23:42
Añzakly tomus: Badalga -14: Dykma serdar dönükmi?
DYKMA SERDAR DÖNÜKMI?

Gurbanmyrat işan bilen Gulbatyr serdaryň gözleri ýolda galdy. Dykma serdardan welin habar-hatyr ýok. Duşman bolsa obama-oba süýşüp, ýetip gelýär. Olar eýýäm Bamydan geçip, Börmä golaýladylar.
Atlylary bilen ýoly garawullap ýören Garabatyrdan yzly-yzyna howsalaly habarlar gelip gowuşýar. Käte bir gapdallaryndan çykyp sähelçe-de bolsa eglenmeklerine sebäp bolýalar diýäýmeseň, goşuna gaty bir zyýan ýetirip bilenoklar. Ruhy batyr çapar yzyna çapar ýollap, hälem bolsa duşmany giň meýdanda garşylamaklygy, ähli goşunyň Garabatyryň garamagyna iberilmegini soraýar. Käte Garabatyryň atlylaryna goşulyp, käte-de ýeke özi, az sanly atlylary bilen duşmany birsyhly biynjalyk edip gelýär.
Birdenem Garabatyryň adamlary tarapyndan oňa: «Dykma serdar duşmanyň tarapyna geçipdir, ilçi bolup gidipdir-de, dolanyp gelmändir» diýen habar gelip gowuşdy. Bu habar şol bir wagtyň özünde Gurbanmyrat işana hem baryp ýetdi. Ol Gulbatyr serdar bilen maslahatlaşyp, Garabatyry Börmä çagyrdy. Garabatyr Jyýky batyram ýanyna alyp geldi. Gürrüň turuwbaşdan Dykma serdar we onuň ýany bilen giden adamlar barada boldy.
─ Men öň aýdypdym-a! Biz aýtdyg-a! Şoňa ynanmaly däl diýdig-ä – diýip, Jyýky batyr iç işikde oturan ýerinden Gurbanmyrat işana tarap barmagyny çommaltdy. – Sopy hanam eýdip-beýdip yrandyr-da, barşy ýaly göni geçendir şolaryň tarapyna.
Garabatyr aşak bakyp oturşyna pert-pert gürledi.
─ Eger şeýle bolsa ol indi biziň ähli syrymyzy duşmana äşgär eder. Gowşak taraplarymyzy salgy berer. Şoň üçinem, etjek hereketlerimiziň ülňüsini üýtgetmegimiz gerek.
Gulbatyr serdar bar zada özi günäkär ýaly daýaw göwresini yranjyradyp tutuksy gepledi.
─ «Ýumşa giden oglanyň eglenenini dile» diýipdirler, Garabatyr. Belki bir oňyn sebäp bilen eglenýändir.
Garabatyr kejigip başlady.
─ Birinjiden-ä ol oglan däl, serdar aga. Uly iliň öňüne düşüp ýören uly adam. Ikinjidenem eglenerini diläp ýaly ol goňşy öýe elek getirmäne gidenok, ilçi bolup gitdi. Ilçi diýeniňem aýak üstünden, habaryny berer, ýagşu-ýaman jogabyny alybam gaýdar. Atasy öýüne baran heleý ýaly güberilip ýatmaz, munça wagtlap. Onsoňam ol biziň eşidişimize görä goşun bilen bile gelýä. Ýolbelet bolup gelýä. Ýanaralyň ýakyn maslahatçysy bolup gelýä...
─Edil beýle däldir-laý... ─ diýip, Gulbatyr serdar ýaraly ýoplbars ýaly arlady. ─ Bu ýerde bir düşünişezlik bardyr. Ýogsam-da bolsa olaryň birinden-biri bir gelmel-ä.
Tirseklerini dyzyna diräp, duw-ak bolan ýüzüni aşak salyp oturan Gurbanmyrat işan şol terzini bozman, ýöne Garabatyra degişli edip, ýuwaşja gürledi.
─ Alan maglumatlaryňyz takykmy özi?
─ Takyk, tagsyr, takyk. Onuň goşun bilen gelýänini biziň ýigitlerimiz gapdaldan çozanlarynda gözleri bilen görüpdirler. Özem hut, ulular bilen bir hatarda ýöreýärmişin. Daşyndan seredeniňde olara her dürli maslahatlar berýäne meňzeýärmişin.
Gurbanmyrat işan etegine ot düşen ýaly ýerinden zöwwe turdy-da, iki ýana elewräp başlady.
─ Eýle bolsa haýal etmän ugralyň adamlar. Bu ýerde oňa garaşyp wagt ýitirmäliň. Üstümizi basdyraýmalyň. Gürrüňiň galanyny Gökdepä baranymyzdansoň hemmeler bilen bilelikde ederis. – Ol iki gün bäri atasynyň ornunda durup, özlerini myhmanlap ýören Akberdi hany ýanyna çagyrdy. – Adamlaňňa aýt, duşman ýetip gelýä, diý. Häziriň özünde öýleriňizi söküň-de, Gökdepe tarap ýola düşüň, diý.
Akberdi han sypaýyçylykly gürledi.
─ Kakam gelsin-ä işan aga. Oňa garaşalyň-a.
Gurbanmyrat işandan öň Garabatyr gürledi. Onuň sesi gazaply çykdy.
─ Kakaň indi gelmez! Sen gowusy aýdylanyny et-de, adamlaňňy ýola sal.
Akberdi hanam ondan kem oturmady.
─ Sen maňa azm urma, Garabatyr. Haýbatyňam bar-da, öz atlylaryňa at! Öz galamyzyň ykbalyny biz özümiz çözeris.
─ Ykbal bu wagt hemmäňki bilelikde çözülýä, Akberdi – diýip, Gurbanmyrat işan ara goşuldy. – Köpçüligiň karary şeýle: hemmeler gala ýygnanmaly. Kakaň gelse-de, gelmese-de adamlaňňy gala elt. Özüňem howluk. Biz size Gökdepede garaşarys.
Akberdi Gurbanmyrat işanyň hatyrasyna gaharyny ýuwdup sypaýy gürledi.
─ Bor işan aga.
Gurbanmyrat işan hemmeden öň öýden çykdy. Baryp atyna mündi. Entek ugramanka Garabatyra ýüzlendi:
─ Ýola gözegçilik eder ýaly ýigitleriňi Jyýky batyr bilen, mynda goý-da, özüň biziň bilen ýör. Ýanyňa bäş-on atlydan köp alma.
Hoş söz berenden soň ol Akberdi hana artykmaç bir zat aýtjagam bolmady-da, atyny debsiläp ugraberdi. Hemmelerem onuň yzyna düşdüler. Jyýky batyra goşuna tarap ugradyp, Garabatyram nökerleri bilen olaryň yzlaryna eýerdi. Ýöne, esli ýere barýançalar mahal-mahal at başyny çekip yzyna gaňryldy gitdi oturdy. Gurbanmyrat işana «bor» diýenem bolsa ol Akberdi hanyň buýrugy ýerine ýetirjekdigine ynanmady, ynjalmady. Umuman şonda ary köýen ýaly, öz ýanyndan birsyhly gyjyndy gitdi oturdy. Birdenem ýigitlerine «dönüň» diýen manyda yşarat etdi-de, at başyny yza öwürdi. Başga hiç kime, hiç zat diýmän, garasy çala görünýän Börmä tarap at goýdy. Nökerlerem onuň yzyna düşdüler. Hä diýmänem ol ýere bardylar. Akberdi hanyň işiginde at bökdürip durşuna Garabatyr:
─ Akberdi! Çyk! – diýip, gazaply gygyrdy. Akberdi hanyň kakasyna meňzäp duran dolmuş, ter gara gyrçuw saklgal bilen jäheklenen garaýagyz ýüzüne gözi düşendenem agzyndan ak köpük saçyp azgyrylmana başlady. – Sen näme üçin aýdylanyna amal edenok? Näme üçin adamlaňňy henizem gala süreňok? Näme üçin öýleriňiz sökülmändir?
Şol wagt Dykma serdaryň beýleki ogly Hanberdi hanam bir ýerden at derledip ýetip geldi. Akberdi bilen Gara batyryň ýüzüne taýly gezek seretdi.
─ Näm boldy? Dawaňyz näme?
Garabatyr atyny debsiläp onuňam üstüne süründi.
─ Siz näme üçin şu çaka çenli göçeňzok?
─ Akberdi aýdandyr-a size. Biz kakam gelýänçä göçmeýäs.
─ Kakaň gelýä, ýöne, ors bilen bile gelýä. – Garabatyr atyny çarpaýa galdyrdy. – Ýa şonda-da garaşjak ýatjakmysyňyz?
─ Ors däl, hyrs bilen gelýänem bolsa biz garaşjak şoňa.
Garabatyr ýigitlerine elini bulap goýberdi. Olar ikiden-üçden bölünişip, obanyň içine ýaýradylar.Baryp gylyçlary bilen öýleriň keçelerini paralaşdyrmaga, uklaryny, tärimlerini döwüşdirmäge başladylar. Mal-garalary gazyklaryndan boşatdylar. Adamlary gyssadylar, oglan-uşaklary ata basgylatdylar, kowaladylar.
─ Derrew ýola düşüň!
─ Ugraň!
─ Ýene-de azajyk eglenseňiz orslara goýman özümiz gyrarys.
─ Boluň, boluň!.. – diýip, haýbat atdylar. Hatda aýallara, garrylara çenli gyssadylar, üstlerine süründiler. Garşylyk görkezenleri gamçy bilen urdular. Paýyş sözler aýtdylar.
Obanyň içinde başagaýlyk döredi, gyk-bak köpeldi. Daşyndan seredeniňde ýagy çozana meňzedi.
Bu ýagdaýy görüp, Hanberdi atynyň jylawyny şolara tarap öwürdi. Akberdi hanam öýüne girdi-de, göz açyp ýumasy salymyň içinde eli ýalaňaç gylyçly tasap çykdy. Häliden bäri öýüniň gapdalynda horguryp tanapyna towsup duran atyna ýalaňaçlygyna böküp mündi. Ýigitleri bilen obany gyran-jyran edip ýören, Garabatyry nazarlap atynyň böwrüne depdi. Barşy ýalam sen-men ýok, egri gylyjyny aýlap saldy. Garabatyr yzyndan abanýan howpy ýeňsesi bilen syzan ýaly oturan ýerinde kak kimin towlandy-da, gylyjyň öňünden ussatlyk bilen bir tarapa sowuldy. Akberdiniň salan gylyjy onuň çep kebzesinden üç barmak ýaly sowa geçdi-de, kümüş eýeriň yzky gaşyna «jalkyldap» degdi. Garabatyr atynyň başyny yza öwrüp, üzeňňä galaga-da, gylyjyny Akberdi hanyň bereketli ýüzi kessir salgady. Akberdi hanyň gylyjam ýyldyrym çakan ýaly «lowurdap» gitdi-de, eýesiniň ýazzy maňlaýyny nazarlap gelýän ýiti tygy bir gapdala kakyp goýberdi. Bularyň jan dalaşyna girenini görüp, ýigitleriň başynda gamçy oýnadyp ýören Hanberdi bäriligine gaýtdy. Oňa gözi düşenden Akberdi han:
─ Hanberdi! Gelme! Goşulma! Golaýlaýma! – diýip, öçli ýaly gygyrdy. – Men özüm hötdesinden gelerin!..
Garabatyryň iki gözünden ýalyn çykdy.
─ Degme gelsin! Goý, gelsin! Olam gelsin senem gel! Kakaňam gelsin! Üçüňizem öňüme salyp gala eltmesem hasabam däl.
Edil şol wagtam eli tüpeňli, ak köýnek-balakly, ýele ykjap duran sakgalam, murtam, hatda gaşlaryna çenli ak, çal başy açyk, aýagy ýalaňaç, ýaşy bir çene baran goja kişi görden çykan ýaly bolup bir ýerden peýda boldy-da, böküp orta düşdi, elindäki tüpeňini galgadyp, ulyili bilen gygyrmana başlady.
─ Aha-aw, bidöwletler! Häý, pederne nälet getirenler! Aý, enesi ýalamadyklar! Duşman bilen döwüşere her bir adam hasaplyka siz näme, biri-biriňizi gyryp gutarjak bolýaňyzmy? Taşlaň ýaragyňyzy. – Ol elindäki tüpeňini gezek-gezegine urşup ýörenlere tarap gezedi. – Bolmasa-da ine, ikiňiziňem böwrüňizi özüm garaldýan...
─ Gurban aga aýryl! Çyk ortadan!.. – diýip, hernäçe dyzasa-da, Akberdi han tutuş obanyň ýaşulysy hökmünde sylanýan hatda öz kakasy tarapyndanam hormatlanýan gojanyň sözünden çykyp bilmedi. Hüjüm etmesini goýdy. Garabatyr welin goja barmysyňam diýmedi. Gaýtam Akberdi hanyň haýal-ýagallyga salanyndan peýdalanyp gylyjyny dik ýokary göterdem welin, aşagyndaky günüň şöhlesine endamy ýalpyldap duran, kelte bykynly, dik aýakly, boýny deraz gara at edil alkymyndan çykan «gümpüldiden», ürküp, özüni çiňarkan zyňdy. Garabatyr atdan agman zordan saklandy.
Ikinji gezek duýduryş bermek üçin, ýeke nil tüpeňiniň gözüne ok sürüp duran goja halys ysgyndan gaçan gyryljak sesi bilen:
─Häý, it ogullary diýsänim... – diýip, gygyrdy. Kejir çaga ýaly aýaklary bilen ýer depdi. Tüpeňiniň nilini göni Garabatyra tarap öwürdi. – Adamlaňňam al-da, göteril şu ýerden! Bar, näme gaýratyň bolsa orslara görkez! Näçe gün bäri batyrnybilmän daşlaryndan aýlanyp ýörsüň! Iki müň atly bilen Ruhy batyryň otuz atlysyça-da iş bitiribilmediň. – Soň ol mes atlaryň üstünde hum ýaly çişişip oturan aga-inä ýüzlendi. – Goýuň sizem kejirligiňizi! Göçmän näme ilaty göz-görtele ýagyň holtumyna dykjak bolýaňyzmy? Dykmany men özüm garşy alaryn, şu ýerde. Garşy alarynam, bolan işiň magadyna-da ýeterinem. – Ol ýene-de Garabatyra tarap barmagyny çommaltdy. – Sen näme henizem hekgerilip dursuň? Bar, ýok bol! Göç meselesini biz özümiz çözeris. Egerde Dykmanyň duşmana geçendigi çyn bolaýsa, welin, onda men ony hiç kime ýetirmän özüm kakaryn. Derisine-de saman dykaryn-da, Börme galasynyň üstünde garantga edip goýaryn.
─Galanyň üstünde goýanyňdan künjüňe garantga etseň has peýdaly bolardy – diýdi-de, şondan başga söz aýtjagam bolman, Garabatyr at başyny ýola tarap öwürdi.
Edil şol wagtam onuň ýola gözegçi goýan atlylaryndan biri ýüzin salyp geldi-de, duşmanyň golaýlap, gelýändigin, bir ýerden Ruhy batyryň peýda bolup, eýlesinden-beýlesinden çapawullap, duşmana çynlakaý zeper ýetirýändigini habar berdi.
Goja hem Garabatyra, hem Akberdi bilen Hnaberdä degişli edip:
─ Ana, gördüňizmi? Eşitdiňizmi? Ruhy batyr-a ol ýerde duşmanlar bilen urşup ýör, siz bolsaňyz bu ýerde biri-biriňizi çapjak bolup dyzaşyp dursuňyz. Baryň, ondan-a şoňa kötekleşiň – diýdi. Garabatyryň Akberdiniň, Hanberdiniň aralarynda hiç zat bolmadyk ýaly, beýleki ýigitler bilen bilelikde, ülker deý toplanyp duşmanyň gelýän tarapyna at goýanlaryny görübem, ol onda-munda heşerilişip, näme etjeklerini bilmän ýaýdanyşyp duran obadaşlarynyň üstüne heňkirdi. – Siz näme sömelişip dursuňyz? Ýa aýratyn töwella garaşýaňyzmy? Boluň hany çaltrak! Derhal ýola düşüň! Ýagy ýetip gelýä, eglenmäň!...
Garabatyryň duýdabsyz yza dönenini halamadyk Gurbanmyrat işan ini bir zat syzan ýaly Gulbatyr serdary onuň yzyndan ugradypdy.
Gulbatyr serdar Börmä gelende goh-galmagal eýýäm sowulypdy, ýigitler Ruhy batyra kömege gidipdiler. Gurban aga diýilýän şol, geň goja ýakymsyz gürrüňiň ýaýramazlygy üçin Gulbatyr serdara bolan işi aýtmady. Töwerekdäkilere-de aýdaýmaň, diýip sargady. Ýöne, barybir bir işiň gopandygyny Gulbatyr serdar aňdy. Şeýle-de bolsa o-da syr bildirmedi. Goşunyň yzyndan ýetensoň Gurbanmyrat işana-da:
─ Ruhy batyra kömege giden ekenler. Bize aýtsalar goýbermeris öýdüp gorkupdyrlar – diýdi.
─ Kömege gider ýaly Ruhy batyr näme edýämişin?
─ Gum tarapdan gelip duşmany çapawullaýamyşyn.
─ Beh! Bidöwlet şon-a oňarýan ekeni.
Bir zatlar aňdymy ýa aňmadymy Gurbanmyrat işan şondan başga hiç zat diýmedi. Onuň bar küýi şol wagt basymrak Gökdepä ýetip, urşuň iň soňky taýýarlyk işlerini gözden geçirmek, şeýle-de goranmak, duşmana nähili gaýtawul bermek barada maslahat çagyrmakda-dy.
Hut şol niýet bilenem, ol Gökdepä gelşi ýaly Gulbatyr serdary yzyna tirkäp, Berdimyrat hanyň ýanyna bardy. Salam-helikden soňam Dykma serdar baradaky ýakymsyz habary orta atdy. Yzyndanam:
 Biz-ä şoňa ynanjagymyzam bilemzok, ynanmajagyzam- diýip, ýüzüni iki baka sypajaklatdy.
Täzeje halynyň üstünde, owadan heýkel ýaly iki dyzyny gujaklap, göwresini dik tutup oturan ýaş han başyny aşak-ýoklary atyp, dodaklaryny çýalaja gymyldatdy.
Habarym bar, işan aga, habarym bar. Eşitdim. – Ol ýerinden turdy-da, öz garşysynda ýazylan ýumşak hem päkize körpençeleriň üstünde ornaşan myhmanlarynyň hersiniň gapdalyna iki sany ýassyk oklady. – Biziňem gulagymyza degdi şoňňaly bir zat. Ýöne, anygyna ýetmeseň ynanmagam aňsat däl. Iň bolmanda muny häzirlikçe köpçülige bir eşitdirmeli dälmikä diýýän.
 Menem şo pikirde, Berdimyrat – diýip, Gulbatyr serdaram söze goşuldy.
 Wah, bular ýaly gürrüň çykanda halkyň içinden çykýar-a. Onuň goşunyň ortarasynda ýanaral bilen jylaw deňläp gelýänini Garabatyryň ýigitleri görüpdirlerem-ä.
Belki zor bilen saklandyrlar, işan aga. Goýberen däldirler.
 Beýle zat bolup bilmez, çünki, ilçini saklamak, tussag etmek gadagan. Ol ähli döwür, ähli döwletler üçin kada. Kanun.
Wah, biz döwlet däl-dä – diýende, Gulbatyr serdaryň ýüregi para-para boldy.  Şonuň üçinem olar her hili bidüzgünçiliklere baş urup bilerler.
Muny Berdimyrat hanam tassyklady.
 Dogry. Äsgermedik her zat eder.
Häý, näbelleýin-dä, ozaldanam bir, ýüzi şolara tarap adamlar-da... – Gurbanmyrat işan demini ylydan aldy. – Ýöne, näme, ýagşy niýetde bolalyň, belki siziň aýdyşyňyz ýaly waka biziň çak edişimizden başgaçarak bolup çykaýady-da...
 Belki...
 Omişalla..
Maslahatyň örüsi kem-kemden giňedi. Börmede galan goşun bilen bilelikde Gurbanmyrat işanyňam gelenini eşidip bagşa-da gelen köp boldy. Garabatyryň: «Duşman has golaýlady» diýen habary ýetirmek üçin gaýtadan Jyýky batyram maslahat entek öz işine başlamanka gelip ýetişdi. «Dykma serdarly mesele orta goýuldy. Bu barada hususan-da, Orazmämmet han, Kerimberdi işan, Hanmämmet atalyk, Gönübek sazanda, Gulbatyr serdar dagy, häzirlikçe belli bir netijä gelmezligi teklip etdiler. «Dykma serdary gutarnykly suratda dönük hasap etmeli», diýenlerem boldy. Ýöne, birinji pikiriň tarapdarlary öz sözlerinde berk durdylar: «Oňa howlukmaly däl, garaşmaly, Dykma serdaryň kimdigini wakanyň gidişi görkezer». Garaz, belli bir karara gelip bilmediler. Tereziniň haýsy tarapyndan barsalar beýleki tarapy agdyklyk edýän ýaly boldy durdy.
 Şolara goşulany, şolar bilen şu ýere gelýäni çyn bolsa-ha ol suwa girip gury çykmaz – diýip, Berdimyrat han pessaýjak ses bilen Dykma serdarly meseläni jemledi.  Ýöne, egerde ol ýerde zor bilen saklanýan bolsa, onda bu ýagynyň bizi düýbünden äsgermeýändigi bolýa. Ýaňky, Gulbatyr serdaryň aýdyşy ýaly biziň halkara düzgünlerine dahylly bütewi bir döwlet däldigimizi, edenlerini edip, goýanlaryny goýanlarynda-da, biziň hiç kime, dadymyzy ýetirip bilmejegimizi, hiç kimiň biz üçin olardan jogap soramajakdygyga ýüzümize bazyrdadyp basdyklary bolýa. Mundan soň ylalaşyk barada pikirem edip oturmaň, biz sizi keýp edip kerçejek, diýdikleri bolýa. – Berdimyarat han ellelrini serip, sowuk demini aldy. – Galanynam näme, ýaňky aýdyşyňyz ýaly wagt görkezer. Ýöne, biz indi bilimizi berk guşamaly borus.
Şondan soň Dykma serdarly gürrüň boldum edilip, göz-gonly meselä geçildi. Haýsy oba geldi, haýsy gelmedi, haýsy haýal-ýagallyk edýä, birin-birin tükellendi.  Ýaňy gelýäkäm sorag-ideg edip gördüm welin, Dykma serdaryň obasyndan ýekeje öýlem gelemändir – diýip, Jyýky batyr oturan ýerinde öňe omzady. Onuň sesi hemmeleriň gulagyna ýiti pyçak sanjylan ýaly etdi. Bar adamyň özüne tarap ýakymsyz üşerilmegi onuň özüniňem sussuny basdy. Şonuň üçin bolsa gerek, sesi göz-görtele pessaýlady. – Akberdi han bilen Hanberdi hanam gelenok. Ýman ýeri olardan ters görelde alyp Aşgabat, Gäwers, Köşi obalaram gozganman otyrlar. Arçmanlylaryňam oturyşlary gümmürtik, haýsy tarapa ýan berjekleri belli däl.
 Ýigitleri bir geldilermikä, şol obalaryň, diýip, Gurbanmyrat işan Jyýky batyrdan sorady.
Ýigitleri gelipdirler, ýöne, maşgalalary gelmese hiç kim uruşmaz, diýip, özüňiz aýtdyňyz ahyry.
Gurbanmyrat işan makullaýjylyk bilen baş atdy. Bir bada dymyşlyk boldy. Hemmeler Berdimyrat hanyň ýüzüne seredeişdiler. Syrdam göwresini gamçy dek dim-dik tutup oturan han söze başlamazyndan öň az-kem ardynjyrady.
 Gäwers bilen Aşgabat obalaryna şol ýerde jemlenmekligi biz özümiz maslahat berdik. Ol biziň ätiýaç üçin arkamyzda duran güýç bolmaly. Daýanç pena bolup hyzmat etmeli. Ýöne, Arçman geler. Börme-de geler. Olaryň eýýäm gozganyp ugrandyklary barada habar bar.
Jyýky batyr ýene-de sesini gataltdanyny bilmän galdy.
 Gozgalansoňlar gozganandyrlar-da... Ýogsam-a niýetler-ä gozganjakdan däldi olaryň...
Orazmämmet han agyr göwresini oňa tarap öwürdi.
 O näme diýdigiň bolýa?..
Jyýky batyra derek başga bir ýigit jogap berdi.
 Aý, Garabatyr Börmede birazrak kakyş-kukuş edäýipdir öýdýän...
 Oňarmandyr. Özbaşdak hereket etmeli däl ekeni – diýip, bu gürrüňiň eýýämhaçan il içine ýaýranyna gynanan Berdimyrat han hemmeler eşider ýaly edip, az-kem hökümliräk gepledi. – Bu wagt birek-biregiň üstüne düblemekligiň wagty däl. Her bir adam bellenen tertip-düzgün boýunça hereket etmeli.
 Şu mesele boýunça Garabatyra aýratynam berk sargamak gerek. Ol düýn bäri gelýärkäk yzyna-da bizden birugsat döndi. Barybam ýaňky şularyň diýýän kakyş-kukuşyny edipdir. Soňam dolanyp gelmedi... – diýip, Gurbanmyrat işan nägile gepledi.
 Ozalam türkmeni galyndyrman gelýän zat şular ýaly gyňyrlyk, zoňtarlyk. Dikýeňselik. Öňe çykyp ýören adamlar şeýtseler beýlekilerden nämä garaşjak – diýip, Kerimberdi işanam, Garabatyr babatda öz nägileligini aýtdy. Gurbanmyrat işanyň aýdyşy ýaly, berk käýemekligi teklip etdi.
Gönübek sazanda bolsa:
 Käýençden soň olaryň üçüsinem ýaraşdyrmaly, goý, oba arasynda alagöz bolşup ýörmesinler, onda-da şular ýaly kyn pursatda – diýdi.
 Mende ýene bir teklip bar – diýip, Jyýky batyr ýene-de sesine bat berip başlady.  Gepiň gysgasy ertir agşama çenli göçüp gelmedik opbalaryň ählisini talamaly! Dykma serdaryň galasyny ýumrup, ähli maşgalasyny zor bilen şu ýere göçürip getirmeli. Orslar bilen gelýän bolsa, goý atan oky öz çagalaryna degsin. Goý, orsuň atýan top okundan öz çagalarynyň gyrlyşyny görsün.
Edil Jyýky batyryňky ýaly, «talamaly», «tozdurmaly» diýmeselerem, gelmedik obalary güýç bilen getirmeli welin hökman getirmeli, ertirden aňry goýmaly däl, diýen teklibi hemmelerem goldadylar.
Ýöne, zora daýanymak geregem bolmady. Hanberdi han bilen Akberdi hanyň ýolbaşçylygynda Börme obasynyň göçüp gelmegi bilen, beýleki ikirjiňlenýän obalaram yzly-yzyna Gökdepe galasyna ýygnandylar.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 68 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Persey   [Mowzuga geç]
Dowamyna garaşýas

1
3 somet   [Mowzuga geç]
Onsonam alamançy serdar adyny alan Dykma serdar gala içinde, goranyş uruş usulyndan başarnyksyzmyka diýýan. Ol diñe gaçdy-kowdy uruş usulyna ezberdi. Belki şonuñ un ogullary kakama garaşaly diyyan bolmagy mumkin

0
2 somet   [Mowzuga geç]
Bir çukura tukurip bilmeleri kyn bolupdyr.

0
1 somet   [Mowzuga geç]
Anygna ýetman donuk diyip netije çykarmaklyk gowa dal

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: