17:01
Gökdepe galasy
GÖKDEPE GALASY

Seniň belent diwarlaryň gum boldy.
Gyrmyz gana gark edildi aýtymyň.
Türkmen üçin ahyrzaman gün boldy,
Tary-mar edildi köňül aýdymyň.

Sen namysyň göbegisiň öýdüldiň,
Özgäniň mertliginiň nyşany bolduň.
Sen nijeleň umydyny köýdürdiň,
Özgäň, şöhratyna nyşana bolduň.

Näçe mertlik gördüň, näçe namartlyk,
Gatlarynda ýatyr wepa, dönüklik.
Biz olary unudypdyk bir wagt,
Trakaýa* goşgy goşup ýörüpdik.

Bu gün ganymyzyň teýinde ýatan,
Ruhuň wulkan deý galdy belende.
Ýüregimde parçalandy namysym,
Gylyç gylja azy urdy serimde.

Men jeňi ýigrenýän,
Zulmy ýigrenýän!
Şolaň ýatlamasam, ýazgydam gursun.
Ýöne, eý, Gökdepäň beýik galasy,
Kalbymda ýeňilmän, merdana dursuň!

* Trakaýa – Pribaltikadaky bir gala

Öwezdurdy NEPESOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 Ahmet   [Mowzuga geç]
Gaty gowy!

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Ýöne, eý, Gökdepäň beýik galasy,
Kalbymda ýeňilmän, merdana dursuň!


jemlemäňä ýürekden bolupdyr, Öwezdurdy kaka.
ýürege ornaşdy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: