07:17
Bahar
BAHAR

Ine, bahar, duýgyň joşýan pillesi,
Kalbym gezim edýär galkyp howada.
Bulutlaryň aýlanan dek kellesi,
Birden gelip, sumat bolýar şo bada.

Ýagyş damjalary oýkar zemini,
Ýeller bolsa haýyr-heläk ýelpeşip.
Güneş nury  onuň adyl emini,
Mähir  berýär toprak bilen elleşip.

Geline tutduryp   ýaşyl  ýaglygy,
Gaýyny diýýän dek aýyp bor ýaşyn.
Ýylam bahar pasla berýär şalygy,
Şo bada büreýär tebigat  başyn.

■ ÝENE BAHAR

Guşlar dynman göterişip çöpleri,
Ýasaýarlar agaçlarda  höwürtge.
Oglanjyklar agaç atda, gepleri:
-Yza galdyň, başarýaňmy, öňürt-dä!

Bir köýnekli bolman-durmaz oňşubam,
Sowuk däldir, belet Bahar ýeline.
Ýolum düşse diýýär hökman goňşulam,
-Gel, pylanjan, dadyp gid-ä semene.

Bahar galamyny alypdyr ele,
Boýan şekillerniň  al-ýaşyl reňki.
Bu gün düze çykdym dostlarym bile,
Uludan dem aldym, gygyrdym: -Meňki...

Ýene bahar, arzuwlarym dyrjaşyp,
Köňülde agaç deý pyntykla:r çensiz.
Ýöne gussam bagtyma bo:r çyrmaşyk,
Sebäp, şu zatlaryň barysy sensiz.

Ahmet ARAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 56 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 7
0
7 Ahmet   [Mowzuga geç]
Bellikler üçin minnetdar!

0
3 Sona   [Mowzuga geç]
Agaç at -- tabyt
çybyk at diýmeli

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Tüweleme. Gaty dogry bellik. Men muny nädip sypdyrypdyryn. Saňa gözüm gidýä....
Berekella.

0
6 Sona   [Mowzuga geç]
Men bilen kän oýun etmäň. Garşyňyzda MEMATI duran ýaly bolsun hemişe gunsmilie

0
1 mango   [Mowzuga geç]
“baharda” bolýala diýäýmesek.
“Ýagyş damjalary oýkar zemini” diýeňde nähili bolýar, “zemini oýkamak” näme?
Ýöne welininim ikinji goşgyňda gizlin ýüzlenmäňi okap bildim.
Ahmet goşgusynda bahary wasp edip, soňunda “arman, bu zatlaryň barysy sensiz” diýip gussa batýar. Ahmet öýlenmedik bolarly, maşgala edinmek islegi onuň goşgusynyň başynda-da ýaňzydylýar:

Guşlar dynman göterişip çöpleri,
Ýasaýarlar agaçlarda höwürtge.
Oglanjyklar agaç atda, gepleri:
-Yza galdyň, başarýaňmy, öňürt-dä!

Ahmet edil höwürtge edinýän guşlar ýaly höwürtge isleýär.
Agaç atly oglanjyklaryň “yza galdyň...” geplerinde-de meger şahyryň öýli-işikli bolan öz deň-duşlaryndan yza galandygyny ýaňzytmak isleýär.
Bu goşgy gaty gowy “намёк”. Ahmet eger öýlenemdik bolsaň ak gyz ýoldaşyň bolsun. Bu baharlar seňki däl-de siziňki bolsun.
Osoň daga çykaňda-da “meňki!” diýip gygyrmaň ýerine “biziňki!” diýmek nesip etsin.

0
2 Ahmet   [Mowzuga geç]
Minnetdar, mango!

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Ýürejigiňi okadym geräm?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: