10:57
Seniñ dünýäñ
Seniñ dünýäñ

Meni oda-köze düşürip ýagýan
Damjalar penjiräñ ýüzünde uklar.
Ahwalyñy añmak islän ýüregim,
Dideleñden içki dünýäñe jyklar.

Señ dünýäñi duman gaplan ekeni,
Ýoluñda yş görmän sermenip ýörsüñ.
Umyt bilen umytsyzlyk daşyñda
Alaja deý işilip dur bir görsem.

Heserlendirse-de äwmezek durkuñ,
Duýgular ýumagyñ çolaşan eken.
Söýgüden püre-pür deñziñ çekilip,
Güller gurap,göwnüñ çölleşen eken.

Aý menekli,şonda-da ol söýgüli,
Señem maña beren gussañy söýýän.
Duýgyñ suratkeşiñ kagyza çyrşan,
Düşnüksiz şekli deý bolsa-da söý ýar!

Meñli Aşyrowa
Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Bu goşgyny çugdam, akgynly gördüm. Şeýle goşgularyň höwürsiz bolmasyn Meňli!

0
2 Jumjume   [Mowzuga geç]
Yerlikli bellikleriñiz üçin sagboluñ,Mango!

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Meňli hanymyň gowja deňeşdirmeleri bar eken.

Söýgüden püre-pür deñziñ çekilip,
Güller gurap,göwnüñ çölleşen eken.


göwnüň çölleşmegini, gülleriň guramagyny deňziň çekilmegine baglapdyr welin, onda, deňiz suwuna gül ýetişdirmegemä aňsat däldir.
şor suwda nämede bolsa.

----

Duýgyñ suratkeşiñ kagyza çyrşan,
Düşnüksiz şekli deý bolsa-da söý ýar!


düşnüksiz şekil diýeňde abstrakt suratlar ýada düşdi.
abstrak sungata düşünmeseňizem (düşünmek kynam bolsa), näme-de bolsa ol işleri "çyrşalan" hasap etmäňdä, Meňli hanym.
käşgä "çyrşamasadyňyz".

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: