17:34 Baýadowadan täze goşgular | |
■ Ol kim?! Men kimdir birini unudan ýaly, Kimdir biri çykan ýaly ýadymdan... Ýüregim käteler tisginip gidýär, Nätanyşyň has nätanyş adyndan. Ýerden çykan ýaly bolup bir şemal, Birdenkä sypalap geçse başymy, Men oňa şol diýip, edýän-de güman, Synlamaga gorkýan degre-daşymy. Durmuş tapmaçamy, Gurluş tapmaça?! Soraglar ummany heläk etjekden. Adam öz-özüni gözläp tapmasa, Oňa kimdir birin sebäp etjekden. Her kim göräýmäge hoşgylaw ýaly, Başga kişi bolýar, baraňda deňne... Ol kim, döräýmeli goşgulam ýaly, Meni dert-azara salarça beýle?! Ýatdan çyksa, ýatdan çykmaly zatlar, Soň yzyna geljek bolup durmasa... ...Men ýene tisginýän nätanyş atdan, Ýalta bakýan, nätanyş ses gürlese. ■ Üýtgäpsiň» diýýärler... «Üýtgäpsiň» diýýärler... Hawa, üýtgedim. Öň Aý bolan bolsam, Gün boldum indi. Durmuşymy durşy bilen üýtgedip, Mähire çirkizlen gül boldum indi. Adam bir durkunda durýarmy, eýsem? Ýodadym... kiçiräk ýol boldum indi. Men razydym, bolsam ýekeje eser, Yz-yzyna kitap — tom boldum indi. Duýgularym şelpe-şelpe, tarma-tar, Yşk ýeli degdi-de, saz boldum indi... — Bagty duýup bilýän känmi? — Kän däl. — Azmy? — Az... Köplügiň içinde az boldum indi. Gunçalarym göz öňümde gülleýär, Şaha-şaha ýaýran bag boldum indi. Bir özümde iki sany dünýe bar, Dünýedenem baýnan baý boldum indi. Kimler artyk gördi, kimseler kemter, Deňäp hem öwrenip, jaý boldum indi. Ýaşalmaly ömür öňümde entek, Sebäp öň göwredim, jan boldum indi... ■ Meniň ýüregim ýok... Meniň ýüregim ýok! Ýüreklerim bar... Maňa bir ýüregi az gördi täleý. Men öň bir ýyldyzdym, Indi bir älem. (Adam özün derňäp gezegen bolýar). Menem: «Neçün dogdum?» diýerdim, hälem, Maňa özümden öň gereklerim bar. Meniň ýüregim ýok... Ýüreklerim bar! Meniň ýüregim ýok... Ýüreklerim bar: Maý bermeýän bet iş gözläp aňtara. Bir zada müň degýän dereklerim bar, Köşge döndi öňki göwün-gamhana... Ýüreklerim bir-birinden çalt urýar. Barýan — içi jaňdan doly jaňhana. Ýöräp barýan... Ýok, ylgaýan! Ýok, uçýan! Çünki meniň juda gerek ýerim bar, Meniň ýüregim ýok... Ýüreklerim bar! ■ Goşgularym boýunça... Söýüň meni goşgularym boýunça! Şol söýgüden tapaýyn men nep baryn. Men goşgy ýazmasam — düwülen gunça, Ýazsam — gül men, goşgularym — nektarym. Miweli bag öz miwesin iýmeýär, Öz saýasy goramaýar deregi. Men dag bolsam, goşgularym — mumyýam, Peýdalanyň, eger çyksa geregi. Goşgularym — aňymda kän pelpellän, Göwün guşlarymdan gaýan ýelekler... Eger olary siz etseňiz inkär, Onda meniň özüme-de gerekmez. Öz ýüki, Öz ýüzi, Öz sözi bilen, Kim ýol goýup barýar, kim ýol ýitirip... Olaram şol welin, siz öňi bilen, Şu ýagdaýam göz öňüne getiriň: Mende başga zat ýok göze gelüwli, Ne-hä kirpigim ok, ne-de gaşym ýaý. Men... diňe goşgulam meniň ýüregmi, Görkezer umydy bilen ýaşaýan... * * * Sypaýçylyk üçin goşgy soramaň, Ýagdaý soraň, ahwal soraň, hal soraň! Dünýäde zat gytmy, näme, soralýan, Hüşür soraň, zekat soraň, mal soraň! Kime hoş ýakan zat kimsäni çakar, Ol seçilen — kimsäň gysganýanydyr... Sorap ýörme, özi öňüňden çykar, Çyn goşgy diýilýän rysgal ýalydyr. Çyn goşgy gyşyňy bahara öwir, Ýerden alyp, göge ýetirer seni. Emma gören ýerde okalan töwir, Beýgeldermi Hakyň mertebesini?! Goşgy düýşdür, her uklaňda görülmez, Ýorgudynam ýordurmaz her ýetene. Şahyr diýlen şygry üçin öwünmez, Gaýta, göwne tämiz ünji getirer. ...Garaz, şeýle duýýan goşgy soragyn, Saý-sebäpden gelinende ýanyma. Ol meň üçin ilki adym soralyp, Yzyndan ýüregmi soran ýaly-la... ■ Hiňňildik... Hiňňildik uçaňda nähili bolýaň? Goşgy ýazaňda-da edil şo kysmy... Näçe bat aldykça nägile bolýaň, Duýgular dagynyk, pikirler gysby. Sen şahyr bolsaňam, çaga bolmaňsoň, Düşünýärsiň, ganat küje — bat küje... Öz-özüňi uzak aldap bolmansoň, Ýere düşýäň, ählije zat öňküje. Ah, adamyň guş däldigi belli-le. Ýöne şahyr diýlen ýan bermez asla. Ýene gözler göge bakyp delminer, Ýene göwün asman sary atygsar. Öz-özüňe ganat dakyp hyýaly, Garaşarsyň ylham geljek sagada. Emma bir nakys dil ýetir zyýany, Soňky pursat... çep ýa-da sag ganata. Ýeke ganat bilen uçar ýalymyň?!.. Soň bir gün uçmagy göwne düwersiň. Ele alyp galam bilen kagyzyň, Bialaçja «hiňňildige» münersiň... Aýgül BAÝADOWA. | |
|