22:50
Gursagyña seret
GURSAGYŇA SERET

Seret ahwalmy şu ýa-da başga zat...
Aý dodagyn kemşerdipdir şu pursat,
Görüp seniň bagt içinde ýüzýäniň...
Salmalykda için boşadan gursak,
Ýaplara goşulan suwda gizlänin...
Hiç kime syr bermän boşanan baglar,
Kir-kimirsiz aýdym ýaly baglandy...
Görsene, ikimiz, ýene ikimiz
Leýlisaçlaň aşagyna duwlandyk...
Gursagymda gürsüldeýän ýürek ýok,
Uçdukmy ýa bakylygyň gatyna?
Ýa- ýokarda çakylygyň hatyna,
Göwünlermiz batbörek deý uçuryp,
Gögüň bulutlaryn sere ýapyna,
Nika suwun sepip ýörmi, jöwenek?
Gör, bu gökde her kimiň öz işi bar,
gursagyňda ýürek ýokdur, elläp gör,
bärde diňe belent yşgyň güýji bar.
Keramat ekeni yşgyň kenary,
Aşyklyk  deresi derde däridir.
Birden biri bizi gözleýän bolsa,
Ýol ýitiren aşyklaryň biridir.
Gursagyňa seret, ýürek ýokduram,
Ýa-da ýokdur, nikalary zeminiň,
Eý meniň ruhumyň  goşa ganaty,
Eý meniň yşgymyň söýgi emini.
Biz gidip barýarys, äňet, töwerek,
Kebelek, kömelek, hem aşyklar kän.
Bu ýerleri jana-sere janserek,
Ýa bu ýeri şol ýermikä-La mekan?!
Gursagyňa seret, möhür basdylar,
Ikimize, bir-bireksiz oňmaz deý.
Aşyklaryň depderi şol görýäniň,
Seret olaň ählijesi oňlandy.
Gursagyňa seret, ketenim gyýlyp,
Ýüzüňe saçlamdan nur dökülip dur.
Ýene-de hünjüsin sepýär jöwenek,
Ýene-de sadaplar dür äkelipdir.
Bu ýerlerde merdiwanam ýok ýogsa,
Nädip çykdyk arşyň soňsuz gatyna?
Gursagyňa seret, ýaryk-ýaryk seň,
Meňzäp dursuň, ýerde teşne takyra.
Wagt nirde, nirde bagy zamanyň,
Kimdir biri şygyr okaýarmy, ýa?
Dur, hol alysdaky zemin donumy,
Demirgazyk buzly okeanmy ýa?
Görünýär bir zatlar, hatlar, adamlar,
Olar şäher saýlaýandyr, düşläre.
Düşünýän zeminde gaşlaryn çytyp,
Adamalaryň  has kän bolýar, işleri.
Ýok ikimiz düşlemäli, hiç ýana,
Keramat hem däl bi, yşk asly hem däl.
Hany şol  merdiwan, gursagňa seret,
Saňa-da,maňa-da yhlasly hem kän.
Gursagyňa seret, merdiwan barmy,
Ýa-da ýoly, ýodasyzmy, bu yşgyň?
Eý zemini aslym, asmany kesbim,
Sen meň gursagymdan nirä ilişdiň?
Gursagyňa seret, gollaryň ýaý-da,
Bolaýşyny görsene sen, aýyňam.
Söýülerin öýdüp dodakda galan
Ballar gijä garaşyp dur, taýyn ol.
Ikimiziň bagtymyzy gysganyp,
Zeminem, asmanam öýkä çişipdir.
Gursagyňa seret, ýar-da döşleriň,
Aşyklyk hatyndan bir harp düşüpdir.
Biz gidýäs, hoş galyň, sümme tokaýlar,
Biziň gözleglermiz bolupdyr tamam.
Biz indi zeminden, asman, ýer, aýdan
Däl ýekeje jinnejegem hantama.
Biz tapdyk dogşuny gün bilen aýyň,
Yşkda hem köňülde, gursak köşgünde.
Indi biz bu älem gatlarnyň işin,
Ýeňletmeklik  üçin gidýäris mundan,
Dolanmaklyk üçin yşgyň keşbinde.
Gursaklarmyz dolupdyr, päk söýgüden,
Zeminem , asmanam garşy däl indi.
Indi ýerem birazajyk köşeşdi,
Merdiwansyz duýgy Arşy däl indi.
Gursagmyň yhlasy köşeşdi biraz,
Gursagyñy ýardy söýgüli taýym.
Görsene, jöwenek nika suw paýlap,
Buşlaýar zemine biziñ nikamyz.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: