22:22
Kaýyllyk
KAÝYLLYK

Göwnümiň ganaty gyryldy eýýäm,
Uçanok ol al-asmanda pel-pelläp.
Hasratdan hamsygyp, hyýalsyz huşda,
Gezip ýörün gussa bilen ýöwselläp.

Gijelerne uky gelmez gözlere,
Ir bilen hä oýanmagam islemen.
Öňler adyň tutup möwç uran kalbym,
Bu gün gör-ä, gaýgy bilen beslenen.

Başym egip, kaýyl boldum ýazgyda,
Öň sendiň kalbymda, a häzir gussa.
Ol şeýlebir ýakynlaşdy meň bilen,
Hatda ýüregimde köşk gurýan ussa.

Ýaralanan kalba indi parhy ýok,
Goý, görmesin, indi seni gözlerim,
Gijeler diňlemän uka gideýin,
Söýgüleýän şol süýjüje sözleriň.

Şöwür  çekip, saçyň sypap gujakda
ýatmaýyn,  Öpmäýin süýji lebiňden.
Boýnuňdaky gülzarlyga gark bolup,
Mähriň duýup dem almaýyn demiňden.

Indi ikimiziň ýolumyz aýra,
Git uzaga, çykaýmagyn öňümden.
Ykbal oýny sataşdyrsa bizleri,
Garamaryn, senem geçgin deňimden.

Görsemem gözüňde agynyň ýaşy,
Ýa-da saňa tarap atylan daşy.
Ýeke galsaň ýa-da bolaýsaň teşne,
Çykmasa ýoluňda bulak ýa çeşme.
Gözleriň gülmese güläýjek wagty,
Tümlükde galaýsaň tapmasaň ýagty.
Düşäýseň-de altyn guş deý kapasa,
Mähir görmän dodaklaryň kepese,
Kemsitseler ýa-da gyşda üşeseň,
Özge ýara ah, sen düşek düşeseň...
Ýylgyryşly ýaparyn göz damjasyn,
Hiç kim aňmaz ýüregimiň sanjysyn.

Ahmet ARAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 5
0
5 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Dogry. Onda menem siziñ bilen ylalaşyan. Garşylykly pikir delilli alşylanda gyzykly bolya, başga okyjylar ucinem peydaly bolya. Her kim bildiginden gepe goşulybermeli smile

0
3 Eýmenji   [Mowzuga geç]
"Ganatym gyryldy" diyende türk diliniñ täsiri bar yaly duýuldy. Ya gõwnümemi?
Adatça bizde "ganaty gyrkylan yaly" diyen sõz düzümi bar. "Gyrylmak" - türk dilinde "kyrylmak" (döwülmek) bolmayamy?
Bizdäki "gyrylmak" (gyrylmak-gyrmak-gyrgyna salmak) ollañkydan azajyk tapawutlyrak many berýär

0
4 mango   [Mowzuga geç]
dogry bellik. gyrylmak bizde - ölmek, ölüp gutarmak manylaryny berýär.
ýöne, bir hili dogram ýaly. "ganatym gyryldy".... ganaty döwülen dälde gyrylan (gyrkylan) uçup bilmejek ýagdaýda ganatyna şikes berilen....

şu adresde http://kitapcy.com/news/2020-01-10-10076 Ata Mäneli diýen romanda şeýle söz ulanypdyr awtor " Gyz ganaty gyrylan guş kimin aşak çökýär..." (Amanmyrat Şakuliýew).

0
2 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Bu bellikler bilen menem ylalaşýan.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Öňler adyň tutup möwç uran kalbym,
Bu gün gör-ä, gaýgy bilen beslenen.

we

Öňsendiň kalbymda, a häzir gussa.

şu ýokarky iki setirleriň öz-özüni gaýtalap ýaty.
(reňlerine görä deňeşdirip gör).
-----

" ...indi seni gözlerim (görmesin), ...ýatmaýyn, öpmäýin..., ...dem almaýyn demiňden. Indi ikimiziň ýolumyz aýr(y), ...çykaýmagyn öňümden..."

biraz gargyş garyşyk igenç duýulýar.
hemem gorkuzmak-duýdurmak bilen dowam edýär.

"..gözüňde ýaş bolsa, ...saňa tarap daş atsalar, ýeke galsaň, teşne bolsaň, gözleriň gülmese..., tümlükde galsaň, kapasa düşäýseň, kemsitseler, ...

bu zatlar menden gitseň duşjak zatlaryň diýmekmi?

-----

Düşäýseň-de altyn guş deý kapasa,

altyn guş kapasada.
guş altyn kapasada.
haýsysy bolmaly?

----

Ýylgyryşly ýaparyn göz damjasyn,

şu ýerde ýapmak damjany gizlemek manysyndamy?
bir näsäzlyk bar ýaly....

Ahmet kaka, dowam et.
üstünlikler.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: