13:38
Magtymguly -18/ romanyñ dowamy
■ «Han edip il perrajyny...»

Hudadat beg Gulamaly hanyň garaşýan wagtyndan ir geldi.
– Hoş gördük, hormatly begim! – diýip, Gulamaly han ony garşylady. – Saparyňyz mübärek bolsun!
– Öz hal-ahwalyňyz niçik? – diýip, Hudadat beg gepbaşy hökmünde sorady. – Aman-esen hudaýa gulluk edip ýörenmisiňiz?
– Hawa, begim, siziň geleriňize garaşyp ýatandyrys. Parasatly geňeşiňize garaşyp, Habyp hany häli-häzire çenli ýörişe-de ugradyp bilemzok.
– Habyp hanyň nökeri köpmi?
– Ýeterlik bar. Türkmenleriňkä iki esse-hä bardyr.
– Habyp hanyň nökerini azaldaýsaňyzam bolar. Indi ýomutlaryň size garaw gaýtarmajagyna kepil geçip biljek. Gökleň serdarlarynyňam käbirleri size garşy ýarag galdyrar öýdemok.
– Ýagymyz ýeke gökleňler bolsa, ol hiç-le! Gökleňleri dagyny ýedi depim ýeri bilen goparyp, göge sowrup biljek.
– Beýdäýseňiz kyblaýy älem nähili görer öýdýäňiz? – diýip, Hudadat beg mekir gözlerini güldürdi. – Gökleňlerem kyblaýy älemiň raýaty ahyry.
– Gepem şonda-da! Türkmenleň bizi raýatdygyna ýa ýagydygyna düşüner ýaly däl. Dilimizde türkmenler raýatymyz diýýäs. Emma ýekeje eýranlam türkmen topragyna aýak basyp bilenok.
– Gep onda däl. Gep zyýany saýgaryp bilmekde. Akylly adamlar sagylýan geçini öldürmeýärler. Ony sagyp, köpräk süýt alýarlar.
– Eger geçi sagdyrmasa?
– Geçi sagdyrmasa, onuň üçin geçi ýazgarylýan däldir. Geçini sagyp bilmedik hatyn ýazgarylýandyr.
– Aý, özüm bolsam-a şolaň haýryndan geçäýjek. Men bu türkmenlere beletdirin! Olar gorkaýmasa hudaýyň özünem sylamaz.
– Siziň ýaly welaýat häkimleri syýasat ýörelgelerine gaýym bolmalydyr. Kyblaýy äleme gökleňleriň maslygy gerek däl. Gökleň öýlerinden ýygnanýan salgyt-hyraç gerek.
– Geň zat! – diýip, Gulamaly han mönsüredi. – Gökleňler bize boýun egmeselerem olara jeza bermeli dälmikä?
– Eger gökleňlere jeza bermekçi bolsaňyz ýa-da biriniň öýüni talamakçy bolsaňyz, oňa Nobat hanyň özüni küşgürmegiňiz gerek. Ýigrenji görünse-de, goý, ol ýigrenji görünsin! Bu syýasat üçin gerek! Eger gökleňler pitne turuzsalar, elbetde, olaryň jogabyny bermeli bolar.
– Gökleňler bilen hasaplaşanymyzdan soň ýomutlara azar bermän yzymyza dolanaýalymy?
– Bular ýaly zady soraşman bilmegiňiz gerek! – diýip, Hudadat beg köp manyly jogap berdi. – Kyblaýy älem ýomutlardan ýygnalmaly salgydynam hasabyny sizden sorar.
– Düşündim! – diýip, Gulamaly han uludan dem aldy.
Hudadat beg aýtjagyny aýdansoň, köp eglenmän, köşkden çykyp gitdi. Gulamaly han Habyp hany öz huzuryna çagyrdy.
– Şu günden başlap Türkmensähra ýöriş etmäge perman berýärin! Ýörişi gökleň ilinden başlarsyň! Özüňizem arkaýyn gidip bilersiňiz! Ýomutlaryň size garaw gaýtarmajagyna kepil geçýän! Ýöne gökleňlere çendenaşa gazap etmegin! Bada-bat söweşe girmäň-de, salgydy abaý-syýasat bilen üzüljek boluň!
– Düşnükli, hökümdarym!
– Gökleňler bilen hasaplaşanyňyzdan soň nätmelidigini bilýäňmi?
– Şol ýerden göni ýomutlaryň üstüne sürmeli!
Gulamaly han hoşallyk bilen ýylgyrdy.
– Maňa rugsatmydyr? – diýip, Habyp han sorady.
– Saňa ýene bir ýumşum bar. Şu gezek ýörişe gideňde meniň oglum Tagy hanam kyrk-elli atla baş edip, özüň bilen alyp git! Ol indi ýigrimi bäş ýaşapdyr. Meni ýörişlere ibereňok diýip, nadyl bolup ýör. Dogrymy aýtsam, ony söweşe iberesim gelenok. Her zat bolsa ata ata-da! Ýöne, şir ýaly ýigidi öýdeçi edip saklamagam sogap däl. Onuň siziň ýaly serkerdelerden tälim alyp, bişişmegi gerek.
– Tagy hany maňa ynananyňyz üçin minnetdar!– diýip, Habyp han tagzym etdi. – Ony öz perzendim ýaly saklaryn.

■ «Atlanyň goç ýigitlermiz...»

Gün naýza boýy galypdy. Küti pälwanyň kiçi ogly Körpeje bakýan çekenelerini obanyň ýakasyndaky beýikli-pesli meýdana sürüp eltdi. Kakasy: «Obadan daşlaşmagyn!» diýip tabşyrany üçin, oň goýunlaryny şol ýerde örä goýberip, beýige çykyp oturyberdi. Goýunlar gury gyrtyçlary, ýandak pürlerini çirtip, garynlaryny otarmaga başlady. Körpeje giň meýdana seredip, içinden göwün ýüwürdip otyrdy. Ol bu meýdany mukaddes hasap edýärdi. Bu meýdanda mal bakyp ulalan oglan üýtgeşik ýigit bolup ýetişýämiş. Çalyş batyr şu meýdanda goýun bakany üçin, batyr bolup ýetişipdir. Körpejäniň kakasy Küti pälwan bolup ýetişipdir. Magtymguly hem şu meýdanda çekene bakyp ulalypdyr. «Ulalamsoň men nähili adam bolarkam?» diýip, Körpeje göwün ýüwürtdi.
Körpeje töweregine seredip otyrka, garagörnüm aralykdan biriniň ot-çöplere bukulyp, jara girenini gerdi. Güýzüne hem ýazyna sil geçýän bu jar obanyň gündogar ýakasyny syryp, nirädir öwrüm atyp gidýärdi. Körpeje jaryň ýakasyna bardy, bir çogdam ýowşanyň arasy bilen yşyklap seretdi. Bir adamyň jaryň içi bilen ýapyrylyp, oba tarap barýanlygyny gördi. Körpeje ozal bu adamy görmändi. Onuň egin-eşigi-de birhili eýran satygçylarynyňka meňzeýärdi. Körpejäniň ýüregine betgümanlyk gitdi. Ol ýowşanly beýigiň aňyrsyna aýlandy-da, oba baka ylgady.
Körpeje baranda Küti pälwan öýüň kölegesinde howut ýamap otyrdy. Onuň uly ogly Batman atyny eýerläp, nirädir atlanjak bolýardy.
Körpejäniň elem-tas bolup gelşini görüp, Küti pälwan howsala düşdi.
– Saňa näme boldy?
– Jaryň içinde bir ýat adam bar.
– Nirede?
– Goýun bakýan ýerimde. Jaryň içi bilen oba garşy gaýtdy.
– Derrew git-de, Bakyny tap! – diýip, Küti pälwan Batmana tabşyrdy. – Siz aňyrdan aýlanyň-da, jaryň ýokary ýüzünden geliň! Körpeje ikimiz bärden bararys. Ýöne oňa görnäýmäň!
– Arkaýyn oturyber, kaka! Şol jara giren adam asmana uçaýmasa sypdyrmarys.
Batman Bakylara baka ylgady.
– Birden sataşaýsaňyz, ägä boluň! Ol ýaragly bolaýmasyn! – diýip, Küti pälwan onuň yzyndan gygyrdy. Onsoň öýe girdi-de, pyçagyny alyp, guşagyna gysdyrdy, howuda beklemek üçin taýynlap goýan ýanagajyny aldy.
– Ýör, oglum!
Ataly-ogul tirkeşip ugrady. Küti pälwan (megerem näbelli adamy aldawa salmak üçin eden bolsa gerek) elindäki ýanagajy hasa edinip, bolşundanam beter küýkerdi.
Jaryň içi ümsümlikdi. Küti pälwan öňe baka seretdi. Ýüz elli ädim çemesi öňde jaryň öwrümi bardy. Öwrümden aňyrsy görünmeýärdi. Küti pälwan üm bilen Körpejä öwrümi görkezdi. Körpeje bukdaklap öwrüme bardy, yşyklap aňryk seretdi. Sereden badyna-da yzyna tesip, ýene büküldi. Küti pälwan bir zat barlygyny aňlady-da, daraklygyna basyp, öwrüme baka haýdady. Ol entek bukulyp ýetişmänkä, bir nätanyş adamyň göwresi göründi. Sakgalyndan ak giren bu hortaň adamyň egninde serdar çäkmeni bardy, başy keçe telpeklidi. Küti pälwana pete-pet geleni üçin ol aljyrady, zähresi ýarylan ýaly bolup gaýra tesdi. Ýöne, basym özüni dürsedi-de:
– Salawmaleýkim! – diýip, çalgyrt dilde salam berdi.
– Amanlykmy, inim! – diýip, Küti pälwan «hasasyny» goltugyna gysdy-da, nätanşa iki elini uzatdy.
Oňaýsyz ýagdaýda galan nätanyş ikigöwünlilik bilen pälwana ellerini uzatdy. Küti pälwan görüşjek ýaly etdi-de, nätanşyň iki goşaryndan pugta penjeledi. Onuň penjesi edil gapan gysan ýalydy. Nätanyş rejäniň geň däldigini aňdy-da, bar güýji bilen gollaryny silkdi, öňe dyzap, ýaşulyny ýere pylçap ötägitmekçi boldy. Ol her näçe urunsa-da, pälwany ýerinden gozgap bilmedi. Nätanyş gaty geň galyp, ýaşulynyň ýüzüne seretdi. Şonda Küti pälwan onuň gözüne ýaşuly sypatyna giren bir äpet döw ýaly göründi. Küti pälwan nätanyşyň elinden tutup durşuna birden ýanbaşa aldy-da, bir gapdala agdaryp goýberdi. Nätanyş serrelip gitdi.
– Oglum, biliňdäki kendiri çöz-de, munuň gollaryny daň!
Onýança Batman bilen Baky hem ylgap geldiler.
– Muny biz peýläp gelýädik welin, sen öňürtiläýdiň-ow, pälwan aga – diýip, Baky güldi. – Seniň awçylygyň biziňkä görä ezberräk eken.
Batman bilen Baky nätanyşy barladylar. Onuň ýanyndan bürünç gynly iki ýüzli gama, naskädi kem bir guty tirýek çykdy.
– Adyň kim? – diýip, Baky nätanyşdan sorady.
– Adym Süleýman.
– Nireli borsuň?
– Könegaladan. Bu ýere azaşyp düşdüm. Kimden ýol sorajagymy bilmän aljyrap gelşim.
– Ýoluňy ýitiren bolsaň, jaryň içinde bukdaklap ýörmäň näme? Ýol sorajak kişi adamlardan sorar-da.
– Şony diýsene, bradar – diýip, Süleýman mönsürän boldy. – Ýygralyk gursun! Özüňiz duşaýmadyk bolsaňyz, siziň ýanyňyza-da baryp bilmezdim. Onsoňam her adamyň ýanyna barar ýalagam däl. Egin-eşigiňi üýtgeşigräk görseler, elini-aýagyňy daňaýýarlar.
– Ynanmaň! – diýip, Batman müňkürlik etdi. – Ol içalydyr.
– Hudaý saklasyn! Ol sözleri eşidemde endamym tikenekläp gitdi. Siz asyl şony güman edip elimi daňdyňyzmy?
– Ony Çowdur hanyň ýanyna äkidiň! – diýip, Küti pälwan tabşyrdy. – Ol adamyň gözüni gören-de ýüregindäkini bilýär.
Süleýmany alyp baranlarynda Çowdur bilen Çerkeze onbegi aýak üstünde gürleşip durdy Çowduryň Atanazar atly üç-dert ýaşly ogly olaryň ýanynda aşyk oýnaýardy.
– Pälwan aga, munyň näme? – diýip, Çowdur Süleýmana baka başyny atdy.
– Şoň nemedigini bilmänimiz üçin sen ýanyna getirdik, jaryň içinde bukdaklap ýör.
– Walla-billä azaşdym – diýip, Süleýman öňürtiledi. – Gatyrymy ýitirdim. Gatyr dagy däldi. Edil ýaby ýalydy.
– Gatyryňy ýitiren bolsaň, ony näme üçin jardan gözleýäň?
– Jardan gözlämok, aga jan! Jara hojagaz ýerde, obaň ýakasynda itden gorkyma giräýdim.
– Ýalan sözleýä! – diýip, Körpeje onuň sözüni böldi. – Ol baryp-ha meniň goýun bakýan ýerimdenem aňyrda jara girdi.
– Ýalan sözleýänligi görnüp dur-la – diýip, Çerkez onbegi ýylgyrdy. – Döwletmämmet pahyr: «Adamdan habar alaňyzda sözlerine ynanmaň-da, gözlerine ynanyň. Adamyň dili ýalan sözlese-de, gözi ýalan sözlemez» diýerdi. Seniňem diliň diýýän zadyny gözleriň tassyklanok.
– Huda haky üçin ynanaýyň, aga jan! Men bir ýalňyz biçäre!
– Gürrüň gutardy! – diýip, Çowdur gygyrdy. – Meniň gyzylbaşlarda azyndan ýüz hun algym bar.
– Şol hunlardan birini bir üzüler ýaly, äkidiňde kellesini kesiň!
Çowduryň etjek bolýan pirimini gözlerinden aňan Batman Süleýmany südenekledip ugrady.
– Waý, aga jan, mende näme ýazyk bar? – diýip, Süleýman gygyrdy. – Men bir garyp biçäre!
– Ugra! – diýip, Batman gylyjyny ýalaňaçlady,
– Aga jan! Aga jan! – diýip, Süleýman ýetişip bildigine ýalbarýardy. – Meni öldürmän! Men bir mysapyr!
Süleýmany esli ýere eltdiler. Ol gitmejek bolup dyzaýardy.
– Waý, öldürmäň! Men dogrymy aýdaýyn. Gyzylymam jandan ant içýän, dogrymy aýdaýyn.
Ýigitler yzlaryna gaňrylyp, Çowdura seretdiler. Çowdur «getiriň!» diýen yşarat etdi. Süleýmany getirdiler. Ol duran ýerinde lampa aşak oturdy.
– Maňa bir suw beriň!
Süleýmanyň goluny çözdüler-de, suw berdiler. Süleýman suwy ýüzüniň ugruna başyna çekdi.
– Size dogrymy aýdaýyn. Ýöne meniňem size şertim bar: meni öldürmejegiňize wada beriň!
– Wada berlen ýaly göräý! Dogryňy aýtsaň öldürmeris.
– Men Gulamaly hanyň atlybaşysy Habyp hanyň nökeri. Habyp han kän atly bilen Serçeşmäň aňyrsyna geldi.
– Ol seni näme üçin iberdi?
– Men bu ýerlere az-kem belet. Ol nähili ýol bilen barylsa obany aňsat gabap boljakdygyny bilmegi tabşyrdy. Biz, elbetde, şu jary göz öňünde tutýardyk.
– Habyp han haçan çozmakçy?
– Bilmedim, aga jan! Nobat han ähli gökleňden salgyt ýygnap getirmäge wada berdi. Emma onuň getirýän zady ýok. Şoňa görä-de, Habyp hanyň gahary geldi.
– Habyp hanyň atlysy känmi?
– Kän. Onuň hut öz atlysy ýüze golaý bar Beýlekileriňkem-ä ep-esli bardyr.
– Beýlekiler diýýäniň kim?
– Olaram Gulamaly hanyň leşgerbaşylary Abdylkerim han, Tagy han, Ýunus han.
– Olaryň hemmesi Serçeşmä geldilermi?
– Habyp han bilen Tagy hanyň atlylary geldi. Abdylkerim hanam ýetip gelýär. Galanlary indi gelmeli.
Guşluk tarapdan duýdansyz tozan göründi. Tozan barha golaýlaýardy, golaýladygyça-da onuň gabarasy ulalýardy.
– Gyzylbaşlar bolaýmasyn? – diýip, Baky howsala düşdi. – Bizem atlansak nädýä?
Çowdur jogap bermedi. Onuň sarsman durşuna ýigitler haýran galdy. Şu aralykda atlylar golaýa geldiler-de, atlaryny ýuwaşatdylar.
– Adamlar, ýa haýyrdyr, ýa şerdir – diýip, Çerkez onbegi wäşilik etdi. – Obamyza Galkan gökleň gelipdir.
– Maňa bir suw beriň! – diýip, Galkan gökleň suw diledi.
Oňa suw berdiler. Galkan gökleň suwdan mazaly gandy-da, Çerkez onbegiň ýanyna bardy.
– Gyşyk gürrüňiň aýrylman geçjeg-ow, Çerkez! «Haýyrdyr, ýa şerdir» diýen bolup, menden saňa zeper ýeten wagty boldumy?
– Çerkez rast aýdýar – diýip, Küti pälwan gürrüne goşuldy. – Indi sen ula-kiçä akyl berip oturmaly ýaşuly bolupsyň. Beýdip çapawullyk edip ýörmäňi bes edäýseň bolmyýamy?
– Gökleni ýa-da ýomudy çapawullanymy görenem dälsiňiz, eşidenem! Gidip gyzylbaşlardan olja alanym üçin siziň näme janyňyz agyrýa?
– Gyzylbaşlar, näme, adam dälmi?
– Gyzylbaşlar häli-şindi gelip, ilimize talaň salýalar. Mallarymyzy sürüp, ogul-gyzlarymyzy daňyp äkidýäler. Olar şeýdip edenini edip ýörse, näme üçin biz ar almaly dälmişik?
– Munyňyz talançylyk ahyry, Galkan aga! – diýip, Çowdur jogap berdi. – «Iki at depişer, arasynda eşek öler» diýlişi ýaly, aralykda pukara halk tozýa.
– Eý, Çowdur han, sen batyr ýigit! Ýöne entek ýaş bolýaň. Bu dünýäň düýbüniň çüýrükligine düşünmeýäň. Bu ýumrulmyş dünýäň özi talaňçylyk salynyň üstünde gurlan dünýä ahyry. Siz meni talaňçylykda aýyplaýarsyňyz. Ýok, men hakyky talaňçy däl. Hakyky talaňçylar meniň ýaly kiçijik galalarda çapawullyk edip ýörenok. Olar gidip uly şäherleri, gidenbir memleketi tozdurýalar. Ýaplardan suw ýerine gan akdyrýalar. Emma adamlar olara talaňçy diýmäge het edip bilenok. Gaýtam olary pygamber ornunda goýup, etegini ogşaýarlar.
– Dünýäde talaňçylyk edip döwlet tapan ýokdur.
– Bu gürrüňi goýalyň! – diýip, Galkan gökleň elini silkip goýberdi. – Men bu ýerik pelsepe okaşmaga gelemok. Edil alkymyňda gyzylbaşlar naýzasyny gezäp dur, Çowdur! Şu gün ýa-da ertir üstüňizde nähili tozan turjagyndan habaryň barmy?
– Sen olary gördüňmi?
– Gözüm bilen gerdüm. Men bir aňkaw gyzylbaşy ele-de saldym. Onuň aýtmagyna görä, gyzylbaşlaň sany dört ýüzdenem geçýämiş. Olara Habyp han serdarlyk edýämiş.
– Diýmek, onda ol dogrusyny aýdan eken-ow! – diýip, Çowdur müzzerlip oturan Süleýmana seretdi.
– Ol kim?
– O-da Habyp hanyň bir içalysy.
– Içaly bolsa näme beýdip goýduňyz? Kellesini hennege togalap goýbermezlermi!

■ «Gözi ýaşly Meňli hanym...»

Magtymguly mekdepde sapak okadyp gaýdyp gelýärkä, bir zenan maşgalanyň ussaçylyk edýän kepbesine ýetip barýanlygyny gördi. Onuň egninde sowsany köýnegi bardy, başy bürenjeklidi. Magtymgulynyň ýüregi jigläp gitdi. Meňli!
Magtymgulyny görende Meňliniň hem ýüregi ersip gitdi. Hijran ýeli iki aşygy biri-birinden aýrandan soňky ýigrimi ýylyň içinde Meňli Magtymgulyny bir gezegem şeýle ýakyndan görmändi. Meňliniň gözüne Magtymguly üýtgän ýaly göründi. Onuň juwan kamaty durguşyp, nurly ýüzünde gelşiksiz ýygyrtlar emele gelipdir. Ýüpek ýaly gara sakgaly bürünç reňke öwrülipdir.
Meňlidir Magtymguly ikisiniň-de huşy başyndan göçdi. Bu wagt olaryň haly ne sag, ne telbe diýilýän ýagdaýa düşüpdi. Uzak hem umytsyz aýralykdan soň biri-birlerine sataşan intizar gözlerde peýda bolan näzik duýgyny söz bilen beýan etmek mümkin däldi.
– Amanmy, Meňli! Meňliniň dili Magtymgulynyň soragyna jogap berse-de, nazaryny onuň gözlerinden aýryp bilenokdy. Kepbä girdiler. Esli wagtlap edere gürrüň tapman, ýuwdunyşyp oturdylar.
– Arada gyzyňyzy gördüm – diýip, Magtymguly söz açdy. – Üýtgeşiksiz özüňiz. Soraşman tanaýmaly! Men ondan: «Eli degse, ýüzügini alyp gitsin!» diýip sargapdym.
– Men-ä näme diýjegimem bilemok. Siziň ýanyňyza gelesimem geldi, gelmäge-de aýagym ädilmedi.
– Näme üçin?
– Men ol ýüzükleri alyp dakynaýsam, barmaklarym lowlap ýanaýjak ýaly bolup dur.
Magtymguly goşgy diwanlaryny saklaýan owadanja sandygyny açdy-da, öýme ýaglyga düwülgi ýüzükleri çykardy.
– Alyň! Galan ömrüňizde dakynyp gezmek nesip etsin!
– Ýüregim edenok, şahyr!
– Alyň! Bu siziň ýüzügiňiz ahyry! Meniň gursagymda sizden başga gözele orun bolmyşy ýaly, bu ýüzüklere-de sizden başga hiç bir perizat mynasyp bolup bilmez.
Meňli ýigrimi ýyl mundan ozalkysy ýaly ýygralyk bilen ýüzükleri aldy, ony dakyndy-da, syn etdi. Şonda ajy aýralyk sebäpli çekilen ähli jebir-sütemler birden ýadyna düşdi-de, gaýgyly gözlerinden merjen däneleri togalanyp başlady.
Magtymguly-da, Meňli-de dymýardylar. Bu jadyly dym-dyrslyk aşyk bilen magşugyň arasynda şunça ýyllap sönmedik yşk oduny täzeden tutaşdyrýardy. Ahyry ümsümligi Meňli bozdy.
– Men kümüş getirdim, şahyr – diýip, ol içi kümüşli haltajygy Magtymgula uzatdy. – Siz irnik görmäň-de, meniň gyzlaryma-da şunuň ýaly ýüzük ýasap beriň!
Magtymguly kümüşli haltajygy aldy-da, saldarlap gördi.
– Bar ýasatjagyňyz iki sany kökenli ýüzük bolsa, munça kümüş nämä gerek?
– Artany özüňizde galaýsyn, Barybir, Şyhym baýyň hossarsumaklary onuň malyny gurt degen goýna dönderdiler. Biri onuň sürüsini dargatdy, ýene biri pully küýzesini ogurlady.
– Hawa, Şyhym baýyňkam «ýygnanyň özüňe nesip etmesin» diýenleri boldy. Indi Şyhymyň ýygnan malynyň üstünde onuň hossarlary gyrlyşmasalar oňaýgyn! Bize welin onuň kümüşem gerek däl, gyzylam! Biz haram zada el garyp bilmeris.
Ýene ümsümlik aralaşdy. Ýene-de aýdara söz tapmak kynaldy.
– Ýogsa-da – diýip, bu gezek ümsümligi Magtymguly bozdy. – Men Hywada okap ýörkäm Horezmiň bir obasynda Bahara duşdum. Ol size salam aýdypdy.
– Haýsy Bahar?
– Bir wagtky goňşyňyz. Ol siziň joraňyzdy ahyry.
– Wi, ol Baharmy? Olar köp ýyl mundan ozal Horezme göçüpdiler. Ol biçäräň haly neneňkä?
– Onuňam höwes eder ýaly gün-ä ýok – diýip, Magtymguly Bahara duşuşy hakynda, Horezmdäki türkmenleriň Hywa hanyňa garşy gozgalaň turuzyşy, ol gozgalaňyň rehimsizlik bilen ýatyrylyşy, Baharyň ýesir edilip Hywa äkidilişi hakynda gören hem eşiden zatlaryny gürrüň edip berdi.
Gapyda at toýnagynyň sesi eşidildi. Meňli barmaklaryndaky ýüzükleri aýryp, ýaglyga düwdi-de, kepbeden çykyp gitdi. Meňli çykan badyna Çowdur bilen Küti pälwan geldi.
– Biz ýakymsyz habar getirdik. Gulamaly han-a öz serbazlaryny Serçeşmäň boýuna çekip ugrapdyr – diýip, Çowdur Süleýman bilen bolan wakany we Galkan gökleňiň getiren habaryny Magtymgula gürrüň edip berdi.
– Gulamaly han öz talaňçydygyny gökleňlerden başlamagy makul bilipdir-ow! Beýleki obalara-da habar iberdiňizmi?
– Nobat hanyň galasyndan beýleki obalaryň hemmesine habar iberdik.
– Olar näme diýýäler?
– Olar näme diýsin?! Gyzylbaşlaň tükeniksiz süteminden bez bolan halk beýdip janserek bolup ýörenden basymrak bellisini edenini kem görenok. Ýöne Adna serdar bilen Amannyýaz uruşdan boýun gaçyrýalar. Uruş edip adamlary gyrdyranymyzdan, salgydymyzy üzenimiz gowy diýýäler.
– Namarda işiň düşse, boljagyň şodur! – diýip, Magtymguly käýindi. – Ýomutlara habar iberdiňizmi?
– Iberdik. Gep salgyny aňýas welin, Annatuwak serdaram pälini bozýan ýaly. Ol iberen adamlaryma hoş söz bermän goýberipdir.
– Näme üçin?
– Şoňa bizem haýran! Ýanyňyza gelşimiziň düýp sebäbem şol!
– Annatuwak serdara birden nä döw çaldyka? «Şu gezek agzybirligi pugta saklalyň» diýip, ile öwüt berip ýören özüdi ahyry.
– Näme bolanlygyny siziň akylyňyz kesäýmese!
Magtymguly bada-bat jogap bermedi. «Arada Eýranyň mekir tilkisi Hudadat beg ýomut iline sapar edýämiş diýen gürrüň gulagyma degdi welin – diýip, ol öz ýanyndan pikir öwürdi. – Bu zatlar şol melgunyň guran oýny bolaýmasyn!»
– Haýal etmän Annatuwak serdaryňka atlanmak gerek – diýip, Magtymguly belli karara geldi. – Ol näme diýse, öz agzyndan eşideliň!

■ «Her kişiniň ygtybary bolmasa...»

Ýomut obalary birahatdy. «Bu gün-erte gyzylbaşlar çozjakmyş» diýen şum habar hemme ýere ýaýrapdy.
Adamlar şeýdip basga galyp ýörkä, «Annatuwak serdaryňka Hudadat beg gelip gidenmiş» diýen gürrüň ýaýrady. Adamlar Hudadat begiň duýdansyz gelip gidişinden çen tutup, bir üýtgeşiklik bolar öýtdüler.
Günleriň bir güni Annatuwak serdar ýörite çakylykçy iberip, obalaryň hem galalaryň aksakgallaryny ýygnady. Serdar näme ýakymsyz habar aýdarka diýen ünjüden ýaňa aksakgallaryň ýürekleri böküp durdy. Annatuwak serdar hiç kimiň ýadyna düşmeýän täze bir habar tapdy.
– Özüňiz bilýäňiz, adamlar, geçen ýyl gurak boldy. Düme ekin bitmedi, öri meýdanlarynda ot bolmady, mal köp gyryldy. Üstesine töwerekdäki garakçylaram obalara köp talaň saldy. Halk garyp düşdi. Bolsa-da, bize Allaň özi garaşyk etdi. Ýany-ýakynda men eýran patyşasynyň ýanynda ýüzli adamlaryň biri bilen gürrüňdeş boldum. Ol biziň ilimize ýörite jellaplar ibermegi boýun aldy. Olar aňyrsy on-on bäş günden meniň galama gelse gerek. Siz haýal etmäň-de, adamlara habar ediň! Kimde ýüň, deri, ýüpek, haly ýaly zatlar bar bolsa, meniň galama getirsin!
– Aý, sen her zat diýseňem nyrhy olar keser, diýen ýerlerine berseň-ä alarlar. Ýogsa-da almazlar.
– Almasalar bermerisem. Hywaly täjirlere sataýarys.
– Sizem juda öz diýeniňizi tutup durmaň! – diýip, Annatuwak serdar maslahat berdi. – Hywaly täjirlere satsaňyz, hakjagazyňyzy bererler-de gidibererler! Olardan başga görjek nepiňiz ýokdur! Eýran bilen biz häli-şindi iş salyşýas.
– Men bir gürrüň eşitdim-le, serdar aga! Eýran jellaplary bizden alýan zatlaryny iňlislere satýamyş diýýäler.
– Senden bir alansoňlar ony nädenlerinde saňa näme! Isleseler iňlislere satsynlar, islemeseler deňze döksünler!
– Olar ony iňlislere peýda görjek bolup satýandyr, elbetde. Beýdip gyzylbdşlara peýda gazandyranymyzdan fraklar bilen özümiz söwda edäýemizde bolmazmy?
– Kim bilen söwda etjek? Bu ýere iňlisler gelýämi näme!
– Iňlisler gelmese orslar gelýä! Orslaram alýan zatlary üçin iňlislerden az nyrh kesesi ýok.
– Bolmaz! – diýip, Annatuwak serdar jogap berdi. – Orslar eýran jellaplary ýaly oba-oba aýlanyp, haryt ýygnap ýöresi ýok. Satlyk zadyňyz bolsa öz aýagy bilen üstümize gelen adamlara satyň-da oňuberiň!
Şunuň bilenem geňeş gutardy. Aksakgallar galadan çykyp gitdiler. Annatuwak serdar ýeke galdy. Birnäçe gün bäri onuň kalbyna rahatlyk bermeýän harasatly pikirler ýene tüweleý turzup başlady, «Agyr ili gyrgynly uruş howpundan halas etmek oýun zat däl» diýip, ol öz-özüne göwünlik berýärdi. Ol şu duýgyny ýüreginde ykrar edip ýetişmänkä, gökleňlere beren wadasy ýadyna düşdi-de, kalbyndaky ýakymly duýgularyň hemmesini ýele sowurdy.
– Gökleň ilinden Magtymguly şahyr geldi, serdar aga!
Annatuwak serdar doňup galdy. Ol gökleň ýaşulularynyň öz üstüne geljegini güman edýärdi. Olara berjek jogabynam tanynlap goýupdy. Ýöne Magtymguly şahyr geler öýtmändi.
– Sen näme aňalyp dursuň? – diýip, serdar bigünä hyzmatkäre azgyryldy. – Myhman gelen bolsa, bar-da garşy al-da!
Hyzmatkär gitdi. Az salymdan soň Magtymguly bilen Küti pälwan öýe girdiler.
– Hoş geldiňiz! – diýip, Annatuwak serdar mürähet etdi. – Hormatly myhman üçin göwnümizem açykdyr, gapymyzam!
– Geçip oturarlyk ýagdaýymyz ýok – diýip, Magtymguly jogap berdi! – Bizi sylaýanyňyz çynyňyz bolsa, habarymyzy alaýyň!
– Beýle gyssaga düşüpsiňiz-le! – diýip, Annatuwak serdar mönsürän boldy. – Eýgilik bolsun!
– Siz gyzylbaş serbazlarynyň Serçeşmäniň boýuna gadam basanlygyny eşiden bolsaňyz gerek?
– Habarym bar.
– Ýomut bilen gökleň ýowuz günde birek-birege arka durmak hakynda uly geňeş edipdi-le.
– Şol geňeşde siz ajaýyp bir goşgam goşupdyňyz – diýip, Annatuwak serdar sözi Magtymgulynyň agzyndan kakyp aldy. – Ol geňeş iki tarap üçinem bähbitli geňeşdi. Şol döwletli geňeşi gökleňleriň bozanlygyna haýpym gelýär.
– Gökleňler uly iliň bähbidine bap gelýän mukaddes geňeşi bozjak bolup hyýalam edenok. Gyzylbaşlar öz ýörişini ýomut topragyndan başlaýan bolsa, gökleňler sähelçe-de ikirjiňlemän, size kömege ýetişerdi.
– Size aýdyp otyryn, gökleňler öz wadasyny bozmadyk bolsa, ýomutlaň erkek göbeklisiniň hemmesi bireýýäm size kömege barardy. Namany özüňiz bozduňyz.
– Aýdýanyňyz näme?! – diýip, Küti pälwan saklanyp bilmedi. – Namana bozar ýaly gökleňler näme gabahat iş edenmiş?
– Ýomudyň sylagly adamsy Kyýas baýy nähili güne saldyňyz? Ol biçäre agyr namysa bäs gelip bilmän, öz-özüni öldüräýjek bolýa.
– Şony bahana edýän ekeniňiz-ow! – diýip, Küti pälwan jogap berdi. – Bu bahanaňyz ýöntem bolýa, serdar! Kyýas baýyň agasynyň gyzyňy äkideniň kimdigi entek bellem däl. Şol gyzy gökleň ýigidiniň alyp gidenligi çyn bolaýanda-da, bu ýomut bilen gökleňiň agzyny alardar ýaly sebäp däl. Bular ýaly ownuk näsazlygy töwella-tagsyr bilenem ylalaşdyryp bolar.
– Onda näme ylalaşdyraýmadyňyz? Kyýas baý size hormat goýup, üstüňize barypdyr. Siz ony kowup goýberipsiňiz.
– Size bir soragym bar, serdar! – diýip, Magtymguly sowukganlylyk bilen sorady. – Gyzylbaşlar öz ýörişini ýomutlardan başlaýan bolsa näderdiňiz? Şonda-da şu sözüňizi taparmydyňyz?
– Gyşyk gürrüň nämä gerek, şahyr! Siziň ýaly dana adama içi möjekli gürrüň gelişmeýär.
– Siziň ýaly serdara-da oýlanman jogap bermek gelişmeýär. Häzirki berýän jogabyňyz öz akylyňyz bilen aýdylman, kişi gepi bilen aýdylýan bolaýmasyn diýen müňkürlik döredýär.
– Men kişi gepi bilen ýol ýöreýänlerden däldirin.
– Eýranyň mekir tilkisi Hudadat begiň size myhman bolup gidenliginden habarymyz bar. Biziň ýüregimizde «Siz şol wyždan ogrusynyň duzagyna düşen bolaýmaň» diýen gorky döreýär. Siz eden wadaňyzy bozmak bilen ýeke gökleňlere zyýan edýändiris öýtmäň! Özüňize zyýan edýärsiňiz. Gyzylbaşlar biziň üstümizi basyp geçäýse, göni siziň üstüňize sürer.
– Sürse süren wagty göräýeris.
– Gyzylbaşlar üstüňize bir sürensoň ahmyrly galarsyňyz. Megerem, siziň şoňa paýhasyňyz ýetýän bolsa gerek.

* * *

Magtymguly bilen Küti pälwan gyssanmaç gelişleri ýaly, gyssanmaç hem yzlaryna dolandylar.
– Annatuwak serdar-a bigaýratlad-ow! – dikip, Küti pälwan içini dökdi. – Şol namarda ýüz tutup gelmelem däl ekenik.
– Beýle däl, pälwan! Gelenimiz gowy! Serdaryň jogabyny öz agzyndan eşitdik.
– Biziňki mydam şeýle bolaýýa – diýip, Küti pälwan käýindi. – Uruş ýokka hemme kişi batyr! Annatuwak serdaram ozal-a gaty göwünjeňdi. Iş jygba-jyga geldi welin, birden pisseräýdi.
– Bu-zatlar Annatuwak serdaryň gözli körlüginden bolýan zat. Gyzylbaşlary gökleňleriň üstune goýberäýse, öz aýagyndan palta salýanlygyna akyly ýetenok.
– Adna serdar başlyklaýyn gökleň serdarlarynyň arasynda bigaýratlaýanlar bar. Olar gyzylbaşlardan gorkup, obalardan salgyt ýygnaýarlarmyş. Ýagynyň tozanyny görenlerinden bigaýratlap başlapdyrlar.
– Türkmeniň bagtyny şorladýan şol baş-başdaklyk biziň maňlaýymyzdan aýrylman barýa. Agyr döwletler aýrylar, bir agza bakmyýan ärden! Uly il bir agza bakmasa, soňy şumluga elter.
– Indi näme karara gelmeli bolarkak, şahyr? Duşmanyň güýji agdygrakdyr öz-ä.
– Gerek ýerinde hile-de bir batyrlykdyr, pälwan! Duşmanyň güýji ökdedir öýtsek, şoňa görä bolaýmaly bolarys. Häzirlikçe, etmeli işimiz: mal-garalary hem aýal-oglan-uşaklary Etrekden gaýrak geçirmeli! Özem bu işi duşmana duýdurman etmeli!
– Bizde ýene-de bir umyt bar, şahyr. Teke hamy Annaseýit wekile-de ýüz tutup göräýsek. Onuň ýaragam guratmyş, nökerem köpmüş. Özem Keýmir körden tälim alan serdar.
Magtymguly uzak gözýetime nazaryny dikip barýardy.
– Jogap bermediňiz-le! Maslahata pisindiňiz oturmadymy?
– Men näme diýeýin, pälwan! Ozallar men han, serdar bolýan adamlar Allatagalanyň nazar salan adamlarydyr öýdýädim, olar hemme kişiden akylly hem paýhaslydyr öýdýädim. Beýle däl eken. Men dünýä düşünip başlalym bäri hanlardanam, serdarlardanam göwnüm geçip barýa. Olaryň edýän pyssy-pyjurlyklaryny görýän welin, pukara bendeleri betbagtlykdan betbagtlyga sezewar edýän hut han-beglerdir diýäýesim gelip dur.
Oba göründi. Magtymguly öz gapylarynda iki sany atyň duranlygyny gerdi. Atlar arkalangydy, öňlerine bede dökülipdi. Atlaryň ýanynda bir ýigdekçe dikelip durdy. Onuň egni keteni köýnekli, aýagy keteni balaklydy. Uzakdan seretseň, ol naryň güli ýaly dym-gyzyldy. Ýigdekçe Magtymgulynyň gelenini görüp, oňa baka ylgady.
– Şahyr aga, salawmaleýkim!
Magtymguly onuň börmeli Nazarlyň ogly Şajadygyny tanady.
– Bo-how! Şaja han! – diýip, Magtymguly atdan düşdi. – Tüweleme! Gezmäge geläýdiňmi?
– Kakam bilen geldim – diýip, Şaja jogap berdi.
Döwletmämmet Azady aradan çykandan soň Nazarly-da Magtymguly bilen birlikde Hywadan gaýdyp Hajygowşana gelipdi, garry mollaň patasyny alyp, onuň ýasyny tutupdy. Birnäçe gün Magtymgulyňkyda bolandan soň Börmä gaýdypdy. Şondan soň Magtymguly Hywa okuwa gitmedi. Nazarly ýene birnäçe ýyl Hywa gidip, okuwyny dowam etdirdi. Ýöne o-da medresäni tamamlap bilmedi. Bir ýyl hamal aýy oba rugsada geldi-de, şondan soň Hywa gitmedi. Obalarynda mekdep açyp, oglan okatdy, metjitde ymamlyk etdi. Onuň il arasyndaky ýörgünli ady Nazarly ahun boldy. Ol aram-aram Magtymgulylara gezelenje gelýärdi, ony obalaryna myhman çagyrýardy. Magtymguly Börmä baranda Şaja bilen degişýärdi, oňa goşgy aýdyp berýärdi.
Magtymgulynyň gelenini bilip, öýdäki adamlar daşaryk çykdylar. Nazarly hem çykdy.
– Börme illeri gurgunlykmy?–diýip, Magtymguly sorady.
– Hudaýa şükür, Börme saglyk-la! Ýöne bärik gelip ýakymsyz habar eşitdik.
– Hawa, gökleňleriňem alada ýük-ä ýetik! Haktagalanyň gullugyny berjaý edip ýören bendeler bir melamatyň derdeserinden dynyp-dynmakalar Allatagala olaryň üstüne täze bir towky iberýär.
– Hawa, beterinden saklasyn diýäýmeli bolupdyr! Siz Annatuwak serdardan habar almaga giden ekeniňiz. Ýakymly habar aýdyp bildimi?
– Annatuwak serdar mertebesine mynasyp iş etmedi.
– Adamlar ownapdyr-ow! – diýip, Küti pälwan zeýrendi.– Annatuwak serdar diýip apalap ýörseler, şeýlemikä öýdýädik welin, ol-a barypýatan namart eken.
– Ýeser wagt Türkmensähra sapar edipdiris-ow! – diýip, Nazarly ökündi. – Magtymguly şahyryňka baryp halyndan habar alaly hemem ony myhman çagyraly diýip gelipdik.
– Siz aýny wagtynda geldiňiz – diýip, Magtymguly sagynman jogap berdi. – Belki-de, siz bize oňat geňeş berersiňiz! Ynha, Küti pälwan teke hany Annaseýit wekile-de ýüz tutup göräýsek diýýä. Bu barada siz näme diýýärsiňiz?
– Annaseýit wekil biziňem iş salşyp gören serdarymyz-a däl. Ýöne ony görmek meýliňiz bolsa, ýoldaş bolmaga taýyn!
– Sag bol, Nazarly! Çyn dost başa iş düşende tanadýar!
– Onda näme, ýol şaýymyzy tutubermelimi? – diýip, Küti pälwan sorady.
– Siz gitmäň, pälwan! – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Siz bärde Çowdur hana kömek ediň! Ýigitleriň başyny jemläň! Çerkez onbegi bilen maslahatlaşyň-da, obany göçürmegiň gamyny iýiň! Teke hany bilen gürleşmegi Nazarly ikimize tabşyraýyň!
– Ýoldaşsyz gitmäň, şahyr! – diýip, Küti pälwan garşy boldy. – Bolmasa Abdylaly çapygy äkidiň!

■ «Türkmenler baglasak bir ýere bili...»

Ahal etrapynyň uly galalaryyndan biri bolan Durun galasynyň öňünde jemende köpdi. Töwerekdäki obalaryň erkek göbeklisi şu ýere ýygnanypdyr. Adamlar galanyň günbatarsyndan geçýän uly ýabyň boýunda iki topara bölünip otyrdy. Ýabyň gündogarsynda tekeler, günbatarsynda ýemreliler otyrdy. Bu toparlar biri-birlerine ýigrenç bilen seredýärdi. Onuň öz sebäbi bardy. Soňky ýyllara çenli tekeler Nedir şanyň zulmundan gaçyp, Balkan daglarynda hem gum içindäki ýaýlalarda mesgen tutunypdy. Olar çydamsyz derejede açlyk çekýärdi. Ahyry tekeler bu ýagdaýa çydap bilmän, Durunyň häkimi Isgender hanyň üstüne ilçi iberip, Etrekdäki suwly ýerlerden ýer berilmegini haýyş etdiler. Isgender han tekeleriň bu haýyşyny ret etmedi. Ýöne tekeleriň hemmesine bir ýerden ýer bermän, olary ownuk toparlara bölüp, her topara aýry ýerden ýer bermäge wada berdi. Üstesine-de, tekeleriň her bir işde Isgender hanyň buýruklaryna tabyn bolmagyny talap etdi. Tekeler Isgender hanyň bu şertini agyr gördi. Olar ahal galalaryny basyp almagyň gamyny iýip başlady. Ilkibada olar gum etegindäki: Könehal, Kümmetýaýla, Garaseňir, Beýwençegala ýaly obalary basyp aldylar. Şeýlelikde tekeler, bir tarapdan, öz güýçlerini Etek etrapyna jemlese, ikinji tarapdan, ýemrelileriň güýjüni synap gördüler. Bu söweşlerde Isgender han tekelere gaýtawul bermäge ukybynyň ýokdugyny äşgär etdi. Ýemreli ilatynda agzybirligiň gowşaklygyna göz ýetiren tekeler Gyzylarbada hüjüm edip, ony basyp aldylar. Soň ýyl geçdigiçe, kem-kemden gündogara ýöriş edip, birnäçe obalary hem galalary aldylar. Ýaňy-ýakynda olar Duruny hem onuň töweregindäki obalary basyp alypdy. Isgender han ýakyn adamlaryny ýanyna ýalyp gaçyp gitmäge mejbur boldy. Garamaýak ýemreliler «başa gelenini görübereris!» diýen pikir bilen öňki obalarynda galdy. Teke serdary Annaseýit wekil basyp alan obalarynda täze düzgün girizýärdi, ýer-suw paýlaşygyny geçirýärdi.
Adamlar esli garaşanlaryndan soň, Annaseýit wekil gala geldi. Ol gelenden soň adamlaryň gozgalaňy artdy. Annaseýit wekiliň ynamdar adamlaryndan biri galadan çykdy.
– Ýaşulular serdar aganyň huzuryna barmaly!
Tekeleriň-de, ýemrelileriň-de ýaşululary gala girdiler. Annaseýit wekil iki sany erik agajynyň aralygynda salnan sekiniň üstünde aýbogdaşyny gurup otyrdy. Ol orta boýly, gara sakgally, tegelek ýüzli adamdy.
– Bu ýerik näme üçin ýygnananlygyňyzy özüňiz bilýänsiňiz – diýip, Annaseýit wekil köp garaşdyrman söze başlady. – Durunda ýer-suw paýlaşygyny geçirmeli! Paýlaşygy ozalky edişimiz ýaly, sanaşyk hasaby bilen geçirmeli! Sanaşygy hasaplaňyzda urşa ýaraýan her bir maşgalaly erkek adamy bir paý hasap etmeli. Häzirki etmeli işiňiz: obalaryň ýerini-suwuny hasaplaň! Onsoň her paýa näçe ýer-suw ýetýänliginiň hasabyny çykaryň!
Ýemrelileriň üýşmeginden bir ýaşuly ýerinden galdy:
– Ýemreliler nätmeli, serdar aga? Bize-de il deňinde ýer-suw beriljekmi ýa-da biz öz topragymyzdan el ýuwup gidibermelimi?
– Ýemreliler bizi äsgermezlik etdi! – diýip, Annaseýit wekil jogap berdi. – Isgender han biziň hoşamaýlyk bilen eden towakgamyzy ret etdi. Bir topar gyzyl ýüzli ýigitleriň ganynyň dökülmegine sebäp boldy. Ýöne Isgender hanyň ýazygy üçin ýemreli halkyny ýazgarmak niýetimiz ýok. Eger sanaşyk şertimize kaýyl bolsaňyz, siziňem ýetdik paýynyzy beräýeris.
– Onda bizem öz erkek adamlarymyzy hasaplabermelimi?
– Urşa ýaraýan erkek adamlary hasap ediň! Öňünden duýdurýan: ýer-suw alan ýemreliler haýsy gün diýsek, biziň bilen urşa gitmäge taýyn bolmalydyr!
Hiç kimden ses çykmady.
– Soragyňyz bolmasa, gidiň-de işiňiz bilen boluň! Size ýene bir gezek tabşyrýan: paýlaşygy adalatly geçiriň! Araňyzda oňşuksyzlyk döräýse, arzyňyzy Hajymuhammet işana aýdarsyňyz. Işan aga näme diýse, hemmäňiz üçin kanundyr!
Annaseýit wekiliň gapdalynda oturan Hajymuhammet işan makullaýjylyk bilen ardyndy. Ýaşulular galadan çykdy. Şondan soň galanyň daşynda gowur artyp başlady.
– Ýemreliler bilen-ä bir ýüzli etdik – diýip, ýaşulular çykandan soň Annaseýit wekil gapdalynda oturanlara ýüzlendi. – Indi maňa ugur-ýol bilýän dört-bäş sany edenli ýaşuly gerek. Olary Köşi sebitine alilileriň üstüne1 iberjek, Alililer şertimizi kabul edip, tekelere ýer-suw bermäge razy bolsalar-a beren ýerlerini alar-da, olar bilen goňşy bolup ýaşabereris. Ýogsa-da, olaram ýemrelileri edişimiz ýaly edäýmeli bolarys.
Hyzmatkärlerden biri ylgap geldi:
– Serdar aga, gökleň ilinden Magtymguly şahyr geldi.
– Magtymguly şahyr? – diýip, Annaseiit wekil geň galdy. – Ony beýle uzak ýol söküp gelmäge mejbur eden sebäp nämekä?
Az salymdan Magtymguly, Nazarly, Abdylaly çapyk üçüsi gala girdi. Adamlar olaryň atlaryny tutdular. Annaseýit wekil myhmanlarynyň öňünden çykyp görüşdi. Myhmanlara sekiniň üstünden orun görkezdi. Magtymguly bilen Nazarly sekä çykdy. Abdylaly çapyk atlara seretmegi bahanalap, teblehana gitdi.
– Ýeri, Nazarly ahun, Börme illerem gurgunmy? – diýip, Annaseýit wekil sypaýyçylyk bilen sorady. – Tüweleme, Magtymguly şahyr bilen gezelenje çykypsyňyz-ow!
– Hawa, biz Magtymguly şahyryňka görme-görşe barypdyk. Bu wagt şahyram başagaý eken. Gökleň ili howp astynda.
– Näme bolupdyr?
– Astrabadyň häkimi gökleňleriň üstüne ýöriş edýämiş.
– Gökleňler näme diýýäler?
– Olar sizden haraý isleýä, serdar aga! Şonuň üçinem Magtymguly şahyr uzak ýol söküp, siziň huzuryňyza geldi.
– Ozallar edermen ýigitler gökleňde bolýady-la – diýip, Annaseýit wekil söz oklady. – Olaryň batyrlygyny eşidip, daşyndan höwes edýädik.
– Gökleňde edermen ýigit köp – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Ýöne ýagysy güýçli! Duşmanyň goşuny köp, ýaragy gurat!
– Söweşde azlyk gowy zat däl – diýip, Annaseýit wekil şahyryň sözüni agzyndan aldy. – Ýöne mesele azlykda ýa-da känlikde däl. Men bir hekaýaty gürrüň bereýin. Gadym eýýamde bir jülgäň ugrunda iki goňşy ýaşaýan eken. Goňşularyň biriniň üç ogly, beýlekisiniň ýedi ogly bolan. Kakalary ölenden soň goňşularyň arasynda oňşuksyzlyk başlanypdyr. Oňşuksyzlygyň soňy duşmançylyga ýazypdyr. Ahyry üç dogan ýedi dogany jülgeden kowup çykarypdyr. Sebäbi, ýedi dogan agzybir däl eken.
– Ýerlikli mysal getirdiňiz – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Häzirki pursatda türkmen taýpalary siziň hekaýatyňyzdaky ýedi dogana meňzeýär. Şol ýedi doganyň ekabyrraklaryndan biri inilerine baştutanlyk edip, agyzlaryny birikdiräýen bolsa, hiç kim olara zeper ýetirip bilmezdi.
– Gepe gaýtargy tapmaga ökde ekeniňiz! Men ýaňky hekaýaty bilgeşlin aýtdym. Seniň agzybirligi wasp edip köp goşgy goşanyňy bilýän. Ýöne bir zady biliň, şahyr! Bu başyna giden milleti goşgy-gazal bilen ýola getirip bolarmyka? Bir güýçli taýparyň külli türkmeni özüne boýun egdirmegi gerek! Bu işiň hötdesindenem tenha tekeler gelip biler.
Annaseýit wekil şu sözi aýdanda horezmli Akmämmet beg Magtymgulynyň ýadyna düşdi. Ähli türkmen taýpalaryny zor bilen dyza çökerip, külli türkmene häkim bolasy gelýänligi Akmämmet begiň her bir sözünden bildirip durdy.
– Bir topar taýpany eýýäm özümize birleşdirlik – diýip, Annaseýit wekil dowam etdi. – Börmeliler, sünçeliler, mürçeliler, ýemreliler biziň bilen il boldy. Ilkibada olar biziň bilen uruş edenem bolsa, biz olar bilen deň bolmadyk, Olara özümiz bilen barabar ýerem berdik, suwam. Indiki nobat alilileriňki. Alililerem özümize birleşdirip bilsek, onsoň Mäne, Saragt diýer-de, tä Maryny alýançak ýörişimizi dowam ederis.
Annaseýit wekil özüniň indiki hyýallary hakykda näçe gürrüň etdigiçe, Magtymgulynyň kejebesi daralýardy. Ahyry ol dillenmän durup bilmedi.
– Siziň ýaly köpi gören serdarlar bilen söhbetdeş bolmak her kimlere ýetdirýän zat däl. Siziň gürrüňleriňizi ýene on günläp diňlesegem doýmazdyk. Ýöne gyssanmaçlyk bizi şol eşretden mahrum edýär. Biziň habarymyzy alyp, kömköşe etmän, yzymyza gaýtarsaňyz, uly hormat etdigiňiz bolardy.
– Siz habaryňyzy berdiňiz ahyry.
– Ýöne siz jogap bermediňiz.
– Bizi arka tutunyp, bize ýüz tutmagyňyz bizi begendirýär – diýip, Annaseýit wekil jogap berdi. – Kime ýüz tutjagyňyzy bilipsiňiz. Türkmen kowumlarynyň arasynda tekelerden güýçlüsi ýokdur. Ýa-da men güpür gepleýänmi?
– Asmanda her näçe gök gürläp ýyldyrym çaksa-da, ýagmyr ýagmasa, zemine ondan ne peýda?!
– Şun-a aldyň-ow! – diýip, Annaseýit wekil ha-ha-haýlap güldi. – Men hudaýdan gizlemedigimi sendenem gizlejek däl, şahyr! Biziň öňümizde bir topar uly-uly işler bar. Ýanky Saragt, Mary hakynda aýdanlarymam ýöne ýere aýdamok. Tekeleriň nähili işler goparjak bolýanyny şahyram bilsin diýip aýtdym. Şunuň ýaly wagtda gyzylbaşlara garşy uruş edesim gelenok. Ýöne gökleňlerem horladasym gelenok. Meseläniň ýene bir irnik tarapy bar. Gökleňler meniň raýatym däl. Gyzylbaşlar sizi öz raýaty hasap edýä. Hawa, şahyr! Men gyzylbaşlaryň üstüne leşger çekip baryp bilmejegimi aýtmagym gerek. Ýöne sizem uly iliň sylaýan adamsy! Ýörite gelip ýüz tutanyňyz üçin siziň raýyňyzy ýykyp bilmeris. Öýe baryň-da, demiňizi-dynjyňyzy alyň! Oňa çenli bizem etjek geňeşimizi edeli!
Magtymguly bilen Nazarlyny galadaky öýleriň birine eltdiler. Olara nahar äberilmänkä, Abdylaly çapyk geldi.
– Biziň kellämize gelmeýän bir zat boldy – diýip, ol tolgunyp habar berdi. Teblehanada Gully ýetimi gördüm.
– Gully ýetimi?! Ony açyk tanadyňyzmy?
– Tanaman näme! Onuň bilen gürleşdimem.
– Ol nirede?
– Teblehanada. Ol sizem görüpdir. Ýanyňyza gelmäge çekinýä.
– Ony bärik çagyryň.
– Dessalymda çagyraryn, şahyr!
Abdylaly çapyk keýpihonluk bilen gitdi. Az salymdan Gully ýetimi yzyna tirkäp dolanyp geldi. Gully ýetim ozalkysyna görä hortaň görünýärdi, çep aýagy agsaýardy. Magtymguly ony görende edil süýtdeş doganyny gören ýaly begendi.
– Gullyhan, sen nire, bu ýeri nire? – diýip, Magtymguly sorady. – Şum täleýiň siziň bilen eden oýnuna biz düşünmedik-le.
Utanjyna gabagyny galdyryp bilmän oturan Gully ýetim has-da aljyrady. «Şahyr-a assalyk bilen käýäp başlad-ow» diýen pikir kellesine geldi.
– Hany, gürrüň bersene! – diýip, Abdylaly çapyk onuň pikirini böldi. – Sen nädip bu ýurda düşdüň?
– Hawa, pelegiň oýnuna düşüp bolmajak eken – diýip, Gully ýetim ýygralyk bilen söze başlady. – Başymdan geçen wakalara özümem haýran! Biz Kyýas baýy obasyna ugradyp barýakak ýolda garakçylar bilen çaknyşmaly bolduk. Şonda aýagyma ýara düşdi. Kyýas baýyňkyda galmaly boldum. Maşady-Misserianyň düzünde suwsuz ölen ýigit siziň ýadyňyza düşýändir. Ol ýigit Kyýas baýyň dogany Kowusyň ogly eken. Ady Agöýli. Onuň alyp gaçan pullaram Kyýas baýyňkam däl eken. Ol pul Agöýliň atasyndan galan zatmyş. Kyýas baýyňkyda Agöýliň Hajybibi atly gyz dogany bar eken. Bu zatlary maňa şol gürrüň edip berdi. Ýalňyz agasynyň armanly ölümi ýaş gyza iňňän ýokuş degipdir. Bolsa-da ol mert gyz eken. Ýüregi para-para bolsa-da, Kyýas baýa syr bermedi.
Söz şu ýere ýetende hyzmatkär saçak ýazdy-da, nahar getirdi. Abdylaly çapyk uzak ýoldan geleni üçin ajygýardy. Ol nahara işdämen ýapyşýardy. Gully ýetimiň gürrüňini diňlemek höwesi-de ony öz erkine goýmady.
– Aýdybersene, Gully!
– Kyýas baý Hajybibini madawly bir baýa satjak bolup ýören eken. Munam Hajybibi aňyp, näme etjegini bilmän, ýanyp-köýüp ýören eken. Soňabaka ol meniň bilen öwrenişdi-de, derdinişmäge başlady. Ol her gezek ýanyma gelip gözýaş edende, oňa ýüregim awaýardy. Bir gün ýeke özüm ýatyrkam Hajybibi geldi-de, satyljak wagtynyň golaýlaýandygyny aýdyp aglady. Men Hajybibiniň özündenem beter hapa boldum. Ýüregime daş bagladym-da: «Meniň bilen gaçmaga razy bolsaň, seni bu melamatdan halas edeýin» diýdim. Hajybibi menden şeýle jogaba garaşyp ýören eken, ol ikirjiňlenmän razylyk berdi. «Ýöne bir zady öňünden aýdaýyn – diýip, öz ýagdaýymy oňa duýdurdym. – Seni birbada öz ilime eltip bilmen. Biz rysgymyzy ýat illerden gözlemeli bolarys». Hajybibi oňa-da kaýyl boldy. «Çöl-beýewanda kak suwuny içip, gök ot iýip oňmaga-da kaýyl. Allatagala biri-birimizden aýyrmasa, maňa şol besdir!» diýip jogap berdi. Şondan soň süňňüme kuwwat gelen ýaly bolaýdy. Aýagymyň ýarasy oňly gutulmandam welin, men bir gije il ýatandan soň Hajybibini atyň syrtyňa mündürdim-de, Ahala baka sürdüm. Biz esli wagtlap onda-munda gaçgaklap, ahyry Kyrkgyz ýiten gowagyna1 geldik. Gowakda birnäçe gün ýaşanymyzdan soň, obadan alyp gaýdanja azygymyz gutardy. Biz näme etjegimizi bilmän gaýga galyp otyrkak, gowaga teke atlylary bardy. Olar meniň ýalbaranyma-ýakaranyma bakman, bizi öz serdarynyň huzuryna alyp geldiler. Men başymdan geçen wakalary gürrüň edip berdim. Şondan soň Annaseýit wekil: «Sen töwekgel ýigit ekeniň! – diýdi. – Seresap bolgun! Kyýas baý bu işi idegsiz goýmaz. Gowusy, biziň aramyzda boluberiň! Kyýas baý bir söý bilen seniň bärdedigiňi eşidip geläýse-de, jogabyny özümiz bereris».
– Serdar hak aýdypdyr! – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Siz hatarly iş edipsiňiz! Ýöne hatarlam bolsa sogap iş edipsiňiz!
Şahyryň soňky sözüni eşidende Gully ýetimiň derisi giňän ýaly boldy. Abdylaly çapyk Gully ýetimdenem beter begendi:
– Ol sogap iş edipdir! Walla sogap iş edipdir!
Oturanlar gülüşdiler.
– Oň bolsun, Gully han! – diýip, Magtymguly ony gutlady. – Saý-sebäp bilen ýetimlikden çykypsyňyz.
– Hawa, Gully jan, bagtyň açyldygy bolsun! – diýip, Abdylaly çapyk hem gutlady.
Öýüň gapysy açyldy-da, Annaseýit wekil içerik girdi.
– Bo-how, ýitgiňize-de sataşdyňyz-ow! – diýip – Annaseýit wekil wäşilik etdi. – Ony siz ýitirseňizem biz tapaýandyrys. Ýöne tapan begener, tanan alar edäýjek bolmaň! Beräýmeris.
Annaseýit wekil birden Gully ýetime ýüzlendi:
– Şahyr bilen salamlaşan bolsaň, ýoldaşlaň ýanyna baraý!
Gully gitdi. Magtymgulynyň gözi Annaseýit wekildedi.
– Biz-ä jogaba garaşyp, hudaýy çagyryp oturandyrys.
– Jogap şeýle! – diýip, Annaseýit wekil çommalyp oturan ýerinden jogap berdi. – Men ozalam aýdypdym. Bizde uly ýygyn iberer ýaly ýagdaý ýok. Ýaşulular börmeli Guba serdary öz atlylary bilen ibermegi maslahat berdiler. Ol edenli serdardyr. Gaýdyşyn Börmä degip geçiň-de, meniň adymdan oňa aýdaýyň! Nökerlerini jemlesin-de, siziň bilen gidibersin!
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 23 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tañryguly Taganow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: