22:33
Salam
SALAM

Salam,
Senmidiň bu, ilkinji söýgüm,
Men ýyllaryň  aňyrsyna ätläýin.
Bu gün bu çatrykda duşuşdyk ýene,
On sekiz ýaşdaky duralga gelip.

Ýadyňdamy, sen sepipdiň saçyma,
Ýygyp-ýygyp jümjümäni-keten deý.
Emaý  bilen  hakydamda  göterip,
Men ýaşlygmy şu günlere getirdim.

Ýadyňdamy, ýazyň  biline çykyp,
Torç otly derede yşga düşüpdik.
Guşlaryň  sesleri almaň  başynda
“Hor aýdypdy”, “gulaklary deşipdi“

Ýadyňdamy, ýadyňdadyr elbetde,
Ýyllar ýalňyzlyga oklady meni,
Sensiz ýürek aglap otyr entegem,
Ol saňa entegem  aşyk ekeni.

Salam,
Salam meniň  ilkinji söýgüm,
Kysmatdyr-da unutmadyk yşgy biz.
Söýgi sözlerini sähraň  ýüzüne,
Ýazyp, ak güllere goýduk keşde biz.

Kömelek döküldi, biline sähräň,
Daglar şonda daň sazyna gerindi.
Bir-birege şonda ýeke söz aýtman,
Ygtyýarlar duýgulara berildi.

Salam,
Salam meniň  ilkinji  duýgym,
Yşgyn  näzik aýdymlarma garanym.
Saz çalyp beripdiň, derede şonda,
Meň  aýralyk çekýän göwnüm ýaralap...

Salam meniň  mähribanym ezizim,
Saçlarňa  çal sepen keşbiň ezizlap,
Seniň  yşgyň bilen ýaşap henizem,
Huzuryňa geldim, garşy al meni.

Garşy al,seň  yşgyň ýaşadyp serde,
Ýüregiňde  gizläp goýan dilberiň.
Sataşdyk biz ýene ýaşyllyk içre,
Aşagynda çyg üzümli dalbaryň.

Yza dolan, şol owadan ýyllary,
Aýralyga salam, ahmyra salam.
Getirdik biz yşgymyzy şu güne,
Hiç wagt yşk hakda aýtmadyk ýalan.

Bu gün şeýle boldy, sataşdyk ýene,
Bagra basyp, pyşyrdadyň, agladym.
“Sen şu ýyllar içre yşgymy gizlän,
Giň  jülgeli, gara bagly dagmydyň?”

Şeýle eziz sataşdyk biz ýene-de,
Göz ýaşa hem aýralyga döz gelip.
Biziň  bu gysgajyk duşuşygmyza,
Düşünmese, düşünmesin özgeler...

■ YNJAMA

Ýar ýaraşygydyr, syrly ölçegler,
Içiňe sal, agla dünýäm seljerme.
Ýogsa “sensiz bolýan”- diýip, ölçerlen
Sygmarsyň sen duýgularmyň ölçegne.

Gowusy ynjama, göwünem etme,
Men bir duman içre ýel kowan gämi.
Kysmat çekip, dyňzap gelse, bulutlar,
Men aglasam, geçgin senem günämi!

Gowsy ynjama-da, aýdym aýdaňda,
Buýsanjyň goluna bagla sesiňi.
Men seň gaýtalamalaryň-a aýdymda,
Entek gursagyňda galan eseriň!

■ HAT

“Haçan geler, haçan geler näzli ýar”,
Diýen sesiň eşidipmiş özgeler.
Güýz güni birmahal, duýgy köşgünde,
Maňa aýan bolupdy seň dözmeleň.

Şo günler gussasyn küýaşa çalşan,
Baglar birlän-ikilän ýaprak dökende.
Kysmat çekip güýzüň bosagasynda,
Durduk, gelen-geçenlere ökünme.

Daş gulakdan eşitdim, küýseýärmişiň,
Hem ýollarma bakyp, gyýa-gyýa sen.
Men o ýere barman, yşgym tükendi,
Hem gözlerim gördi, yşgyň gyrasyn.

Men öz aýralygma çümüp gider-de
Unudaryn, seň baryňy dünýede.
A sen...
Seni hiç göresim gelmese...
Gyzyksyz bor maňa sensiz dünýe-de...

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: