22:15
Özüm hakda
ÖZÜM HAKDA

Özüm hakda sazymdan oñat aýtjak ýok
Nury Halmämmedow

Özüm hakda saña näme aýdaýyn,
Belki, söhbet eder ony goşgulam.
Tymsallarym, yrymlarym-aýdanym,
Sözlerimde yşkym bardyr hoşgylaw.

Dana sözde, öwüt bermä hakym ýok,
Setirlerim golun seren zürýadym.
"Ölçäñ, alyñ" diýmäge-de çakym ýok,
Dymyplar agladym, içde perýadym.

Başym sypap "Goýaý" diýen bolmady,
Kän ökünip bakdym eden işime,
Gözýaş Göge damdy, mährim solmady,
Başym goýup ýördüm dünýäñ döşüne...

Özüm hakda ýene näme aýdaýyn,
Talhatandan gaýdýar asyl gözbaşym.
Sözüm - Tugum, pelsepeler - baýdagym,
Watan, Ejem, kakam, Barlyk Sözbaşym.

Oguljemal ÇARYÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Nurdan | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Aýdylanlara goşulyaryn (biziñki diñe gapdaldan goşulmak) smile
SAGDYN WE UZAK ÝAŞASYN!

0
3 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Oguljemal eje!Mähriban,mylaýym zenan.Ömrüñiz uzak bolsun.Bize ajaýyp şygyrlary sowgat edip uzak ýaša!

1
2 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Bu gün Oguljemal gelnejäň doglan günüdi öýdýän. Uzak ýaşaň, Halypa!

2
1 Nurdan   [Mowzuga geç]
Mähriban Halypa, sizi doglan günüñiz bilen gyzgyn we mähirli gutlaýaryn. Manyly, döredijilikli ömrüniz uzak başyñyz dik, saglykly, mertebeli ýaşañ!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: