08:45
Bilesim gelýär
BILESIM GELÝÄR

Alysdan neneňsi görünýän, dogan,
Dälmi ýa men içgin synlanňa degýän?!
Gözleri äýnekli, saçlary ösgün,
Arzuwny yzyna düşürip gelýän

Oglan öňküler deý ýygra däl indi,
Kalby kisesi deý çöwrülip duran.
Söýgüsin gapjyk deý içinde gizläp,
Ol tüýs bir Mežnuna öwrülipdirem.

Günleň kölegesin ýaşap ýörşüne,
Kaşaň geýinmäge degenok eli.
Onuň aladaçyl gözlerne bakan
Kalbynam hat deýin okaýar göni.

Ol hem hojalykçy kaka, häzirem
Işden geler, goşy - ýeralma, sogan...
Ol nähili adam?!
Bilesim gelýär.
...Men alysdan neneň görünýän, dogan?!

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 123 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 12
0
12 Jumjume   [Mowzuga geç]
Edebiýatçy aga, goşgyñyzy haladym.
"Kalby kisesi deý çöwrülip duran". bu meñzetme biraz gödek bolupdyr. Ýöne gödek bolsada täsin meñzetme
Bu goşgyny bilyadim,ýöne siziñ galamyñyza degişlidigini indi bildim. Diýmek goşgy ýatda galýanlardan,şunuñ özem uly üstünlik

0
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Boldu boldu )

0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Yok-la, duyn Goçmyradyñ yanynda bir Käbäni (Sarenko) görüpdim, şondan aydyan-la.. smile
Kim bilen salamlaşdymka, men, allajanlarym...
Çaşşy batyryñ gözüne sereden ýaly etdiñiz wacko wink

0
9 Sona   [Mowzuga geç]
Boş verip goýberiň, Wepa Efendi!!!

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Sarenko? : sad

0
5 Sona   [Mowzuga geç]
öň-ä Ilmuhammedowa diýdinňz indem Sarenko diýýäňiz

0
6 Sona   [Mowzuga geç]
menemiň özümi tanaýyň-da. tanasaňyz begenersiňiz. Umarim

0
11 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Sona Ilmuhammedowa diýip tanaýardym, ýa siz şolmy? biggrin

0
7 Sona   [Mowzuga geç]
meniň

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ana, namüçin meni görmediñiz onda, madam biggrin

0
3 Sona   [Mowzuga geç]
o nähili? Görüşdig-ä. Salamlaşdyg-a biz Wepa aga! wacko

0
1 Sona   [Mowzuga geç]
Goçmyrat, edebiýatçy senmi? ýöne sen edebiýatçy däl, edebiýatçyl. L harp galypdyr. menem MEN. dek düýnjük göreniň... biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: