12:30
Bulutlar
BULUTLAR

Topbak-topbak bolup geçip gidýäñiz,
Üzüm-üzüm bolan arzuwlarym deý.
Arzuw gapym kakyp gaçyp gidýäñiz,
Kalbym armanymy unutmazmy, heý?!

Siz arşdan iberlen gözegçimi ýa,
Meniñ ynamymy sowala tutan?
Ýa-da siz salgymmy duýgymy oýnap,
Gözüm baglap giden,"humarda" utan?!

Aslynda meñ size gözümem gidýär
Seýle çykan jahankeşde bulutlar!
Sizi görüp ýapraklary ýaş dökýär,
Ýap boýunda ömri geçen söwütleñ.

Her gez tumşygñyzy tutup asmana,
Görmediksiränden bolup geçýäñiz.
Aşakda-da size garaşýanlar bar
Ah,ýene-de neçüyn dagy seçýäñiz?!

Maña-da gol beriñ,tutuñ elimden
Siz bilen gideýin menem bulutlar!
Goşum birikdirip armanlar bilen
Galmaýyn,göýberiñ salgym umytlar!

Meñli AŞYROWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 37 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Meňli Aşyrowa köpden bäri galam ýöredip ýören zenan. Goşgyň abyny-tabyny bilýän adam. Bu goşgam ylhamly dünýäden bir ülüş. Höwri köp bolsun Meňli!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: