22:15
Söýgi ädimleri / sonetler çemeni
SÖÝGI ÄDIMLERI

I.

Ömrüm damdy ak kagyzyň ýüzüne,
Günler gözlerime guýdy sabryny.
Ýaşap ýördüm ilmän yşkyň gözüne,
Bir gözel gyz süýjetdi meň labzymy.

Kalbymda üýtgeşik täze Gün dogdy,
Bedenime ýaýrady bir ýylylyk.
Söýginiň şarpygy maňa-da degdi,
Gitdim menem şol "şarpykdan" ulalyp.

Gyzaran ýaňagmy sypady ýeller,
Söýgä iki ýaňagymam tutdum men.
Yşkyň şarpygyny datmadyk bilmez,
Söýüp,
Seni söýüp, bagty utdum men.

Gözlem özge bagty gözlemez indi,
Günler şygyr bolup kalbyma siňdi.

II.

Günler şygyr bolup kalbyma siňdi.
Gözlerime ildi olar sen bolup.
Ömür ýaglygyň deý ýelpeselendi,
Dolduň kalba aýdym bolup, heň bolup.

...Her gün köçäňizi suwlap, sübseläp,
çykanyňda, güle dönýär ýodalar.
Bijesine seniň düşmegňi diläp,
Niçe oglan tebil tapar, ot alar.

Köçe däl, dünýämiz öwrüler ýaza,
Bagtdyr siziň köçäňizden gaýtmagam.
Duşanym sebäpli sen gözel gyza,
Öwrendim zowladyp aýdym aýtmagam.

Yşkdan doly günleň basyp gözüne,
Çykjak bolsaň, sähra ine, düz, ine.

III.

Çykjak bolsaň, sähra, ine, düz, ine,
Keserip dur öňde yşkyň synagy.
Yzynda selpedip, salyp öňüne,
Ykbal bizi neneň, niçik synady?!

Arzuwlarym saňa gelip togtady,
Senden başgaň arzuwyny etmedim.
Gözleň - syýa, gara saçlaň nogtady,
Men özümden geçip, saňa ätledim.

Günler - seň ýoluňda kakylan gazyk,
Men - söýgä dikilen iň ajap heýkel.
Bolarmy, heý, seni maňlaýa ýazyp,
Ýa-da maňlaýyňa ýazjagyň, heý, kim?

Bu sowal ýürege ok deý direldi,
Hiç bir güýç ýolumy saklamaz indi.

IV.

Hiç bir güýç ýolumy saklamaz indi,
Köçe. Ýol hem çatryk. Öýleň diwary.
Men olardan parran geçerin şindi,
Ýazylar yşkymyň terjimehaly.

Söýgi timarlady meniň ömrümi,
Hem juda düşnükli ömür sürdüm men.
Kyn günlere asla dözmediň meni,
Hemem nä günlere rowa gördüň sen.

Ýagty ertirlere egnimi deňläp,
Bagta sary has dözümli ýöredim.
Ýarasy açylan hassa deý iňläp,
Gysymymda saklap du:run ýüregim.

Hyjuw bar ýüregiň batly urşunda,
...Söýgi bar säheriň ümüş-tamşynda.

V.

Söýgi bar säheriň ümüş-tamşynda,
Ýylgyrşyňa meňzäp tylla Gün dogar.
Ýaşmaksyz Güneşiň nazar salşynda,
Seniň yssy mähriň bar ýaly, meger.

Şapakdan reňk alan gyzyl köýnegiň
geýip, her gün säher gidersiň işe.
Adaty zat indi ýanyp-köýmegim,
Örtenmek däl indi uly bir pişe.

Kalby dyňzap giden ýygra bulut men,
Ýagaryn böwrüni dilip gökleriň.
Seni gözläp, seni tapjak bolup men
Kän gezdim içinde seýilgähleriň.

Men kalbynda Güni göteren oglan,
Ýagty pikirlerim Gün bilen doglar.

VI.

Ýagty pikirlerim Gün bilen doglar,
Yşkymy jar eder bagdaky guşlar.
Günleriň her biri söýgüden boglan
çemenimdir - olar dilimden düşmez.

Ýazýaryn, ýüregim tapýar teselli,
Söýýärin, şeýdibem, ot alýar jiger.
Gursagym - köreýän otly kesindi,
Ol meni iru-giç güň-telbe eder.

Yşkym alaja deý dakyp boýnuma,
Söýgimi eşiklem deýin geýýärin.
Hiç düşünip bilmän yşkyň oýnuna,
Sergezdany bolup galdym eýýamyň.

Bak, durmuş gözellik, bahar-ýaz onda,
Joşgun bar guşlaryň göge galşynda.

VII.

Joşgun bar guşlaryň göge galşynda,
Hyjuwmy göge çen göterer olar.
Ýylgyrar nurly Gün, tämiz Aý şonda,
Gözlerime bolsa şöhlesi dolar.

Başym goýup asmanyň ak döşüne,
Ak bulutlar dälmi daşymy gallan?!
Bu yşk diýip,
Söýgi diýip ýörşüme,
Saňa golaýlaşyp barýaryn, Allam!

Zemin düşelgämdir, külbämem - köşgüm.
Ýatmaz ýüregimiň owazy, heňi.
Ahyrsoň ugrunda elewrän yşkym,
Şahyrlyk hetdine ýetirer meni.

Ömrüň teňňesne çen harç edip, sowran,
Barmyka men ýaly yşksyran oglan?!

VIII.

Barmyka men ýaly yşksyran oglan?!
Hyýallam syganok ýer-göge, çäge.
... Ah, meni azaplar içinde dogran
Enem, gursagyma salanyň näme?!

Nämeden döşümi ýumruklamasy?!
Köňle yşkyň talaňyny saldyrdym.
Artdy jigerimiň gowgasy, sesi,
Ahyr ony bir gözele aldyrdym.

Şondan bärem dünýä aýlanyp ýörün,
Gözläp ýörün ýitigimi, geregmi.
Geçmişi agtaryp, geljegi dörüp,
Gören barmy şol ýitiren ýüregmi?!

Ýene ýollarda men, duşaryn belki,
Ýoluma çaýylar şapagyň reňki.

IX.

Ýoluma çaýylar şapagyň reňki,
Tijener ädimler, durlanar beýni.
Ruhumy terk etmez şatlyk hem gülki,
Giderin seň duşjak günlerňe çenli.

Günler maňa ýaşamaga bahana,
Yşksyz ömri, ýeri, nämä ýaratjak?!
Söýgi ruhum öwürdi gül bahara,
Şoldur meni juwan etjek, ýaş etjek.

Eý, nowjuwan yşkym, dur, biraz eglen,
Sensiz neneň bolar ýagdaýym, halym?!
Men - ömrüni saňa utduran oglan,
Seň eliňde ýazlar terjimehalym.

Sen diýip ýyllardan parran geçen bar,
Dogjak Gün yşkymy dünýä güjeňlär.

X.

Dogjak Gün yşkymy dünýä güjeňlär.
Şöhleler men bolup alarlar daşyň.
Gün tyglary gülgün ýaňagyň ellär,
Ýeller ellerim deý sypalar başyň.

Asman gülüp duran ýagty ýüzümdir,
Aý - dodagym, saňa ýylgyryp bakan.
Guşlara bak, olar meniň özümdir,
Ganatyn ýaýarlar hut saňa baka.

Maňa nazar salsaň, salmasaň-da sen,
Göwnüm yşka sary rowandyr, rowan.
Sen meniňki bolsaň, bolmasaň-da sen,
Men ýene söýmegmi ederin dowam.

Söýgi - pikirlermiň gelşigi, görki,
Setirlerim göge uçurar, belki.

XI.

Setirlerim göge uçurar, belki.
Iň gowy şygyrlam ýazylar onsoň.
Bolmasa bolmasyn günüm bol-telki,
Besdir, sen ýanymda,
ýadymda bolsaň!

Seni görjek bolup setirlerimde,
Şahyrlarça goşgy ýazyp ýörün men.
Saňa duşmak isläp ertirlerimde,
Düýbün deşdim geçmişiň hem düýnüň men.

Gijelerden aşyp, gündizden aşyp,
Menden öňe geçen däldir Tahyram.
Seni söýen, bolar täzeden aşyk,
Seni söýen bolmabilsin şahyram.

Men deýin telbäni bolarmy geňlän?!
Günler meni bagtyň boýuna deňlär.

XII.

Günler meni bagtyň boýuna deňlär,
Olar menden ýasar täzeçe bagty.
Ykbalymy yşkyň ýüzüne ýelmäň,
Goý, olam gül açsyn, güllejek wagty.

Ýüregmi gyjyklap, oýarsyn bagtym
Kalbymda uklaşan duýgulaň baryn.
Men ýazaýyn, entek ýazmaly wagtym,
Ýogsam ýaşadykça garrap barýaryn.

Göwün mätäç bir hoşsurat didara,
Nätjek, yşk jigerňi çümmükläp dursa.
Ýeri, kim bar halyň sorap-idäre,
Eden bar yhlasyň ýüzüňe ursa...

Yşk alawna dözen ýürek ölmezdir,
Ömrüm söýgä bagş edilen gözlegdir.

XIII.

Ömrüm söýgä bagş edilen gözlegdir,
Özümi ýitirdim gözlegiňde men.
Yşka uçran ýürek asla dözmezdir,
Besdir, galsam ýyldyz gözleriňde seň.

Günüň ýa:ryn siňdirip her bendime,
Gözlege bagş etdim oň galan ýaryn.
Nirä barsam,
Nirä barsam men diňe,
Saňa däl-de, gussalarma duşýaryn.

Kalbyň rahatlygy bermez teselli,
Didelerňe düşnüksiz bir gam inse.
...Yşk syçradyp, ýaşap ýörkäň sen indi,
Söýmän ýaşamaklyk dälmi geň, eýse?!

Söýdüm, şeýdip, ençe jebre dözlendir,
Meni yşka uçradan seň gözleňdir.

XIV.

Meni yşka uçradan seň gözleňdir,
Seni görýän, gözlerimi ýumsamam.
Niçe aý-gün synagynda gezlendir,
Senden özgäň yşk-mährine suwsaman.

Garamyk gözlere gowşanymda men,
Ýeňläp gitdim, ýogsa gursagym otdy.
...Söýgiňi şol gezek duşanymda men,
Sen däl, seniň yşkbaz gözleriň aýtdy.

Ýylgyrdyň. Şol pursat dünýäm ýylgyrdy,
Güldüň. Arzuwlarym açdylar ganat.
Azaldy ýüregiň sansyz ýygyrdy,
Guş deý göterildim şol dem, şol halat.

Siňip gitdim seň dünýäňe, gözüňe...
Ömrüm damdy ak kagyzyň ýüzüne.

Magistral

Ömrüm damdy ak kagyzyň ýüzüne,
Günler şygyr bolup kalbyma siňdi.
Çykjak bolsaň, sähra ine, düz, ine,
Hiç bir güýç ýolumy saklamaz indi.

Söýgi bar säheriň ümüş-tamşynda,
Ýagty pikirlerim Gün bilen doglar.
Joşgun bar guşlaryň göge galşynda,
Barmyka men ýaly yşksyran oglan?!

Ýoluma çaýylar şapagyň reňki,
Dogjak Gün yşkymy dünýä güjeňlär.
Setirlerim göge uçurar, belki
Günler meni bagtyň boýuna deňlär.

Ömrüm söýgä bagş edilen gözlegdir,
Meni yşka uçradan seň gözleňdir.

(06.2020ý).

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
Категория: Poemalar | Просмотров: 58 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 14
0
14 mango   [Mowzuga geç]
"galamdaşda" pikirimi aýdypdym. döredjilik üstünlikler Goçmyrada!

0
11 Jumjume   [Mowzuga geç]
Goşgyñ islendik görnüşinem ýazmak añsat däldir weli,sonet ýazmak hasam çetin. Şonuñ bilen birlikde-de gyzykly. Edebiýatçy aga,gutlaýan sizi! Sonet ajap bolupdyr. Bir pursat gözel hyýaly dünýä aralaşan deý bolduk.

0
13 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Minnetdar jümjüme agza! (Adyňyz ünsümi çekdi)

0
10 Trigger   [Mowzuga geç]
Arada Edebiyat-Sungata çykdy öýdýän şu sonet

0
12 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Haý, bilipler geçen biggrin

0
9 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Yok-la, elbetde çeper edebiyatyñ aşyklaryny we meyletinleri smile

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
*bäri

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Radionyñ işgärlerinem çek onda, aydyanyñ çyn bolsa biggrin (redaksiyadakylary-ha çekip hezil berdiñ) wink

0
8 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Gelmejegi zorluk bilen getirip bolasy ýokla, habarly ederin olaram nesip bolsa cool

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Täze eserleriñden ýetirip dur.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ölme-de ýit diýlenini etdiñ. Rozysk obýawit edibem tapyp bilmedim seni, hernä teatrda elime düşäýdiñ.. smile

0
5 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Gaýta tersine, teatrda sen elime düşdüň, saňa duşanyma diýseň begendim. Bu saýtam ýapylandyr öýdüp ýördüm, emma tüweleme, alyp çykypsyň! Yhlasyňa berekella Has Türkmen! Şeýle şaýtlara suwsap gidipdiris dogrusy, gazet-žurnal okaýan ýok, şeýle edebi saýtlar metbugatdan has gadyrly, hormatly şu wagt. Şonuň üçin yhlasyňa telpek! Dowamly bolsun biggrin

1
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Häý, şeýd-ä how, Goçguly...

0
4 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Beýleki sonetem biraz wagt geçensoň goýaýmasam, okyjylary irizäýmäli biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: