşde ýaralandym. Şeýle-de bolsa, köpçülige galadan çykyp gitmäne maý bermek üçin, özüm ýaly ýigitler bilen gädigi goradym. Soňabaka ýagdaýym has agyrlaşdy. Bukyrak bir ýerde gizlenäýmekden başga alaç galmady. Soldatlara görnen bolsam atardylar. – Hajymyrat azajyk ikirjiňlendi. – Elbetde, siziň beren wadaňyzam ýadymda...
─ Tekeler nirä ýygnanarlar öýdýäň?
─ Megerem, «Ilek» guýusyna ýygnansalar gerek?
─ Näme üçin?
─ Ol ýerde ýeterlik agyz suwy bar. Onsoňam...
─ Howwa?..
─ Onsoňam ol ýerde Ruhy batyr barmyşyn.
─ Guşly batyrmy?
─ Howwa. Elbetde, ol bir ýerde uzak eglenýän däldir, ýöne, iň bolmanda häzirlikçe-hä şol ýerdemişin. Halk oňa öz hossary hökmünde garaýar.
─ Sen näme üçin maňa onuň salgysyny berýäň?
─ Sebäbi, indi uruş gutardy.
─ Sen nähili pikir edýäň, ol halky täzeden aýaga galdyryp bilermi?
─ Biler, eger-de halk islese.
─ Halk islärmi?
─ Ýok.
─ Näme üçin?
─ Ol ysgyndan gaçdy. Halys egbarlady.
─ Egerde halk islese, Ruhy batyram olary aýaga galdyrsa, senem olara goşularmyň?
─ Goşulmaly bolaryn. Sebäbi, bu meniň bojum. Men öz ykbalymy halkyň ykbalyndan aýra tutup bilmen.
─ Sen nähili pikir edýäň, türkmen halky ruslary ýigrenermi?
─ Elbetde. Bu gyrgynçylyk türkmenleriň aňyndan bäri-bärde çykmaz.
─ Sen örän batyr ýigit, Hajymyrat. Umuman, türkmenleriň hemmesem batyr. Hormata mynasyp halk. – Skobelew az-kem dymdy. – Türkmenler ýesir alnan maşgalalarynyň yzyndan gelerlermi?
─ Gelerler. Öz maşgalasy üçin türkmen özüni dowzaha urmalam bolsa urar.
─ Boýunam bolarmy?
─ Bolar.
─ Nädip bilýäň?
─ Sebäbi, indi başga ýol ýok... Ol ýeňildi. Utuldy. – Hajymyrat generala Hakyda mollanyň gurt hakyndaky hekaýatyny aýdyp berdi. – Gurt gapana düşdi. Ol indi syňragyndan sim geçirseňem ýüzüňe gaýrylyp bakmaz. Skobelew ajy ýylgyryp başyny ýaýkady.
─ Gör nähili ýowuz hakykat.
─ Ýöne, ruhy taýdan, ol hiç haçan hiç kime boýun bolmaz.
Aňynyň aňyrsynda bir ýerde ekinlige bolan islegini hemişelik saklar.
Skobelew tekeler Tejende ýa Maryda, iň bolmanda gum içindäki guýularyň birinde ýygnanarlar, özlerini dürsäbem garşylygy gaýtalarlar öýdüpdi. Hajymyrat bolsa, «garşylyk bolmaz» diýip, diýseň, ynamly gürleýär.
Şol wagt ýene bir türkmeniň lagere gelendigini habar berdiler.
General kesgitli gürledi.
─ Getiriň.
Goňrumtyl selçeň sakgally, solgun ýüzi menek-menek, keselbentdigi daşyndanam bildirip duran, elli ýaşlaryndaky hortaň bir kişini alyp geldiler. Ol yzyny üzmän üsgürýär. Skobelew onam Hajymyradyň ýanynda oturtdy.
─ Adyň näme?
«Has-has» edip, iki çigninden dem alyp oturan ýaşuly ilk-ä generalyň, soňam näme üçindir Hajymyradyň ýüzüne seretdi.
─ Adym Öwezdurdy. Öwezdurdy han... – Üsgürmekden ýaňa sesi gyrylandygy sebäpli ol her sözünde diýen ýaly uzyn-uzyn ardynjyramaly bolýar. Üstesine-de aljyraýar. – Men öz gyňyr tirämiziň baştutany... Üh-he, üh-he... Häzir däl, öň. Ýarawsyzlygym zerarly Dykma serdar meň ýerime bogaja tiresinden Mämmetguly hany belledi.
─ Sen şol mesele boýunça geldiňmi?
─ Ýok, men muny maglumat üçin aýdýan. – Gelmegimiň sebäbi... – Ýaşulynyň indiki sözi Hajymyradyň ýap-ýaňyja aýdan sözüni tassyklady.
Bogajalaryň köpüsi gumda oturardy. Ýöne obada oturýanlaram bar. Bosan wagty olaryň obada oturýan bölegem gumdaky garyndaşlarynyň üstüne bardy. Biziň gyňyrlarymyzam şol ýere bardylar. Indi şolaryň ikisem maşgalalaryny alyp öz obalaryna dolanyp barmagy isleýärler. Men ine, şolaryň şol haýyşyny size ýetirmek üçin geldim.
─ Bu olaryň öz isleglerimi?
─ Howwa. Hemmesi üýşüp maslahat etdiler-de, meni siziň ýanyňyza iberdiler. Men şuny sizden uly towakga edýärin.
─ Näme üçin olar seň ýeriňe saýlanan täze hanlaryny däl-de, seni iberdiler.
─ Sebäbi indi Mämmetguly han ýok. Ol öldi. Entek galadakak ýogaldy.
─ Ol diýýän adamlaryňyz häzir nirede?
─ Aşgabat bilen «Ýegen gazak» guýusynyň aralygyndaky gyşlagymyzda. Birleşen atly ýigitlerimiz bolsa Bogaja guýusynda bolmaly. Olar Gökdepeden demirgazyk tarapda ýerleşýän «Ýerbent», «Mämmetýar ýanyk», «Gutly aýak» guýularyndaky talaňçylardan goraýarlar.
─ Bogaja guýusy nirede?
─ Gökdepeden demirgazyga tarap eşeklä ýarym günlik ýol.
─ Talaňçylyk edýänler kimler?
─ Sallatlar... – Öwezdurdy han aýtmasyz sözi aýdandygyny duýup sesini «tapba» kesdi. Ardynjyrady. Üsgünjiredi. – Parslar, kürtlerem häli-şindi bizar edip durlar...
General onuň ýagdaýyna düşündi. Şonuň üçinem, ýeňijiniň dabaraly görnüşi bilen diýseň parahat gürledi.
─ Arkaýyn boluň, soldatlar mundan buýana siziň mallaryňyzy talamazlar. Parslardyr, kürtlere-de talatmazlar. Sebäbi, o mallar indi olaryň özleriniňki. Öz baýlyklary. Onuň Aly Hezretleri Beýik Imperatoryň hazynasyna degişli. Mundan buýana siziň mallaryňyzam, özüňizem, mülküňizem, ýurduňyzam şoňa degişli.
Bu sözleriň aňyrsynda nämeleriň ýatandygyna Hajymyradam, öwezdurdy hanam örän gowy düşündi. Çünki, bu gulçulyga düşülendiginiň, erk-ygtyýaryň elden giderilendiginiň alamatydy. Ýöne, hiç haýsy sesini çykaryp bilmedi. Sebäbi, olar ol wagt baknalygyň başlanandygy baradaky hakykat bilen ýüzbe-ýüz durdylar.
Myhmanlarynyň içinde gopýan harasadyň näderejededigine gözi ýetip duran general Öwezdurdy hana:
─ Siziň haýyşyňyzy kanagatlandyrarys. Obadaşlaryňa aýt, arkaýyn gelibersinler. Biz olara öňki mülklerinde ornaşmaga rugsat bereris. Geljek diýseler – gumlularyňya-da rugsat bereris. Ýer-suwam bereris. – Ol Hajymyrada tarap baş atdy. – Bu ýigit gidenleriň hemmesi öz maşgalalarynyň yzyndan gelerler, diýýä. Sen şony tassyklap bilermiň.
Hälki agzyndan sypan söz üçin gep eşitmekden geçen gaýtam özüne sala salynýandygyna begenmekden ýaňa Öwezdurdy han arkan-ýüzün gaýyşdy.
─ Bilerin! Tassyklap bilerin. Sebäbi, olar eýýäm siziň rugsadyňyza garaşyp otyrlar. Çünki, tomus ýetip gelýär. Jöwza düşse onça adam gumda saklanyp bilmez. Maryda bolsa artykmaç ýerem ýok, suwam.
─ Hanlar, serdarlar, işan-mollalaram şolaryň arasyndamy?
─ Ýok. Olar gaçdylar. Gizlendiler. Haýsysynyň nirededigini bilýän ýok. Dykma serdaryň, Orazmämmet han, Gurbanmyrat işan dagy bilen Mara giden bolmagy mümkin. Çünki galadan çykjak wagty onuň şeý diýenini eşiden adamlar bar.
Şonuň bilen sorag-jogap tamamlandy.
Haýyşy bitirilen Öwezdurdy han ýerinden ýeňillik bilen gopdy we generala köp-köp minnetdarlyk bildirdi. Haýal etmänem, obadaşlaryny hoş habar bilen begendirmek üçin ýola düşdi.
Skobelewiň tabşyrygy boýunça Hajymyrat sanitar bölümine eltdiler. Düýnki daňysyny täzeletdiler we gowy gutulandan soň islän ugruna gidip biljekdigini aýtdylar.

Howul-hara gaçmak bilen, tekeler öýlerindäki we tümlerindäki zatlaryň ählisini diýen ýaly taşlap gitdiler. On iki müňdir diýlip çaklanylan gara öýleriň hersinden üç-dört çuwal däni duşmana olja düşdi. Her çuwaldaky dänäniň agramy ýedi-dokuz put. Şeýle-de, künji, un, jöwen, saman, haly, palas, keçe, şaý-sep, ýüň, ýüpek, matam dokma enjamlary, oba hojalyk gurallary, gazan, tagan, gap-çanak, ýüňden, ýüpekden dokalan haltalar, çuwallar taşlanyp gidildy. Ýarag az. Gabaw döwri huruşlyk üçin soýlandygy sebäpli iri şahly mallar az. Ýük urlup ýa münülip gidilen bolmaly, at, düýe ondanam az. Alynan ähli olja alty million çiwe diýlip hasaplanyldy.
Şu zatlaryň barysy resmi suratda ýeňijiniň hukugy oljasy diýlip yglan edildi.
Un we saman goşuna paýlandy. Bugdaşyň hem un bilen birlikde alty müň adama bir at oňňut bolarlyk mukdary goşun intendantynyň haýryna geçirildi. Galan bugdaý we jöwen öňki ýerlerine gaýdyp geljeklariň has garybyraklaryna ekin ekmek üçin paýlap bermeli edildi.
Hajymyrat Öwezdurdy han bilen bolan gürrüňçilikden soň, Skobelew galanyň günbatar çetine, hüjüm wagty Gaýdarowyň kolonnasynyň harby hereketleri alyp baran ýerineaýlanyp gördi. Şol ýerler hem, galanyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly adam maslyklaryndan ýaňa leýs bolup ýatyrdy.
Skobelew 1879-njy ýylyň 28-nji awgust güni general Lomokiniň ýolbaşçylygynda ors goşunlarynyň hereket eden ýerine hem aýlanyp gördi. Ondan soň gala dolandy we özüne şeýlekin şöhratly ýeňşi bagş edendigi üçin, Biribara mynajat etdi. Geçen hem şu gezekki uruşda wepat bolan soldatlaryň ruhlaryna bagyşlap doga okalyş dabarasyny gurnady.
Şol gün ol galanyň içinde öeňiş paradyny hem geçirdi. Ondan sow galadaky bäş ýüz sany pars ýesirlerine dumly-duşda pytraşyp ýatan, eýýäm ynjap ugran maslyklary ýere duwlamaklygy öz golastyndakylara tabşyrdy.
Ýokanç kesellerden goramak, şeýle-de porsap ýatan maslyklaryň ýüreklerini bulamazlygy üçin, Skobelew bu işe öz soldatlaryny çekmedi.
─ Ýöne, soldatlara berk sargaň, pars ýesirleri bilen özlerini oňşukly alyp barsynlar gödek daraşmasynlar, paýyş söz aýtmasynlar – diýip, ol öz ofiserlerine tabşyrdy. – Sähel zat üçin eýran döwleti bilen aramyza tow düşäýmesin. Mylakatdan gahara geçmek aňsat ýöne, gahardan mylakata geçmek kyndyr. Bir samsyk kişi guýa daş atar welin, on akylly bolubam çykaryp bilmezler.
Galanyň diwarlaryny ýykyp, gumuny pars ýesirleriniň üstüne ýükledi. Çünki, ýeňişden soň, onuň öňden bäri edip gelýän iň belent arzuwlarynyň biri.
Şondan soň has aýylganç zat; ýagny, dört günlik rugsatly talaňçylyk – Baranta yglan edildi. «Ýöne, aýal-gyzlara el garmaly däl. Namysyna degmeseň, bir boýun bolandan soň bu halk galan zadyňa çydar. Biz merdana hem batyr halk bilen iş salyşýarys». Bu, Skobelewiň öz soldatlaryna we ofiserlerine dilden beren görkezmesi.
Namysyna degilmese-de, talaňçylyk maksady bilen aýal-gyzlara jebir bary welin berildi. Olaryň gulakhalkalarynyň eti bilen, bilezikleriniň gollary bilen, ýüzükleriniň barmaklary bilen çapylyp alnan gezeklerem az bolmady.
Bu pajygaly işleriň soňy özboluşly baýramçylyga öwrüldi. Galanyň düýbünde bazar açyldy. Niredendir bir ýerlerden peýda bolan ermeniler haýdan-haý söwda başladylar. Soldatlar galadaky öýlerinden, tümlerinden tapan zatlaryny – halylaryny, şaý-sepleri geýim-gejimleri, gap-çanaklary daşadylar. Degerine-degmezine berip ýene-de yzlaryna ugradylar. Ýüz manada durýan halylary bäş-üç manada, käte bir manada, käte bolsa ýekeje bulgur araga çalşyp giden gezeklerem boldy. Hä diýmän olar ýene-de şolar ýaly gymmat bahaly harytlardan ýüklenip geldiler we ýene-de itiň mugtuna berip gitdiler.
Bu habar ýyldyrm çaltlygynda Ilek guýusynyň başyna ýygnan bosgunlara-da baryp ýetdi. Olara hossarlyk edip oturan Ruhy batyryň we onuň ýigitleriniň gazabyny joşdurdy. Olar haýal etmän, duşmana entek urşuň gutarmandygyny, ýeňiş toýuny toýlardan, Ahal topagynda beýle eden-etdilikli hereketlere başlardan irdigini, garşylygyň entek-entekler dowam etdiriljekdigini derhal duýdurmaklygy makul bildiler. Şol maksat bilenem, bazaryň ikinji güni öýlänaralar Ruhy batyr öz ýigitleri bilen galanyň günorta burçunda, düýbünden duýdansyz ýagdaýda peýda boldy we ur-tut, köpüsi serhoşlygyndanam açylybilmän, ýüzlerini agdarlan tezek ýaly edişip ýören elleri ýaragsyz talaňçy soldatlaryň üstüne döküldi.
Soldatlar birbada erbet aljyradylar. Söwdegär ermeniler bolsa zatlaryny taşlab-a gaçyp bilenoklar, goranmaga bolsa ýaraglaram ýok, oňa ukyplaram ýok. Ellerini gala tarap galgadyşyp bir zatlar diýýärler, o-da orsçamy ýa ermençemi, bilýän ýok. Arasynda ýarym-ýalta türküleýänlerem bar. Her niçik hem bolsa Ruhy batyryň ýigitleri esasan soldatlara hüjüm etdiler. Türkmen ýigitleriniň uly hyruç bilen salgaýan ýalaw ýaly gylyçlaryndan olar ýalaňaç elleri bilen goranjak bolýarlar, aýaklaryny gerýärler, dyzlaryna çöküp ýalbarýarlar.Egerde, galanyň demirgazyk burçunda gorag hökmünde goýlan sakçy soldatlar gelip ýetişmedik bolsalarm onda «bazarçylar» barysyny türkmen ýigitleriniň gylyçlaryndan geçiräýmekleri ahmaldy.
Ýigitler irbada sakçy soldatlar bilenem çaknyşyp aldylar. Şol wagt galanyň daşyna çoguşyp çykan ýesir aýal-gyzlaryň barysy birden:
─ Alla-a!.. Şol ýigide kuwwat ber! Oňa kömek et! Gylyjyny ötgür et! Musurmanyň nähak ganyny ýerde goýma-a!.. – diýşip, gygyryşdylar. Ýöne, aç garna bolabsoň bu dileg, bu nalyş juda assa hem ysgynsyzçykdy. Şonuň üçinem, onuň ýetmeli ýerine baryp ýetmedik bolmagy hem mümkin.
Galanyň ähli derwezelerinden çykyp, sakçylara kömege gelýän kazaklaryň sanynyň artmagy bilen türkmen ýigitleriniň gabawa düşäýmeginiň ahmallygyýüze çykdy. Şonuň üçinem Ruhy batyr ýigitlerine assa-ýuwaş yza çekilmegi buýurdy. Ýigitler onuň aýdyşy ýaly etdiler. Ýöne, ýüzleriniň ugruna ýene bir gezek bazara degip geçmekligi hem unutmadylar. Mugt düşen gymmat bahaly harytlaryny at goşulan paýtunlaryna ýükläp, eýýämhaçan nirädir bir ýana ugramakçy bolup duran ermeni söwdegärleriniň ikisini öldürdiler. Galanlary bilen tutaklaşyp durmana wagt bolmady. Duşmanyň gysyşy güýçlendi. Guşly batyryň ýigitleriniň biri ugramana hyýallanyp duran bir söwdegäriň ýanyna bardy-da, gylyjynyň ujy bilen paýtunynyň içindäki halylary görkezip:
─ Bulary eneň dokadymy? –şoňka alyp barýaňmy? – diýdi.
Söwdegär bir zatlar diýip, samradyd-a, gylyjyň hä diýmän öz depesinden inäýerinden howatyr edip, paýtunyň aşagyna sümüldi.
Şol wagtam Ruhy batyr guş uçurdy. Ýigitler duran-duran ýerlerinden gelen yzlaryna bakan at goýdular.
Ýigitleriň üç-dört sanysyna ýeňil-ýelpaý ýara düşdi diýäýmeseň, hiç-hili ýitgi çekmediler.
Ýesirler olaryň yzlaryndan garap galdylar, geleniň guşly batyrdygyny bilenlerinden soň-a hasam ekezlendiler. Kalplaryny umyt uçgunjyklary gaplap aldy. Şol gijäni olar: «Ruhy batyr ýeke däldir, entek Dykma serdar, Gurbanmyrat işan, Magtymguly han dagam guma siňen goşunlary jemleşip ýörendirler, işalla ine, indiki gezek şolaram Ruhy batyr bilen goşulyp gelerler welin, bu hanybaşgalar nirä girjeklerini bilmezler...» diýen ýaly umytlandyryjy, süýji arzuwlar bilen geçirdiler. Birek-birege göwünlik berdiler. «Ýene-de azajyk gaýrat etsek, biziňkiler yzymyzdan gelerler, hemmämizi halas ederler, obamyza äkiderler...» diýdiler.
Guşly batyryň bu hereketi, indi tekelerden gaýtawul bolmajakdygyna Hajymyratdyr Öwezdurdy han bilen bolan gürrüňçilikden soň berk ynanan Skobelewi serpmeden ýykylan ýaly etdi. Olaryň aýdyşlarynyň çyndygyna şübhe döretdi. Olaryň ikisinem tapdyryp, ýalan sözlänleri ýalňyş maglumat berendikleri has takygy aldandyklary üçin jezalandyrasy geldi. Ýöne, basym ol pälinden el çekdi. Bäş oýnam atlynyň turzan oýny üçin, ynamdar adamlara müňkürlik etmek bolmaz diýip, öz-özüne göwünlik berdi. Guşly batyr öňem halk bilen däldi, indiden soň-a halk oňa asylam goşulmaz, yzyna düşmez diýdi.
Ýöne, ätiýaç üçin galanyň daş-töweregini welin berkitdi. Sakçylaryň sanyny artdyrdy. Galadan ep-esli daşlykda gözegçilik nokatlaryny döretdi.
Şol zatlar bilen birlikde Baranta gutarandan soň, çapara girew saklanýan aýal-gyzlary, çagalary azyk bilen üpjün etmek meselesi hem ýüze çykdy, açlykdan, horlukdan ýaňa eňki agan  köpçüligiň arasynda kesel ýaratmak howpy hem döredi. Bu barada goşunyň baş wrajy Geýfelder haýal etmän Skobelew bilen gürleşdi. General onuň teklibini kabul etdi.
 Dogry aýdýaňyz, doktor. Bi bulara öz gazabymyzy, görkezdik, indi bolsa rehimdarlygymyzy, görkezmegimiz gerek.
Şeýlelikde, ol ýesirleri olaryň hut öz azyklary bilen iýmitlendirmek barada buýruk berdi. Şeýle hem goşunyň «gyzyl haç» bölüminde girew saklaýan aýal-gyzlaryň, çagalaryň, garry adamlaryň ýaralananlaryna sereder ýaly, ýörite bölüm açdyrdy.
Bu çäreler ähli türkmenleriň aňynda Skobelewiň   pikir edişi ýaly orslara bolan minnetdarlyk duýgularyny oýarmalydy we gaçyp gidenleriň öz maşgalalarynyň yzyndan basymrak dolanyp gelmeklerine ýardam etmelidi.
Diwr partladylan wagty Skobelewiň duran ýeri bolan «Welikoknýažesk» pozisiýasynyň ýaynda girew saklaýan türkmen maşgalalary üçin lager açyldy we olar ol ýerde erkin, ýöne gözegçilik astynda saklanmly edildi. Gala gidip azyk, odun, geýim-gejim getirmeklige rugsat berildi. Ýöne, olar o zatlary getirmekden birbada boýun towladylar. «Ertir başymyz alynjak bolnup durka zady başymyza ýapalymy», diýip, aglaşdylar.
Ýöne, «baş daşdan gaty» diýleni. Soldatlar-a olary öldürmediler, özlerem açlykdan ölesleri gelmedi. Şonuň üçinem, açylanyna üçünji gün diýlende lagerde hereket başlandy. Döwlet ganasyna we soldatlara gerek däl, diýlip hasap edilen zatlar, şol sanda iýmit hem aýallara geregiçe, ölçenmän berildi.
Asylam, ol wagt lagerdäki aýallaryň we çagalaryň takyk sanyny bilmek berilýän zatlary olaryň sanyna görä ölçemek mümkin  em däldi. O zatlary aýyl-saýyl edere eli boş adamam ýok. Soldatlaryäam, ofiserleriňem hersiniň öz aladasy özüne ýetik. Şonuň üçinem, öldürilmejekdiklerine gözi ýeten aýallar indi galadan göteribilen zatlaryny lagere alyp getirýärdiler. Skobelewiň pikiriçe, bu hem türkmenleriň ýüreginde orslara bolan söýgi döretmelidi. «Gör bular nähili ýüregi ýuka hem mähriban adamlar ekenler. Biziň hanlarymyz bolsa bular bilen uruşdylar, bizi nähak gyrgyna berdiler»  diýdirmelidi. Aýallaryna, çagalaryna garaşyk edilýändigini, Öwezdurdy han ýaly ýüz tutup göni barybilseň generalyň iç kimi  jezalandyrmaýandygyny günälerini geçip, her kimi öňki  obasyna goýberýändigini  eşidip, gaçgynlar günübirin yzlaryna dolanyp gelmelidiler. Minnetdarlyk bildirmelidiler. Düýn duşman hasaplap ýören adamlaryny indi özlerine hossar saýmalydylar.
15-nji ýanwar güni Arçmanly Durdymyrat diýen orta ýaşlaryndaky, daýanykly, bir adamyň galada peýda bolmagy, Skobelewiň  şol pikiriniň tassyknamasy ýaly bolup göründi.
 Biziň ýigrimi öýlümiz bar. Bize lükgämiz bilen öz obamyza barmaga rugsat edip. Ýogsam gyşdan çykybilmeris. Başga gidere ýerimiz bolsa ýok – diýip, Durdymyrat gelşi ýaly öz haýyşyny beýan etdi.
Skobelewiň jogaby nagt boldy.
 Bolýa!  Obaňyza baryň. Ekin ekiň. Hasyl alyň. Isledigiňizçe ýaşaň. Biz sizi gorag astyna alarys. Öňki ýaly Eýran tarapdanam, Hywa, Buhara tarapdanam size azat beren   bolmaz. Hiç kim siziň üstüňize alaman etmez. Ýöne, özüňizem şol zatlardan gaça duruň. Çünki, şu günden şeýläk siz Orsyýediň raýaty. Diniňiz, ygtykadyňyz, Allaňyz, pygamberiňiz bilen işimiz ýok. Siz diňe her ýylyk alan hasylyňyzdan hökümete salgyt tölemeli blarsyňyz. Orsyýediň kada-kanuny bilen ýaşamaly borsuňyz.
 Bor, baýar... – Durdymyrat üstünde özüni diýseň bisereşgen duýup oturan oturgyjyndan turdy – Men badaşlaryma şeý diýip aýdaryn. Olar muňa razy bolarlar.
 Sen özüň razymy şoňa? Meniň aýdanlarym bilen özüň bir ylalaşýaňmy?
 Ylalaşýan, baýar, ylalaşýan. Ikelläp ylalaşýan. Ylalaşýanam, razylaşýanam.
16- njy ýanwar güni soldatlar Skobelewiň ýanyna ýene-de üç sany türkmeni alyp geldiler. Olaryň ikisi teke, üçünjisi Hywaly söwdegär. Tekeleriň biri Aşgabatly ýaş ýigit, ikinjisi Pendi   ýolundaky  Gümmezliniň golaýynda ýaşaýan, ýaşy duruşan adam. Ady handurdy.
Öňi bilen beýlekilere görä birneme alçagrak hem çakgan görünýän söwdegär Skobelewe özi barada gysgaça maglumat berdi.
 Meň aslym Hywaly. Tagtabazara söwda geldim. Ol ýerdenem... – Ol «Gümmezliden» gelene tarap baş atdy. – Ol ýerdenem ine şoň bilen Ahala gaýtdym. Ol meniň myhman ýerim. Bu ýerde uruş bolanyndan ikimiziňem habarymyz ýok. Gelsek ýagdaý şular ýalyrak ekeni. Ýoda...  – Ol indi Annaberdä tarap baş atdy. – Ýolda-da ine şulara duşduk. Muň ady Annaberdi. Bular menden özleri bilen bu ýere bile gaýtmagymy haýyş etdiler. Her niçik hem bolsa Hywa Orsyýediň raýaty, belki seň bilen gowy gepleşerler diýdiler. Men gözüm bilen gördüm, halkyň ýagdaýy agyr. Rehim etmeseň bolar ýaly däl. Olar menden size şony ýetirmegimi haýyş etdiler. – Ol ellerini egnindüki Hywa donunyň ýeňine sokup durşuna Annaberdä tarap eňegini ülňedi.  – Galanynam ine, ýigidiň özi aýdar.
 Howwa, howwa, rehim etmeseňiz bolar ýaly däl. – diýip, Annaberdem  ony alyp göterdi. – Ýalan sözläp biljek däl, men özümem urşa gatnaşdym. Hüjüm güni galadan halk bile nbile çykyp gitdim. Ählisi garamaýak halkdan bolan atlylaryň köp bölegi häzir Maramy, Hywamy, nirä gitjeklerini bilmän, Ýerbent guýusynyň başynda goş basyp ýatyrlar.
 Ol ýerde hanlardan kimler bar?
 Hanlaryň birem ýok. Şonuň üçinem, halk meni iberdi. Näme etmelidiklerini sizden soramaklygymy haýyş etdiler, eger Siziň aly jenaplaryňyz rugsat berseler, olaryň barysy öz obalaryna dolanyp barjaklar.
Skobelew «gümmezliden» gelen Handurdynyň näme haýyşynyň bardygyny sorady. Handurdy Ahala hakykatdanam Hywaly söwdegär bilen gaýdandygyny, çünki, onuň öz myhmanydygyny, bu ýere-de şonuň bilen bilelikde, köpçüligiň haýyşy boýunça Annaberdä ýoldaş bolup gaýdandygyny aýtdy.
Skobelew Aşgabatlylaryň öz obalaryna dolanyp barmak isleglerini  kanagatlandyrdy. Hywaly söwdegäre myhman ýeri Handurdy bilen bu ýerde söwda etmäne ygtyýar berdi. Patyşa goşuny  tarapyndan adalatly kada-kanunyä ýöredilýändigini gaçgaklaryň ählisine ýetirmeklerini haýyş etdi. Halk arasyna ýaýratmaklary üçin ellerine ýaňky ýaly                                mazmundaky proklamasiňalary we talap hatlaryny berdi. Şol hatlarda boýun egýänleriň Aşgabada barmalydyklary barada aýdylýar. Çünki, ol galada öz ýerine polkownik Arşisewi galdyryp, özi bu gün-erte Aşgabada ugramakçydy.
 Biz bu ülkäni tozdurmana däl-de, asudalygy berkitmäge, ösdürmäge geldik, biz size diňe ýagşylyk etmek isleýäris – diýip, ol sözüniň soňunda aýtdy. Şeýle hem şu pikiri baran ýerlerinde köpçülige mümkin boldugyça çalt ýaýratmaklygy,wagyz etmekligi töwellaçylardan ýene bir gezek towakga etdi.
Onuň sargytlary ýerine ýetirildi. Hat üsti bilen eden çagyryşlary ýyldyrym çaltlygynda gum içine ýaýrady. Çakylyga ilkinjileriň biri bolup, Gyzylarbat hany häzir öz adamlary bile n»ilek» guýusynyň golaýynda garaşyp ýatan Sopy han we Hudaýberdi han seslendi. Olar özleriniň doly suratda boýun egýändiklerini ak kagyzyň ýüzünde gara hatlar bilen teswirläp, Skobelewe iberdiler. Olaryň ýazmaklaryna görä, bosgunlaryň aglaba bölegi Ilek guýusynyň daş-töweregine jemlenipdir we generalyň çykarjak netiesine garaşýarlarmyşyn.
Bu wagta çenli eýýäm Aşgabada gelip ornaşmna ýetişen Skobelew olaryňam haýyşlaryny kanagatlandyrdy. Olar geldiler. Ýöne, Sopy han ol ýerde entegem köp adamyň aýgytly bir netijä gelibilmän ýaýdanyşyp ýörendiklerini mälim etdi.
Şondan soň aman sorap Aşgabada gelýänleriň sany hasam köpeldi. Skobelew olaryň hemmesinem gowy kabul etdi. Has belliräk adamlary sylaglady, aýratyn serpaýlar ýapdy. Käbirlerine bolsa ilkinjileriň hatarynda  medal gowşurdy.
22-nji  ýanwar güni, Gökdepede müň adamdan ybarat bosgun peýda boldy. Olar galanyň golaýynda ýak çekdiler we öz aralaryndan dokuz adamy töwellaçy edip gala iberdiler. Olary Arşisew kabu letdi, gürleşdi we her on adamdan birini sýlap Aşgabada, Skobelewiň ýanyna iberjekdigini aýtdy. Galanlary bolsa ok-ýaraglaryny tabşyrmaly we tä jogap gelýänçä hiç ýana butnaman, soldatlaryň gözegçiligi astynda garaşyp ýatmaly.
Jogap köp garaşdyrmady. Ilçiler giden günleriniň ertesi gaýdyp geldiler. Generalyň hemmelere öňki oturan ýerllerinde ornaşmaklaryna ygtyýar berendigini aýdyp özlerini garaşyp ýatan bosgunlary begendirdiler.
Gelýänleriň sanynyň has artmagy bilen, Skobelew bosgunlary Arşisewiň özüniň Gökdepede kabul etmegine we olary öz obalaryna ibermeklige ygtyýar berdi.
Bu çüre-de gowy netije berdi. Türkmenler dumly-duşdan, öňküdenem köp mukdarda gelip başladylar. Olaryň köpüsi garamaýaklar. Daş görnüşleri gözgyny. Aç. Gelişleri ýaly, öňi bilen «aman» dileýärler, ondan soň garynlarynyň doýrulmagyny haýyş edýärler.
Halkyň tizara ýer sürüp ekin ekmelidigini, hasyl almalydygyny, mallaryny köletmelidigini göz öňüne tutup Skobelew ýaza çenli Ahal ülkesini tutuşlygyna boýun egdirmekligi ýüregine düwdi. Bu işiň has çalt we wagtynda amala  aşyrylmagy üçin, ol, ekin meýdanlarynda galadaky pars ýesirlerini hem ýarpasyna işletmekleri üçin, ýerli daýhanlara rugsat berdi. Öz buýrugyny hat üsti bilen berkitdi.
 Men ýerli halk bilen çaltdan-çalt ylalaşyga gelinmegini, on ikinji ýanwar güni çykan tüpeň sesiniň şu ülkede iň soňky gezek bolup galmagyny isleýärin. Türkmenler ak ýürekli, sada, merdana we batyr halk. Biz bulary sylamalydyrys. Öňümizden duz-çörek bilen çykmandyklary üçin içimizde öç saklamaly däldiris. Bu olaryň özlerini halk hökmünde sylaýandyklarynyň, ýurtlaryny gözleriniň göreji ýaly goramaklygy başarýandyklarynyň alamatydyr. Hiç bir namysjaň halk üstüne ýarag çekip gelen halka öz ýurduny meýletin bermez. Egerde, şeýden  bolsalar, onda bizde bu halka beýle  uly hormat döremezdi. Biz olara gorkak, nadan halk  hökmünde garardyk. Sylamazdyk. Şonuň üçinem, kim bilen iş salyşýandygyňyzy unutmaň. Ýeňdig-ow, diýip, kalbyňyzdaky olara bolan hormatyňyy kemmäň...diýip, Skobelew Aşgabatdaka öz ofiserleri bilen geçiren uly üýşmeleňleriniň birinde aýtdy.
Şondan soň ol bosgunlaryň entegem ikirjiňlenýänleri bilen gepleşik geçirmegi üçin, Kuropatkini kiçiräk otrýad bilen Ilek guýusyna iberdi .
Kuropatkin ol ýere 27-nji ýanar güni bardy. Goly dolduryp oturan adamlar olara gözleri düşenden «gürre» ördüler. Biri-birlerine gorkuly seredişdiler. Hatda, gaçmaga synanyşanlaram, ýaraga ýapyşanlaram boldy.
Kuropatkiniň  öňi bilen gözüne ilen zat, bosgunlaryň  köpüsiniň erkek adamlardan ybaratlygy. Aňal-gyz az. Olaram bir çetde çugutdyryşyp otyrlar. Olaryň arasynda Enehakyda bilen baýramgül tebibem bar.
Şu ýere gelneli bäri köpçülige kethudalyk edip ýören, Ýagmyr pälwan atly daýaw, ak sakgaly  döşüni ýapyp duran ýaşuly öňe çykyp, iki elinem ýokary galdyrdy.
 Duruň. Köşeşiň. Bular biziň bilen gepleşige gelen bolmaly...
Şondan soň ol agras ädimler bilen Kuropatkine tarap ugrady. Bary psalamlaşdy. Atdan düşmeklerini haýyş etdi. Kuropatkin mürehede mähetdel otrýada ýüzlendi:
 Düşüň...
Hemmeler  atdan düşdüler. Ýagmyr pälwanyň görkezmesi bilen myhmanlaryň aşagyna köne-küşül keçedir-palas  atdylar. Ýagmyr pälwan Kuropatikine bosgunlaryň hemmesiniň oba dolanmak isleňündiklerini aýtdy.
 Ýöne, bularyň hemmesi diýen ýaly urşa gatnaşan adamlar şonuň üçinem, olar jeza bolar öýdüp, generalyň ýanyna barmakdan çekinýärler.
 General urşa gatnaşanlaryňam, gatnaşmanlaryňam, hemmesiniň günäsini geçdi. Öz ýurduny goramaklygy başarandygy üçin ol urşa gatnaşanlara uly hormat goýýar. Hatda sylaglaýaram... – Mysal hökmünde Kuropatin tanalýan adamlardan Skobelewiň meşhur hanmämmet atalygyň ogly Mämmetadmana medal gowşurandygyny aýtdy. – Sizem ýaýdanmaňda arkaýyn baryberiň. Mülküňize eýe boluň. Ekin ekiň, mallaryňyzy köpeldiň. Mundan buýana siz uruş görmersiňiz. Parahat ýaşarsyňyz, arkaýyn zähmet çekersiňiz. Arkaňyzda bolsa dag ýaly bolup Beýik Orsyýet durar. Siz indi şol döwletiň raýaty. Biizň bilen deň-hukukly adam. Bar zady indi adalatly sudlar-kazylar çözerler...
Ýagmyr pälwanam öz gezeginde:
 Biz  söweşmäni başarýan halk. Ony subudam etdik. Ýöne, ýalan sözlemäni welin baöarmaýarys  . biz munam subut ederis  . ak patyöa ak ýürekden, janymyz , tenimiz bilen gulluk ederis. – Ýaşuly märekä tarap elini aýlap goýberdi. – Men muny şu oturan adamlaryň adyndan aýdýaryn...
Ýary oturan, ýarysy dik duran adamlaryň barysy birden ýüzüne şemal çalan deňiz ýaly tolkun atdy.
 Howwa, howwa, bizem şol pikirde!..
 Biz sizi aldamarys!..
 Ak ýürekden hyzmat etjekdigimize söz berýäs...
 Biz ýagmyr pälwany ýüň sakal   etmeris...
 Obamyza barmana rugsat berseňiz bolýa, galany biz bilen.
Terjime etdierl. Kuropatkin hoşallyk bilen baş atdy. Ýagmyr pälwandan Ruhy batyryň nirededigni sorady.
 Biz  ol  şu ýerdemişin, diýip, eşitdik – diýdi.
 Öň ol hakykatdanam şu ýerde ekeni. Sopy han dagy gidenden soň o-da bu ýerden gidipdir. Indi onuň göçenini gol, gonanyny ýel bilýär – diýip, ýaşuly jogap berdi . – Ol bir ýerde uzak durmaýar...
 Ol daşyna goşun jemleýärmi?
 Ony biz bilemozok.
 Ol siziň ýanyňyza gelmedimi?
 Ýok, biz ony göremzok.
Ýaşuly elbetde, Ruhy batyryň nirededigini bilýärdi, ýöne, onuň nirededigini, näme işläp ýörendigini aýtsa, Ruhy batyra dönüklik etdigi boljakdy, şonuň üçinem ol mejbury suratda ýalan sözlemeli boldy .
Ruhy  batyr welin, halkyň başda  çak edişi ýaly hakykatdan-da öz ýigitleri bilen Ilek guýusynyň başynda bolýardy. Halkam hut şonuň üçin şol ýere ýygnanypdy. Soň bosgunlaryň köpelmegi bilen, azyrak hem bolsa, suw ätiýaçlygyna hemem göze düşmezlik üçin ýigitleri bilen    golaýdaky guýularyň birine göçdi. Ýöne, häli-şindi gelip, bosgunlardan habar tutup dur. Ruhlandyrýar. Söweşe ukyply bolan adamlara maşgalalaryny iberselerem özlerini boýun sunup gala barmazlyga, az-kem demlerini dürsänlerinden soň, beýleki guýudakylar  bilen güýç  birikdirip, garşylygy gaýtalamaklyga ündeýär. Arasynda beýleki  guýulara-da aýlanýar. Ema bosgunlar barybir açlyga, horluga, sowuga çydaman, topar-topar bolşup gala sary gidýarler. Olary şeýtmeklige iterýän esasy zat çagalarynyň, aýallarynyň galada girew saklanýandygy.ýagdaý şeýle bolansoň Ruhy batyr  oary saklajagam bolanok, ýöne kejikýär. Şeýle-de bolsa, umudy elden berenok. Esasy güýjüň  Dykma serdar, Magtymguly han, Gurbanmyrat işan dagy bilen geljekdigine bil baglaýar. Onuň hut häzirem daş-töweregi gallap oturan alaňlaryň biriniň aňyrsyndan atyny elesledip wekiller bilen urşa giräýmegi ahmal. Ine, şonda welin wakanyň haýsy tarapa ugur aljakdygyny aýtmak kyn. Bazar gýni gala eden çozuşyndan soň-a ol asylam bir ýerde  uzak eglenenok.
Bolsa-da Kuropatkinem Guşly batyr baradaky irginsiz soraglary bilen ýagmyr pälwanyň ýüregine düşüp durmady. Ol derhal atyna atlandy-da, isleseler hut häziriň özünde bosgunlaryny tabşyrmalydyklaryny diňe şondan soň her kimiň öýli-öýüne  goýberiljek digini, özleriniň bolsa gum içindäki beýleki guýulara hem aýlanyp düşündiriş işlerini geçirmekçidiklerini hatda Ruhy batyr bilen gepleşmelem bolsa taýýardygyny aýtdy. Sözüni tamamlaberende hasyldan alynjak salgyt barada hem maglumat berdi. Şeýdibem hoşlaşdy. Atlandy. Soldatlaram atlandylar. Bosgunlaryň arasynda howlukmaç hereketler başlandy. Şol wagtam märekäniň gündogar çetindäki alaäyä üstünde oturan aýal-gyzlaryň biri dim-dik boldy-da:
 Ýo-o-ok!.. – diýip, çirkin gygyrdy. Hemmeleriň nazary şol tarapa gönükdi. Ýaňy bir at başyny yza öwren Kuropatkinem, onuň soldatlaram sakga-saklandylar-da, yzlaryna gaňryldylar. Gözlerinden ýaş döküp duran gyz bolsa, ýene bir gezek:  Ýo-o-ok!.. – diýip, gygyrdy-da, bukjasyny goltuklap aşaklygyna tarap ylgap gaýtdy. Gelip, Kuropatkiniň alkymyna dykyldy. Ene möjegiňki ýaly ýanyp gözlerinden çykýan otlukly nazaryny onuň geňirgenmekden ýaňa kem-kemden ulalyp barýa nmawy gözlerine dikdi. – Ýok! Biz boýun bolmyzok. Boýun egemizok! Ýaraglarymyzy tabşyramyzok! – Şondan soň ol bosgunlaryň içindäki eli ýaragly ýigitleriň ýanyna ýeke-ýeke baryp çykdy. – Doganlar! Beýtmäň! Boýun bolmaň!
Ýaraglaryňyzy tabşyrmaň! Biziň arkamyzda garagum dur. Ol biziň ata-babalarymyzy gorapdyr, bizem gorar. Ruhy batyr, Dykma serdar, Magtymguly han, Gurbanmyrat işan dagy hersi bir sebitde gaçgaklary ýygnap güýç toplap ýörler. Basym olar gelerler. Aýaga galarlar. Ýurdy duşmanyň elinden dolap alarlar. Biz ýene-de öňkimiz ýaly erkin ýaşarys. Hiç kime öz zähmedimizden salgyt tölemeris. Öz ryskymyzy özümiziýeris... – Ýigitler çykgynsyz güne galdylar. Aşak bakyp, ýuwdunyşyp durmakdan başga alaç tapmadylar. Gyzyň sesi öňküsindenem dözümli çykdy. – Siz Kurany Kerimden ant içdiňiz. Gala synýança diýip däl-de, tä, iň soňky demimize çenli söweşeris, ýa alarys, ýa öleris, diýdiňiz. Bu günem ýaraglaryňyzy tabşyrjak bolýaňyz, başyňyz dikkä ýurdy duşmana berjek bolýaňyz! Beýtmäň! Kyýamat maşgar güni Biribaryň öňünde antyndan dänen adam hökmünde asy bolmazyňyz ýaly, göreşe gaýtadan galkynyň. Edil şert edişiňiz ýaly ýa alyň ýa ölüň!..
Gyzyň bu ýangynly sözlerini eşidip ýeke bir ýaragly ýigitler däl, tutuş mňreke dymdy. Bütin Garagum dymdy. Hatda soldatlardanam, ýap-ýaňyja-da burunlaryny «parryldadyşyp» aýaklary bilen ýer peşeleşip duran atlardanam ses-üýn çykmady. Düýn-öýländen bäri zaryn-zaryn «şuwwuldy» bilen bosgunlaryň onsuzam sary gaçn ýüreklerini dilim-dilim eden inçemik gyş şemalam şol pursat «tapba» ýatdy.
Kuropatkin Ýagmyr pälwana soragly seretdi.
─ Bu gyz kim? Ol näme diýýär? Oňa näme gerek? Näme üçin hemmeler dymdy?
Ýagmyr pälwan aşak bakyp, ýuwdunyp durşuna ýadana-ýaýdana:
─ Bu biziň hakydamyz. Hakyda mollanyň agtygy. Ol halka hakydany ýatladýar, ýöne, biz özümiz öz aramyzda düşünişeris. Düşünişerisem, gala bararysam. – Soň ol Enehakydanyň ýanyna bardy. – Seniňki dogry, gyzym. Ýöne, nätjek! Boljak iş boldy. Biz utuldyk. Başga ýol ýok. Alajam ýok. Seň o diýýän göreşiň indi bolmaz. O diýýän adamlaryň gelmez. Ruhy batyr bolsa ýeke. Azlyk. Hakykatyň ýüzüne dogry seret-de, gowusy senem biziň bilen ýör... – Ýagmyr pälwan sözüni kesip, uludan demini aldy – Hemmelerden beter ýaş çagalar horlanýarlar. Köpüsem ýetim galdylar. Ulularyň bolsa aňyrda maşgalalary ýesirlikde. Girew. Bular baryp eýelik etmeseler, olaryň nä hala däşjekdiklerem belli däl.
Enehakyda aýalary bilen ýüzüni tutdy. Gaharyna bäs gelibilmänem aglady. Soň elini gözýaşa ezilen ýüzünden aýryp, gözlerini Ýagmyr pälwana dikdi.
─ Şol çagalar ertir gul bolarlar, Ýagmyr aga. Gul häsiýeti bilenem öserler. Bigaýrat, nalajedeýin bolarlar. Bu bolsa olaryň bu günki görýän horluklaryndanam müň esse beter bolar. Şol pygyl soň olardan önjeklere-de geçer. Giden bir ýapja, ýaranjaň halk emele geler...
Ýagmyr pälwan aşak bakyp durşuna ellerini serdi.
─ Her nesliň öz ykbaly, öz nesibesi bardyr, gyzym. Olaram şoňa görä bolarlar-da.
Nänämiň-nämedigine düşünenden soň, Enehakyda bilen Kuropatnikiniň özem gürleşdi. Ors hökümediniň türkmenler babatda alyp barýan syýasatynyň oňyn taraplaryny düşündirjek boldy. Skobelewiň aýdyşy ýaly: «Biziň size ýamanlygymyz ýok, biz siz diňe gowulyk isleýäris», diýdi.
Gyz onuň bu sözüne öňküdenem beter odukdy.
─ Etjek gowulyklaryňyzyň, ýagşylyklaryňyzyň başy şu bolsa soňy nähili borka?
Şondan soň ol ýene-de eli ýaragly ýigitleri göreşe ündedi. Hemmesini şu ýerden gumuň has jümmüşine çekilmeklige, nirede bolsalaram tapyp Ruhy batyra, Dykma serdara goşulmaklyga yrjak boldy.
Ýigitler ýene-de dymdylar. Tüpeňleriniň sowuk nilni gysymlaşyp, gylyçlarynyň bagjaklaryny sypalaşyp, Enehakydanyň ýüzüne seredibilmän duruşlaryna gatbar-gatbar gaýaly gara-gara daglar deý dymdylar.
Birdenem... Birdenem herekete geldiler-de, ýuwaş-ýuwaşdan, başly-barat, synan galany, şol galanyň içinde ýollaryna göz dikişip, girew hökmünde ýesir oturan maşgalalaryny nazarlap günbatar sary süýşüp başladylar.
Ine-de, iň soňky topar Enehakydanyň öňünden geçip barýar. Ýüzleri agyr. Sowuk. Olar: ýör, senem biziň bilen, gideli, diýýän manyda batlaryny gowşadýarlar, soň aýak çekýärler, emma, Enehakyda ýerindenem gozgananok. Garagumyň jümmüşine ornan, düýbi berk owadan daragt deý, bukjasyny goltugyna gysyp, kimdir birine garaşýan ýaly alyslardan-alyslara garap dur. Gözleriniň öňünde bolsa, Horezm şalygy mongollar tarapyndan syndyrylandan soňam duşmana boýun egmän, kä sagdan, kä soldan gelip, duşmana gurt deý darap ýören, eli ýalmawuz ýaly ýalaňaç gylyçly, ak atly Jelaleddin soltanyň keşbi uçganaklady durdy. Enehakydanyň göwün islegine görä, ol kä Ruhy batyryň, kä Dykma serdaryň keşbinde göründi. Dodaklary bolsa: «Gelerler, gelerler... hökman gelerler... birinden-biri-hä geler... ... Halk ýetim ýurt dul galmaz...» diýip pyşyrdaýardy. Ol öz ýanynda kimdir biriniň garalyp duranyny gözleriniň gytagy bilen duýdy. Görse Baýramgül tebip. Ol ony gujaklap aglady. Baýramgül tebibiňem ony gala gitmäge yrasy geldi. Ýöne, bogny ysmady. Söz tapylmady. Enehakyda kesgitli gürledi.
─ Bar, daýza, git. Şu ýerde ikimiziň ýolumyz aýrylyşýar.
Halys bolmajagyny bilip, Ýagmyr pälwan, Enehakydanyň ýanynda gorag üçin atly-ýaragly bäş adamy şeýle hem bir at galdyrdy. Oňa Ruhy batyry tapyp bermeklerini tabşyrdy.
─ Bar gyzym, görjek adam;aryňy gör, garaşýan adamlaryňa garaş. Ýüregiňe sowuk suw ur. Häzirlikçe men saňa şundan başga hiç zat aýdyp biljek däl.
Kem-kemden daşlaşyp barýan bosgunlara garap, Enehakyda şondan soňam kän durdy. Olar arany açdyklaryça-da, ýüreginiň urmasy güýçlendi. Gözleriniň owasyndan paýraşyp dökülýän gözýaşlar bolsa, ter ýaňaklaryndan syrygyp, Garagumyň sowuk çäleriniň üstüne damdy.

Ýanyndaky ýigitler bilen, Enehakyda köp-köp guýulary aýlandy, emma gözleýän batyrlaryny tapyp bilmedi. Ruhy batyr-a Ýagmyr pälwanyň aýdyşy ýaly, bu gün bu ýerde bolsa ertir başga bir ýerde bolup çykdy. Dykma serdaram aýdyşlaryna görä, Mara-da gitmändir-de, Kakadyr-Duşak sebitlerinde, içini hümledip, serimsal bolup ýörmüşin. Magtymguly han bilen Gurbanlyrat işanyň Mara giden bolmaklary ýa ýygnamaýandyklary, ýene-de söweşip boljakdygy ýa bolmajakdygy barada belli bir maglumat ýok. Ahally bolsa eýýäm «Ýegenkäriz» guýusyna ýygnanan bosgunlaryň bir bölegi bilen Gökdepäboýun sunup barypmyş ýaragyny tabşyranmyş. Özem golundamy, nämemi, ýeňilräk ýaralananmyş.
Gözlegiň üçünji güni diýlende, bu habarlaryň çyndygyny gum içinde gabat gelen, entegem nirä gitjeklerini bilmän kaňkaşyp ýören on iki sany atly-ýaragly ýigitlerem tassykladylar.
─ Howwa, şolar ýaly bir gürrüň biziňem gulagymyza degdi – diüip, Gurban atly alny sakar, dor ýabyly, uzynak, garaýagyz ýigit sowukdan ýaňa gap-gara bolan salpy dodaklaryny ýalap durşuna «labyr-labyr» etdi.
Enehakydany ähli habarlardan beter geň galdyran zat Ahally baradaky habaryň çyn bolup çykmagy. Ol esli wagtlap, agzyny açyp, ýakasyny tutup duransoň:
─ Hakyr, boýun sunup barypmy? – diýip, Gurbanyň ýüzüne çiňerildi. – Ýaragynam tabşyrypmy? Beýle zat bolup bilmez. Ol Kurandan ant içdi ahyry....
Gurban eýer üstünde atynyň boýnuny sypalap oturşyna güňleç gürledi.
─ Şu wagtky topar-topar bolup gala barýanlaryň, at-ýaraglaryny tabşyrýanlaryň hemmesi öň ant içen adamlar uýam. Bizem içdik. Bizi boýun bolmakdan saklaýan zat – biziň indi hiç kimimiz ýok. Aýallarymyzam, çagalarymyzam öldi. Indiden soň gol göterip baranymyz bilenem, obamyza dolananymyz bilenem biziň utýan zadymyz ýok. Biz indi ant içişimiz ýaly tä, iň soňky damja ganymyza çenli söweşjek... Şonuň üçinem, biz häzir çaňly guýa barýas. Ruhy batyr şu wagt şol ýerdemişin. Ol biz ýaly iki tarapyny deňlän ýigitleri toplap, göreşe taýýarlanýarmyşyn. Gum içinde enteşip ýörenler başga-da köpdür. Jemlenip, ilki gaça urşa başlasak kem-kemden sanymyz artar, şu wagtky gidýanlerdenem soň gelip bize goşulanlary bolar.
Enehakydanyň göwün guşy asmana göterildi.
─ Dogry aýdýaň, dogan. Siziň şu wagt derhal Ruhy batyr, Dykma serdar ýaly adamlaryň daşyna üýşmegiňiz gerek. – Enehakyda alyslara bakypdelmurdy. – Ýöne, Ahallynyň ýaragyny tabşyranyna men barybir ynanamok. Ynanyp bilemok. Tä, özi bilen ýüzbe-ýüz durup gürleşýänçäm ynanmanam. Siz ýöne ruhdan düşmäň, men Ahallynam, beýleki ýigitlerem siziň ýanyňyza, çaňly guýa ibererin. Men bu işi özüm boýnuma alýan. Häzirlikçe bolsa hoş sag boluň! Halkyň öçüp barýan umyt uçgunkyklaryny köretmek, täzeden tutaşdyrmak biziň borjumyzdyr.

Enehakyda ýanynyň ugradyjylary bilen, şol günüň özünde, Ahally baradaky gürrüňiň anygyna ýetmek üçin Gökdepä tarap ýola düşdi. Ýoldaşlaryny gum içinde belliräk bir ýerde galdyryp bardy. Girdi. Ahallyny tapdy. Gürleşdi. Ahally özüniň Enehakydany gözläp sökmedik ýeriniň galmandygyny aýtdy. Görenine begendi. Ol dogrudanam çep eliniň tirseginden ýeňiljek ýaralanan ekeni. Ýöne, «Gyzyl hajyň» sanitarlary beýlekiler bilen bilelikde oňa-da şepagatçylyk kömegini beripdirler.
Enehakyda ony diňläp bolandan soň sowukganlylyk bilen:
─ Aýdylýanlar çynmy, Ahally? – diýdi.
Bu sorag Ahally üçin oslagsyz bolan däl bolsa gerek, şonuň üçinem ol düşnüksiz ýylgyryp durşuna müýnsiz gepledi.
─ Haýsy aýdylýanlar?
─ Seniň gal boýun sunup geleniň? Ýaragyňy tabşyranyň?
─ Weý, häzirhemmelerem şeýdýäler ahyry.
─ Gürrüň sen hakda barýar, Ahally.
─ Başga ýol ýok. Uruş gutardy. Özem ýeňliş bilen tamamlandy. Öňki öňe düşüp ýörenleriň bolsa häzir birem görnenok. Öleni öldi, galanlary bolsa halky taşlap gaçyp gitdiler.
─ Şol ardan seniňnäme kemiň bar? Öň olar öňe düşen bolsalar, indi özüň öňe düş. Ýere gaçan başşdagy özüň galdyr. Iň bolmanda bar-da Ruhy batyra goşul. Hä diýmän ol ýere Dykma serdar dagam barjak. Magtymguly han bilen Gurbanmyrat işanam Marydan, Tejneden goşun toplap geljekler.
Ahally batyr sesine agram salyp gepledi.
─ Halk uruşdan ýadady, Enehakyda. Ýerden çöplänje oklary bilen atgyr toplaryň garşysyna durup bilmejekdigine gözi ýetdi. Watan üçin jan berme, gan dökme keminem goýmady. Onuň indi dynç alasy, asuda ýaşasy, ekip ekin hasyl alasy, çagasynyň garnyny doýurasy, maşgalasyny ekläsi, adam ýaly ýaşasy gelýär. Uruş bilen halkyň garyny doýmaz. «Oýunçy utulanyny bilse ýagşy», diýipdirler.
─ Birinjiden-ä bu zatlar oýun däl, çyn. Galyberse-de, bu zatlar barada öň pikir etmeli ekeniňiz – Enehakyda mümkin boldugyça özüni parahat saklamana çalyşdy. – Ant içmänkäňiz, Kurandan ätlemänkäňiz pikir etmeli ekeniňiz. Asla uruşmaly däl ekeniňiz. Ors baýarlarynyň öňünden eliňiz duz-çörekli çykmaly ekeniňiz. Ýa başda aýtmadymmy saňa şular ýaly çözülmesi kyn meseläniň öňünde durmaly bolaýmagyň ahmallygyny? Duýdurmadymmy? Ant içme, diýmedimmi? Uruşdan diri sypyp, ýeňlen günüňem gylyjyňy gynyňa salaýsaň men senden ýüz öwrerin, diýmedimmi.
─ Diýdiň. Ýöne, ant içenem, ölmän galanam ýaragyny tabşyranam ýeke men däl. Men Ruhy batyr ýaly atymy ýeke çapamok. Ildenem çykamok. Halk näme etse menem şony edýän. Öňem şeýtdim häzirem şeýdýän. Bu zatlaryň günäsi meniň däl-de, başda halky urşa odukdyryp bu günki günem niredediklerem belli däl adamlaryň boýnuna. Meni mundan artyk gepletme, Enehakyda. Gel, gowusy şu gürrüňi goýaly.
─ Men seni tanamajak bolýan. Ahally. Sen öňki Ahally däl. Uruş seni üýtgedipdir.
─ Öňem halky urşa belli-belli adamlar iterdiler. Şol aýylganç tupanyň indi ikinji gezek gaýtalanmagyna men-ä sebäpkär bolup biljek däl. Senem beýle ýowuz işi boýnuňa alma. Gowusy gel, öň gepleşişimiz ýaly durmuş guraly. Bu aýylganç uruşda wepat bolan gerçekleriň orunlarynyň dolmagyna öz goşandymyzy goşaly. Öseli, örňäli, köpeleli.
─ Diýmek, onda sen söýgiňe dönüklik etmäne kaýyl-da?
─ Ýok, men oňa kaýyl däl, taýynam däl. Beýdip, ýolugra taşlap gidiberer ýaly men seni hiç haçan kiçi dilden bärde söýmändim. Çyn ýürekden söýýüpdi. Men seni häzirem çyn ýürekden söýýän. Şonuň üçinem meniňem seni barýan bu ýalňyş ýoluňdan sowmak borjum. Özüňi göz-görtele oda itekleme, halkam itekleme.
─ Men saňa namart ýa gorkak diýip biljek däl, Ahally. Sen tä soňuna çenli söweşdiň. Onda-da mert durup, söweşdiň. Ýöne, ine, indi göreşiň ikinji tapgyry geldi, welin, meýdanda adam görnenok. Men ine, şuňa düşünibilemok. Näme üçin beýdip, iki günüň içinde mertler namart boldular? Bu ýagdaý erte-birigün şol mertleriň ornuny namartlaryň eýelemegine getirmezmi eýsem?.. sen maňa ine, şuny düşündir, Ahally!..
─ Bu zatlar onsuzam düşnükli, Enehakyda. Iki halk uruşdy. Biri beýlekisinden ýeňildi. Ana, şol ýeňilen halkam indi üeňijä boýun bolaýmaly. Durmuşyň kanuny, taryhyň kadasy şeýle. Bu öňem şeýle bolupdy, mundan buýana-da şeýle bolar. Başga ýol ýok.
─ Ýol-gözlemedige ýokdur, gözläne bardyr, tapylýandyr. – diýende, Enehakydanyň gözlerinden uçgun syçrady. – Iň soňky gezekki gepleşigimize görä, men indi seňki däl. Elden giden ýurtda sen aýagyňy uzyn salyp otursaňam men oturybiljek däl. – Enehakyda batly ädimler bilen ugrady. – Men gidýän...
─ Nirä?
Enehakyda saklandy. Ahallynyň ýüzüne dikanlady.
─ Bilesiň gelýämi?
─ Howwa.
─ Çaňly guýa!
─ Çaňly guýa?
─ Howwa, Çaňly guýa.
─ Ol ýerde kim bar?
─ Ol ýerde Ruhy batyr bar. Ol indi meniň iň soňky umydym...
Namys oduna örtenmekden ýaňa Ahally batyryň ýüregi erbet gobsundy. Gözlerine ýaş aýlandy. Indi ikinji gezek ugramaga hyýallanan gyzyň öňüne geçdi. Ýoluny kesdi.
─ Enehakyda, beýtme! Sen bir zada düşün...
─ Men hemme zada düşünýän, ýöne, seniň beýle çalt üýtgäp bilşiňe welin düşünip bilemok. Sen il eýtdi, menem şeýtdim, il beýtdi, menem beýtdim diýýäň. Men bolsam sen halda gürrüň edýärin. Uly iliň, Kuranyň öňünde eden şertine görä sen häzir ýa öli bolmaly, ýa-da Ruhy batyryň gapdalynda bolmaly.
─ Ruhy batyram uzak göreşip bilmez. Sebäbi duşman güýçli. Ol eýýäm köküni topraga urdy. Halk oňa gulugadurdy. Şonuň üçin, Guşly batyram basym gylyjyny gynyna salmaly bolar.
─ Haçan salsa-da, asla göreşi dowam etdirmese-de, onuň şoňa haky bar. Sebäbi, ol ant içmedi. Kurandan ätlemedi. Onsoňam ol heran-haçan göreşi bes edäýse-de, duşmana boýun bolmazdan bes eder. Garşylygy aňynda dowam etdirer. Duşmana gulluk etmez. Oňa ýaragyny tabşyr,az. Men oňa belet. Men onuň bilen bir öýde ösdüm. Ol janyndan geçer, öne, öz pikirinden, ýolundan dänmez...
─ Sen näme, menden ýüz öwrüp gitjek bolýaňmy? Ruhy batyra durmuşa çykjak bolýaňmy?
─ Ant içip, şertinden dänip ýören şazada çykanymdan, sürüsini gurtdan gorap ölmäni başarýan namysjaň çopana çykanyp müň esse gowudyr.
─ Sen maňa näme diýseň diý, ýöne, namysyma dil ýetirme, menden ýüz öwürme, Çaňly guýa gitme.
─ Gitjek! Ruhy batyryň ruhuny göterjek. Ony uly-uly ýeňişlere ruhlandyrjak. Oňa, onuň ýigitlerine hakyda aýdyp berjek – Enehakyda guraksy ýuwdundy. – Indi bolsa sowul ýolumdan!
Ol soňky sözüni şeýle bir hökümli aýtdy welin, Ahally sessiz-üýnsiz bir gapdala sowulanynam bilmän galdy.
Howwa, gyz gitdi. Gyz bilen bilelikde ýigidiň ejirler baryny çeken ýüregem gitdi. Şol ikisiniň yzyna düşüp, onuň özüniňem gidesi, gyzyň yzyndan ýetesi Ruhy batyryň ýanyna bile gidesi, ol ýere bile barasy, Ruhy batyr bilen bilelikde duşmana zarbalar urasy, Enehakydanyň ynamyny ödäsi, anty, şerti ýerine ýetiresi, arzuw edişi ýaly onuň bilen durmuş gurasy, uzak ömür süresi geldi.
Emma, hernäçe gobsunsa-da, aýaklary ädilmedi. Sebäbi, göwre ýüreksiz galdy. Onsoňam indi onuň o niýetlerini amala aşyrary ýaly, söweşeri ýaly atam ýok, gylyjam. O zatlary onuň elinden aldylar. Aldylar däl-de, özi tabşyrdy. Eltip öz eli bilen ýeňijiniň eline gowşurdy. Ýeňilenini boýun aldy. Gaýdyp ata çykmazlyga, eline gylyç almazlyga ak patyşanyň garşysyna hereket etmezlige söz berdi.
Şol zatlary, şol hukuklary bolmadyk ýigitde bolsa, türkmençilikde aýdyşy ýaly gaýrat bolmaýar. Boýun bolandan soň gurduň-gurtlygynyň gutaryşy ýaly, türkmeniňem türkmenligi gutarýar. Türkmençiligiň ýok ýerinde bolsa türkmen ýok.
Enehakydanyň hakyda daýanyp hekaýat etmegine görä, şondan soň atsyzlyga, gylyçsyzlyga, iň ýanamam erksizlige öwrenişen, baknaçylykda kemala gelen düýbünden başga bir hüý-häsiýetdäki nesliň kemala gelmegi mümkin. Şol, kemala geliş döwrüniň näçe wagtaa çekjekdigini soňunyň nähili boljakdygyny näme bilen gutarjakdygyny bolsa bilýän ýok. Enehakydany bar zatdan beter howsala salýan zat ana, şol! Ol haçanam bolsa bir wagt asly mert bolan çöl gurdunyň ejizje şagala ýa gyzyljagurda öwrüläýmeginden, gurduň tohmunyň bütinleý ýitip gidäýmeginden heder edýär. Hut şonuň üçinem, ol göreşiň dowam etdirilmeginiň, garşylygyň gaýtalanmagynyň, duşmana boýun egmezligiň has takygy üşügi Allatarapyn berlen bu mert halkyň iň bolmanda belent ruhunyň ýitip gitmezliginiň tarapdary.

Ikinji kitabyň soňy.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 55 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"Enehakydanyň hakyda daýanyp hekaýat etmegine görä, şondan soň atsyzlyga, gylyçsyzlyga, iň ýanamam erksizlige öwrenişen, baknaçylykda kemala gelen düýbünden başga bir hüý-häsiýetdäki nesliň kemala gelmegi mümkin. Şol, kemala geliş döwrüniň näçe wagtaa çekjekdigini soňunyň nähili boljakdygyny näme bilen gutarjakdygyny bolsa bilýän ýok. Enehakydany bar zatdan beter howsala salýan zat ana, şol!"

Jemlemesini diysene, Juma aga onlukdan urýa (mydamky bolşy ýaly)...

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"Enehakydanyň hakyda daýanyp hekaýat etmegine görä, şondan soň atsyzlyga, gylyçsyzlyga, iň ýanamam erksizlige öwrenişen, baknaçylykda kemala gelen düýbünden başga bir hüý-häsiýetdäki nesliň kemala gelmegi mümkin. Şol, kemala geliş döwrüniň näçe wagtaa çekjekdigini soňunyň nähili boljakdygyny näme bilen gutarjakdygyny bolsa bilýän ýok. Enehakydany bar zatdan beter howsala salýan zat ana, şol!"

Jemlemesini diysene, Juma aga onlukdan urýa (mydamky bolşy ýaly)...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: