11:34
Bir ýoluñ kyssasy
BIR ÝOLUÑ KYSSASY

BIRINJI ŞAHS

"Nagyşbendi Gümüşhanewi" tekgesini esaslandyryjy Şeýh Ahmet Ziýaüddin ependi (1813-1893), gümüşhanaly bezirgeniñ ogly. Kakasy onuñ söwdagär bolmagyny islänem bolsa, Stambula gelip, ilki "Beýazit", soñ "Mahmut paşa" medreselerinde okady. 1859-njy ýylda Jagaloglundaky "Patma soltan" metjidinde irşada başlady. Wagtyñ geçmegi bilen bu ýer "Gümüşhanewi dergähi" ady bilen giñden tanaldy...
Diñe din adamy däldi...
Osmanly iñlisler bilen söwda-kolonial şertnamasyny baglaşyp, bazaryny daşary ýurt kapitalyna açdy welin, ýerli önümçilik çöküşe geçdi.
Ahmet Ziýaüddin ependi osmanly bazaryny goramak üçin ýerli kapitalyñ goruny döretmegi maksat edinen ýardam sandyklary bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýänler bilen bilrlikde şärikdeş şereketleri gurdy.
Ahmet Ziýaüddin ependiniñ maşgalasynyñ söwdagär bolmagy, şägirtleridir müritleriniñ aglabasynyñ garamaýak işçi halk gatlagyndan gelip çykmagy-da bu "milli pozisiýanyñ" sebäplerinden biridi...
Meselem… Eginli Mustapa Feýzi Ependi “Kätip” lakamy bilen tanalýardy, ol Stambuldaky käbir uly şereketleriñ buhgalteriýa işlerini ýöretdi.
Meselem... Abdyleziz Bekkinäniñ kakasy kazanly söwdagär Haris ependi Asmaaltynda ýag söwdasynyñ läheñidi.
Meselem... Mehmet Zahit Kotku “Gümüş Motor” zawodynyñ gurulmagyny üpjün etdi. Ýol birmeñzeşdi: ýurduñ bazaryny goraýan milli musulmanlary kemala getirmek...
“Yslam kalwinizmini”, ýagny musulmanlygyñ kapitalizm bilen utgaşyp biljekdigini-de ilkinji bolup orta atan ykdysatçy kimdir öýdýärsiñiz: "Gümüşhanewi dergähinde" dünýä inen professor Sabri Ülgener.

IKINJI ŞAHS

1994-nji ýyl.
Ahmet Ziýaüddin Gümüşhanewiniñ adyny göterýän “Gümüşhanaly ylmy-barlag arkalaşyk we bilim" fondy (GAYE) guruldy.
Öñbaşçysy-da Mustapa Jewat Akşit.
Akşit kim? Denizliniñ Ýatagan ilçesinde 1938-nji ýylda dünýä indi. "Müftiler" diýip tanalýardy. (Adyny tarykatyñ düýbüni tutujy Bahawetdin Nagyşbendiden alan, DP-niñ deputaty, senator, Ýassyadada ölüm jezasy berlen Bahawetdin Akşit hem şu neberedendi.)
Başlangyç mekdebi gutarandan soñ agasy Akşitden din derslerini aldy.
1952-nji ýylda Yspartanyñ Ymam-Hatip mekdebine girdi.
1956-njy ýylda Stambulyñ Ymam-Hatip mekdebine geçdi.
1958-nji ýylda müezzin (azançy) edilip bellenen Fatih-Zeýrekdäki Ümmü Gülsüm mesjidinde ee soñra "İskenderpaşa" metjidinde uzak wagtlap Mehmet Zahit Kotkudan dersler aldy. (Şuny aýratyn belläp geçmek isleýärin: "Gümüşhanewi dergähi", "Patma soltan" metjidi DP (Demokratik partiýa) döwründe 1957-nji ýylda ýykyldy. Metjide degişli ýerler Depderdarlyk tarapyndan awtoduralga öwrüldi!)
Akşit 1963-nji ýylda Stambulyñ Ýokary yslam institutynda we 1965-nji ýylda Stambul uniwersitetiniñ hukuk fakultetinde okap, iki ýokary okuw jaýyny tamamlady.
1975-nji ýylda doktor, 1980-nji ýylda dosent, 1988-nji ýylda yslam hukugy boýunça professor boldy.
1970-1980-nji ýyllarda Erzurumyñ Ýokary yslam uniwersitetiniñ müdirliginde, Trakýa uniwersitetiniñ inženerçilik-binagärlik fakultetiniñ adminstratiw düzüminiñ agzalygynyñ ýanyndaky traktor zawodynda ("Türk Traktör Fabrikası A.Ş." şereketinde) auditorlyk etdi.
Sakarýa uniwersitetinuñ ylahyýet fakultetiniñ yslam hukugy kürsüsinde baş bilim kafedrasynyñ müdiri boldy, şol ýerdenem nepaga çykdy. Iş dolandyryş hukugy boýunça ýokary okuw jaýlarynda okuw gollanmasy hökmünde okadylýan kitaplary ýazdy. Yslam temasynda leksiýalary berdi...

ÜÇÜNJI ŞAHS

Professor Akşit 1967-nji ýylda doglan ogly Mahmut Faruk Akşidiñ inžener bolmagyny isledi. Oglunyñ Özal doganlardan Erbakana, Mehmet Zahit Kotka bagly ITU-nyñ inženerçilik ugrundan okaýan talyplary ýaly bolaryny isledi...
Professor Mahmut Faruk Akşit 1991-nji ýylda Bosfor unuwersitetiniñ maşyn inženerçiligi bölümini tamamlady. Işine ABŞ-da dowam etdi. Dünýäniñ iñ uly şereketlerinden "General Electric"-de on ýyl işledi.
Uçarlaryñ motorlary, gaz we bug turbinalary boýunça altmyşdan gowrak patent aldy. On alty ýurtda çap edilen 150-ä golaý ylmy makala ýazdy.
NASA-nyñ iş teklibinden ýüz öwrüp, 2001-nji ýylda Türkiýä dolandy. Gebzäniñ Ýokary Tehnologiýa institutynda Energetika ulgamlarynyñ inženerçiligi bölüminiñ başlygy bolup işledi.
Zähmet ýoluna Sabanjy uniwersitetiniñ Mekatronik inženerçiligi bölüminde dowam etdi.
2013-nji ýylda TEI-niñ ("TUSAŞ Uçak Motor Sanayi A.Ş.") baş müdiri wezipesine bellendi. (MİLRES Ýel bilen işleýän turbinalary kämilleşdirmek taslamasynyñ başlyklygyny, ESAC Eskişehir howa toparlanmasy toparynyñ adminstrasiýasynyñ başlyklygyny we Halkara Gaz turbinasy institutynyñ Ýylylyk çalşyjylar tehnikasy komitetiniñ agzasy wezipelerini-de alyp barýar.)
TEI milli motor taslamasynyñ dokuzyny ýöredýär. Olardan ilkinji milli wertolýot motorynyñ ikinji synagy bir aý öñ üstünlikli geçdi. Indiki nobat baş wezipämiz bolup durýan ýerli "Gökbey" wertolýotyny integrasiýalaşdyrmakdyr...
Ýagny:
Ilkinji milli sandyklardan...
Ilkinji ýerli "Gümüş Motordan"[/b]...
Ilkinji milli wertolýot motoruna çenli uzaýan ýoluñ kyssasydyr bu...
Kosmosa gidilermi, gidilmez... biljek däl!
Emma. Watansöýüji "çylgyn türklere" harby goranyş senagatyndaky milli öñe gidişlikleri görmezlige salmak ýaraşmaz...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 12.02.2021 ý.
Категория: Senagat hojalygy | Просмотров: 32 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: