08:09
Haýyş, diliñizi saklañ!
HAÝYŞ, DILIÑIZI SAKLAÑ!

Erdogan Kylyçdarogluna ýene agyr hüjüm etdi:
"...Düýn ýene orta çykyp barsy ýalan, barsy ýalñyş, barsy samsyklaç birgiden samyrdamalary yzly-yzyna güzürdetdi. Arasynda bize-de sowal beren bolýa, how! (...) Eger ol bular ýaly soraglary soramaga het edip bilýän bolsa, biz onuñ sözlerinden başga manylary gözläris. Aýdýanlaryna seretseg-ä, hemme zatdan ötri onuñ PKK terrorçylykly guramasynyñ näderejede howply guramadygyndan, şu güne çenli nähili gandöküşikleri edendiginden, kimlerden goldaw alýandygyndan, adamkärçilik bilen ýakyndan-daşdan baglanyşygy bardygyndan-ýokdugyndan bihabardygyny añsa bolýar.
Şol sanda onuñ terrorçylygyñ halkara howpundan, terrorçylykly guramalaryñ halkara arenasynda nähili apparat hökmünde ulanylýandygyndan, halkara gatnaşyklaryñ görünýän we görünmeýän taraplary bilen nähili ýöredilýändiginden zerre maglumatynyñ ýokdugyny görýäris...”

Kylyçdaroglunyñ PKK terrory babatda birnäçe ýyldan bäri tutýan pozisiýasy herkese belli: hemişe näletläp, ýazgaryp geldi. Özem onuñ garşysyna PKK tarapyndan kast edilşik gurnalandygyny-da bilýäris...
A Erdogan näme?
Ýatlatmak isleýärin:
1991-nji ýylda ol Stambul raýonlarynyñ birinde başlykdy. "Kürt meselesi" maglumatnamasyny taýýatlatdy.
- “Kürdüstan” sözüni ulandy.
- “Kürt dili özbaşdak dildir, ene dillerinde bilim almaga bolan hukugyny ykrar edeliñ” diýdi.
- “Adatdan daşary kanunlar bilen bu meseläni çözüp bolmaz” diýdi.
- “Döwlet - kontrgerillasy bilen, ýörite birlikleri (speznaz) bilen, oba goragçylary bilen, urşa harç edýän trillionlarça lirasy bilen bu meseläniñ hötdesinden gelip bilmez” diýdi.
- “PKK terroryny ýazgaryşymyz ýaly döwlet terroryny-da ýazgaralyñ. Döwlet-PKK çaknyşygynda döwletçi hatarda görünmäliñ. Döwletiñ tankyt uslybyny oñlap, "bölüji", "terrorist", "başbozar" diýmäliñ" diýdi.
- “Merkezi döwlet kiçeldilmeli we ýerli parlamentleri döretmeli” diýdi.
Gutarmady...

HAÝSYSYNA YNANALYÑ

1993-nji ýyl.
- “Türkiýäni param-parça etdiler. Nämüçin? Sen birnäçe ýyllap garaklaryna basyp, "Ne bagtly, Türk men!" (‘Ne Mutlu Türküm') diýseñ, olar näme diýer öýdýäñiz? "Ne bagtly kürt men!" (‘Ne Mutlu Kürtüm') diýer” diýdi.

2000-nji ýyl.
Megerem, aljyrap ýalñyşan bolmaly, şehitlerimize “kelle” diýdi. “Harby gulluk ýatyp gidilýän ýer däl” diýdi.

2001-nji ýyl.
AKP-niñ başlygy boldy. Partiýanyñ mejlisinde ilkinji eden işi ölüm jezalarynyñ ýatyrylmagyny oñlamak boldy.

2003-nji ýylda premýer-ministr boldy. Diýarbekirde "Türkiýäniñ kürt meselesi bar. Çözgüdi - konstitusion döwleti we demokratik respublikany berkarar etmek arkaly boljakdyr" diýdi. Onuñ bu sözlerine Imraly türmesinde ýatan Öjalan "Premýer-ministriñ düşünjeleri maña degişlidir, makullaýaryn" diýdi.

Gör-ä, muny... Özem...
“PKK bilen bir stoluñ başynda oturmaryn” diýipdi.
“Terrorçylykly gurama bilen bir stoluñ başynda oturar ýaly derejede döwlet terbiýesinden uzak biri däldiris” diýdi.
Kän wagtam geçmedi...
“Demokratik durmuşda ýaşasyñyz gelýän bolsa, gaçyp-tozup, göçüp, eli ýaragly pelesañ kakyp ýörmegiñ geregi ýok. Gelersiñiz, tegelek stoluñ başynda bar meseläñi orta goýup gürleşersiñiz” diýdi. Yzyndanam…
Täze konsepsiýasyny mälim etdi: "Kürt ýazylganlygyny başlatdyk" diýdi.
"Habur" gümrük nokadyndan gelen 34 PKK-li surnaý-kernaýly dabara bilen garşylandy. "Umytlandyryjy, buýsandyryjy üýtgeşmeler bolup geçýär" diýdi.
Altmyş iki sany medeniýet işgäri bilen duşuşyk geçirip, "ýazylganlyga ýardam beriñ", "çilim terrorçylykdan has zyýanlydyr" diýdi.

2011-nji ýyl.
Saýlaw meýdanlarynda "terrorçylykly gurama bilen gepleşik geçiren şerepsizdir, namyssyzdyr" diýdi.
Saýlawlar geçensoñam "ýazylganlyk", "demokratik paketler", "akyl adamlar", "Imraly gepleşikleri" Öjalanyñ Nowruzda okalan haty bilen gaýtadan möwç aldy...
MIT-iñ (Howpsuzlyk gullugy) işgärleri bilen PKK-niñ wekilleriniñ Osloda tegelek stoluñ başyna gelendigi we söwdalaşandygy ýüze çykdy.
“PKK bilen duşuşan ýoldaşy men ugratdym, kimiñ nägileçiligi bar bolsa maña aýtsyn” diýdi.
Gutarmady...

SES RENTASY

PKK baýdagyny asmany jenaýatlaryñ hataryndan çykardy.
Öjalanyñ portretini asmagy jenaýatlaryñ hataryndan çykardy.
Imraly, Kandil we premýer-ministrligiñ arasynda aragatnaşyk setiniñ açylmagyna idin berdi.
"Jemgyýetçilik asudalygyny üpjün etmegiñ ýollarynyñ gözlenmegi we parahatçylyk döwrüniñ degerlendirilmegi" maksady bilen gurlan mejlis barlaglary komissiýasyna "parahatçylyk döwri" bilen baglanyşykly 450 sahypalyk maglumatnama taýýarlatdy.
Türkiyede “Kürdüstan” ady bilen syýasy partiýa gurulmagyna göz ýumdy.
Şiwan Perwer bilen gol tutuşyp aýdym aýtdy.
Kömekçisi Beşir Atalaýyñ "Hut özüm Kandile gepleşik geçirmäge gitjek" sözüni goldady.
Öjalanyñ ýaragsyzlanma kongresi üçin PKK-ä etjek çagyryşynyñ "Dolmabahçe" köşgünde okalmagyna idin berdi.
Prezident saýlawlary ýetip gelýärdi.
Birdenem... "Dolmabahçe jarnamasyny makullamok. Men o taýdaky ýygnanşygy-da makullamok" diýdi.
Aý, garaz... haýsyny sanajak bu pyrryldaklañ. Soñky ýyllarda saýlawlarda ses sanyny artdyrmagyñ hatyrasyna terroristbaşynyñ dogany Osman Öjalana çenli döwletiñ resmi teleýaýlymy TRT-ä çykaryldy we ş.m.
Häkimiýetiñ kölegesindäki žurnalistleriñ-ä nämeleri ýazyp, nämeleri aýdandygyny agzabam durjak däl...
Meniñ netim köne saman dörjemek däl. Goýberlen ýalñyşlyklary ýüzlerine basjagam bolup duramok. Bular ýaly kyn günlerde "gep sokmak" ýaly pikirim-ä, asla ýok.
Terrorçylyga garşy göreş "saýlawlarda ses almak" üçin alnyp barylýan däldir. Terrorçylyk syýasaty bähbidine görä ulanylmaga degişli zat däldir. Her bir partiýa, her bir lider el-ele, egin-egne berip gazanylýandyr bu göreş…
Gün agzalalyk güni däl, haýyş, diliñizi saklañ!

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 19.02.2021 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 151 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 19
0
12 Gökböri   [Mowzuga geç]
Men hem siziñ yaly yonekey agza.
saytyñ adyny uytgetmek baradaky teklip-maslahatyñyzy saytyñ adminstratoryna aydyñ ))
(Dürli-dürli garaýyşlardan çekinmäñ, köpdürlilik ösüşdir, älemgoşaryñ owadanlygy onuñ dürli reñkiñ bir yerde jemlenenligindendir.) smile

0
9 Gökböri   [Mowzuga geç]
Hem terjime üçin Soner agadan pul alyandygymy, okuwymyñ daşyndan sowalga puly-gazanç edyändigimi öñ aydypdym

0
17 Sona   [Mowzuga geç]
Malades, Atabaý! hor bolmaýan bolsaňyz bolýar.

0
8 Gökböri   [Mowzuga geç]
@Sona, goldawyñyz üçin minnetdar. smile

0
15 Sona   [Mowzuga geç]
пожалуйста

0
7 Gökböri   [Mowzuga geç]
Bugünler iñlis dilini öwrenip ýörün. Nesip bolsa amerikan metbugatyndanam gowja makalalary terjime edip paylaşjak. Hernä oña-da düşünmän ya dogry hasaplaman yörmersiñiz-dä? smile

0
16 Sona   [Mowzuga geç]
papuasyň dilinden terjime etseňizem düşüneris

0
6 Gökböri   [Mowzuga geç]
Diñe Türkiýede däl, Russiyada, Yewropada, Amerika yurtlarynda, Afrikada... hemme yurduñ syyasatyny, medeniyetini, edebiyatyny, taryhyny... bilmeli.

0
5 Gökböri   [Mowzuga geç]
Meñem aladam syýasat däl. Ýöne türkmen ýaşlary dünýäniñ niresinde näme bolýar, ýa bolanok..
Bilmäge borçly, has dogrusy mynasyp. Giñ düşünjek boluñ.

0
11 mango   [Mowzuga geç]
hemme aýdanlaryňyz bilen ylalaşýan.
onda saýtyň ugryny görkezýän "türkmen edebiýaty" ýazgyny başgarak ýazmaly (belki "türki dünýäsine bakyş" ýalyrak).
ýogsam stamatologiýa diýip baran ýeriň trawmatologiýa bolup çykan ýaly.

umuman men garaýşymy aýtdym.
edebiýat saýtynyň edebiýatdan, döredijilikden uzaklaşmazlygy gowy.

0
13 Sona   [Mowzuga geç]
Men edebiýatçy däl, dilçi.
maňa edebiýatyň meselelerinden diliň meseleleri has gyzykly.
näme okasam grammatika, stilistika, leksikologiýa, semantika ... degişli zatlar görünýär.

meni maglumatlardan beter üýtgeşik düzülen sözlemler özüne çekýär.

0
14 Sona   [Mowzuga geç]
şol sözlemler Soner aga-da BOL

0
4 Gökböri   [Mowzuga geç]
"Bize her yer Trabzon" smile

0
3 Sona   [Mowzuga geç]
Soner aga-da ökde weli Gökböri ondanam ökde terjimeçi, dil bilişi, türkmençä çöwürşi üçin okaýas bizä,
syýasaty bilen işimiz ýok.
o ýaşulynyň beýan ediş stili gaty ajaýyp ahyry.
çemeleşme, usulyýet, metod hökmünde-de öwrenere zat kän. sad

0
2 Sona   [Mowzuga geç]
Mango daýy, Soner aga bilen Gökbörä degseňiz, garşyňyzda meni bulursunuz!!! admin

0
10 mango   [Mowzuga geç]
Sona hanym. eliňizdäki ýaragy nirden aldyňyz?
gara gana boýaýjakmy indi meni?

0
18 Sona   [Mowzuga geç]
Žurnalistika, Terjimeçilik,
Jurnalistiň, terjimeçiniň işi, zähmeti --- bularam ýazyjynyň, şahyryň döredijiligi ýaly döredijilik!
bularyň hem işlerinde ulanýan serişdeleri ---- diliň, edebiýatyň serişdeleri.
Edebiýatdan üzňe däl, saýtda goýlup bilner diýip düşünýäs biz-ä.
onsoňam türk-türkmen diýmek intelligensiýanyň wekiline gelişmeýär. Türk-türkmen bir zat.
olar biziň medeniýetimizde asyl, asyl, asyl, ezeli, owaly, tebigy, hakyky, natural türki ruhumyzy bizden gowy saklap bilendikleri bilen hormata mynasyp bolmalydyrlar.

0
19 Sona   [Mowzuga geç]
Ýarag mesele däldir, Mango!

0
1 mango   [Mowzuga geç]
türkmen edebiýaty saýtytynda, türk syýasatyna degişli makalalaryň berilip durulmagyna düşünemok (ýa-da dogry hasaplamok).

nämede bolsa sahypaň depesinde "kitapçy.com - türkmen edebiýaty" ýazylgy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: