09:21
Duralgada
DURALGADA

Günüň şöhlesini boýnuma orap,
Säher bilen işe barýan keýpiçag.
Duralga. Adamlar göwnüme ýarap,
Mähir, söýgi... gussalarma goýdy çäk.

Deň uçdum bagdaky serçeler bilen,
Ýüregimem guş dilinde saýrady.
Tanyş bolmasam-da ençe ýer bilen,
Bu barlyk gözüme juda aýrydy.

Joşsam gerek şygyr, aýdym-heňe çen,
Sebäp kän buluda boýuň deňläre.
Ýaşap ýörseň bagtyň bilen deňeçer,
Ýeri, şondan gaýry islärsiň näme ?!

Gözelligi sorup howa ýerine,
Duýdum gyşyň deminde-de ýaz baryn.
Galamy batyryp Gün şöhlesine,
Asmanyň ýaňagna goşgy ýazýaryn.

Ýazmak gerek ylham gursaga dolsa,
Joşgunyň senden öň hiç kimse görmez.
Duralga hemem men.
Hyýallam bolsa
Meni nirelerde uçuryp ýörler.

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 97 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 2.5/4
Всего комментариев: 12
0
11 Jumjume   [Mowzuga geç]
mango, gussa öñden bardy goşgyñ gahrymanynda. Güneşi,daş- töweregindäkileri görende bolsa keýpiçaglyk geldi we öñden bar bolan gussa çäk goýdy...şeýle düşündim men-ä

0
12 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Dogry düşünipsiň jümjüme!

0
10 Jumjume   [Mowzuga geç]
Da:ş bolupdyr

0
9 Jumjume   [Mowzuga geç]
"Galamy batyryp Gün şöhlesine,
Asmanyň ýaňagna goşgy ýazýaryn."

0
6 mango   [Mowzuga geç]
Ýazmak gerek ylham gursaga dolsa,
Joşgunyň senden öň hiç kimse görmez.
Duralga hemem men.
Hyýallam bolsa
Meni nirelerde uçuryp ýörler.
----
Goçmyradyň awtobusa münýänligi nähili gowy zat.
awtobuslaryňam garaşdyryp gelýänligi ondanam gowy zat.
awtobus gelýänçä ylhamyň gelmegi – oňa ýetesi zat ýok.
Goçmyradyň öz ylhamy bilen uçuşa çykmagy – uly bagt.
13-lik geldi (gelmän geçen),
Goçmyrat patylap ýere düşdi.
ylham – zym-zyýat.
eh, duralga-duralga....

0
7 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Men sizi tanajak bolýan welin başardanok mango biggrin
Bellikler üçin köp sag boluň

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Ýaşap ýörseň bagtyň bilen deňeçer,
Ýeri, şondan gaýry islärsiň näme ?!

sazlaşyk büdräýjek ýaly etdi öýdýän (agyr okaldy).

0
4 Sona   [Mowzuga geç]
,,Daga'' çykan Goçmyrat
Düze çykan Goçmyrat
,,Güneşläp" ýatyp-ýatyp,
Ýüze çykan Goçmyrat

Sen Gaýtadan dolanyp geldiň Poeziýa.
,,I'LL be BaCK!" diýip gidipsiň öýdýän radio, wiý ,,daga''

0
8 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Sona agza, sizi tanap.bilmän otyryn biggrin

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Günüň şöhlesini boýnuma orap,
Säher bilen işe barýan keýpiçag.
Duralga. Adamlar göwnüme ýarap,
Mähir, söýgi... gussalarma goýdy çäk.

Goçmyrat kaka.
sen öýden çykaňda "keýpiçag" çykdyňa.
ýolda göwnüňe ýaran zatlar "gussaňa" nädip çäk goýdy?
sen edil häzirä gussasyz çykdyň öýden. haçan seni gussa gaplady?

0
1 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Rus dilindäki postlardan soň türkmençe bir zatlaram goýaýyn diýdim biggrin

0
2 mango   [Mowzuga geç]
başyňdan sypaldyň hasaplaý.
berekella.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: