01:19
Watan
WATAN

Ýele giden durmuş,
Ýere giden ömür,
Güle giden Söýgi,
Söýgä giden döwür,
Pula giden şöhrat,
Daga giden ümür,
Doga giden gözýaş,
Ýeñil giden agyr...

Entegem az,
Azdanam kän,
Men hakdaky hakykat!
Ýürek berlen eziz ülkäm,
Öz goýnuñda kabul et.

Giden gitsin,
Eýäm ýitmän, eýýam ýitsin.
Ýöne ýitsin öz içimde,
Goý, bilsinler ýitirenim
Huzurymdan geçenler

Goý, bilsinler söýenimi,
Goý, söýmegi bilsinler,
Ganym bolup akan şygryñ
Şygyr bolup akan ganyñ
Watandygyn görsünler.

Bägül ATAÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 72 | Добавил: Елена_Прекрасная | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 2.0/2
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]