22:08
Aýralyk
AÝRALYK

Sen “şygyr ýazaly” diýdiň, oturdyň,
Ýalňyzlygy dost edinip birsellem.
Indi güýz günleri daşary çykyp,
Menem öňkim ýaly, asla kir sermen.

Sen  “köňlüm ýaraly”diýdiň, oturdyň,
A men seniň ýalňyzlygňa hoş bir hal.
Häzir dünýäň şa aýaly ýalbaryp,
Seni menden sorasa-da berjek däl.

Goşgyň ady bolsa bolsun gussaly.
Depregin kakaýsyn, şol garry derek,
Sen maňa şu ýerde garaşyp duran,
Meni ýalňyz goýan halyňda gerek.

Keç ykbal nämemiş, bakylyk barka,
“Duýgylandyrýarsyň” diýdiň şonda zol.
Näme üçindir, “gözleriňde azaşsam”,
Diýip, aglap duran baga bakdyň soň...

Azajyk, azajyk ýitesim geldi,
Göwün berip, şol syrlyja ykbala.
Saňa öz-özümde ýetesim geldi,
Oýan eý ykbalym, oýan uklama...

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 30 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: