08:45
Özüňi açmak
ÖZÜÑI AÇMAK

Menmi?
Içi jümşüldiden doly bir gursak,
Kapasada elewreýän ýürek men.
Yşka akylyny berip bir pursat,
Tebil tapan telbe - özgä gerekmez.

Joşup, hanasyna sygmadyk derýa,
Gözbaşyndan çogup gaýdan bir çeşme.
Ganat açyp, Arşa owsunyp barýan
Bir guş - gök asmana uçmaga teşne.

Sähel ýele uçup, gögi gujaklan
Ýaprak - ýaza çenli ýere düşmejek...
Kim men?!
Heniz özüm bilemok çaklap,
Belki umytdyryn ýeke üýşmejik

Ummana sygmadyk balykdyr göwnüm,
Owsunyp, kenara dikip gözüni.
Hristofor Kolumby bolup bu ömrüň,
Materik deý açaryn men özümi...

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Jumjume   [Mowzuga geç]
Tüweleme,galam ujy ýiti bolsun! Jemleme ýatda galjak setirlerden bolupdyr...

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Maladis, Goçguly.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
özüni tanan weli.
Goçmyrat özüni tanamak isleýär (bu gowy we dogry isleg).
ikinji kupleti tamamlap üçe geçemde gyzykly bir duýgy ýaşadym.

Ganat açyp, Arşa owsunyp barýan
Bir guş - gök asmana uçmaga teşne.

Sähel ýele uçup, gögi gujaklan
Ýaprak
- ýaza çenli ýere düşmejek...


ilki gök asmanda - guş, soňra gökde - ýaprak.
ikisem asmanda, ýöne guş ganatlary bilen, ýaprak - şemalyň kömegi bilen.
tapawuda bak.... elbetde guşuňky üstün.

özüňi hristoforlarça açmak islegiňem erbet bomandyr.
ýolagçylykda üstünlikler, gämiň batmasyn.
(aram-aram tehosmotram edip durawergin, syçanlaryň gäden ýeri bolsa gämä suw girip biler ) smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: