09:18
Arzuw
ARZUW

Gözleriňde gördüm naçar ýüregiň,
"Salam" diýip, elin uzadan uýam!
Mähir isläp, saňa tarap ýöredim,
"Salam" diýip, elin uzadan uýam!

Durmuş jigeriňde goýsa-da kän yz,
Ony ýeňip geçen kämildir, kämil,
Neneň saklap bildiň kalbyňy tämiz,
"Salam" diýip, elin uzadan uýam?!

Gözleň - tutuş dünýäň göwheri, lagly,
Isleýän şol gözleň şatlyk görmegni,
Hasrat saňa batyrmasyn barmagny,
"Salam" diýip, elin uzadan uýam!

Ykbal kime bagt, hasrat, gör, kime,
Päkligiň görk goşar dünýäň görküne,
Ýüregňi-de uzadaýma her kime,
"Salam" diýip, elin uzadan uýam!

Arzuwam, umydam...gerekdir weli,
Päk söýgi - durmuşyň iň ajap güli,
Saňa uzamasyn göribiň eli,
"Salam" diýip, elin uzadan uýam!

Kalbyň meňzeş Güne, arzuwlaň - ak guw,
Ýüregiň - çyrpynýan deňizdäki luw,
Men saňa päk durmuş edýärin arzuw,
"Salam" diýip, elin uzadan uýam!

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 64 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 3.2/5
Всего комментариев: 3
0
3 Selbii   [Mowzuga geç]
#Goçmyrat akgam biggrin

0
2 Selbii   [Mowzuga geç]
Menem gowy göraymela Giçmyrat akgam wacko

0
1 Sona   [Mowzuga geç]
Bu goşgyny maňa düzeniň ýaly boldy, GOÇ! apple
clap Urra, maňa goşgy düzüldi, maňa goşgy düzüldi,
Toçno bilýän şu goşgy ýa maňa, ýa-da maňa düzülen

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: