14:15
Palçy gelin
PALÇY GELIN

...Elli. Altmyş. Ýetmiş. Segsen—
Bu maňa köp dälmi eýsem?
Rowa görüp munça ýaşy,
Sahylyk edensiň aşa...
Ah, eçilip maňa wada,
Düşenjesin on manada,
Sen palçy, ýalançy gelin,
Elleriňde saklap elim,
Şol gün sen aýama garap,
Köp oturdyň başyň yrap...
Ondan näme okadyň sen?
Goýman häli, nokadyň sen!
...Seniň sülük barmaklaryň,
Ýüregme sümüp barýardy...
Gaş-gözüňe maýyl ede,
Hoş sözüňe maýyl ede,
Meniň dek, akmagy telim,
Oýnansyň owadan gelin...
Meni juda eý gördüňmi?
Teý,elim goýbermediň-le...
Ýeri, şonda pal atdyňmy?
Ýa-da menem aldatdyňmy?
...Elli. Altmyş. Ýetmiş. Segsen—
Gaty jomart ekeniň sen...

Annamuhammet KIRŞENOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 93 | Добавил: Sona | Теги: Annamuhammet Kirşenow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 9
0
9 mango   [Mowzuga geç]
gouja goşgy ken.
----
aşaky ikije ýerde bir hili sazlaşyk büdräýjek-büdräýjek ýaly edýär (ýa-da ýaly).

1)
...Seniň sülük barmaklaryň,
Ýüregme sümüp barýardy...

2)
Meni juda eý gördüňmi?
Teý, elim goýbermediň-le...
----
...Elli. Altmyş. Ýetmiş. Segsen—
Annamuhammet Kirşen.
käpiýa nätdi? :-)
---
osoňam, palçy haýsynda durdykä?
50-demi, 60-da? 70-mi 80-de?
döredijiligiň bereketli, ýaşyň uzyn bolsun, Annamuhammet kaka.

0
5 Sona   [Mowzuga geç]
Hawa, men onuň dobryýlygyndan --- kalby şahyrlygyndan peýdalanýan teehee

0
6 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Tüweleme, siziňki düşnükli onda

0
8 Sona   [Mowzuga geç]
üstesine-de men diňe bir ýaş boýunça däl, ÇIN boýunça-da ondan uly. Ol maňa ÇEST berýär

0
7 Taryhçy   [Mowzuga geç]
smile

0
4 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Kimiñki indi bu goşgy?

0
3 Taryhçy   [Mowzuga geç]
"size" bolmaly )

0
2 Taryhçy   [Mowzuga geç]
smile saytda siz zat diyyan yok oydyan? Has aganyñ ak owlagymy sen?

0
1 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Bu öñ bardy. Hem tegde awtoryñ at familiyasyny kada layyk goy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: