13:24
Uçýarmyşym diýýärin...
UÇÝARMYŞYM DIÝÝÄRIN...

Birde gyzdyrýaryn, bir-de üşüdýän,
Ir ertirden ne içýän, ne iýýärin.
...Meger basyrganýan, mümkin düýşümde,
Men birdenkä uçýamyşym diýýärin...

Galyp barýan, barha ýerden daşlaşyp,
Şonda ýakynjakdan gördüm buludy.
«...Hiç kim bilen bilmedimem hoşlaşyp...»
Gol buladym, soň dem alyp uludan:

«Meniň üçin indi bary tükendi...»
Diýip, galagoply bakýan aşaga.
Görsem, biri eli gara tüpeňli,
Meni atjak bolup alýar nyşana...

Gygyrmakçy bolýan, ýagşy-ýamandan
bolanok. Oýamy, ymyzgandymmy?
Onýança ýagyşam ýagyp başlady,
Damjalarnyň beýle gyzgyndygyny!

Gözüm açdym. Garaňky. Daň atara
az galdymy? Gün ýaşdymy ýaňy ýa?
...Başymy sypalap, aglap oturan,
Ejemiň gözýaşy ýüzüme damýar...

Annamuhammet KIRŞEN.
Категория: Goşgular | Просмотров: 46 | Добавил: Sona | Теги: Annamuhammet Kirşenow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Mowzuga geç]
gowa gowy diýmeli.
gowy.
basyrganyşyňy, uçuşyňy, bulutlara ýakynanyňy, hasam eli gara tüpeňli personažyňy haladym.
jemlemäň bter gowy.
okujy hökmünde, şol saňa çenelen gara tüpeňe gaýdyp gelersiň öýtdüm....
---
Birde gyzdyrýaryn, bir-de üşüdýän,
Ir ertirden ne içýän, ne iýýärin.
...Meger basyrganýan, mümkin düýşümde,
Men birdenkä uçýamyşym diýýärin...


şu başlaşyňda bir zatlar ýetmeýän ýaly.
"meger" bilen "mümkin"-i ulanyp gümürtükletmäni iki gezek gaýtalananyzdanmyka?
ýa-da huşdan düýşe geçişiňizde плавный переход-yň ýetmeýänligindemikä?
---
umuman gowja zat bolupdyr.
gutlaýan.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: